Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

13.01.2020

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Golamabbas Arbabhalesi kabul etdi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň aýdan mähirli sözlerini we tutuş türkmen halkyna abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Eýranda parahatçylyk söýüjilik syýasaty netijesinde ýokary halkara abraýa eýe bolan Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly Eýran Yslam Respublikasynyň ýokary ýolbaşçy düzümine özüniň mähirli jogap sözlerini aýtdy. Türkmen halkyny Eýranyň halky bilen müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän taryhy-medeni däpleriň umumylygynyň baglanyşdyrýandygyny belläp, milli Liderimiz ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa uly üstünlik arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz hem-de dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili birek-birege hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri bilen berkidilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň çäklerinde ýola goýulýan özara gatnaşyklara aýratyn üns berildi.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň 25 ýyllyk senesiniň bellenilýändigi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitde parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, tutuş dünýäde durnukly ösüş, abadançylyk we rowaçlyk üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilen netijeli başlangyçlarynyň ykrar edilýändigi nygtaldy.

Döwlet Baştutanymyz Diýarymyzyň oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugry milli bähbitlere, dünýä bileleşiginiň uzak möhletleýin maksatlaryna, umumadamzat gymmatlyklaryna esaslanýan deňeçer ýörelgelere, Ýer ýüzünde durnuklylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine bolan çemeleşmelere, halkara gatnaşyklaryň esasy bolan BMG-niň Tertipnamasynyň esaslaryna gabat gelýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman ynsanperwer gatnaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygyň ösüşinde möhüm ugurdygyny belläp, ynsanperwer ulgamdaky däp bolan gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar. Munuň özi ýurdumyzda geçirilýän halkara sergilere we ylmy maslahatlara gatnaşylmagyna hem-de özara Medeniýet günleriniň guralmagyna ýardam berýär.

Duşuşygyň ahyrynda milli Liderimiz we diplomat Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Habarlar