Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

27.12.2019

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýyldaky iň soňky, Täze ýyl baýramynyň öň ýanyndaky bilelikdäki mejlisini geçirdi. Mejlise Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri hem çagyryldy.

Milli Liderimiz gün tertibindäki meselelere geçmek bilen, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol ýurdumyzyň kanunçykaryjy edarasynyň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada habar bermek bilen, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygar astynda geçen 2019-njy ýylyň ýurdumyzyň durmuşynda dürli syýasy, ykdysady, medeni wakalara beslenip, taryha girýändigini belledi.

Özygtyýarly döwletimizde döwrüň talaplaryna we möhüm wakalaryna bagyşlanyp, milli Liderimiziň başlangyjy bilen her ýyly döwrebap atlandyrmak baradaky ýörelge indi asylly däbe öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, milli parlamentiň ýolbaşçysy Bitaraplyk derejesi dünýäde iki gezek ykrar edilen hem-de BMG-niň degişli Kararnamalary bilen berkidilen Berkarar Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýetiniň örän uludygyny belledi.

Bitaraplyk halkymyzyň milli guwanjyna we mertebesine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döredijilikli daşary syýasy ugry netijesinde bu gün Türkmenistan dünýä ýüzünde parahatçylyk söýüjilikli döwlet hökmünde giňden tanalýar. Ýurdumyzyň tutuş adamzadyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbidine öňe sürýän netijeli başlangyçlary sebitde howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde uly orun eýeleýär.

Mejlisiň Başlygynyň habar berşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryndan ugur almak bilen, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine, parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyga esaslanýan oýlanyşykly içeri we daşary syýasatymyzy, umumadamzat ähmiýetli halkara başlangyçlary giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, şeýle hem geljek ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň giňden bellenilip geçilmegi mynasybetli, 2020-nji ýyly mynasyp atlandyrmak boýunça teklipler öwrenildi.

Şu mesele boýunça bilelikde geçirilen işleriň netijesinde geljek ýyly «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýip atlandyrmak teklip edildi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna bäsleşigiň jemleri boýunça kesgitlenen 2020-nji ýylyň nyşanynyň taslamasy hödürlenildi.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýylyň jemleri barada durup geçdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Halkara Pul Gaznasynyň berýän maglumatlaryna görä, häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetinde dünýäde ykdysady çökgünligiň başlanan wagtyndan bäri ösüş depgini haýallap, iň pes derejä çenli baryp ýetdi.

Ösüş depgininiň pese düşmegi söwdada päsgelçilikleriň artmagynyň, söwda we geosyýasat babatda barha çuňlaşýan näbelli ýagdaýlaryň, özboluşly şertleriň netijesidir. Bu bolsa, bazar ykdysadyýeti emele gelýän ýurtlaryň birnäçesinde makroykdysady kynçylyklary döredýär. Käbir ýurtlarda maýa goýumlarynyň möçberiniň peselmegi öndürijiligiň depgininiň pese düşmegine getirýär. Bolup geçýän özgermeleri göz öňünde tutup, kabul edilen maksatnamalary öz wagtynda ýerine ýetirmek we mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň pese düşmegine ýol bermezlik üçin, haýal etmän, ähli zerur çäreler görüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, şu ýyl Ministrler Kabinetiniň 41 mejlisiniň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 15 mejlisiniň, şeýle hem döwlet derejesinde dürli maslahatlaryň 56-synyň geçirilendigini aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerinde, halkara derejesindäki duşuşyklarda çylşyrymly syýasy, ykdysady we durmuş häsiýetli derwaýys meselelere seredildi. Bu meseleler boýunça döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alnyp, degişli çözgütler kabul edildi we resminamalara gol çekildi.

Biz döwlet dolandyryşy, içerki we daşarky maliýe, söwda ulgamlary, şeýle hem zähmet we harytlar bazarlary ýaly ugurlarda özgertmeleri geçirmegiň depginlerini güýçlendirdik. Bu bolsa, orta möhletli döwürde önümçiligiň möçberlerini ep-esli artdyrmagy üpjün etmäge bize mümkinçilik berdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň öz wagtynda hem-de dogry kararlary we çözgütleri kabul etmegi, sazlaşykly, netijeli we maksada okgunly işleri alyp barandygymyz, şeýle hem mähriban halkymyzyň giňden goldaw bermegi ykdysadyýetde we daşary syýasatda oňyn netijeleri gazanmagymyzyň girewi boldy diýip, milli Liderimiz belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Halkara Pul Gaznasynyň ýakynda ýurdumyzda bolan wekiliýetiniň bu ugurda alnyp barylýan işlere oňyn baha berendigini, ykdysady ulgamda kabul edilen çözgütleriň we saýlap alan ýolumyzyň dogrudygyny tassyklandygyny aýtdy.

