Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

15.12.2020

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Han Wali Han Başarmaly kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Ilçi wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy bilen gutlady we Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň mähirli salamyny hem-de doganlyk türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Diplomat şeýle hem goňşy ýurtda Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara uly sarpa goýulýandygyny hem-de milli Liderimiziň durmuşa geçirýän, sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmegiň möhüm şerti bolan döredijilikli daşary syýasatynyň doly goldanylýandygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli sözler üçin hoşallyk bildirip we owgan kärdeşine salamyny beýan edip, diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de döwletara hyzmatdaşlygy mundan bekýläk-de pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Milli Liderimiz öňden gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna daýanýan hem-de özara düşünişmek we birek-birege ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-owgan gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýändigini hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. Şolaryň hatarynda söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlar görkezildi. Şunda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň hem-de bilelikdäki möhüm düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylmagyna aýratyn üns berildi.

Iki döwletiň arasynda netijeli gatnaşyklar söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda işjeň ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Owganystanyň çäk babatda amatly ýerleşmeginiň täze ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça sebit taslamalaryny amala aşyrmak üçin ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Iki ýurduň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) halkara gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçirijiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň çekilmegi ýaly iri taslamalar munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda çekilýän optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň täze bölegi ulanmaga bermäge taýýar edildi. Ýurdumyzyň hünärmenleriniň Ymamnazar-Akina we Serhetabat-Turgundy ugurlary boýunça çeken bu ulgamy Owganystanyň aragatnaşyk ulgamyny Hyrat-Akina ugruna birleşdirmäge kömek eder.

Duşuşygyň barşynda dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň multimodal ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek baradaky oňyn başlangyçlarynyň Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine hem-de sebitiň we dünýäniň hojalyk gatnaşyklar ulgamyna yzygiderli goşulyşmagyna oňyn täsir edýändigini aýratyn nygtady. Bu giň gerimli taslamalaryň amala aşyrylmagy, şol sanda Akina-Andhoý demir ýolunyň gurluşygy tutuş Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlarynyň ösdürilmegi üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň arasynda gol çekilen Ylalaşygyň çäklerinde döredilen “Lapis Lazuli” ulag-üstaşyr geçelgesiniň uly orny bellenildi. Bu geçelge Merkezi we Günorta Aziýanyň ýurtlarynyň hem-de Ýewropa döwletleriniň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmaga kömek eder hem-de sebitara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berer.

Diplomat döwlet Baştutanymyza Türkmenistan tarapyndan Owganystanyň parahatçylykly ýol bilen dikeldilmeginde uly goldawyň berilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Şu geçen ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň günortadaky goňşusyna elektrik energiýasyny ýeňillikli şertlerde berýändigini, ynsanperwerlik ýüklerini yzygiderli iberýändigini, Owganystanyň çäginde durmuş maksatly desgalary gurýandygyny, owgan ýaşlaryna Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin mümkinçilik döredýändigini bellemek gerek.

Doly ygtyýarly wekil döwlet Baştutanymyzy netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak üçin öz tarapyndan ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Han Wali Han Başarmal iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň asyrlaryň dowamynda kemala gelen mizemez dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine daýanyp, mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Habarlar