Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

28.01.2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Lebap welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, şeýle hem Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri gatnaşdylar.

Iş maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak bilen baglanyşykly hem-de eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şu ýyl belleniljek şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalardaky işleriň ýagdaýy baradaky meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz ilki bilen göni wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewi çagyrdy. Wise-premýer milli Liderimiziň paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyran hem-de Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň buýurmasy esasynda gurulýan desgalar toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşmagyň barşynda beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Wise-premýer hasabatynyň çäklerinde alabaý itleriniň bäsleşiginiň jemleri boýunça ýeňiji diýlip yglan ediljek alabaýa “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” diýen derejäniň berilmegi bilen baglylykda, ýeňijä gowşuryljak medalyň taýýarlanan şekil taslamalaryny döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hödürledi.

Şekil taslamalarda sekizburçlugyň içinde “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” diýen ýazgy aýlaw görnüşde ýerine ýetirilipdir we onuň aşagynda 2021 diýen ýyl ýazgysy ýerleşdirilipdir. Medalyň ýüz tarapyndaky bu görnüşleriň merkezini alabaýyň şekili bezeýär.

Medalyň arka tarapynda aýlaw görnüşde “Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasy” diýen ýazgy bar. Onuň merkezinde bolsa Ýer togalagynyň şekiliniň ýüzünde türkmen alabaýynyň kellesi -- bu assosiasiýanyň nyşany ýerleşdirilipdir. Medal alajalar bilen berkidiler.

Şeýle hem toplumdaky alabaý itleriniň sergi meýdançasynyň, olara baha berjek emin agzalarynyň oturjak ýeriniň taslamalarynyň üstünde hormatly Prezidentimiziň görkezmelerine laýyklykda işlenilişi barada habar berildi.

Milli Liderimiziň görkezmelerinden ugur alnyp, taslamalar taýýarlananda we olaryň gurluşygynda ýokary hil derejesine möhüm ähmiýet bermek ileri tutulýar, olaryň halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän milli binagärlik ýörelgelerine kybap gelmegine aýratyn üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli mirasymyzyň gymmatlygy bolan alabaýlaryň halkymyzyň durmuşynda eýeleýän möhüm orny barada durup geçdi.

Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyz Türkmen alabaý itleriniň güni mynasybetli ilkinji gezek geçiriljek baýramçylyk çärelerine ýokary derejede taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtap, onuň örän guramaçylykly we ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek babatda wise-premýere birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz hödürlenen taslamalara, hususan-da, alabaý itleriniň bäsleşiginiň geçiriljek meýdançasynyň taslamasyna käbir düzedişlerini girizip, bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Şeýle hem milli Liderimiz “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” diýen derejä eýe boljak ýeňijä gowşuryljak medalyň hödürlenen şekil taslamasyny makullap, halkara talaplaryna laýyk gelmelidigini, ony has-da kämilleşdirmek boýunça belliklerini aýdyp, medalyň Düzgünnamasyny taýýarlamak barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýew hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow çagyryldy.

Häkim paýtagtymyzda alnyp barylýan işler, gurluşygy dowam edýän desgalardaky işleriň ýagdaýy, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň gyş döwründe talabalaýyk ýyladylyşy, ilatyň elektrik energiýasy bilen üpjün edilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygyny dabaraly belläp geçmäge taýýarlyk görlüşi bilen gyzyklanyp, bu senäni dabaralandyrmagyň maksatnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy.

Şeýle hem milli Liderimiz şäherde ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladylyşyny we elektrik energiýasy bilen üpjün edilişini berk gözegçilikde saklamak barada görkezme berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew ady rowaýata öwrülen Şükür bagşynyň hormatyna dikeldilen ajaýyp ahalteke bedewine atlanan arkasy dutarly türkmen ýigidiniň heýkeli oturdylan ýol çatrygyndaky ýadygärlik binasynda döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi boýunça hasabat berdi.

Şeýle hem wise-premýer Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän paýtagtymyzyň Tähran köçesiniň ugrunda gurulýan Söwda we dynç alyş merkezli desgalar toplumynda milli Liderimiziň beren görkezmelerini ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Şükür bagşynyň heýkeli oturdylan ýol çatrygyndaky ýadygärlikde we onuň töwereginde bagy-bossanlyklaryň döredilip, abadanlaşdyryş işleriniň ýaýbaňlandyrylmalydygyna wise-premýer Ş.Durdylyýewiň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowyň ünsüni çekdi. Bu ýeriniň adamlaryň gelim-gidimli ýerine öwrülmegini gazanmak, şol sanda medeni-köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegi üçin hemme şertleriň döredilmegi barada birnäçe tabşyryklary berdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz desgalary gurmak bilen çäklenmän, eýsem, olaryň netijeli we maksadalaýyk ulanylmagyny, ýokary hilli hyzmatlaryň ýola goýulmagyny üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Şol bir wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli belleýşi ýaly, amala aşyrylýan gurluşyk işleri halkara ülňülerine, şol sanda hil, estetiki we ekologiýa babatdaky talaplara doly laýyk gelmelidir.

Ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap alan giň gerimli özgertmeleriň öňbaşçysy bolmak bilen, Aşgabat Türkmenistanyň yzygiderli durmuşa geçirýän oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň aýdyň nyşany bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz täze toplumda iri söwda merkezleriniň işini guramagyň öňdebaryjy çözgütleriniň hem-de döwrebap bezeg pikirleriniň öz beýanyny tapmalydygyna ünsi çekdi we “Aşgabat” diýip atlandyrmak teklip edilen täze toplumyň bezeginde milli nagyşlaryň görnüşleriniň we ýazgylarynyň ulanylmalydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz bu toplumyň ady bilen baglanyşykly hödürlenen taslama şekiline birnäçe düzedişleri girizip, onuň gözellik, ykjamlylyk we amatlylyk, yşyklarynyň öwüşginlilik ýaly ugurlary özünde jemlemegi bilen bagly meseleleri göz öňünde tutmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewe hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowa ýüzlenip, paýtagtymyzyň ýurdumyzyň durmuşyndaky ähmiýetine ünsi çekdi. Häzirki döwürde Aşgabat dünýäniň iň owadan şäherleriniň biridir. Ýurdumyzyň syýasy, durmuş-ykdysady, ylmy merkezi bolup durýar. Tehnologik ösüşiň we innowasiýalaryň milli merkezi, şeýle hem döwletimiziň bilim we medeni merkezidir.

Aşgabadyň özboluşly desgalary Ginnesiň meşhur rekordlar kitabyna on bir gezek girizildi. Munuň özi ýurdumyzyň baş şäherinde amala aşyrylýan özgertmeleriň tutuş dünýä üçin nusga alarlyk mysal bolup durýar.

Şu ýyl biz şanly senäni – Aşgabadyň 140 ýyllygyny dabaraly belläp geçeris. Döwlet Baştutanymyz bu baradaky sözüni dowam edip, häzirki döwürde Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabady ösdürmek -- dünýäniň iň gözel we ýaşamak üçin ähli amatlyklary bolan şäherleriniň birine öwürmek boýunça konsepsiýasynyň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini nygtady. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň paýtagtynyň çäkleri giňeldildi. Aşgabat dünýä derejesindäki iri şäherleriň birine öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz diplomatiýanyň we Bitaraplygyň sebit we halkara merkezi hökmünde hem Aşgabadyň abraýynyň barha artýandygyny nygtap, bu ýerde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ştab-kwartirasynyň, şeýle hem paýtagtymyzda dürli halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýerleşdirilendigini belledi.

Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň gatnaşmagynda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahaty geçirildi diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Şeýle hem Aşgabat dünýäde ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp toplanan şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Milli Liderimiz paýtagtymyzyň ýurdumyzyň durmuşyndaky ähmiýetini nazara alyp, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyny ýokary derejede geçirmek boýunça çäreleri guramak barada tabşyryk berdi.

Şu maksat bilen, döwlet Baştutanymyz Hökümet toparyny döretmegi, bu şanly senäni dabaraly geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy. Çäreleriň meýilnamasynda “Ak şäherim Aşgabat” monumentinde toý dabarasyny geçirmek göz öňünde tutulmalydyr.

Şeýle hem şäheriň seýilgählerinde baýramçylyk çärelerini guramak, sungat ussatlarynyň çykyşlaryny, sergileri, taryhy-rejelemek işlerini geçirmek meýilleşdirilmelidir. Hormatly Prezidentimiz medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda şanly sene mynasybetli geçiriljek döredijilik bäsleşiginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Aşgabat barada wideofilmleri taýýarlamak, şäherde täze gurulýan binalary we desgalary dabaraly açyp, ulanmaga bermek bilen bagly dabaralary degişli derejede geçirmeli. Dürli sport ýaryşlaryny, aýlawda at çapyşyklaryny guramaly. Aşgabadyň ýaşaýjylaryna täze iň ýokary derejeli amatlyklary bolan öýleri ulanmaga bermeli. Şol sanly senäni baýramçylyk feýerwerkini geçirmek bilen tamamlamaly diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygyny belläp geçmek boýunça toparyň düzümini we bu şanly sene mynasybetli geçiriljek çäreleriň meýilnamasyny taýýarlap, ýakyn wagtda Ministrler Kabinetine seretmäge bermegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew hem-de göni wideoaragatnaşyga çagyrylan saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow bilen dowam etdi.

