Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara ýaryşlara taýýarlygyň barşy bilen tanyşdy

28.12.2019

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigine bardy. Şol ýerde öňümizdäki 2020-nji ýylda sport dünýäsinde iri halkara wakalarynyň üçüsi bolup geçer. Şolar Sambo boýunça dünýä çempionaty, futzal boýunça Aziýanyň çempionaty hem-de Dewisiň Kubogy ugrundaky tennis ýaryşynyň tapgyry (Aziýa zolagy/Okeaniýa, IV topar) bilen baglanyşyklydyr.

Döwlet Baştutanymyz şeýle giň gerimli çärelere taýýarlyk görmek işlerine hut özi gözegçilik edýär. Munuň özi köp babatda şolaryň uly üstünlige eýe bolmagyny üpjün edýär. 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, 2018-nji ýylda agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň üstünlikli geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Aşgabadyň myhmansöýerlik hem-de örän jogapkärçilikli kabul eden şu hem-de beýleki wekilçilikli ýaryşlary diňe bir Türkmenistanyň sport abraýyny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, halkara durmuşynyň, tutuş dünýäde parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine sport, ykdysady we medeni diplomatiýanyň möhüm merkezi hökmünde döwletimiziň abraýyny has-da belende galdyrdy diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Bular ýurdumyzyň kuwwatyny hem-de giň hyzmatdaşlyga, dostluk we işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga, sebitde hem-de tutuş dünýäde ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýyny berkarar etdirmäge gyzyklanma bildirýändigini tutuş dünýä ýene-de bir gezek görkezmäge ajaýyp mümkinçilik boldy hem-de köpçülikleýin sportuň we syýahatçylyk ulgamynyň ösdürilmegini höweslendirdi.

Şoňa görä-de, şeýle ýokary derejeli çäreleri geçirmek meseleleri hemişe döwlet Baştutanymyzyň üns merkezinde durýar.

Milli Liderimiz Aşgabatda sebitdäki iri köpugurly sport toplumyny – Olimpiýa şäherjigini gurmak baradaky ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň ähli tapgyrlaryny gözegçilikde saklap, giň möçberli desganyň her bir böleginde alnyp barlan işleri seljerip, degişli düzedişleri girizdi.

Şu gün döwlet Baştutanymyz desgalary halkara ähmiýetli ýaryşlara taýýarlamagyň barşy bilen tanyşmak üçin ýene-de türkmen paýtagtynyň Olimpiýa şäherjiginiň çägine geldi.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy wise-premýer P.Agamyradow, Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdulyýew hem-de sport we ýaşlar syýasaty ministri D.Gulgeldiýew garşyladylar.

Milli Liderimiz aýak üstünde ýolbaşçylar bilen söhbetdeşligiň barşynda işleriň ýagdaýy bilen gyzyklandy hem-de Olimpiýa şäherjiginde işiň dürli ugurlary barada anyk sowallary berdi. Döwlet Baştutanymyz türgenlerimiz üçin alynýan sport serişdelerine bildirilýän esasy talabyň hili we iň gowy tehniki häsiýetleri bilen baglanyşyklydygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz birnäçe tabşyryklary berdi hem-de sportuň oýun görnüşleri toplumyna bardy.

Bu ýerde milli ýygyndymyzyň agzalary, şol sanda 2020-nji ýylda Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistana wekilçilik etjek türgenler üçin dürli görnüşli sport lybaslary görkezildi. Lybaslaryň we sport serişdeleriniň doly toplumyna sport lybaslary we türgenleşik lybaslary girýär.

Sport we ýaşlar syýasaty ministri D.Gulgeldiýew sport lybaslarynyň nähili matadan taýýarlanylýandygy, şolaryň ulanyş maksadyny nazara almak bilen düzüm aýratynlyklary barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz amatlylyk nukdaýnazaryndan türgenler üçin niýetlenen lybaslary üns bilen synlady, şolaryň reňkleriniň görnüşlerini hem-de milli ýörelgeler esasynda bezeglerini deňeşdirdi we has gowularyny aýratyn belledi.

