Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisi

11.02.2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri hem çagyryldy. 

Döwlet Baştutanymyz ýakynda ähli pudaklaryň ýolbaşçylary bilen iş maslahatlarynyň geçirilendigini aýtdy. Şol maslahatlarda geçen ýylda edilen işleriň netijeleri düýpli we jikme-jik seljerildi hem-de ýol berlen kemçilikleri düzetmek boýunça guramaçylyk çäreleri bellenildi. 

Milli Liderimiz şu gün ýolbaşçylary wezipä bellemek hem-de wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere, resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna, şeýle hem käbir beýleki meselelere garaljakdygyny aýtdy. 

Milli Liderimiz, umuman, kanagatly netijeleriň gazanylandygyny aýdyp, işde heniz köp sanly çözülmedik meseleleriň bardygyny belledi. Şol meseleleriň üstünde netijeli işleri alyp barmak zerurdyr. Şu maksat bilen, döwlet maksatnamalary kabul edildi we degişli wezipeler kesgitlenildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde Milli Geňeşi döretmekden, pudaklary senagatlaşdyrmakdan, ylym-bilim ulgamlaryna, oba hojalyk, nebitgaz toplumlaryna, hukuk goraýjy edaralara we beýleki pudaklara sanly ulgamy ornaşdyrmakdan başlap, uly syýasy we ykdysady özgertmeler geçirilýär.

Bu özgertmeleriň maksady ykdysadyýetimizi hil taýdan täze ýagdaýa geçirmekden, demokratik, dünýewi, hukuk döwleti hökmünde Türkmenistany bazar ykdysadyýetine durmuş taýdan gönükdirilen döwlet hökmünde ösdürmekden, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmakdan ybaratdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz döwlet dolandyryş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, Hökümetiň işini has-da gowulandyrmak maksady bilen, Ministrler Kabinetiniň düzümine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýene-de bir orunbasarynyň wezipesini girizmek, ony Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalygyna hem-de Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesine bellemek barada karara gelendigini aýtdy.

Täze wise-premýeriň wezipesi döwlet we jemgyýetçilik gurluşynda, bilim hem-de saglygy goraýyş, maliýe-ykdysady ulgamlarda sanly ulgamy we innowasion tehnologiýalary doly derejede ösdürmegi hem-de bu işlere gözegçiligi üpjün etmekden ybaratdyr. 

Döwlet Baştutanymyz bu ulgamlary ykdysadyýetiň önümçilik we dolandyryş ulgamlaryna hem-de jemgyýetçilik durmuşyna ornaşdyrmagyň wajypdygy barada aýdyp, gurluşyk pudagyny mysal getirdi. Bu pudakda köp sanly meseleler we kemçilikler bar. Ýöne, bu kemçilikleri düzetmek boýunça hiç hili özgertmeler geçirilmeýär. 

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň binýadynda gurluşyklar boýunça ýeke-täk buýrujynyň gullugyny döretmek bilen, olaryň köpüsini çözüp boljakdygyny, beýleki ministrlikleri we pudak edaralaryny wezipesine mahsus bolmadyk işlerden boşadyp boljakdygyny aýtdy. 

Gurluşyk pudagynda ýeke-täk döwlet buýrujysynyň döredilmegi, Döwlet býujetiniň düýpli maýa goýumlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Bu edara döwlet buýrujysynyň we desgalary gurujynyň wezipesini ýerine ýetirer. Şeýle hem gönüden-göni ýa-da beýleki taraplary çekmek bilen, tehniki buýrujynyň we gurluşyga gözegçiniň işini berjaý eder. 

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, sanly ulgamlaryň ornaşdyrylmagyna gözegçilik etmek, bu işe ýardam bermek zerurdyr. 

Hökümetiň kömek bermegini we gözegçilik etmegini talap edýän ýene-de çözülmeli köp meseleler bar. Şonuň üçin hem milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýene-de bir orunbasarynyň wezipesiniň girizilmeginiň döwletimiziň öňünde häzirki döwürde şol ägirt uly wezipeleri çözmäge kömek etjekdigine ynam bildirdi. 

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzasy wezipelerine Serdar Berdimuhamedowy belläp, ony senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesinden boşatdy. 

Hormatly Prezidentimiz täze wise-premýeriň esasy işiniň önümçiligiň ähli pudaklarynda, dolandyryşda we jemgyýetiň durmuşynda sanly ulgamy we innowasion tehnologiýalary doly ösdürmegi hem-de ornaşdyrmagy üpjün etmekden ybaratdygyny aýdyp, oňa jogapkärli wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi. 