Netijede, çylşyrymly şertlere garamazdan, şu ýyl bize örän köp işleri bitirmek we köp sanly meseleleri çözmek başartdy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara çäreleriniň ýokary derejede geçirilendigini göz öňünde tutan meýilnamalaryň ählisiniň diýen ýaly amala aşyrylandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Şeýle hem milli Liderimiz geljek ýyl üçin kabul edilen Döwlet býujetine oňyn baha berdi, onda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberini nobatdaky gezek 10 göterim ýokarlandyrmak göz öňünde tutuldy. Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, zähmet haklaryny tölemekde hem hiç hili meseläniň ýokdugyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda gazanylan üstünlikler barada aýdyp, görkezijileriň birnäçesini mysal getirdi. Hususan-da, şu ýyl 1 million 700 müň tonna golaý galla hasylynyň ýygnalyp, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygynyň üpjün edilendigi hem-de 1 million tonnadan gowrak pagta hasylynyň ýygnalandygy bellenildi.

Şonuň bilen baglylykda, bellenilişi ýaly, umumy şertnama bahasy 35 milliard amerikan dollaryna golaý bolan önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň 2 müňden gowragynyň gurluşygy alnyp barylýar, olaryň durmuşa geçirilýän taslamalary örän giň gerimliligi bilen tapawutlanýar.

Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ajaýyp binalar gurulýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Täze iri ýaşaýyş toplumlary döredilýär. Uzynlygy müňlerçe kilometr bolan tizlikli awtomobil ýollary we demir ýollary gurulýar. Halkara ähmiýetli ulag üpjünçilik ulgamlary emele getirilýär.

Bularyň hemmesi biziň ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek barada edýän tagallalarymyzyň netijesidir diýip, hormatly Prezidentimiz bu desgalaryň ulanmaga berilmegi bilen, olaryň öz oňat netijelerini berip başlajakdygyna ynam bildirdi.

Umumy bahasy 5 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan 66 sany iri desgany eýýäm işe girizdik diýip, milli Liderimiz olaryň hatarynda Ahal welaýatynda tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän zawodyň gurluşygyny aýratyn belledi. Gurluşygy üstünlikli dowam edýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň möhümdigi bellenildi.

1 million inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň, köp sanly çagalar baglarynyň, mekdepleriň, saglygy goraýyş edaralarynyň we beýleki köp sanly durmuş maksatly desgalaryň gurlup, ulanmaga berilmegi aýratyn guwandyryjy ýagdaýdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde wekilçilikli we kanun çykaryjy häkimiýet edaralaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Milli Liderimiz halkara işler barada durup geçmek bilen, şu ýyl ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň daşary ýurtlara 7 saparynyň amala aşyrylandygyny, daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň ýurdumyza 28 saparynyň bolandygyny belledi.

2019-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidenti bilen dürli döwletleriň we halkara guramalarynyň resmi wekilleriniň, ministrler derejesindäki resmi adamlaryň, halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, ýurdumyzda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlarynyň, halkara korporasiýalarynyň hem-de kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň köp sanly duşuşyklary geçirildi.

Türkmenistanyň 2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk etmegini, Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasyna (SPEKA) işjeň gatnaşmagyny, şonuň ýaly-da ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen guramalarynyň 11-sine agza bolmagy biziň diplomatiýamyzyň aýratyn üstünligi bolup durýar.

Bitarap Türkmen döwleti sebitde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk ýagdaýyny döretmäge uly goşant goşdy we goşant goşmagyny dowam edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

2019-njy ýylyň ähli ýurtlar üçin örän kyn, syýasy we ykdysady babatda dürli wakalara baý bolandygyna garamazdan, Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň oňat bolmagyna — 6,3 göterim derejede bolmagyna garaşylýar.

Milli Liderimiz geçip barýan ýylyň jemlerine baha bermek bilen, onuň Watanymyz üçin oňat ýyl bolandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz öňdäki işleriň geljegi uly ugurlary barada durup geçmek bilen, geljek ýylda ýurdumyzyň durmuşynda örän möhüm bolan iki çäräniň geçiriljekdigini aýtdy. Baş Kanunymyza — ýurdumyzyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleriň girizilmegi kanun çykaryjy häkimiýeti ýokary derejede üýtgeder. Iki palataly Parlament dörediler.

