Pakistan türk­men-pa­kis­tan bi­le­lik­dä­ki hö­kü­me­tara to­pa­rynyň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­megi teklip edýär

12.01.2020

Türk­me­nis­ta­nyň Pa­kis­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­syn­daky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si Ata­jan Möwla­mow bi­len Pa­kis­ta­nyň Se­na­ty­nyň ýol­baş­çy­sy Sa­dik Sanj­ra­ni­niň ara­syn­da ge­çi­ri­len gep­le­şik­ler­de türk­menpa­kis­tan yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­me­giň mese­le­le­ri­ne aý­ra­tyn üns be­ril­di. Bu ba­ra­da Pa­kis­ta­nyň «APP» agent­li­gi ha­bar ber­ýär.

Gep­le­şik­le­riň do­wa­myn­da pa­kis­tan ta­ra­py­nyň we­ki­li Türk­me­nis­tan bi­len söw­da, ulag, se­na­gat, oba ho­ja­lygy ýa­ly ugur­lar­da hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­mek üçin uly müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy­ny aýt­dy. Şo­ňa gö­rä-de, ýa­kyn wagt­da türk­men-pa­kis­tan bi­le­lik­dä­ki hö­kü­me­tara to­pa­rynyň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­mek tek­lip edil­di. Şeý­le hem ýur­duň Se­na­ty­nyň ýol­baş­çy­sy Türk­me­nistan bi­len Pa­kis­ta­nyň ara­syn­da gö­ni ho­wa gat­na­wy­ny ýo­la goý­ma­gyň äh­mi­ýe­ti we müm­kin­çi­lik­le­ri ba­ra­da­ky me­se­lä aý­ra­tyn ün­si çek­di.

Habarlar