Wise-premýer täze guruljak Halkara fiziologiýa-ylmy kliniki merkezi barada hasabat berip, bu binanyň taslamasyny binagärlik taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri bu desgany gurmak boýunça öňde goýlan wezipeler we onuň niýetlenen ugurlary barada habar berdi.

Täze Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezinde geljekde ýurdumyzda we sebitde köp duş gelýän keselleri, şol sanda süýjüli diabet, dem alyş ýollarynyň we gan aýlanyş ulgamynyň, madda çalşygynyň kesellerini, aralýaka sebitiň adamyň saglygyna oňaýsyz täsirini, dermanlyk ösümlikleriň melhemlik täsirini, allergologiýanyň we immunologiýanyň, kadaly iýmitlenmegiň, fiziki işjeňligiň, sportuň we zähmetiň fiziologiýasyny öwrenmek, şeýle hem bu ugurlar boýunça kliniki, okuw, ylmy we barlaghana işlerini alyp barmak meýilleşdirilýär.

Bu merkeziň düzüminde ylmy-kliniki barlaghana, fiziologiýa, diabet we umumy bölümler hem-de Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň degişli kafedralary üçin okuw otaglary we beýleki bölümleri göz öňünde tutulýar.

Bu merkez bäş gatdan ybarat bolup, onuň gurluşyk meýdany 6 gektara barabar bolar. Desganyň ýanaşyk ýerinde 240 orunlyk awtoduralgany gurmak meýilleşdirilýär. Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi ýurdumyz boýunça arid zolagyň meselelerini öwrenýän merkezi bejeriş-öňüni alyş edarasy bolup hyzmat eder.

Soňra wise-premýer Ş.Durdylyýew paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilýän nobatdaky saglygy goraýyş desgasy -- Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň taslamasy boýunça hasabat berdi. Onuň ýerleşjek ýeri hem milli Liderimiziň görkezmelerine laýyklykda, oýlanyşykly saýlanyp alyndy.

Bu taslama bilen baglylykda, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow bu taslamanyň amala aşyrylmagy babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bu lukmançylyk edarasynyň öňünde durýan wezipeler barada hasabat berdi. Hususan-da, 7 gatly merkeziň gurluşyk meýdany 6 gektara barabar bolup, onuň meýdançasynda 240 orunlyk awtoduralgany gurmak meýilleşdirilýär.

Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň düzüminde ýürek-damar, nerw, endokrin, iýmit siňdiriş, daýanç-hereket ediş we beýleki beden agzalarynyň dowamly kesellerinden we operasiýadan soň uly ýaşly adamlaryň hem-de çagalaryň saglygyny ýatymlaýyn we gatnaw şertlerinde dikeltmek üçin aýratyn binalarda ýerleşdirilen bölümler, okuw hem-de kömekçi-hojalyk bölümleri göz öňünde tutulýar.

Bu merkezde derman serişdelerini ulanmazdan häzirki zaman lukmançylygynyň iň döwrebap tehnologiýalary adamlaryň saglygyny berkitmekde ulanylar. Merkezde näsaglara edilýän hyzmatlar dürli keseller bilen kesellän näsaglaryň adaty durmuşa gaýdyp gelmegine, ýaşaýyş hiliniň gowulanmagyna we işe ukyplylygynyň dikeldilmegine oňyn täsir eder.

Şonuň bilen bir hatarda, Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezinde lukmanlaryň bilim derejelerini we hünär kämilligini ýokarlandyrmak üçin ähli şertler dörediler.

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, täze guruljak saglygy goraýyş desgasynyň ýerleşjek ýerinde onuň töweregindäki desgalar bilen sazlaşykly utgaşmalydygyny, onuň binalarynyň owadan bolmalydygyny belledi. Täze desga ýokary hil derejesinde ýerine ýetirilip, bellenen möhletlerinde ulanylmaga tabşyrylmagy üpjün edilmelidir. Ol ýerde ýüz tutýan näsaglar üçin hemme amatly şertler döredilmelidir.

Şonuň bilen birlikde, täze saglygy goraýyş desgasy iň kämil lukmançylyk enjamlary we täze tehnologiýalary bilen üpjün edilmelidir diýip, milli Liderimiz degişli tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen desgalaryň şekil taslamalaryny tassyklap, olary gurmak boýunça halkara bäsleşigini yglan etmek barada görkezme berdi.

