Türkmenistanyň Prezidenti gurluşyk-senagat toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

10.12.2020

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda gurluşyk ulgamyndaky we senagat toplumyndaky işleriň ýagdaýyna garaldy hem-de bu ulgamlary mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalary kesgitlenildi. Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Milli Liderimiz maslahatyň gün tertibini yglan edip, ilki bilen göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowy çagyrdy. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça gurluşyk-senagat toplumynyň ministrlikleri hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň sazlaşykly ykdysady ösüşini üpjün etmek we bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlarynda durnukly ösüşi üpjün etmek üçin zerur çäreleri görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz kärhanalaryň düşewüntliligi, önümleriň öndürilişini artdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň we eksport ugurly harytlaryň öndürilýän möçberini ýokarlandyrmak boýunça göz öňünde tutulan meýilnamalaryň ýerine ýetirilişini hemişe üns merkezinde saklamagyň möhümdigini nygtap, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Iş maslahaty energetika ministri Ç.Pürçekowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ministr milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýolbaşçylyk edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, hormatly Prezidentimiziň ilaty we halk hojalygynyň pudaklaryny elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek hem-de türkmen elektroenergiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän ugurlaryny giňeltmek boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Häzir Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013-2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň çäklerinde iri taslamalaryň birnäçesi amala aşyrylýar.

Türkmenistan –Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyrynyň, ýurdumyzyň halkalaýyn energiýa ulgamynyň, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 MWt bolan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň hem-de Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar.

Şu günler “Altyn asyr” Türkmen kölüni ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasyna laýyklykda ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasyna” laýyklykda kuwwatlylygy 10 MWt bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän ýel we gün elektrik stansiýasyny gurmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Ministrlik tarapyndan “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” çäklerinde elektrik energiýasy boýunça hasaplaşyklary sanly ykdysadyýete geçirmekde degişli işler ýerine ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, energetika senagatynyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridigini nygtady. Pudakda amala aşyrylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, giň möçberli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişini berk gözegçilikde saklamak zerurdyr. Şol maksatnamalaryň çäklerinde täze kuwwatly elektrik stansiýalary gurulýar we işe girizilýär diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz bu ulgamyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekip, elektrik energiýasyny öndürmek, energetika desgalaryna hyzmat etmek hem-de olary netijeli ulanmak bilen baglanyşykly bellenen meýilnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagynyň wajypdygyny nygtady we ministre anyk tabşyryklary berdi.

Soňra gurluşyk we binagärlik ministri R.Gandymow ýolbaşçylyk edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy, Aşgabatda we ýurdumyzyň sebitlerinde dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň depgini, binalary we desgalary ulanmaga bermegiň möhletlerini berjaý etmek hem-de gurluşyk işleriniň ýokary hilini üpjün etmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Ministrligiň ýolbaşçysy şu ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ýurdumyz boýunça köpsanly medeni-durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň gurlup, ulanylmaga berlendigini aýtdy.

Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmäge uly ähmiýet berilýändigi bellenildi. Bu maksatnama raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, olaryň döredijilikli zähmet çekmegi, ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy we göwnejaý dynç almagy üçin amatly şertleri döretmäge ýardam etmelidir. Bu maksatnamalaýyn resminamada bellenen wezipelere laýyklykda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze obalar gurulýar. Şolar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yglan eden “Döwlet adam üçindir!” diýen syýasatynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurluşyk işlerine bildirilýän talaplara berk eýermegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynda milli binagärlik däpleriniň hem-de häzirki zaman gurluşyk ýörelgeleriniň sazlaşmalydygy nygtaldy.

