Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

17.12.2019

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäher düzümini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň barşy, ýakyn geljekde gurulmagy meýilleşdirilen dürli maksatly desgalaryň taslamalary hem-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Ýurdumyzyň baş şäherinde ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeler, adamlaryň durmuşy üçin oňaýly şertleri döretmek hem-de şähergurluşyk konsepsiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler milli Liderimiziň üns merkezinde durýar.

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzdaky täze gurluşyklary yzygiderli gözden geçirip hem-de Aşgabadyň durmuş üpjünçiligi ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çärelere aýratyn ähmiýet berip, bu ýerde amala aşyrylýan işleriň halkara ülňülere, şol sanda hil, estetika we ekologiýa babatdaky talaplara laýyk gelmeginiň şolaryň esasy görkezijisi bolup durýandygyny nygtady.

Soňky ýyllarda eziz Watanymyzyň ak mermerli paýtagty sebitiň we dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriniň biri hökmündäki derejesini barha pugtalandyrýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap alan giň gerimli özgertmeleriň öňbaşçysy bolmak bilen, Aşgabat milli Liderimiziň başlangyjy boýunça we baştutanlygynda Türkmenistanyň yzygiderli durmuşa geçirýän oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň aýdyň nyşany bolup durýar.

...Irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabady ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynyň çäklerinde gurulýan söwda we dynç alyş merkezine geldi. Bu ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy ýygnandylar.

Milli Liderimiz täze toplumyň gurluşygynyň derejesine aýratyn üns berdi. Bu desga ähli görkezijiler babatda ýokary hil derejesine hem-de şeýle desgalara bildirilýän talaplara laýyk gelýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, şeýle hem paýtagtymyzyň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň 2018-nji ýylyň 16-njy martynda gol çeken Kararyna laýyklykda, bu desga Tähran köçesiniň ugrunda «Beýik — Bina» hususy kärhanasy tarapyndan gurulýar.

Bu ýerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň ägirt uly kuwwatyny, onuň önümçilik binýadynyň innowasion ulgamyny, türkmen şähergurluşygynyň we binagärliginiň maddy-enjamlaýyn mümkinçiliklerini, kemala gelýän döwrebap şäher we ulag düzümini beýan edýän sergi görkezildi.

Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň bu ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns bermegi netijesinde, telekeçilik işi gurluşyk toplumynyň has netijeli ugurlarynyň birine öwrüldi.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň firmalary döwrebap edara binalaryny, ýaşaýyş toplumlaryny, iri önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamakda hem-de olary gurmakda bu ulgamda dünýä gazananlaryny okgunly özleşdirýärler hem-de ulanýarlar.

Şonuň bilen birlikde, kiçi we orta telekeçiligiň wekilleri hil babatda halkara ülňülere laýyk gelýän gurluşyk serişdeleriniň onlarça görnüşleriniň önümçiligini özleşdirdiler. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda öndürilýän önümlere bildirýän talabydyr.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde görkezilen eksponatlar bilen tanşyp, ýurdumyzda desgalaryň gurluşygynda diňe ýokary talaplara hem-de standartlara laýyk gelýän önümleriň ulanylmalydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Ç.Purçekowa, Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewe, gurluşyk we binagärlik ministri S.Selimowa anyk tabşyryklar berildi.

Öňde goýlan maksatlara ýetmek, gurluşyk serişdelerini öndürmekde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän düzümiň döredilmegine, eksport ugurly önümleriň möçberlerini artdyrmaga, ýerli çig malyň esasynda onuň görnüşlerini giňeltmäge, täze iş orunlaryny döretmäge, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin netijeli çäreleri görmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda öňde durýan gaýragoýulmasyz wezipelere ünsi çekip, wise-premýer B.Öwezowa birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz şeýle hem uly tejribä hem-de innowasiýalara eýe bolan dünýäniň dürli döwletleriniň esasy işewür toparlary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge aýratyn üns bermelidigini nygtady. Şol tejribe hem-de innowasiýalar köp sanly bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekde üstünlikli ulanylyp bilner.

