Milli Liderimiz GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

18.12.2020

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň wideomaslahat görnüşinde geçirilen mejlisine gatnaşdy.

Bitarap Türkmenistan GDA döwletleri bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde netijeli hyzmatdaşlyga berk ygrarly bolmak bilen, Arkalaşygyň çäginde dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny we özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşýar.

Ýurdumyz netijeli gatnaşyklary ösdürmäge, onuň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna anyk goşant goşup, bu ugurda teklipleri, şol sanda GDA-nyň ykdysady giňişliginiň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyna gönükdirilen teklipleri yzygiderli öňe sürýär.

Bu babatda Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnamasyny mysal getirmek bolar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan bu möhüm resminama 2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda geçirilen GDA-nyň sammitiniň netijeleri boýunça biragyzdan kabul edildi.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň başlyklyk etmeginde geçirilen GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu günki mejlisine, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesini ýerine ýetiriji, Parlamentiň ýolbaşçysy Talant Mamytow, Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Igor Dodon, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon gatnaşdylar.

Ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibine şu ýyl bilelikde amala aşyrylan işleriň netijelerine, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäginde netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de GDA ýurtlarynyň dürli ulgamlarda özara gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan resminamalaryň birnäçesini kabul etmäge degişli meseleleriň ençemesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde eden çykyşynda Bitarap Türkmenistanyň umumy abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän döwletara hyzmatdaşlygyň köpugurly kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga deňagramly we toplumlaýyn çemeleşmeleri işläp taýýarlamakda möhüm orun eýeleýändigini ýene-de bir gezek tassyklady.

Milli Liderimiz duşuşyga gatnaşyjylara ýüzlenip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe şu mejlisi gurandygy üçin minnetdarlyk bildirip, 2020-nji ýylda Özbegistanyň GDA-da üstünlikli başlyklyk etmeginde goňşy döwletiň Baştutanynyň uly şahsy goşandyny belledi.

-Däp bolşy ýaly, ýylyň ahyrynda biz GDA-nyň çäklerinde bilelikdäki işimiziň jemini jemleýäris, geljek döwür üçin iş barada pikir alyşýarys diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we mälim bolan, bize bagly bolmadyk kynçylyklara garamazdan, GDA ýurtlaryna meýilleşdirilen bilelikdäki çäreleriň aglabasyny geçirmegiň başardandygyny aýtdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümet Baştutanlarynyň, daşary işler ministrleriniň Geňeşleriniň, Ykdysady Geňeşiň mejlisleriniň geçirilendigini mysal hökmünde görkezdi. Olaryň barşynda dürli ulgamlarda özara gatnaşyklarymyzyň strategik ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de möhüm resminamalar kabul edildi.

Şolaryň hatarynda döwlet Baştutanymyz GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli ykdysady ösüşiniň strategiýasyny aýratyn belledi. Türkmen tarapy bu resminama öz wagtynda kabul edilen we derwaýys resminama hökmünde baha berýär,onuň anykdygyny, onda beýan edilen uzakmöhletli geljek üçin niýetlenen maksatlaryň we wezipeleriň aýdyňdygyny belleýär hem-de olary ýerine ýetirmek boýunça bilelikde işlemäge taýýardyr.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şu babatda ýokarda agzalan Strategiýa döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň geçen ýylyň oktýabrynda geçirilen mejlisinde kabul edilen GDA gatnaşyjy döwletleriň strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnamasynyň ýörelgelerine esaslanýar.

Arkalaşygyň ýurtlarynyň ykdysady hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda ulag, ýangyç-energetika toplumy, aragatnaşyk we kommunikasiýa, senagat kooperasiýasy, söwda, innowasiýalar we tehnologiýalar ýaly ugurlaryň görkezilendigi bellärliklidir.

-Bu ulgamlarda birek-birege, şeýle hem GDA-nyň çäginden daşyndaky hyzmatdaşlara teklip edip biljek zatlarymyz bar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

-Umuman, Türkmenistan biziň hyzmatdaşlygymyzyň täze hilini üpjün etmek, özara gatnaşyklaryň uzakmöhletli ulgamyna geçmek ugrunda çykyş edýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi weArkalaşygyň şu günki kuwwatynyň görkezilen geljegi uly pudaklarda möhüm ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek mümkinçilikleri barada gürrüň etmäge mümkinçilik berýändigini aýtdy.

