Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

05.10.2020

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Onda ýurdumyzyň sebitlerini we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, özgertmeler maksatnamalaryny amala aşyrmak, milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşyna, milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly senelere taýýarlyk işlerine garaldy.

Milli Liderimiz, ilki bilen, sanly wideoaragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy çagyrdy. Häkim şu günler Diýarymyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýerine ýetirilýän abadanlaşdyryş işleri, paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynda gurulýan desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, paýtagtymyzda amala aşyrylýan özgertmeler maksatnamasynyň şäher düzümini mundan beýläk-de toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmaga, şäher ilaty üçin amatly durmuş şertlerini kemala getirmäge we degişli ekologiýa ýagdaýyny üpjün etmäge gönükdirilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz öňdebaryjy tehnologiýalaryň we täzeçil inženerçilik-tehniki işläp taýýarlamalaryň ornaşdyrylmagynyň öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmegiň baş şerti bolup durýandygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy nobatdakysynyň çäklerinde gurulýan desgalaryň gurluşygynda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we şolary bellenilen möhletinde ulanmaga bermegiň wajypdygy barada aýdyp, ak mermerli şäherimiziň arassaçylyk derejesini we tertip-düzgüni gyşarnyksyz üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Bu babatda paýtagtymyz tutuş ýurdumyz üçin nusgalyk derejä eýe bolmalydyr.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli öňde boljak baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk işlerine ünsi çekip, bu babatda degişli guramaçylyk meselelerini berk gözegçilikde saklamak babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyna Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow çagyryldy. Häkim welaýatda alnyp barylýan işler, şol sanda güýzlük bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň depgini, beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg etmek babatda amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, welaýatda dowam edýän gurluşyk işleri, ýerlerde durmuş-ýaşaýyş düzümlerini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, sebitiň obasenagat toplumynyň öňünde goýlan esasy wezipelere ünsi çekmek bilen, güýzlük bugdaý ekişiniň we “ak altyn” ýygnamak möwsüminiň depginini güýçlendirmegiň, bu jogapkärli çäreleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýokary hilli hem-de wagtynda geçirmegiň möhümdigini belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, dänelik ekinleriň gyradeň gögerişini üpjün etmek üçin meýdanlarda suwaryş işlerini öz wagtynda geçirmek zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk hem-de ulag tehnikalaryny gurat saklamaga we netijeli ulanmaga, harmanhanalaryň hem-de pagta arassalaýjy kärhanalaryň işini häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda guramaga ýeterlik üns bermek barada häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Şunuň bilen birlikde, häkime güýzlük ýeralmanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny kemala getirmek boýunça tabşyryk berildi. Döwlet Baştutanymyz güýzlük soganyň ekişiniň talap edilýän agrotehniki möhletde geçirilmelidigini belledi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigini aýdyp, bu şanly sene mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalarda, şonuň ýaly-da tutuş welaýatda gurulýan binalarda işleri öz wagtynda tamamlamagy üpjün etmegi, ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmak bilen bagly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük bugdaý ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işler we pagta ýygymynyň barşy hem-de beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Günbatar welaýatyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň hormatyna ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyklarynda alnyp barylýan işler barada hem habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ähmiýeti barada aýdyp, bugdaý ekişini ýokary hilli geçirmek we pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek boýunça häkime anyk görkezmeleri berdi.Bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň çözgüdine toplumlaýyn çemeleşmeler üpjün edilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz welaýatda oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmelidigini, agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmelidigini we kärendeçileriň, mehanizatorlaryň netijeli işi üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini belledi.