Täze desgalaryň binagärlik keşbine toplumlaýyn çemeleşmegiň, şunda bezeg usullaryna uly ähmiýet bermegiň wajypdygyna aýratyn üns berildi. Munuň üçin bolsa innowasion usullardan we täze ýörelgelerden netijeli peýdalanmak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de gurluşyk we binagärlik ministrine paýtagtymyzy ösdürmegiň 17-nji nobatdakysynyň taslamasyny taýýarlamak hem-de “Aşgabat-siti” taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça işleri çaltlandyrmak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy N.Nyýazlyýew himiýa senagatyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna” laýyklykda, Balkan welaýatynda ýerasty bromly suwlaryň ýataklarynyň çig mal binýatlarynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek bilen ýod, brom we olaryň önümlerini öndürýän zawodlaryny gurmak barada hem-de daşary ýurtlardan getirilýän himiýa önümleriniň ornuny tutýan kaustik sodasy, hlor we hlor önümlerini öndürýän toplumyň taslamasyny durmuşa geçirmek üçin halkara bäsleşikleri yglan edildi.

Şeýle hem Garlyk kaliý dag-magdan toplumy boýunça magdan çykarylyşyny ýokarlandyrmak boýunça işler alnyp barylýar.

Mundan başga-da, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek maksady bilen, kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, himiýa pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça işleriň çäklerinde “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri hem-de eksport ugurly harytlary çykarýan täze iri önümçilikler guruldy we işe girizildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysady strategiýany durmuşa geçirmekde halk hojalygynyň geljegi uly pudaklarynyň biri bolan himiýa senagatyna möhüm orun degişlidigini belledi. Bu pudak ägirt uly eksport kuwwatyna eýedir. Bu ugurda bellenen meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi milli ykdysadyýetimiziň bu pudagynyň okgunly ösmegine ýardam etmelidir.

Munuň üçin ähli şertler, ilkinji nobatda bolsa, baý çig mal serişdelerimiz bar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de sulfat we ýod-brom senagaty üçin mineral çig malynyň gorlary boýunça Türkmenistanyň dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow önümleri içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan himiýa toplumlarynyň bökdençsiz işledilmeginiň wajypdygyny belläp, gözegçilik edýän edarasynyň işine, hususan-da, ýurdumyzyň himiýa senagatynyň kärhanalarynyň çig mal we tehniki üpjünçiligine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Soňra göni wideoaragatnaşyk arkaly senagat we gurluşyk önümçiligi ministri S.Berdimuhamedow senagat önümleriniň sanawyny artdyrmak hem-de olaryň ýokary hilini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.

Döredilýän oňaýly mümkinçilikleriň netijesinde, gurluşyklary özümizde öndürilýän önümler bilen bökdençsiz üpjün etmek, senagat önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, döwrebap zawodlary gurmak we öňden bar bolanlarynyň durkuny täzelemek hem-de önümçilik zerurlyklary üçin täze tehnikalary we enjamlary yzygiderli satyn almak boýunça anyk çäreler görülýär.

Şeýle hem ýurdumyzyň elektron senagatyny ösdürmek hem-de ýurdumyzda daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetiniň amala aşyrýan işleri barada habar berildi. Döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, ministrlik Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen bilelikde sarp edijilerde uly isleg bildirilýän döwrebap elektron enjamlarynyň dürli görnüşleriniň önümçiligini ýola goýmak boýunça anyk çäreleri amala aşyrýar.

Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek, ylmy esasda pudaklaýyn önümçiligi ösdürmek, bilelikdäki kärhanalary döretmek meselelerine uly ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ministrligiň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Senagat ulgamyny we gurluşyk önümçiligini ösdürmek, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda gurulýan desgalary zerur gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmek üçin öndürilýän önümleri mukdaryny artdyrmagyň wajypdygyny, olaryň dünýä ölçeglerine kybap gelmelidigini belläp, ministre degişli tabşyryklary berdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz milli elektron senagatyny ösdürmegiň hem-de öndürilýän önümleriň ýokary hilini üpjün etmegiň örän wajypdygyna ünsi çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew şähergurluşyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly täze şäherleri we obalary, durmuş-medeni maksatly desgalary gurmagyň depginini güýçlendirmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. Gurluşyk-senagat ulgamyna girýän ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýy barada hem aýdyldy.

