Türkmenistanyň Prezidentiniň we Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

15.10.2020

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, söhbetdeşlikde däp bolan, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak hem-de asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan taryhy gatnaşyklar ýörelgelerine esaslanýan dostluky döwletara hyzmatdaşlygyň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligine kanagatlanma bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow netijeli türkmen-hindi gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge berýän ünsi üçin Prezident Ram Nath Kowinde tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, biziň ýurtlarymyzyň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara düzümleriň ugry boýunça hem işjeň hyzmatdaşlyk edýändiklerini nygtady. Abraýly sebit we ählumumy möçberdäki guramalaryň çäklerinde öňe sürülýän netijeli teklipleriň özara goldanylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň özüniň Bitaraplyk derejesini we ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmäge hem-de durnukly ösüşiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin Hindistana minnetdardygyny belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-hindi gatnaşyklarynyň ýokary derejesiniň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylmagynda öz beýanyny tapýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, energetika ulgamy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hökmünde görkezildi. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini gurmak baradaky giň gerimli taslamany durmuşa geçirmek boýunça özara gatnaşyklar munuň aýdyň mysalydyr.

Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde häzirki wagta çenli bu ugurda uly işler amala aşyryldy, möhüm resminamalara gol çekildi, öňde goýlan wezipeleri çözmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Bu möhüm ähmiýetli taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, gürrüňsiz, taslama gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady taýdan ösmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine, durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna kuwwatly itergi berer, iri möçberdäki daşary ýurt maýalaryny çekmäge ýardam eder.

Bularyň ählisi umumy abadançylyga hem-de adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna hyzmat eder. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn geljekde TOPH taslamasyny amala aşyrmak boýunça bilelikdäki işiň aýdyň netijeleri berjekdigine ynam bildirildi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda söhbetdeşler ýurdumyzyň senagatlaşdyrmaga alan ugruny nazara almak bilen, ykdysady hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygyny aýtdylar.

Öz tarapyndan, Türkmenistan maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilende, hindi kompaniýalaryna goldaw bermäge taýýardyr hem-de olary oba hojalygy, himiýa, derman senagaty, ýeňil senagat, ýerli çig malyň esasynda gurluşyk serişdelerini çykarmak ýaly ulgamlarda bilelikdäki ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek mümkinçiligine garamaga çagyrýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Biziň ýurtlarymyzyň eýýäm şeýle hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine eýedigi bellärliklidir. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, “Türkmenderman Ajanta Farma Limited” bilelikdäki türkmen-hindi kärhanasyny anyk mysal hökmünde görkezdi we saglygy goraýyş hem-de derman senagaty ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiligine garamagy teklip etdi.

Söhbetdeşler Türkmenistanyň hem-de Hindistanyň gadymy däplerini we baý taryhy mirasynyň bardygyny nygtap, ynsanperwer ulgamda, şol sanda Medeniýet günleri, sergiler, festiwallar, döredijilik alyşmalar ýaly dürli medeni çäreleri geçirmek arkaly netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň wajypdygyny aýtdylar.

Şeýle hem ylym-bilim gatnaşyklaryny höweslendirmäge uly ähmiýet berilýär. Şunda adam maýasyny kämilleşdirmäge, şol sanda döwlet gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri guramak wajyp meseleleriň biri hasaplanylýar. Şunuň bilen birlikde, parlamentara derejesinde yzygiderli gatnaşyklaryň hem-de tejribe alyşmagyň ýola goýulmagynyň möhümdigi bellenildi.

Söhbetdeşligiň çäklerinde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ram Nath Kowind soňky onýyllyklarda dünýä bileleşigi üçin örän uly wehime öwrülen koronawirus pandemiýasy baradaky meselä hem degip geçdiler.

Milli Liderimiz COVID-19-yň giňden ýaýramagynyň ähli ýurtlar üçin uly howp döredýändigini hem-de bitewülige, raýdaşlyga we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze çemeleşmelere esaslanýan toplumlaýyn çäreleri talap edýändigini belläp, özara goldawyň hem-de umumy tagallalary birleşdirmegiň koronawirus ýokanjyna garşy göreşde üstünlikleriň gazanylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Söhbetdeşler şeýle hem türkmen-hindi gatnaşyklaryny ösdürmekde, uzakmöhletli geljegi nazara almak bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda ýokary derejedäki saparlara hem-de gepleşiklere möhüm ornuň degişlidigini bellediler.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Hindistany hakyky dost we ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýandygyny nygtap, dostlukly döwletiň Baştutanyny özi üçin islendik amatly wagtda ýurdumyza resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ram Nath Kowind taraplaryň ähli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandyklaryny tassyklap, birek-birege hem-de iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Habarlar