Mundan başga-da, ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy giňden we dabaraly ýagdaýda belleniler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şol wakalara bagyşlanan çäreleriň örän ýokary derejede geçirmelidigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, ýygnananlaryň ünsüni käbir möhüm meselelere çekdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýolbaşçylaryň saýlawlylyk düzgüni, her bir raýatyň öz erk-islegini erkin beýan edip bilmegi, söz azatlygyny goramak we raýat jemgyýetini berkitmek — biziň ata-babalarymyzyň mundan müňlerçe ýyl ozal emele getiren demokratiýasynyň esaslaryny düzýär. Bu kadalar ýurdumyzy ösdürmekde esasy orny eýeleýär hem-de biziň däplerimizde, kanunlarymyzda we düzgünlerimizde öz aýdyň beýanyny tapýar.

Şoňa görä-de, bu çäreler ýokary derejede guramaçylykly geçirilmelidir. Ähli ýerde kadalaryň, düzgün-nyzamyň berjaý edilmegi üpjün edilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, biz her ýyl bir şygary yglan edýäris, ol bize öňde goýan maksatlarymyza tarap ynamly öňe gitmäge ýardam edýär diýip belledi.

Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowanyň maglumatyna görä, deputatlar we halk bilen giňden ara alyp maslahatlaşmagyň netijesinde, şu mesele boýunça teklipleri makullap we olary tassyklap, 2020-nji ýylyň şygaryny «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýip yglan edýändigini aýtdy.

Geljek ýylda ähli çäreleriň, şol sanda binalary we desgalary dabaraly ýagdaýda ulanmaga bermek boýunça çäreleriň ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyna bagyşlanyp geçirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Mejlisiň barşynda parlamentiň ýolbaşçysy G.Mämmedowa hem-de wise-premýer B.Abdyýewa 2020-nji ýylyň şygaryny we nyşanyny metbugatda we teleýaýlymlarda giňden beýan etmek tabşyryldy.

Milli Liderimiz Täze ýyl baýramynyň çarşenbe gününe düşýändigini belläp, baýramçylygy ýokary derejede geçirmek we mähriban halkymyzyň baýramçylyk günlerinde oňat dynç almagyny üpjün etmek maksady bilen, 29-njy dekabrdaky dynç gününi 31-nji dekabra geçirmek barada karara gelendigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz degişli Permana gol çekip, ýygnananlaryň ünsüni baýramçylyk günlerinde şäherleriň we obalaryň kadaly ýaşaýyş-durmuşyny üpjün edýän ähli gulluklaryň nobatçylygyny göwnejaý guramak bilen bagly meselä çekdi.

Milli Liderimiz wise-premýer, Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň Başlygynyň orunbasary B.Öwezowe ýüzlenip, Täze ýyl baýramynyň bellenýän günlerinde ýurdumyz boýunça nobatçylygy talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Wise-premýer P.Agamyradowa bolsa, bu ugurda geçiriljek işlerde ýardam etmek barada görkezme berildi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ähli orunbasarlaryna öz gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen maslahat geçirmegi, Täze ýyl baýramynyň bellenýän günlerinde ministrliklerde we pudak edaralarynda nobatçylyk etmegiň Tertibine seretmek, jemagat hojalygy, saglygy goraýyş, ýolagçy ulaglaryň, dükanlaryň işini degişli derejede guramak, elektrik we suw üpjünçilik meselelerine seretmegi tabşyrdy.

Wise-premýer B.Öwezowa, bütin ýurdumyz boýunça baýramçylyk günlerinde nobatçylygyň talabalaýyk guralmagyna umumy gözegçiligi üpjün etmek tabşyryldy.

Hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna ähli ýerlerde tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegini üns merkezinde saklamak tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini jemlemek bilen, ýygnananlara geljek ýylyň bütin dowamynda şowlulygyň ýaran bolmagyny, Täze ýylyň täze üstünlikleri we rowaçlyklary getirmegini, şonuň netijesinde, ýurdumyzy ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak ugrunda täze ädimleri ätmegi arzuw etdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap hem-de hemmeleri ýetip gelen Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, maşgala bagtyýarlygyny, Berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Habarlar