Şunda GDA ýurtlarynyň çäkleri yklymda ykdysady gatnaşyklaryň esasy ýollary, sözüň doly manysynda, Ýewropa-Aziýa ugry boýunça baglanyşdyryjy halkalar bolup biler diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, GDA-nyň ykdysady bähbitlerini Arkalaşygyň geografiki çäginden daşarda ilerletmegiň, biziň bilelikdäki taslamalarymyza golaýdaky ýurtlaryň we goňşy sebitleriň goşulmagynyň wajypdygy nygtaldy. Ilkinji nobatda, munuň özi ulag-üstaşyr düzümi döretmäge, energiýa serişdeleriniň iberilişini kadalaşdyrmaga we giňeltmäge, täze aragatnaşyk we kommunikasiýa ulgamlaryny çekmäge degişlidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Hususan-da, bu ugurlar boýunça Hazar sebitinde hyzmatdaşlygyň, bu ýerde Dünýä ummanyna göni çykalgasy bolmadyk döwletleriň gatnaşmagynda döwrebap utgaşykly logistika ulgamyny döretmegiň uly mümkinçilikleriniň bardygyny görýäris diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portuny hem-de Türkmenistanyň häzirki zaman söwda flotuny ulanmagyň geljegine garamagy teklip etdi.

Geçen ýyl Türkmenbaşy şäherinde birinji Hazar ykdysady forumynyň barşynda Hazarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň konseptual esaslary goýuldy, onuň uzakmöhletli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmek boýunça anyk ädimler bellenildi. Köp döwletler, iri daşary ýurt kompaniýalary oňa gatnaşmaga gyzyklanma bildirýärler.

-Hazar ugry Arkalaşygyň meýilnamalarynda mynasyp orun eýelemelidir, oňa ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan zolagy hökmünde garalmalydyr diýip hasap edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Milli Liderimiz çykyşyny dowam edip, geçip barýan ýylyň koronawirus ýokanjyna garşy göreşmegiň nyşany astynda geçip, GDA ýurtlarynyň saglygy goraýyş ulgamlary üçin uly synaga öwrülendigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, şu çylşyrymly şertlerde GDA döwletleriniň lukmançylyk, arassaçylyk, gümrük we beýleki gulluklaryň ugry boýunça özara gatnaşyklaryň ugurlaryny çaltlyk bilen ýola goýmagy başardy, täze wehime garşy durmakda ýokary jogapkärçiligi, raýdaşlygy hem-de özara goldawy görkezdi.

Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine bu ählumumy meseläni çözmäge uly şahsy goşandy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Munuň özi Russiýanyň Lideriniň halkara giňişliginde abraýyny artdyrdy.

-Pandemiýa garşy göreşmegiň hem-de onuň netijelerini aradan aýyrmagyň öňümizdäki döwründe şu ýörelgelerden ugur almalydygymyza ynanýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Bu babatda biziň ýurdumyzyň BMG-de ylmy-lukmançylyk hyzmatdaşlygynyň gurallaryny ýola goýmak, ýöriteleşdirilen halkara merkezlerini döretmek boýunça teklip eden anyk çärelerine içgin garalmagyna bil baglaýarys. Şol merkezlerde howply wirus ýokançlaryna garşy durmagyň iň täze usullary we tejribeleri taýýarlanylyp bilnerdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Arkalaşygyň döwletleriniň bu işde işjeň orny eýeläp biljekdigi, netijeli goşulyşmagyň, tejribe alyşmagyň, lukmançylyk ulgamynda bilelikdäki işläp taýýarlamalaryň göreldesini görkezip biljekdigi baradaky pikiri beýan etdi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, umuman, Türkmenistan GDA ýurtlarynyň dünýä giňişliginde, iri halkara düzümlerinde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda has ysnyşykly gatnaşyklary hem-de tagallalary utgaşdyrmagyň zerurdygyna ynanýar.

Häzirki wagtda, dünýä syýasatyndaky ýeňil bolmadyk ýagdaýlarda Arkalaşygyň ýurtlary ýagdaýy durnuklaşdyrmaga, halkara hukugynyň hem-de BMG-niň Tertipnamasynyň ornunyň dikeldilmegine we pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşup bilerdi, döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda özara ynanyşmak hem-de açyklyk ýagdaýyny döretmäge ýardam edip bilerdi diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 75 ýyllygy mynasybetli GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň bilelikdäki Beýannamasyny kabul etmegiň möhümdigini aýratyn belledi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýyl BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edildi. Türkmen tarapy bu çözgüde häzirki zaman dünýä gurluşynyň we halkara gatnaşyklaryň meseleleri boýunça düýpli, jogapkärli gepleşikleri dikeltmek üçin oňat esas hökmünde garaýar, ony anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrmagyň üstünde bilelikde işlemegi teklip edýär diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, geljek ýyl Aşgabatda parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak, durnukly ösüşi üpjün etmek meselelerine bagyşlanan ýokary derejeli Halkara maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we GDA ýurtlarynyň Liderlerini bu Foruma gatnaşmaga çagyrdy.