Soňra saglygy goraýyş we derman senagaty ministri ýurdumyzda ýokanç keselleriň ýaýramagyna we olaryň öňüni almaga gözegçilik etmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Ministr Türkmenistanyň bellige alan “Sputnik V” sanjymynyň ähmiýeti barada aýdyp, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň öňüni alyş çärelerini geçirmek boýunça alyp barýan işleri barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýokanç keselleriň garşysyna göreşmek we olaryň öňüni almak boýunça işleri dowam etmegiň, öňümizde ýetip gelýän ýaz-tomus pasyllary bilen baglylykda, zerur bolsa güýçlendirmegiň möhümdigini aýtdy.

Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BSGG tarapyndan ykrar edilen derman serişdelerini we sanjymlaryny bellige almak boýunça işleri dowam etmek babatda saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanda ynsan saglygynyň pugtalandyrylmagy, adamlaryň döredijilikli zähmet çekmegi we ýokary derejeli dynç almagy üçin amatly şertleri üpjün etmek durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň hemişe ileri tutulýan ugry bolar.

Döwlet Baştutanymyz keselleriň öňüni almak ugrunda ýaýbaňlandyrylan maksatnamalaýyn çäreleriň barşynda üç halkalaýyn düzgüniň berk berjaý edilişini hem-de agyz-burun örtükleriniň halkara kadalaryna laýyk gelmegini hem-de bellenilen möhletine çenli ulanylyşyny berk gözegçilikde saklamak hem-de bu babatda ilatyň arasynda düşündiriş işlerini yzygiderli alyp barmak barada tabşyryklary berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow raýatlarymyza hem-de daşary döwletlere okamaga gitjek talyplarymyza barýan ýurtlarynda ulanylýan sanjymlara görä, sanjym geçirmegiň üpjün edilmegini hem-de Türkmenistana gelýän daşary ýurtly raýatlaryň öz ýurtlarynda degişli sanjym alandyklaryny tassyklaýan güwänamany olardan talap etmegi tabşyrdy, şeýle hem isleg bildirýän sanjymlaryny biziň ýurdumyzda hem ulanar ýaly mümkinçiligi döretmegiň möhümdigi barada degişli ýolbaşçylara görkezmeleri berdi.

Şunda döwlet Baştutanymyz keseli bejereniňden, onuň öňüni almagyň has möhümdigi barada aýtmak bilen, häzirki döwürde ýokanç keselleriň öňüni almagyň ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýandygyna ünsi çekdi.

Soňra göni wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Lebap welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary M.Meredow hem-de Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew çagyryldy. Häkim welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatda ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmegiň, şol sanda gowaça ekiljek meýdanlary möwsüme taýýarlamak işlerini talaba laýyk geçirmegiň, şeýle hem ekişde ulanyljak ähli oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny möwsüme doly taýýar etmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, häkime degişli tabşyryklar berildi. Hususan-da, milli Liderimiz welaýatyň pagta öndürijileriniň zerur bolan gowaça tohumlary bilen üpjün edilmegi, ekiş möwsümine çenli ýokary hilli gowaça tohumlaryň taýýarlanylmagy barada degişli tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň kuwwatyny artdyrmak barada döwlet tarapyndan yzygiderli alada edilýändigini aýdyp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň netijeliligine, ekin meýdanlarynyň üpjünçiligine gözegçiligi güýçlendirmek barada görkezme berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatda ýazlyk ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini, tohumlary hem-de ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryň we gurallaryň möwsüme doly taýýarlanylmagy barada häkime tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemegini üpjün etmegi, şeýle hem etraplarda, şäherlerde we şäherçelerde elektrik energiýasynyň, tebigy gazyň we agyz suwunyň bökdençsiz üpjün edilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow Lebap welaýatyna bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berip, Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilen “Türkmeniň ak öý binasynyň”, sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge niýetlenen döwrebap Kerki howa menziliniň hem-de Çärjew etrabynda gazturbinaly elektrik bekediniň gurluşyklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, desgalaryň gurluşygynyň iş depginini artdyrmagyň möhümdigini belledi hem-de wise-premýere we häkime gurluşyklaryň ýokary hil derejesinde we bellenen möhletlerinde ulanylmaga tabşyrylmagyny üpjün etmek barada degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyk boýunça geçiren iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy ykdysady taýdan has-da ösdürmäge, mähriban halkymyzyň bagtly we abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Habarlar