Milli Liderimiz Olimpiada gatnaşjak türgenleriň sport lybasynyň Ýaponiýanyň tebigy howa aýratynlyklaryna gabat gelmelidigini, bezegi babatda türkmen medeniýetiniň ajaýyp öwüşginlerini özünde jemlemelidigini hem-de göze gelüwli bolmalydygyny belledi. Esasysy bolsa, bu lybaslar türgenler üçin has amatly bolmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz ýygyndy toparymyz üçin sport lybasyny taýýarlamak boýunça belliklerini aýtdy hem-de birnäçe maslahatlary berdi we olimpiýa serişdeleriniň tutuş toplumynyň sazlaşykly bolmalydygyny nygtady. Şolaryň ählisi amatly, berk, ýokary hilli hem-de owadan bolmalydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna halkara ýaryşlarynyň geçiriljek binalarynyň bezeginiň taslamalary hödürlenildi.

Olimpiýa şäherjiginiň sport toplumlarynda ýokary derejeli ýaryşlary geçirmek, türgenleşikleri netijeli guramak üçin ähli zerur şertler döredildi. Türkmen türgenleri döwrebap düzümiň ähli mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, öz ussatlyklaryny ýokarlandyrýarlar, türgenleşik çärelerine we ýaryşlara işjeň gatnaşýarlar.

Halypaçylyk işine daşary ýurtly tejribeli hünärmenleriň çekilmegi muňa ýardam edýär. Olar türkmen sport desgalarynyň, ilkinji nobatda, Olimpiýa şäherjiginiň enjamlaşdyrylyşynyň ýokary derejesini biragyzdan belleýärler.

Ýurdumyzda dünýäniň ençeme ýurtlaryndan iň gowy türgenleriň gatnaşmagynda abraýly ýaryşlar baýramçylyk ruhunda geçirilýär. Baýramçylyga bolsa ähli ugurlar boýunça, şol sanda bezeg babatda ykjam taýýarlyk görmek zerurdyr.

Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Olimpiýa şäherjiginiň Sportuň oýun görnüşleriniň toplumynyň halkara ýaryşlaryna taýýarlyk derejesi hem-de bezeg işleri, onuň ýanaşyk ýerinden geçýän şaýollaryň abadanlaşdyrylyşynyň taslamalary barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taslamany gözden geçirip, birnäçe bellikleri aýtdy we käbir düzedişleri girizdi, hususan-da, ýanaşyk şaýollaryň ikisiniň kesişýän ýerinde pyýadalaryň Olimpiýa şäherjigine ýerüsti geçelgesi arkaly bökdençsiz geçmegi üçin ulaglaryň ýerasty geçelgesi boýunça gatnawyny ýola goýmagyň zerurdygyny belledi.

Milli Liderimiz çatrygyň merkezinde paýtagtymyzyň sport babatda ösüşine kybap gelýän sütüni ornaşdyrmak baradaky pikiri aýtdy. Hormatly Prezidentimiz bularyň ählisiniň Aşgabadyň ajaýyp binagärlik keşbi bilen sazlaşmalydygyna ünsi çekdi.

