Türkmenistanyň Prezidenti şanly seneler mynasybetli açyljak desgalar boýunça iş maslahatyny geçirdi

22.10.2020

Şu gün döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewyň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň Iş dolandyryjysy H.Hajymyradowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň hormatyna gurlup, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky işleriň ýagdaýy hem-de Garaşsyz Watanymyzyň şanly 30 ýyllygynyň belleniljek ýylynda ulanmaga beriljek desgalaryň açylyş dabaralarynyň maksatnamasyny taýýarlamak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz ýetip gelýän baýramçylygyň we ony mynasyp garşylamagyň möhümdigini belläp, Diýarymyzyň Bitaraplyk derejesiniň şanly toýy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada görkezmeleri berdi.

Baýramçylyga gabatlanyp, täze binalaryň we desgalaryň açylyş dabaralary geçiriler, munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň asylly däbine öwrülip, Türkmen döwletiniň ykdysady ösüşini we durmuş taýdan rowaçlanýandygyny aýdyň görkezýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň barşyny, şolarda degişli bezeg işlerini geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýew eziz Diýarymyzyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllyk senesine taýýarlyk görmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabyşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Wise-premýer paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň barşy, gerimi we depgini barada habar berdi. Şähergurluşyk maksatnamasyna laýyklykda, Watanymyzyň ähli künjeklerinde ýaşaýyş jaýlarynyň, durmuş-medeni hem-de beýleki maksatly desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Düzümleri ösdürmek, ýaşaýyş jaý toplumlaryny, köçeleri, meýdançalary we seýilgähleri abadanlaşdyrmak hem-de olaryň çäklerini bagy-bossanlyga büremek boýunça çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu işleriň adamlaryň ýokary durmuş derejesiniň üpjün edilmegini hem-de innowasion tehnologiýalaryň, ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlarynyň, binagärlik we şähergurluşygy babatda iň gowy dünýä tejribesiniň işjeň ornaşdyrylmagyny ugur edinýändigini belledi.

Eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli täze desgalaryň açylmagy dabaralaryň öwüşginini artdyrmalydyr. Şonuň üçin olary ulanmaga bermäge taýýarlyk görmek boýunça işlere düýpli çemeleşmek gerek diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şol işler gurluşyk işleriniň hili hem-de binalaryň we desgalaryň niýetlenen maksady, inžener-tehniki üpjünçilik hem-de içerki we daşarky timarlaýyş işlerini, binalaryň bezelişi bilen baglydyr.

Milli Liderimiz Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň iri möçberli maksatnamalaryny amala aşyrmakda, ilatyň durmuşynyň mynasyp şertlerini üpjün etmekde hem-de bäsdeşlige ukyply senagat toplumy, ösýän jemgyýeti, häzirki zaman binagärligi bolan, özboluşlylygyny we däplerini saklaýan, öňdebaryjy we tehnologik taýdan ösen ýurdy gurmakda gurluşyk senagatyna möhüm ornuň degişlidigini belledi.

Şähergurluşygy ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan hem-de ähli ulgamlary we pudaklary gurşap alan innowasion işleriň başyny çekmelidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, gözelligi hem-de amatlylygy, döredijilik we inžener-tehniki pikiriň gazananlaryny, ylym hem-de sungaty sazlaşykly utgaşdyrmak arkaly, ol taryhyň we häzirki döwrüň barşyny, halkymyzyň maksatlaryny hem-de arzuwlaryny monumental derejede şöhlelendirýär.

Hormatly Prezidentimiz özgertmeleriň gerimi barada aýdyp, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga beriljek önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň meýilnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy.