Birnäçe gün mundan ozal Türkmenistan özüniň häzirki zaman taryhynda ajaýyp senäni – hemişelik Bitaraplyk derejesiniň halkara ykrarnamasynyň 25 ýyllygyny belläp geçdi.Şu mümkinçilikden peýdalanyp, milli Liderimiz ýurdumyzyňwe onuň halkynyň adyna gutlaglary iberen döwlet Baştutanlaryna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

-Şeýle garaýyş hoşniýetli goňşuçylyk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerinde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda biziň üçin uly goldaw hem-de höweslendiriş bolup durýar, Türkmenistanyň seçip alan daşary syýasy ugrunyň dogrudygyny, onuň GDA-nyň uzakmöhletli bähbitlerine we maksatlaryna laýyk gelýändigini tassyklaýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynda özara goldamak tejribesini dowam etdirmegiň möhümdigini aýtdy. Onuň şu mejlisiniň barşynda Türkmenistan öňüni alyş diplomatiýasynyň ornuny pugtalandyrmaga we halkara meselelerini çözmekde bitaraplyk ýörelgelerini durmuşa geçirmäge gönükdirilen başlangyçlaryň birnäçesini öňe sürdi.

Biziň ýurdumyz parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine BMG-de Bitaraplygyň dostlary toparyny döretmek boýunça Türkmenistanyň başlangyjyna goşulan Arkalaşygyň ýurtlaryna minnetdarlyk bildirýär, olaryň garaýyşlaryna ýokary baha berýär.

-Türkmenistan ykdysady hem-de durmuş taýdan ösüşde, ynsanperwer we medeni hyzmatdaşlykda, sebit hem-de ählumumy işlere oňyn täsir etmekde GDA-nyň uly kuwwatynyň bardygyna ynanýar. Arkalaşyk özüniň ýaşaýşa ukyplydygyny, wehimleriň we howplaryň hötdesinden gelmegi başarýandygyny, döwletara gatnaşyklaryň möhüm guraly hökmünde özüniň zerurdygyny subut edýär diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, biziň ýurdumyzyň GDA-nyň çäklerinde ysnyşykly gatnaşyklary dowam etmäge, gol çekilen resminamalaryň düzgünlerini durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga berk ygrarlydygyny tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz çykyşyny jemlemek bilen, Özbegistana 2020-nji ýylda GDA-da başarnykly başlyklyk edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de geljek ýyl başlyklygy kabul edýän Belarus Respublikasyna üstünlikleri arzuw etdi.

Milli Liderimiz şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçysy, Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewiň adyna biziň işimizi netijeli utgaşdyrandygy hem-de şu mejlisiň üstünlikli geçirilmegine goşandy üçin minnetdarlyk sözlerini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşyga gatnaşyjylary ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlap hemmelere berk jan saglyk we üstünlikler, Arkalaşygyň döwletleriniň halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň mejlisiniň barşynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň Konsepsiýasy hem-de ony durmuşa geçirmek boýunça esasy çäreleriň Meýilnamasy, GDA ýurtlarynyň parlamentara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we pugtalandyrmak, şeýle hem 2021-nji ýylda Belarus Respublikasynyň GDA-da Başlyklyk etmegi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Mejlisiň jemleri boýunça ylalaşylan resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Şolaryň hatarynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlarynyň parlamentara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we pugtalandyrmak hakyndaky çözgüt; 2021-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmek hakyndaky çözgüt; Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 75 ýyllygy mynasybetli Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Bilelikdäki beýannamasy hakyndaky çözgüt; Halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Bilelikdäki beýannamasy hakyndaky çözgüt; 2022-nji ýylda Gyrgyz Respublikasynda “Arkalaşygyň medeni paýtagtlary” döwletara maksatnamasyny durmuşa geçirmek hakyndaky çözgüt; Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda 2022-nji ýyly Halk döredijiliginiň we medeni mirasyň ýyly, 2023-nji ýyly Milletara aragatnaşyklaryň dili hökmünde rus diliniň ýyly diýip yglan etmek hakyndaky çözgüt bar.

Şeýlelikde, mejlisiň barşynda Arkalaşygyň döwletleriniň uzak geljege gönükdirilen hem-de dostlukly ýurtlaryň we halklaryň jana-jan bähbitlerine laýyk gelýän netijeli köpugurly hyzmatdaşlyga ygrarlydygy tassyklanyldy.

Habarlar