Türkmen-russiýa parlamentara hyzmatdaşlygy

23.10.2020

Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.Matwiýenkonyň we Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda türkmen-russiýa parlamentara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Federasiýa Geňeşiniň ýolbaşçysy ýurdumyzyň ýolbaşçylaryny we ähli türkmenistanlylary ýetip gelýän baýram—Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy bilen gutlap, bu senäniň dünýä möçberindäki ähmiýetini hem-de häzirki zaman halkara gatnaşyklarynda bitaraplyk ýörelgeleriniň artýan ornuny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hormat goýýandygyny hem-de täze üstünlikler baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy dostlukly döwletleriň Liderleriniň iki ýurduň we halklaryň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmäge goşýan goşandyna ýokary baha berdi.

W.Matwiýenko Türkmenistanyň Prezidentiniň tagallalary netijesinde GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň çäklerinde, hyzmatdaşlygyň has ysnyşykly we işjeň häsiýete eýe bolandygyny nygtady hem-de şunuň bilen baglylykda, türkmen Liderine aýratyn hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň III Ýewraziýa zenanlar forumyna gatnaşmagyna çakylyk hem beýan edildi. Bu forum 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda Sankt-Peterburg şäherinde geçiriler. Forumyň işine zenan parlamentariler, ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň, halkara guramalaryň, ählumumy korporasiýalaryň, işewür toparlaryň, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri gatnaşar.

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federal Geňeşiniň başlygy Türkmenistanyň ýokary kanun çykaryjy we wekilçilikli edarasynyň iki palataly ulgama geçmegini hem-de ýurtda hemmetaraplaýyn oýlanyşykly ädim hökmünde möhüm ähmiýetli konstitusion özgertmeleriň amala aşyrylmagyny mübärekledi hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň işini guramakda üstünlikler arzuw etdi.

Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň ýolbaşçysy GDA ýurtlarynyň parlamentleriniň Arkalaşygyň giňişliginde gatnaşyklary işjeňleşdirmekde möhüm ornuny hem-de hyzmatdaşlygyň we dostlukly gatnaşyklaryň ähmiýetini belledi hem-de netijeli gatnaşyklaryň geljekde hem dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, parlament dostluk toparlarynyň arasynda onlaýn görnüşinde duşuşygy geçirmek teklip edildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda pandemiýa meselesine hem deglip geçildi. Taraplar howply ýokanç keseliň ýaýramagyna garşy göreşmekde hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň kuwwatyny pugtalandyrmakda, şol sanda lukmançylyk we ylmy diplomatiýa arkaly berkitmekde tagallalary birleşdirmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Habarlar