Häzir döwrebap önümçilik toplumlaryny gurmak hem-de öňden barlarynyň durkuny täzelemek üçin maýa goýumlaryny çekmek we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kärhanalaryň önümçilik kuwwatlylygyny pugtalandyrmak hem-de pudagyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, sanly ulgamlar işjeň ornaşdyrylýar, innowasion tehnologiýalaryň önümçiligi ýola goýulýar, harytlaryň öndürilýän möçberleri we görnüşleri artdyrylýar hem-de olaryň hili ýokarlandyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň giň möçberli maksatnamany amala aşyrmakda gurluşyk ulgamyna möhüm ornunyň degişlidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgama ägirt uly maýa serişdeleri gönükdirilýär, şähergurluşyk strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin netijeli çäreler görülýär.

Döwlet Baştutanymyz toplumyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipelere ünsi çekip, wise-premýere bu ulgamdaky ýagdaýy seljermegiň netijeleriniň esasynda pudagy ösdürmek boýunça geljek ýyl üçin täze maksatnamany taýýarlamagy tabşyrdy. Meýilleşdirilen desgalaryň ählisiniň gurluşygyny bellenen möhletlerde tamamlamak meselesini berk gözegçilikde saklamak hem-de işleriň ýokary hilini üpjün etmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasyna ünsi çekdi.

Gurluşyk we senagat toplumy strategik durmuş-ykdysady wezipeleri çözmäge, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş derejesiniň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir diýip, milli Liderimiz nygtady. Şoňa görä-de, häzirki döwürde ykdysadyýetimiziň bu pudaklaryny ösdürmäge ilkinji nobatda aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda bu pudaklara ägirt uly möçberde maýa goýumlary goýulýar, ýurdumyzyň kärhanalaryny goldamaga gönükdirilen ähli çäreler görülýär.

Biz ýubileý ýylynda göz öňünde tutulan ähli desgalary bellenen möhletlerde gurup, ulanmaga bermelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we toplumyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipeleri kesgitledi.

Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň senagata, energetika we himiýa pudaklaryna uly möçberli maýa goýumlaryny gönükdirýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu ýagdaýy nazara almak bilen, kärhanalaryň önümçilik netijeliligini we girdejilerini artdyrmak tabşyryldy. Toplumyň ministrlikleri we pudak edaralary tarapyndan öndürilýän önümleriň hem-de harytlaryň möçberini artdyrmak zerurdyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz önümçilik kärhanalarynyň doly taslama kuwwatynda işledilmegini gazanmak üçin degişli çäreleri görmek barada zerur çäreleriň görülmelidigini belledi. Importyň ornuny tutýan senagat önümleri we gurluşyk harytlary bilen üpjünçiligi artdyrmak, elektron senagatynda täze önümleriň önümçiligini giňeltmek barada hem degişli tabşyryklar berildi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasynda, Oba milli maksatnamasynda we beýleki maksatnamalarda hem-de meýilnamalarda göz öňünde tutulan desgalaryň, gurluşyk işleriniň ýerli önümler bilen üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça zerur işleri geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz halkara tejribesinden ugur alyp, desgalaryň gurluşyklarynyň ýokary hilli ýerine ýetirilmegine hemişe gözegçilik etmegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz önümçilik kärhanalarynyň doly taslama kuwwatynda işlemeklerini gazanmagy, olaryň durkuny täzelemek arkaly önümçilik ugurlaryny döwrebaplaşdyrmagy tabşyrdy.

Dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlar bilen baglylykda, importyň ornuny tutýan ýerli önümleriň görnüşlerini we möçberlerini artdyrmak möhümdir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we öndürilýän harytlar üçin täze bazarlary we ýerlemek usullaryny gözläp tapmagyň wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz energetika we himiýa pudaklarynyň ýörite ugurlar boýunça zerur bolan ýokary taýýarlykly hünärmenler bilen üpjünçiligini gowulandyrmagy esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitledi.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýerler G.Müşşikowa hem-de Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewe pudaklaýyn maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine, garamagyndaky edaralaryň, şol sanda banklaryň işini kämilleşdirmäge, olaryň işinde öňdebaryjy tejribäniň hem-de innowasion tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we işde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Habarlar