Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

07.10.2020

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Milli Liderimiz russiýaly kärdeşini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, abadançylyk, dostlukly döwletiň halkynyň bähbidine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda täze üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde hoşniýetli goňşuçylyk, özara ynanyşmak hem-de strategik hyzmatdaşlyk esaslaryna daýanýan gatnaşyklaryň sazlaşykly we okgunly ösýändigini hem-de deňhukuklylyk we açyklyk häsiýete eýedigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Wladimir Putine türkmen-rus hyzmatdaşlygyna üns hem-de hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Munuň özi gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdürilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.

Russiýanyň Baştutany gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, taraplaryň hoşniýetli erkine esaslanýan hem-de ägirt uly köpugurly kuwwata eýe bolan döwletara gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen nygtady.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda giň ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürilýän türkmen-rus gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösdürilmeginde bilelikdäki Hökümetara toparynyň işine möhüm ornuň degişlidigi nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin Türkmenistan bilen Russiýanyň dürli edaralarynyň we hususy düzümleriniň arasyndaky islendik gatnaşyklaryň höweslendirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Şeýle hem däp bolan ynsanperwer ulgamdaky, şol sanda ylym, bilim we medeniýet ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigi bellenildi. Munuň özi iki döwletiň halklarynyň ýakynlyşmagynyň, dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda möhümdir.

Şol birwagtyň özünde saglygy goraýyş we derman senagaty ugurlaryndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda russiýaly alymlaryň koronawirus ýokanjyna garşy waksinany döretmek boýunça soňky döwürde gazanýan netijelerine uly baha berilýär hem-de Russiýa bilen bu ulgamdaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýnam bildirilýär.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň mundan beýläk-de döwrüň synagyndan geçen syýasy, ykdysady we ruhy-medeni ugurlar boýunça döwletara gatnaşyklarynyň berkidilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde, türkmen-rus gatnaşyklarynyň umumy abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de sazlaşykly ösdüriljekdigine we giňeldiljekdigine ýnam bildirildi.

Sebitara we halkara meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň barşynda hazarýaka ýurtlaryň bäştaraplaýyn syýasy gatnaşyklarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meselelerine deglip geçildi. Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň awgust aýynda kenarýaka döwletleriň ýolbaşçylary nobatdaky –VI Hazar sammitini Türkmenistanda geçirmek barada ylalaşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, iki ýylyň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ulgamy boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Ýokary derejede geçiriljek Hazar duşuşygynyň jemleri boýunça gol çekilmegi meýilleşdirilýän resminamalaryň toplumy ara alnyp maslahatlaşylýar. Şeýle hem bilermenleriň derejesinde ozal gol çekilen ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen anyk gurallary döretmegiň mümkinçiliklerine garalýar.

Söhbetdeşligiň dowamynda milli Liderimiz russiýaly kärdeşini özi üçin islendik amatly pursatda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidenler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Wladimir Putin birek-birege berk jan saglyk, alyp barýan jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikler, iki ýurduň dostlukly halklaryna bolsa, parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Habarlar