Soňra döwlet Baştutanymyz planşetler bilen tanyşdy. Şolarda Söwda we dynç alyş merkeziniň, ýakyn wagtda paýtagtymyzyň künjekleriniň birinde gurulmagy meýilleşdirilýän döwrebap söwda toplumynyň çyzgylary ýerleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen taslamalaryň her birini gözden geçirip, binalaryň we desgalaryň binagärlik keşbine, meýilleşdiriş çözgütlerine hem-de içki bezeglerine degişli bellikleri aýtdy. Şolaryň üstünde düýpli, oýlanyşykly işlemek zerurdyr. Olar bezeg hem-de gurluşygyň hili babatda häzirki döwrüň ölçeglerine, şeýle hem ekologiýa talaplaryna laýyk gelmelidir diýip, milli Liderimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Söwda we dynç alyş merkeziniň taslamasy barada durup geçip, şäher giňişliginiň durmuş gurşawyny guramagyň sazlaşykly bolmagynyň paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ýörelgesi bolmalydygyny belledi. Ilatyň işlemegi, okamagy, dynç almagy, sport, döredijilik bilen meşgullanmagy, döwrebap söwda, dynç alyş we sagaldyş hyzmatlaryndan peýdalanmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilmelidir, şol hyzmatlar bolsa elýeterli bolmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Ç.Gylyjowa gözegçilik edýän edaralarynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak boýunça anyk görkezmeler berildi.

Döwlet Baştutanymyz dürli maksatly desgalary maliýeleşdirmek babatda Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewe birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz şeýle hem gurluşyk işleriniň möhletlerini berjaý etmek meselelerine aýratyn üns berdi.

Milli Liderimiz desga bilen tanyşlygy dowam edip, şu we beýleki köp sanly taslamalaryň ýurdumyzyň baş şäherindäki gurluşyklaryň hem-de abadanlaşdyryş işleriniň haýran galdyryjy gerimini aýdyňlyk bilen görkezýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow desgalary gurmak bilen çäklenmän, eýsem, olaryň netijeli we maksadalaýyk ulanylmagyny, ýokary hilli hyzmatlaryň ýola goýulmagyny üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy A.Dadaýewe degişli tabşyryklar berildi.

Döwlet Baştutanymyz gurluşyk işleriniň barşyna, umuman, kanagatlanma bildirip, täze toplumda iri söwda merkezleriniň işini guramagyň öňdebaryjy çözgütleriniň hem-de döwrebap bezeg pikirleriniň öz beýanyny tapmalydygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz şeýle hem toplumyň içki bezeginde gündogar nagyşlarynyň görnüşleriniň ulanylmalydygyny belledi.

Bu iri desganyň tehnologik derejesi, şol sanda dünýäde meşhur kompaniýalaryň enjamlary we ulgamlary bilen üpjün edilmegi esasy talaplaryň biri bolup durýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi hem-de degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat boýunça iş saparyny ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň gurluşygynda dowam etdi.

Uzynlygy 600 kilometre golaý bolan bu uly ýoluň gurulmagy ýurdumyzyň ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistik hyzmatlaryň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga, halkara ulag-üstaşyr düzümini hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berer.

Taslama laýyklykda, ýokary tizlikli awtomobil ýoly ýurdumyzyň çäginden daşalýan ýükleriň möçberini ep-esli artdyrmaga we gatnawlary çaltlandyrmaga ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, goňşy Özbegistan bilen ulag ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmekde uly mümkinçilikler açylýar.

Ýurdumyzyň gündogar sebitini onuň merkezi bilen baglanyşdyrýan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Türkmenbaşy awtobanyna sepleşmegi ýük awtoulaglaryna Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portuna we şol ýerden deňiz ýoly arkaly Kawkaza, Ýewropa, Russiýanyň günorta sebitine, Eýranyň demirgazygyna, Pars hem-de Oman aýlagyna çykmaga mümkinçilik döreder.

...Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň gurluşygynyň bir böleginde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň häkimleri hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy garşyladylar.

Ýoluň iki tarapynda dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň döwrebap gurluşyk tehnikalary hatara düzüldi. Şol tehnikalar soňky ýyllarda ýol-ulag düzüminiň taslamalaryny durmuşa geçirmekde işjeň ulanylýar. Hususan-da, bu ýerde demrikdirýän maşyn, buldozerleriň, ýer gazýan tehnikalaryň, awtogreýderleriň we beýlekileriň dürli nusgalary goýuldy.

Döwletimiziň goldaw bermeginde telekeçiler häzirki wagtda ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda uly işleri alyp barýarlar, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, mekdepleri, çagalar baglaryny, sport toplumlaryny we beýleki köp sanly durmuş maksatly desgalary gurýarlar hem-de ulanmaga berýärler.