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna hem-de häkimlere ýüzlenip, käbir ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak baradaky çözgütlerini beýan etdi. 

Hormatly Prezidentimiz senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesine B.Annamämmedowy belläp, ony ministriň orunbasary wezipesinden boşatdy. 

R.Çarygulyýew, başga işe geçmegi sebäpli, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden we Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy. 

Döwlet Baştutanymyz D.Täşliýewi Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Baş prokuroryň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Hormatly Prezidentimiz T.Mälikowy Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, degişli resminamalara gol çekdi. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow M.Meredowy işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy. 

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesine Ş.Abdrahmanowy belläp, ony Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory wezipesinden boşatdy. 

Soňra hormatly Prezidentimiz B.Atamanowy Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory wezipesine belläp, ony Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesinden boşatdy.

Milli Liderimiz P.Orazowy Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesine belläp, ony şol institutyň prorektory wezipesinden boşatdy. 

Hormatly Prezidentimiz mejlisi dowam edip, wise-premýer Ş.Abdrahmanowa birnäçe tabşyryklary berdi. 

Döwlet Baştutanymyz nebitgaz toplumynyň işini gowulandyrmak üçin, ilkinji nobatda, ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlary esasynda öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň, özara bähbitli şertlerde daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň zerurdygyny aýtdy.

«Türkmennebit» döwlet konserni nebit ýataklaryny gözlemek, işläp geçmek babatda halkara kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini işläp taýýarlamalydyr, täze açylan ýataklary özleşdirmäge we köne ýataklardan kynlyk bilen çykarylýan nebitiň galyndy gorlaryny çykarmaga daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmelidir.

Döwlet Baştutanymyz «Türkmengaz» döwlet konserniniň tebigy gazy we gazhimiýa önümlerini ýerlemegiň bazarlarynyň gerimini giňeltmelidigini, täze halkara bazarlaryna çykmagyň logistiki mümkinçiliklerini öwrenmelidigini nygtady. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň depginini güýçlendirip, onuň gurluşygynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. 

Täze gazhimiýa toplumlarynyň durnukly ulanylmagyny we taslama kuwwatyna çykarylmagyny üpjün etmek, ýakyn geljekde gurmak göz öňünde tutulan tebigy gazy gaýtadan işleýän täze zawodlaryň taslamasyny düzmek we olary gurmak boýunça işleri çaltlandyrmak zerurdyr.

Wise-premýere ýokary tehnologiýaly önümçiliklerde we gaznebithimiýa toplumlarynda işlemek üçin ýokary hünär derejeli işgärleri we ýaş hünärmenleri taýýarlamagy üpjün etmek hem tabşyryldy. 

Milli Liderimiz «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň nebitiň gorlaryny artdyrmak we täze nebitgaz ýataklaryny açmak babatda gözleg-barlag işlerine niýetlenen geologiýa-gözleg işleriniň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtady. 

Hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy barada aýdyp, hojalygy dolandyrmagyň we nebit önümlerini öndürmegiň täze usullaryny toplumlaýyn öwrenmegiň wajypdygyny belledi. 

Nebithimiýa önümleriniň täze görnüşlerini öndürmegi ýola goýup,
bu önümleri halkara bazarlaryna çykarmagyň ýollaryny we ugurlaryny giňeltmek zerurdyr. Şeýle hem önümçilige sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagy üpjün etmek, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak, şonuň netijesinde bolsa, şol önümleriň goşulan ýokary bahasyny artdyrmak möhümdir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylmy - barlag institutlarynyň gazananlaryny hem-de işläp taýýarlamalaryny önümçilige ornaşdyrmagy çaltlandyrmagy tabşyryp, şol edaralaryň bu ugurda öňdebaryjy tejribäni we dünýä ylmynyň iň soňky gazananlaryny özleşdirmelidigini nygtady. Şeýle hem ýokary derejeli ylmy işgärleri taýýarlamak üçin, beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy pudaklaýyn ylmy edaralary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak zerurdyr. 

Soňra hormatly Prezidentimiz pensiýa gitmegi sebäpli, B.Amansaryýewi Döwlet habarlar agentliginiň başlygy wezipesinden boşatmak kararyna gelendigini aýtdy. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow TDH-nyň ýolbaşçysyna döwletimiziň öňünde uly hyzmatlary bitirendigi üçin minnetdarlyk bildirip, B.Amansaryýewi «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen orden bilen sylaglamak barada karara gelendigini aýtdy hem-de oňa berk jan saglyk we abadançylyk arzuw etdi. 

