Türkmenistanyň Prezidenti söwda toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

09.12.2020

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň söwda toplumynda işleriň häzirki ýagdaýyna hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde duran ilkinji nobatdaky wezipelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň daşary ýurt kompaniýalary bilen harytlary satyn almak, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek barada baglaşan degişli şertnamalary boýunça öňde duran wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmegiň şu günki günüň ileri tutulýan möhüm wezipesi bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şoňa görä-de, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň iş öndürijiliginiň durnukly artdyrylmagynyň üpjün edilmelidigini belläp, döwlet Baştutanymyz wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň başlygy O.Işangulyýewa söz berildi. Birleşigiň ýolbaşçysy ýurdumyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde paýtagtymyzda Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň ak mermerden gurlan kaşaň binasynyň açylyp, ulanylmaga berlendigi üçin halyçy gelin-gyzlaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra türkmen halkynyň gadymdan gelýän amaly-haşam döredijilik sungaty bolan el halyçylyk sungatyny gorap saklamakda, kämilleşdirmekde, geljekki nesillere ýetirmekde döwlet syýasatyny amala aşyrýan esasy edara hökmünde “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň häzirki wagtda alyp barýan işleri barada hasabat berildi.

Bu gün Türkmenistanda halyçylyk sungatynyň ösdürilmegine, toplumlaýyn esasda öwrenilmegine möhüm üns berilýär we halylaryň gadymy nusgalarynyň aýawly saklanylmagy hem-de olaryň dünýäde wagyz edilmegi ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Häzirki zaman çeper halyçylyk kärhanalary işe girizilýär.

Hususan-da, el halylaryny dokamagy ösdürmek, haly we haly önümleriniň önümçiligini hem-de ýerlenilmegini kämilleşdirmek, bu gadymy sungatyň halkyň durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşykly baý milli mirasyny, medeniýetini, taryhyny açyp görkezmek boýunça bellenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändigi nygtaldy.

Birleşigiň ýolbaşçysy el halylaryny dokamakda ulanylýan çig mallar hem-de boýaglar barada hem habar berdi.

Bellenilişi ýaly, haly önümleriniň içerki we daşarky bazarlarda ýerlenilişini artdyrmak barada döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, mahabat işlerini has-da kämilleşdirip, Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň sergilerinde, şol sanda wirtual sergilerde türkmen halylaryny giňden tanatmak, internet arkaly el işleriniň söwdasyny ýola goýmak boýunça çäreler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen el halylarynyň öndürilişiniň möçberini mundan beýläk-de artdyrmak hem-de dünýäde uly şan-şöhrata eýe bolan bu milli gymmatlygymyzy giňden wagyz etmek we mahabatlandyrmak işlerini ýaýbaňlandyrmagy tabşyrdy. Milli Liderimiz bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde işlemegiň hem-de Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky söwda öýleriniň mümkinçiliklerini işjeň peýdalanmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, şunuň bilen baglylykda, birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýerli çig mal serişdelerini peýdalanmagy nazara alyp hem-de bazaryň ýagdaýyny öwrenmek esasynda, el halylaryny dokamagyň we milli senetleri ösdürmegiň geljekki döwür üçin meýilnamalaryny işläp düzmegiň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen bir hatarda, birleşigiň kärhanalarynda sanly tehnologiýa babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça işleri utgaşdyrmak möhümdir.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sanly ykdysadyýetiň gazananlaryny nazara almak bilen, öňdebaryjy tejribeleri giňden öwrenmek hem-de pudaga ornaşdyrmak zerurdyr.

Soňra Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy B.Çaryýew biržanyň Türkmenistanyň haryt-çig mal serişdelerini ýerlemegiň netijeli syýasatyny ýöretmek hem-de lomaý bazaryny ösdürmek üçin amatly şertleri döretmek babatda ýerine ýetirýän işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, birža söwdasyny guramak we alyp barmak, ýerlenilýän harytlar boýunça baha emele gelmeginiň netijeli usullaryny ornaşdyrmak, baglaşylýan eksport-import şertnamalarynyň maksadalaýyklygyny kesgitlemek babatda degişli işler dowam edýär.

“Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin strategiýasynda” göz öňünde tutulan çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen, biržanyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça hem işler ýerine ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda eksport-import amallaryny kadalaşdyrmagyň esasy edarasy hökmünde çykyş edýän Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini has-da kämilleşdirmek boýunça öňde goýlan möhüm wezipelere ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda öndürilýän önümleri ýerlemek boýunça birža söwdalaryny geçirmek işleriniň tassyklanylan tertibe pugta laýyklykda alnyp barylmalydygyny aýdyp, biržanyň ýolbaşçysyna anyk görkezmeleri berdi.

Iş maslahaty Söwda-senagat edarasynyň başlygy D.Rejebowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol ýurdumyzda geçirilýän sergileriň, maslahatlaryň we işewür duşuşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrmak barada döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyp, häzirki wagtda alnyp barylýan işler barada giňişleýin hasabat berdi.

Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli halkara sergini hem-de onuň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleri ýokary derejede guramak boýunça degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde gündelik işler alnyp barylýar. Şeýle hem internet saýtynda “Baky Bitarap Türkmenistan” atly ýurdumyzyň ykdysady gazananlarynyň wirtual sergisi öz işini dowam edýär.

Söwda-senagat edarasynyň işine daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribelerini ornaşdyrmak maksady bilen, “Türkmenistanda sergileri, ýarmarkalary we maslahatlary guramak işini kämilleşdirmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin strategiýasyna” laýyklykda göz öňünde tutulan çäreler boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Söwda-senagat edarasynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz bu düzümiň işini kämilleşdirmek üçin netijeli çäreleri durmuşa geçirmegiň möhümdigini belläp, bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra göni aragatnaşyga söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri O.Gurbannazarow çagyryldy. Ol ýurdumyzyň bazarlarynyň we dükanlarynyň dürli harytlar bilen bolelin üpjün edilmegi ugrunda amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet tarapyndan berilýän hemmetaraplaýyn kömek-goldawlaryň hem-de milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde, ýurdumyzda azyk we beýleki harytlaryň bolçulygy üpjün edilýär. Sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak babatda hem giň gerimli çäreler durmuşa geçirilýär.

Ilata edilýän hyzmatlary kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak bilen baglylykda, isleg bildirilýän harytlary internet ulgamy arkaly sargamak hem-de öýüňe getirtmek babatda ýerine ýetirilýän hyzmatlary ösdürmek ugrunda yzygiderli işler alnyp barylýar. Şunda hasaplaşyklar nagt däl görnüşinde amala aşyrylýar. Munuň özi wagtyň tygşytlanmagynda-da uly ähmiýete eýedir.

Şeýle hem ministr ýolbaşçylyk edýän düzüminde ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda öňde goýlan wajyp wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler bilen baglylykda, söwda toplumynyň öňünde azyk bolçulygyny üpjün etmek bilen bagly jogapkärli wezipäniň durýandygyny belledi.

Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyz azyk harytlarynyň talabalaýyk saklanylmagyny hem-de terligi bilen ilata ýetirilmegini üpjün etmek üçin welaýatlarda we Aşgabat şäherinde bar bolan sowadyjy ammarlardan ýerlikli peýdalanylmalydygyna hem-de olary döwrebaplaşdyrmak we kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça zerur işleriň geçirilmelidigine ünsi çekip, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra dokma senagaty ministri R.Rejebowa söz berildi. Ministr döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berip, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” kesgitlenen möhüm wezipeleri amala aşyrmak babatda görülýän çäreler barada habar berdi.

Milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça isleg esasynda önümleri öndürmek işi guraldy, çykarylýan önümleriň möçberleri, görnüşleri artdyrylýar, olaryň hiline uly üns berilýär. Içerki bazary bu pudagyň önümleri bilen doldurmak, türkmen dokma önümleriniň möçberini artdyrmak, ýerleýiş bazarlaryny öwrenmek hem-de emele getirmek boýunça işler alnyp barylýar, daşary ykdysady gatnaşyklary we marketingi ösdürmek boýunça çäreler görülýär. Şeýle hem pudagyň edara-kärhanalarynda sanly tehnologiýa babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça işler utgaşdyrylýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, pudagy mundan beýläk-de ösdürmegi, maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmagy geljekki işleriň esasy ugurlary hökmünde kesgitledi. Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda ozal hereket edýän kärhanalaryň durkuny täzelemek, ýokary tehnologiýaly täze toplumlary gurmak işlerine yzygiderli üns berilmelidir, munuň özi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan durmuş ugry hökmünde goşmaça iş orunlarynyň döredilmegine ýardam berer diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz çykarylýan önümleriň halkara hil ölçegine we ekologiýa howpsuzlygyna kybap gelmegine aýratyn üns berilmelidigini belläp, dokma senagaty ministrine anyk görkezmeleri berdi. Önümçilige sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak hem-de pudagyň işgärleri üçin amatly zähmet şertlerini döretmek möhüm wezipeleriň hatarynda bellenildi.

Soňra Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň başlygy D.Hudaýberdiýew hasabat bilen çykyş etdi. Ol azyk önümlerini öndürýän hususy kärhanalaryň zerur bolan çig mal we önümçilik serişdeleri bilen üpjünçiligine degişli meseleler barada hasabat berip, gündelik zerur önümleriň öndürilýän mukdaryny artdyrmak maksadynda ýyladyşhanalary, maldarçylyk toplumlaryny gurmak boýunça degişli işleriň dowam edýändigini aýtdy.

Mundan başga-da, Aşgabat — Türkmenabat aralygynda gurulýan iri möçberli taslama bolan awtobanyň tapgyrlaýyn ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, işler bellenen tertibe laýyklykda alnyp barylýar. Munuň üçin gurluşyk serişdeleriniň üpjünçiligi bilen birlikde, taslamany durmuşa geçirmekde ýol gurujy kuwwatly, döwrebap tehnikalaryň hyzmatyndan ýerlikli peýdalanylýar. Şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesine laýyklykda durmuşa geçirilýän iri taslama — Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini gurmak ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada habar berildi, bu ýerde işler ýokary depginde alnyp barylýar.

Hasabatyň çäklerinde, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda ýerine ýetirilen işler barada habar berildi. Hususan-da, ählumumy internet ulgamlarynda ýurdumyzyň harytlaryny hödürlemek, söwda kärhanalarynyň web-sahypalaryny açmak, onlaýn söwdalary guramak arkaly, ýurdumyzyň harytlaryny ýerlemek, ykjam telefonlaryň degişli goşundylaryny döretmek, harytlary uzak aralykdan satmak-satyn almak we eltip bermek hyzmatlaryny guramak üçin mümkinçilikler giňeýär.

Elektron söwdany ornaşdyrmagyň esasy guraly bolan elektron usulda tölegleriň amala aşyrylmagy üçin “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan internet bank töleg ulgamy ornaşdyryldy. Şeýle hem galtaşyksyz töleg ulgamy işe girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmakda hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmakda we görnüşlerini köpeltmekde, azyk bolçulygyny üpjün etmekde, umuman, ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artmagynda hususy telekeçilige aýratyn ornuň degişlidigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz işleriň ýokary hilini hem-de ulanylmaga berilmeginiň bellenen möhletlerini berjaý etmek maksady bilen, degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow göni aragatnaşyga çagyryldy. Wise-premýer ýurdumyzyň içerki bazarlarynda haryt üpjünçiligini artdyrmak, ilatymyzyň giň görnüşli harytlara bolan isleglerini kanagatlandyrmak barada milli Liderimiziň ozal berlen tabşyryklaryny ýerine ýetirmek babatda söwda toplumynyň pudaklarynda durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda, aýratyn-da, oba hojalyk toplumynda öndürilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak işleriniň güýçlendirilmelidigini belledi. Ykdysadyýetiň hususy pudagyny döwlet tarapyndan goldamak, kiçi we orta telekeçilige maliýe hem-de maddy-tehniki kömegi bermek boýunça anyk çäreler geçirilmelidir.

Sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen, söwdanyň döwrebap üpjünçilik ulgamlaryny döretmek işlerini häzirki döwrüň talabyna laýyk getirmek möhüm bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ç.Gylyjowa degişli pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksport edilýän möçberlerini artdyrmagyň meseleleriniň üstünde işlemegi dowam etmegi tabşyrdy. Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, olaryň öňünde birnäçe anyk wezipeleri goýdy.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde ýurdumyzyň ilatyny azyk önümleri bilen üpjün etmegiň esasy wezipe bolup durýandygyny ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda görkezdi. Şeýle hem daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberlerini artdyryp, beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň möçberlerini bolsa azaltmagyň zerurdygy aýdyldy.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, bu işlerde orta we kiçi telekeçiligiň eýeleýän möhüm ornuny göz öňünde tutup, hususy ulgamda işleriň ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça zerur çäreler görülmelidir. Hormatly Prezidentimiz kesgitlenen wezipeler bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Hususan-da, döwlet Baştutanymyz içerki bazaryň azyk we, ilkinji nobatda, beýleki zerur harytlar bilen üpjünçiligini berk gözegçilikde saklamagy, dükanlarda we bazarlarda haryt bolçulygyny döretmek boýunça möhüm işleri durmuşa geçirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz dokma senagaty ministrligi tarapyndan öndürilip, içerki bazardan artýan we eksport edilýän önümleriň hem-de harytlaryň mukdarynyň artdyrylmalydygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Diýarymyzyň halyçylyk kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, ähli çäreleri görmegi, öndürilýän haly önümleriniň görnüşlerini artdyryp, ýerlenýän möçberlerini köpeltmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz haly we haly önümleriniň elektron söwdasyny guramagyň hem-de halyny sargyt etmekde, taýýarlamakda we ýerlemekde sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça işleri amala aşyrmagyň zerurdygyny aýtdy. Halyçylyk kärhanalarynyň çig mal üpjünçiligini has-da gowulandyrmak boýunça zerur işleriň geçirilmegi ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda agzaldy.

Hormatly Prezidentimiz Diýarymyzda öndürilýän harytlaryň eksportyny artdyrmak boýunça usulyýet taýdan ýardamy güýçlendirmek, täze bazarlary we ýerlemek usullaryny tapmakda hususy taraplara goldaw bermek, gowy hilli hyzmatlary ýerine ýetirmek babatda öňde durýan wezipelere ünsi çekip, şolaryň birkemsiz ýerine ýetirilmegini üpjün etmek barada degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Üpjün edijileriň hem-de harytlary öndürijileriň, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirijileriň işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek maksady bilen, dürli sergileri we maslahatlary guramagy kämilleşdirip, olaryň gyzyklanmalaryny artdyrmak barada wezipeler goýuldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlete degişli däl ulgamyň öňünde durýan wezipelere geçip, hususy telekeçileriň senagat ugurly iri taslamalary, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek boýunça taslamalary işjeň amala aşyrmalydygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz hususy önüm öndürijileriň eksporta niýetlenen harytlaryny daşarky bazarlara çykarmakda hem-de dünýä bazarlarynda öz orunlaryny pugtalandyrmakda marketing, hukuk we maslahat beriş hyzmatlary arkaly olara goldaw berilmelidigini nygtady.

Milli Liderimiz harytlarymyzyň internet söwdasy arkaly satylyşynyň artdyrylmalydygyny, ýurdumyzyň harytlary ýerlenilýän öz elektron söwda meýdançamyzy döredip, ony halkara derejede mahabatlandyrmak işiniň güýçlendirilmelidigini belläp, bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow eksport edijileriň goldaw merkezi hem-de kiçi we orta telekeçilere goldaw bermegiň merkezi ýaly guramalary jemgyýetçilik başlangyjy esasynda döretmek boýunça teklipleri taýýarlamagy, bu ugurda daşary ýurtlaryň oňyn tejribelerini öwrenmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer G.Müşşikowa we Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewe döwrüň talabyna laýyklykda hem-de pudaklaýyn maksatnamalary gyşarnyksyz durmuşa geçirmek bilen baglylykda, öňdebaryjy sanly tehnologiýalar esasynda bank ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak meselesini hemişe üns merkezinde saklamak barada anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, içerki bazaryň azyk we beýleki zerur harytlar bilen üpjünçiligini gowulandyrmagyň, ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak, şol sanda elektron söwdalary we eltip bermek hyzmatlaryny giňden guramak döwrüň ösen talabydyr diýip, bu ugurda degişli görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Habarlar