Şäherde abadanlaşdyrmak we onuň ýol-ulag düzümini ösdürmek boýunça geçirilýän işleriň halkara ýaryşlara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelýän türgenleriň we paýtagtymyzyň beýleki köpsanly myhmanlarynyň gatnadylmagy üçin iň gowy şertleriň üpjün edilmegine bökdençlik döretmez ýaly, ähli ýagdaýlary göz öňünde tutmak wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we şäheriň häkimine anyk tabşyryklary berip, bu işleri öňümizdäki iri wakalara taýýarlyk çäreleri bilen sazlaşykly alyp barmagy maslahat berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sportuň oýun görnüşleriniň toplumyndan çykyp, welosipedde futzal boýunça Aziýa çempionatynyň geçiriljek binasyna bardy. Bu ýerde milli Liderimiz futzal meýdançasynyň taýýarlygy, enjamlarynyň ýerleşdiriş aýratynlyklary we münberlerde tomaşaçylar üçin dörediljek şertler bilen gyzyklandy. Döwlet Baştutanymyz futzal pökgüsini eline alyp, onda synag urgusyny ýerine ýetirdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bu gün ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň barha berkidilýändigini belläp, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan adamlaryň, aýratyn-da, ýaşlaryň sanynyň barha artýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, paýtagtymyzda döwrebap sport toplumlarynyň, stadionlaryň gurluşygy dowam edýär. Bu babatda sport toplumlarynyň döwrebap derejede enjamlaşdyrylmagy, ýokary hünärli tälimçileriň we beýleki hünärmenleriň bolmagy barada alada edilmegi esasy talap bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, toparlaýyn oýun bolan futbol türgenlerde maksada okgunlylygy we jebisligi terbiýeleýär hem-de sazlaşykly hereket etmegi öwredýär, adamyň şahsy we durmuş häsiýetlerini, hem-de pikirlenişini ösdürýär. Şu endikleriň diňe bir sportda däl, eýsem, durmuşda hem ýokary netijeleri gazanmak üçin peýdaly boljakdygy şübhesizdir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

... Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda sportuň dürli görnüşleri, şol sanda awtomobil sporty, milli göreş, agyr atletika we beýleki ugurlar boýunça halkara ýaryşlary geçirilýär. Bu ýaryşlar türkmen türgenleriniň tejribe toplamagyny üpjün etdi, ýurdumyzyň ägirt uly sport bäsleşiklerini geçirmek babatda tejribesiniň has-da artmagyna ýardam etdi. Munuň özi köpçülikleýin sportuň ösdürilmegini hem höweslendirýär.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýokary netijeli sportundan başga-da, sport bilen meşgullanmagyň dürli ugurlaryny birleşdirýän höwesjeňler hereketi hem uly ösüşe eýe boldy. Şolara uly isleg bildirilýänleriniň biri-de futboldyr. Şoňa görä-de, 2020-nji ýylda geçiriljek futzal boýunça Aziýanyň çempionatynyň münberleriniň tomaşaçylardan doly boljakdygyny we bäsleşikleriň türkmen türgenlerine uly ruhy goldaw berjekdigine ynamly aýtmak bolar. Biziň türgenlerimiz çempionatyň medallary ugrunda göreşer.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Başa-baş söweş sungaty sport toplumyna bardy. Geljek ýyl şol ýerde Sambo boýunça dünýä çempionaty geçiriler.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde tomaşaçylar üçin niýetlenen münberleri, göreş meýdançasyny gözden geçirip, türgenler, eminler we janköýerler üçin döredilen şertlere baha berdi. Milli liderimiz şeýle hem zalyň bezegine üns berip, reňkleriň sazlaşygynyň desgalaryň maksadyna laýyk gelmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Sambo boýunça dünýä çempionatynyň ähmiýeti barada aýdyp, göreşiň ähli görnüşleriniň Türkmenistanda örän meşhurdygyny nygtady. Munuň özi milli göreş bilen hem, gündogar başa-baş söweş sungatyna uly gyzyklanma bilen baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda bu sungatyň dürli görnüşleri boýunça köpsanly bölümler hereket edýär, şol ugurlar boýunça Federasiýalar döredildi.