Milli Liderimiz Döwlet habarlar agentliginiň başlygy wezipesine M.Gazakbaýewi belläp, ony «Watan» gazetiniň baş redaktory wezipesinden boşatdy. 

Döwlet habarlar agentliginiň başlygynyň orunbasary wezipesine S.Kakyşow bellenildi. 

Milli Liderimiz T.Kakaýewany «Watan» gazetiniň baş redaktory wezipesine belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Döwlet habarlar agentliginiň işgärlerini ýygnap, B.Amansaryýewe mynasyp bolan döwlet sylagyny gowşurmagy hem-de ony pensiýa ugratmagy dabaraly ýagdaýda guramagy tabşyrdy. 

Soňra döwlet Baştutanymyz B.Goçmollaýewi söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary wezipesine belläp, ony Ministrler Kabinetiniň bölüm müdiri wezipesinden boşatdy. S.Kuljanow bolsa, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi. 

Soňra hormatly Prezidentimiz işde goýberen kemçilikleri üçin, M.Baýramdurdyýewi oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşatdy. 

Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri wezipesine A.Altyýewi belläp, ony ministriň orunbasary wezipesinden boşatdy. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa täze jogapkärli wezipesinde üstünlikleri arzuw edip, welaýatlaryň guramaçylyk meselelerine geçdi. 

Hormatly Prezidentimiz başga işe geçmegi sebäpli, J.Geldymamedowany Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy. 

Döwlet Baştutanymyz bu wezipä A.Toporowany belläp, ony Ak bugdaý etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy. 

Şu etrabyň häkiminiň orunbasary wezipesine A.Orazowa bellenildi. 

Soňra hormatly Prezidentimiz G.Annaýewi işde goýberen kemçilikleri üçin, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyp, bu wezipä D.Hojaýewi belledi we ony şol etrabyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Işde goýberen kemçilikleri üçin, A.Gurbanow Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Bu etrabyň häkimi wezipesine P.Orazow bellenildi. 

Döwlet Baştutanymyz D.Babaýewi işde goýberen kemçilikleri üçin, Babadaýhan etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy.

Bu etrabyň häkimi wezipesine P.Işangulyýew bellenilip, ol Tejen etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. 

Soňra Balkan welaýaty boýunça ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak baradaky meselelere garaldy. 

Işde goýberen kemçilikleri üçin D.Ataýew Balkan welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. 

Döwlet Baştutanymyz bu wezipä J.Annaýewi belläp, ony oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy. 

Başga işe geçmegi sebäpli, O.Gurbangulyýew Türkmenbaşy etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä A.Arazmämmedowa bellenildi. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow başga işe geçmegi sebäpli, S.Sähetowy Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyp, bu wezipä N.Hojamowany belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Daşoguz welaýaty boýunça ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak baradaky meselelere geçip, G.Akyýewi işde goýberen kemçilikleri üçin, Görogly etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyp, bu wezipä Ş.Annaýewi belledi. 

Şeýle hem işde goýberen kemçilikleri üçin, D.Baýdakow Boldumsaz etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä K.Baýramgeldiýew bellenildi. 

Döwlet Baştutanymyz mejlisi dowam edip, Lebap welaýaty boýunça ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak baradaky meselä geçdi. 

Başga işe geçmegi sebäpli, M.Durdyýewa Lebap welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy, bu wezipä J.Geldymamedowa bellenildi. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow J.Maşaripowy işde goýberen kemçilikleri üçin, Çärjew etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy. Bu wezipä A.Rozyýew bellenildi. 

Hormatly Prezidentimiz B.Gylyjowy işde goýberen kemçilikleri üçin, Döwletli etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy. Bu wezipä E.Açilow bellenilip, ol şol etrabyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Mary welaýaty boýunça ýolbaşçylary wezipä bellemek hem-de wezipeden boşatmak hakyndaky meselä geçip, M.Gurbanmuhammedowy işde goýberen kemçilikleri üçin, Garagum etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy. Bu wezipä B.Ballyýew bellenildi. 

Başga işe geçmegi sebäpli, G.Atanow Baýramaly etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä M.Nurklyçewa bellenildi. 

Şeýle hem başga işe geçmegi sebäpli, A.Seýitliýew Oguzhan etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä A.Akmyradowa bellenildi. 

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

Milli Liderimiz mejlisiň jemini jemläp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýerlerde ýygnaklary geçirip, wezipä täze bellenen ýolbaşçylary tanyşdyrmagy tabşyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly bilelikdäki giňişleýin mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Habarlar