Olar halkara bäsleşiklere işjeň gatnaşýarlar, diňe ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem täze desgalary gurýarlar. Telekeçileriň öz banky hereket edýär. Türkmen işewürleri Awstriýada, Hytaýda, Birleşen Arap Emirliklerinde öz wekilhanalaryny açdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tehnikalaryň nusgalary bilen tanşyp, gurluşyk meýdançasynyň çäginde ýörite ornaşdyrylan çadyra bardy. Şol ýerde Aşgabat — Türkmenabat awtobanyny gurmagyň çyzgylary ýerleşdirilen planşetler goýlupdyr. Şolar gurluşygyň möçberleri, tapgyrlary hem-de aýratynlyklary bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, taslamany üç tapgyrda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Aşgabat — Tejen bölegi 2020-nji ýylyň dekabr aýynda, Tejen — Mary bölegi 2022-nji ýylyň dekabr aýynda we Mary — Türkmenabat bölegi 2023-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edilip tabşyrylar.

Awtomobil ýoly bir ugurda esasy üç we bir goşmaça ulag zolakly bolar. Ýoluň umumy ini 34,5 metre barabar bolar. Awtoban Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň 24-nji kilometrinde başlanar. Bu ýerde elektron töleglerini hem göz öňünde tutýan töleg merkezleri, ýol gözegçilik gullugynyň merkezi bekedi, dynç alyş meýdançasy ýerleşer.

Awtobanyň ugrunda dürli köprüleriň birnäçesi gurlar. Mundan başga-da, jandarlar üçin ýörite geçelge ýoly göz öňünde tutuldy. Şeýle hem pyýada ýolagçylar üçin ýerasty geçelgeler, suw akabalary we beýleki desgalar gurlar.

Ýokary tizlikli ýola tehniki hyzmatlar üçin awtomobil hyzmat merkezlerini gurmak meýilleşdirilýär. Ýol hereketi ýörite ulgam arkaly dolandyrylar. Bu ulgamyň çäklerinde ýokary tizlikli awtomobil ýol gözegçilik gullugynyň esasy maglumatlary iberiler we ýatda saklanar. Şeýle hem şol ýere meteorologiýa bekedinden ýoluň yzgarlylygy, görnüş aralygy baradaky we beýleki maglumatlar iberiler.

Awtobanyň ugrunda ýörite telefon ulgamy ýerleşdirilip, olar ýol gözegçilik gullugynyň esasy merkezindäki dolandyryş otagy bilen bagly bolar.

Taslamanyň baş potratçysy hökmünde çykyş edýän «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasy boýunça «Nusaý ýollary» hususy kärhanasy hem-de «Hyzmat merkezi», «Edermen», «Altyn nesil» hojalyk jemgyýetleri ýoluň gurluşyk işlerini amala aşyrýarlar.

Umumy bahasy ABŞ-nyň 2 milliard 300 million dollaryna barabar bolan bu taslamany durmuşa geçirmäge döwletimiz tarapyndan serişdeleriň bölünip berilmegi ýurdumyzda kuwwatly, bäsdeşlige ukyply hem-de durmuş ugurly işewürligi kemala getirmäge, onuň ösmegi üçin has oňaýly şertleriň döredilmegine uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow telekeçileriň ýokary hünär ussatlygyna, iş başarjaňlygyna hem-de uly mümkinçiliklerine esaslanyp, olara jogapkärli tabşyryklary ynanýar.

Bu ýerde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy döwlet Baştutanymyza iri taslamanyň aýratynlyklary hem-de ulanylýan gurluşyk serişdeleri we ýörite tehnikalar barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz görkezilen taslamanyň çyzgylarynyň her biri bilen içgin gyzyklanyp, birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.

Soňra milli Liderimize awtobany çekmegiň tehnologik işi barada aýdyň düşünje berýän wideoşekiller görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyň tapgyrlary bilen içgin gyzyklanyp, bu taslama durmuşa geçirilende, ýollary gurmak ulgamynda öňdebaryjy tejribäni hem-de innowasion tehnologiýalary ulanmagyň wajypdygyny nygtady. Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunda amala aşyrylýan işleriň hiliniň halkara ülňülere laýyk gelmegini üpjün etmek esasy talap bolup durýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwletimiz kiçi we orta telekeçiligiň sazlaşykly we netijeli ösdürilmegi, hususy başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi üçin oňaýly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertlerini döredýär. Telekeçiler eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga saldamly goşant goşýarlar, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilýän hem-de daşary ýurtlara iberilýän möçberi artdyrylýar.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» kabul edilmegi bilen, ýurdumyz ösüşiň we rowaçlygyň täze tapgyryna gadam goýdy diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Bu maksatnamada döwlet-hususy hyzmatdaşlyga, hojalygy ýöretmegiň netijeli usullaryny giňden ornaşdyrmaga, ýurdumyzyň ägirt uly tebigy baýlyklary, çäk kuwwaty hem-de geosyýasy ýagdaý bilen şertlendirilen mümkinçiliklerden we artykmaçlyklardan peýdalanmaga uly ähmiýet berilýär. Resminamada bazar gatnaşyklary şertlerinde uly güýç hökmünde telekeçileri bu işe işjeň çekmegiň aýratyn ähmiýeti bellenilýär.