Sambo boýunça aýdylanda bolsa, göreşiň bu görnüşiniň diňe bir sport bolmak bilen çäklenmän eýsem onuň uly terbiýeçilik işidigini bellemelidiris. Tälimçileriň pälwanlary ynamly we şol bir wagtyň özünde howpsuz göreşe taýýarlaýandygy tötänden däldir. Ilkinji nobatda, bu göreş şahsyýeti ösdürýär, adamda çydamlylyk, ruhubelentlik, durnuklylyk, gaýduwsyzlyk, batyrgaýlyk ýaly häsiýetleri terbiýeleýär.

Mälim bolşy ýaly, türkmen türgenleri sportuň başa-baş söweş sungaty boýunça geçirilýän dünýä ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edýärler. Munuň özi türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän edermenlik, batyrlyk we saýlap alan hünärine bolan wepalylyk ýaly häsiýetleriniň has-da kämilleşmeginde ähmiýetlidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaryşlaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Olimpiýa şäherjiginiň ähli binalarynyň we olarda döredilen mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagyna ünsi çekip, sportuň dürli görnüşleri boýunça niýetlenen sport zallarynda türgenleşikleriň yzygiderli geçirilmelidigini belledi. Munuň özi 2020-nji ýylda boljak ýaryşlarda - sambo boýunça dünýä çempionatynda, tennis boýunça halkara bäsleşiginde türkmen türgenleriniň ýokary netijelere eýe bolmagynda aýratyn ähmiýetlidir. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe tabşyryklar berildi.

Ýeri gelende aýtsak, Halkara tennis federasiýasynyň degişli komitetiniň 2020-nji ýylda Aşgabat şäherinde dünýä derejesindäki Dewisiň Kubogy ugrunda halkara ýaryşynyň tapgyryny geçirmek baradaky teklibi boldy. Bellenilişi ýaly, bu bäsleşiklere 17 döwletden sport wekiliýetleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Ýaryşyň Aşgabat tapgyrynda üstünlikli çykyş eden türgenler 2021-nji ýylda geçiriljek Dewisiň Kubogy ugrundaky saýlama bäsleşigiň 3-nji toparyna gatnaşmaga hukuk gazanar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow üsti ýapyk tennis meýdançasyna tarap ugrap, Aşgabatda Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşynyň tapgyrynyň geçirilmeginiň Bitarap Türkmenistanyň halkara sport giňişligindäki barha belende göterilýän abraýynyň aýdyň subutnamasydygyny, Diýarymyzda sporty, şol sanda tennis oýnuny mundan beýläk-de giňden wagyz etmek üçin ajaýyp mümkinçilikdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Türkmenistanyň Tennis federasiýasy hem-de Halkara tennis federasiýasy bilen bilelikde 2020-nji ýylyň 8-15-nji iýuny aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginiň Tennis toplumynda Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşy (Aziýa zolagy/Okeaniýa, IV topar) geçirmäge ygtyýar berildi.

Şunlukda, bu ýaryşlara degişli institutyň talyplarynyň we ýurdumyzyň türgenleriniň taýýarlyk derejesine möhüm ähmiýet berilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport ulgamyndaky häzirki zaman dünýä meýillerini we Türkmenistanda geçiriljek iri halkara ýaryşlaryny nazara almak bilen, paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň ähli mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, oňa häzirki zamanyň ösen tehnologiýasyny we sanly ulgamy ornaşdyrmak esasynda bu işleri kämilleşdirmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Toplumyň tennis zaly häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk derejede enjamlaşdyryldy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri bilen gyzyklanyp, bu ugurda ähli görkezijileriň göz öňünde tutulmalydygyna ünsi çekdi.

Häzirki döwürde halkara hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, ýurdumyzda olimpiýa hereketini ösdürmek, şeýle hem döwletimiziň halkara sport abraýyny has-da belende götermek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginde sportuň sambo, kikboksing, dzýu-do, boks, taekwando, karate, sport göreşi ýaly zallary bilen bir hatarda toplumyň tennis zalynyň mümkinçilikleri ýokary halkara standartlaryna doly laýyk gelýär diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Beýleki desgalar ýaly bu sport binasynyň taslamalaşdyrylmagy we gurluşygy Halkara Olimpiýa komitetiniň tehniki görkezijilerine laýyk derejede ýerine ýetirildi.