Bu senä gabatlanyp açyljak binalaryň aýratynlygy onuň ähmiýetini kesgitleýär, ýagny işiň hiline bildirilýän ýokary talaplar häzirki dünýä ölçeglerine kybap gelmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, binalaryň içki we daşky keşbiniň bezeg aýratynlyklarynda milli ýörelgeler, döredijilik ruhy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýetilen belent sepgitler öz beýanyny tapmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berip, täze gurulýan binalaryň Garaşsyz Türkmenistanyň ýöredýän syýasatynyň üstünliginiň aýdyň nyşanlary bolup durýandygyny aýtdy. Şol syýasatyň baş maksady bolsa, adamlar barada, her bir maşgala, ýurdumyzyň her bir raýaty hakyndaky aladadan ybarat.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň Iş dolandyryjysy H.Hajymyradow gözegçilik edýän düzümlerine degişli desgalardaky alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hususan-da, Aşgabatda bina edilen “Diwan” myhmanhanasynyň içki bezeg işleri, otaglarynyň enjamlaşdyrylyşy we ornaşdyrylýan häzirki zaman tehnologiýalarynyň aýratynlyklary barada habar berildi.

Şeýle hem şu günler gurluşygy batly depginde dowam edýän “Arkadag” myhmanhanasynyň gurluşygynda ýerine ýetirilýän işler, onuň bezeg aýratynlyklary hem-de abadanlaşdyrylyşynda ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň aýratynlyklary hakynda hasabat berildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň paýtagtynyň döwrebap, sazlaşykly ösýän şäheriň özboluşly nusgasyny özünde jemländigini belledi. Ak mermerli Aşgabat milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda gazanylýan üstünlikleriň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Ýurdumyzyň çäklerinde gurulýan desgalar paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şonuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ähli binalarda, şol sanda gurulýan myhmanhanalarda hem bezeg işlerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Myhmanhanalaryň zallary we otaglary ýurdumyzyň suratkeşleriniň döreden naýbaşy eserleri bilen bezelmelidir. Aýratyn-da, türkmen topragynyň ajaýyp ýerlerini, gözel tebigatymyzy janlandyrýan şekiller, milli halylarymyz, zergärçilik şaý-sepleri, milli senetçiligimiziň önümleri binanyň baş bezegine öwrülmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şeýle hem milli Liderimiz myhmanhanalaryň bezeg işlerinde taryhda öçmejek yz goýan şahsyýetleriň suratlaryny ýerleşdirmek meselesine döwrebap bezeg usullary esasynda çemeleşilmelidigine ünsi çekdi. Bu işlerde milli binagärlik ýörelgeleri bilen döwrüň öňdebaryjy inženerçilik-tehniki tejribesiniň, dizaýnyň häzirki görnüşleriniň hem-de bezeg-amaly sungatyň tärleriniň sazlaşygy üpjün edilmelidir. Bu işiň geriminiň giňelmegi goşmaça iş orunlarynyň döredilmegine hem ýardam eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk işleri tamamlanan merjen paýtagtymyzyň S.Türkmenbaşy we A. Nyýazow şaýollarynyň çatrygynda ýerasty awtomobil we pyýada geçelgeli “Mahabat” binasy ýerleşdirilen toplumyň özboluşly binagärlik keşbe eýe bolandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu toplumyň döwrüň talabyna laýyk derejede ulanylmalydygyny aýdyp, bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz binalaryň we desgalaryň bezeg işleri bilen baglanyşykly gürrüňi dowam edip, döwrebap binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna, ýol-ulag düzüminiň kämilleşdirilmegine möhüm ähmiýet berilmelidine ünsi çekdi.

Gurluşyk işleriniň ýokary hilli bolmagy hem-de olaryň bellenilen möhletinde tamamlanmagy esasy talap bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz desgalaryň gurluşygyna, olary dabaraly ýagdaýda açmaga görülýän taýýarlyk işlerine hem-de eziz Diýarymyzyň baş şäherini mundan beýläk-de ösdürmäge yzygiderli gözegçiligi üpjün etmek barada görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatynyň ahyrynda ýurdumyzyň durmuşyndaky şanly seneler mynasybetli ulanylmaga beriljek täze binalaryň açylyş dabaralary bilen bagly möhüm wezipelere ýene-de bir ýola ünsi çekip, maslahata gatnaşyjylara işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Habarlar