Hormatly Prezidentimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, telekeçiligi ösdürmegiň, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmagyň, gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi bilen daşary ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň milli ykdysadyýetimiziň möhüm we ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz gurluşyk serişdeleriniň köp görnüşlerini, şol sanda metal gurluşlaryny, ýerli çig malyň esasynda sementi öndürýän döwrebap önümçilik toplumlaryny döretmek boýunça işleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belledi.

Ýurdumyzyň işewürleri döwrebap tehnologiýalary we innowasion işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak bilen, iri şähergurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmalydyrlar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we döwletimiziň telekeçiligi mundan beýläk-de ösdürmäge hemmetaraplaýyn kömek we aýratyn üns berjekdigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, hereket edýän kanunlary kämilleşdirmäge, türkmen kompaniýalarynyň maýa goýum işini höweslendirmäge we işewürligi ösdürmek üçin has oňaýly şertleri döretmäge aýratyn ähmiýet beriljekdigi bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, daşary ýurtlaryň iň gowy tejribesini işjeň öwrenmegiň, ösen ýurtlardaky şäher hojalygyny netijeli guramagyň ýörelgelerini seljermegiň, innowasion tehnologiýalary ulanmagyň wajypdygyny nygtady. Paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde gurulýan, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna gabatlanylyp, ulanylmaga beriljek önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna gözegçilik etmek esasy wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çadyrdan çykyp, gurluşyk işleriniň barşy hem-de ýol gurmak işinde ulanylýan serişdeleriň hili bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz bu taslamany durmuşa geçirmek üçin ýörite satyn alnan demrikdiriji maşynlaryň birine münüp, onuň tehniki we ulanyş häsiýetleri bilen gyzyklandy. Germaniýanyň esasy kompaniýalarynyň biriniň öndüren bu demrikdiriji maşyny şeýle tehnikalaryň täze nesline degişlidir hem-de tygşytlylyk we ekologiýa babatda öňdäki hatarda durýar. Onda ýörite ulgam ornaşdyrylypdyr. Bu tehnologiýa özüne awtomatik usulda ölçeýjileri hem-de gözegçiligi birleşdirýär.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, döwrebap ýol-gurluşyk tehnikasynyň ulanylmagy, bu ulgamyň işgärleriniň hünär derejesi, desgalarda zähmeti guramaga sowatly çemeleşilmegi meýilleşdirilen işleri ýokary hilli hem-de bellenen möhletlerde ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer.

Soňra döwlet Baştutanymyz Aşgabat — Türkmenabat awtobanyna asfalt düşemegiň tehnologiýasy hem-de gurluşyk serişdeleri, ýörite ölçeýji abzallar bilen tanyşdy. Milli Liderimize şeýle hem yşyklandyryş ulgamynyň, bölüji zolagyň gurluşlarynyň hem-de awtobanyň gapdal germewleriniň nusgalary görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer Ç.Purçekowa, Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewe, Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedowa, gurluşyk we binagärlik ministri S.Selimowa ýüzlenip, desgalaryň gurluşygyny öz wagtynda tamamlamak meselelerini üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Şolary şanly senelere gabatlap ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Garaşsyz Diýarymyzda amala aşyrylýan gurluşyk işleriniň netijeliligi pudagyň zerur serişdeler bilen bökdençsiz üpjün edilmegine baglydyr. Bu wezipe ýurdumyzda gurluşyk serişdelerini öndürýän täze kärhanalary gurmak hem-de öňden barlarynyň durkuny täzelemek, öňdebaryjy tehnologiýalary we enjamlary ornaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek arkaly çözülýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we wise-premýer B.Öwezowa birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz wise-premýer Ç.Gylyjowa ýüzlenip, bazarlaryň, dükanlaryň we beýleki durmuş hyzmaty gulluklarynyň sazlaşykly hem-de oýlanyşykly ýerleşdirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyryp, täze toplumlaryň ýaşaýjylarynyň azyk we beýleki aýratyn isleg bildirilýän harytlara elýeterliligini üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň hususy kompaniýalary tarapyndan amala aşyrylýan taslamalaryň ähmiýetini belläp, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy A.Dadaýewe döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmagy, önümçiligiň hem-de marketingiň döwrebap tehnologiýalaryny özleşdirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara işlerinde hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.


Habarlar