Häzirki döwürde Merkezi Aziýa sebitinde iň iri bu sport şäherjigi uly ýaryşlary guramak, türgenleri taýýarlamak we saglygyny berkidýänler üçin türgenleşikleri geçirmek üçin peýdalanylýar. Bu ýerde Tokioda geçiriljek Tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenleşik geçýändigini, şeýle hem 2020-nji ýylda ýurdumyzda geçiriljek halkara ýaryşlaryna ýokary derejede taýýarlyk görülýändigini bellemeli.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde dünýä derejesindäki Dewisiň Kubogy ugrunda halkara ýaryşynyň tapgyrynyň geçirilmeginiň ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleriniň ösdürilmeginde aýratyn ähmiýete eýe boljakdygyny belledi. Şeýlelikde, dürli ýurtlaryň sport wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçiriljek bu ýaryşlaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi ugrunda ähli zerur tagallalar görülmelidir. Munuň özi ýurdumyzyň halkara sport giňişligindäki abraýynyň belende galmagynda ähmiýetli waka öwrüler diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, türkmen tennisçileri halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Aşgabatda geçiriljek Dewisiň Kubogy ugrundaky ýaryşda türkmen türgenleriniň has-da ýokary netije gazanjakdyklaryna ynam bildirip, döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň köpçülikleýin bedenterbiýä we sporta bolan höwesiniň ýokarydygyny belledi we adamlaryň tennis ýaryşlaryna işjeň tomaşa edip, türkmen türgenlerini goldajakdyklaryna ynam bildirdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Olimpiýa şäherjiginiň binalarynda geçiriljek dünýä ýaryşlarynyň ýokary guramaçylyk derejesi bilen bir hatarda bu ýerde türgenler we janköýerler üçin ähli zerur şertleriň döredilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi. Hormatly Prezidentimiz şäherjigiň desgalaryny gözden geçirmegiň netijelerine, umuman kanagatlanma bildirip, taýýarlyk işlerine gözegçilik etmek babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ýurdumyzda halkara ýaryşlarynyň yzygiderli guralmagy dünýäniň sport jemgyýetçiliginiň Türkmenistana bolan gyzyklanmalarynyň artýandygynyň we döwletimiziň sport ýurdy hökmünde halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şunlukda, bu ugurda alnyp barylýan işlerde dünýä ýurtlarynyň ösen tejribeleriniň ulanylmagy, oňa häzirki zaman tehnologiýalaryň we sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy ugrunda zerur tagallalar edilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Munuň özi Türkmenistanyň halkara sport giňişligindäki abraýynyň belende galmagy we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegi bilen bir hatarda jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegini, sport bilen meşgullanýan ýaşlaryň sanynyň artmagyny we türkmen türgenleriniň bu ugurda ýokary netijeler gazanmagyny şertlendirýär diýip, milli Liderimiz belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyna ünsi çekdi.

Biziň baş maksadymyz bedenterbiýäni we sporty ösdürmekden, sagdyn-durmuş ýörelgelerini berkitmekden ybaratdyr. Köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty, olimpiýa hereketini ösdürmek maksady bilen, ýurdumyzda bu ulgama biz köp möçberde maýa goýumlaryny gönükdirýäris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Bu işleriň anyk netije bermegi ugrunda degişli tagallalar edilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara dünýä standartlarynyň ýokary talaplaryna kybap gelýän sport üpjünçilik ulgamyna eýe bolan, Türkmenistanyň iri halkara ýaryşlaryny geçirmekde toplan tejribesiniň netijeli ulanylmalydygyny tabşyrdy we hemmelere üstünlik arzuw edip, Olimpiýa şäherjiginden ugrady.

Habarlar