Milli Liderimiz welaýatda dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, ekinlerden, şol sanda ýeralmanyň, gant şugundyrynyň, soganyň bol hasylyny almak, umuman, ekerançylygy ösdürmek üçin häzirki zaman agrotehnologiýalarynyň netijeli peýdalanylmalydygyny nygtady.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz häkime welaýatyň durmuş-ykdysady düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, öňde boljak möhüm baýramçylyk çärelerine ýokary derejede taýýarlyk görmek we gurulýan desgalary bellenilen möhletinde ulanmaga bermek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra sanly wideoaragatnaşyga Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow çagyryldy. Häkim sebitiň ekerançylyk ýerlerinde möwsümleýin meýdan işleriniň barşy barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, güýzlük bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymy möwsüminiň barşy hem-de agrotehniki kadalara laýyklykda beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek babatynda amala aşyrylýan çäreler hakynda-da hasabat berildi.

Şunuň bilen birlikde, demirgazyk welaýatyň häkimi gurluşygy alnyp barylýan desgalarda işleriň ýagdaýy hem-de öňde durýan şanly senelere taýýarlyk görmek hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bugdaý ekişini ýokary hilli geçirmegiň hem-de gögeriş suwuny öz wagtynda tutmagyň geljekki bol galla hasylynyň girewidigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz daýhanlaryň tutanýerli zähmeti bilen ýetişdirilen pagta hasylyny gysga möhletde we ýitgisiz ýygnap almak hem-de ýurdumyzyň uly harmanyna tabşyrmak üçin ähli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanylmagyny üpjün etmegiň möhümdigini aýdyp, bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak barada aýdyp, ilaty ter gök önümler bilen ýylyň ähli döwründe üpjün etmek üçin güýzlük gök önümleri, şol sanda ýeralmany we sogany ösdürip ýetişdirmekde agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmegiň zerurdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň ileri tutulýan maksadynyň halkymyzyň abadançylygy hakyndaky aladadygyny belläp, häkimiň ünsüni degişli meseleleriň çözülmegini mydama üns merkezinde saklamaga çekdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramyna mynasyp taýýarlyk görmegi, şol sanda ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan binalaryň gurluşyklarynda işleri öz wagtynda ýokary hil derejesinde tamamlamagy üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şol sanda täze hasylyň düýbüni tutmak boýunça depginli alnyp barylýan güýzlük bugdaý ekişi we kärendeçi daýhanlaryň yhlasly zähmeti bilen kemala getirilen pagta ýygymy möwsümleri hem-de bu möhüm işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem güýzlük bugdaýyň gögeriş gazanylan meýdanlarynda degişli ideg işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim welaýatda gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada habar berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, şu günler ýurdumyzda alnyp barylýan wajyp möwsümleýin oba hojalyk işleriniň netijeli häsiýete eýe bolmagynyň daýhanlaryň zähmetiniň talabalaýyk guralmagyna, pudaklaýyn düzümleriň sazlaşykly hereketiniň üpjün edilmegine baglydygyny belledi.

Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow güýzlük bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň dowam edýän günlerinde ähli oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň hem-de pagta kabul edýän harmanhanalaryň, pagta arassalaýjy kärhanalaryň bökdençsiz işiniň ýola goýulmalydygyny tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz azyk bolçulygyny üpjün etmek maksady bilen, gök ekinlerden bol hasylyň ösdürilip ýetişdirilmelidigini, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak boýunça zerur çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini belledi we häzirki zaman oba hojalyk ylmynyň gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Şeýle hem milli Liderimiz sebitde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň gurluşygynyň ýokary hil derejesine gabat gelmelidigini aýdyp, şolaryň gurluşygyny meýilleşdirilen möhletinde tamamlamak barada anyk tabşyryklary berdi.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde alnyp barylýan işler, hususan-da, güýzlük bugdaý ekişiniň barşy, kärendeçileriň ähli zerur serişdeler bilen üpjün edilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem «ak altynyň» bol hasylyny doly we gysga möhletde ýygnap almak boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada habar berildi. Şunuň bilen birlikde, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda gant şugundyryna we beýleki ösdürilip ýetişdirilýän güýzlük ekinlere ideg edilişi barada hasabat berildi.

Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa welaýatyň gurluşyk meýdançalarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly baýramçylyk mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşygynyň depginini güýçlendirmek boýunça edilýän tagallalar barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba zähmetkeşleriniň durmuşynda möhüm hasaplanylýan möwsümleriň netijeli häsiýete eýe bolmagy üçin onuň her tapgyryna örän oýlanyşykly we jogapkärçilikli çemeleşmeleriň zerurdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz bugdaý ekişinde oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli peýdalanylmalydygyny, pagta ýygýan kombaýnlaryň we bu möwsüme degişli ähli düzümleriň bökdençsiz işiniň üpjün edilmelidigini, ýygnalan hasylyň talabalaýyk derejede saklanylmalydygyny belledi.

Şeýle hem welaýatda gant şugundyryndan, ýeralmadan, sogandan we beýleki ekinlerden alynýan hasylyň mukdaryny artdyrmak üçin bar bolan mümkinçilikler doly herekete girizilmelidir. Milli Liderimiz ekinlere ideg işleriniň agrotehniki talaplara laýyk ýola goýulmagynyň, pudaga öňdebaryjy tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagynyň möhüm talapdygyny belläp, bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň bellenilen möhletinde ulanylmaga berilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk toýy mynasybetli meýilleşdirilen çärelere ýokary derejede taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz şol bir wagtyň özünde sanly wideoaragatnaşyga saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowy çagyrdy. Ol bu ulgamda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe görülýän taýýarlyk hem-de şanly sene mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen pudaga degişli desgalaryň gurluşyk işleri barada hasabat berildi.

Ministr hasabatyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalary döwrebaplaşdyrmak we täze saglyk merkezlerini gurmak işleriniň toplumlaýyn häsiýete eýedigini nygtady. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki zaman saglygy goraýyş ulgamynyň talaplaryna doly kybap gelýän döwrebap hassahanalar, saglyk merkezleri gurlup ulanylmaga berildi.

Şeýle hem ministr döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ahal welaýatynda saglygy goraýyş ulgamyna degişli merkezleriň birnäçesiniň bina edilýändigi barada hasabat berdi. Şu günler Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesinde häzirki zaman şypahanasynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär.

Mundan başga-da, Gökdepe etrabynyň çäginde ýokanç keseller hassahanasynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu merkezleriň häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejede enjamlaşdyrylmagy olarda ýola goýuljak lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary hil derejesini üpjün eder. Bu toplumlar şu ýylyň noýabr aýynda ulanylmaga berler.

Ministr Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde 400 orunlyk köpugurly saglyk merkeziniň we ýokanç keseller hassahanasynyň gurluşygynyň batly depginde alnyp barylýandygyny aýdyp, şol bir wagtyň özünde Daşoguz welaýatynda hem 450 orunlyk köpugurly saglyk merkeziniň hem-de onkologiýa hassahanasynyň gurluşygynyň dowam edýändigini habar berdi.

Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, täze gurulýan hassahanalar lukmançylyk ylmynyň iň täze gazananlary we öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda enjamlaşdyrylar. Şolarda ýokary hilli we netijeli lukmançylyk hyzmatlaryny ýola goýmak üçin ähli zerur şertler üpjün ediler.

Mundan başga-da, 2018-nji ýylda Lebap welaýatynda diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, Merkezi Aziýa sebitinde iri köpugurly lukmançylyk merkezi açyldy.Bu toplum öňdebaryjy ýöriteleşdirilen lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi. Ýeri gelende, bu merkezde milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, goňşy Owganystanyň halkynyň saglygyny doly suratda bejermegi üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini bellemeli. Lukmançylyk merkeziniň düzümine köpugurly merkez we ýokanç keseller hassahanasy, şeýle hem lukmanlar üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlary girýär.

Mary welaýatynda bolsa ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli täze saglyk öýi gurlup, ulanylmaga berler. Şeýle hem bu welaýatda ozal hereket edýän şeýle desgalaryň — saglyk öýleriniň birnäçesi häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede döwrebaplaşdyrylýar we gaýtadan enjamlaşdyrylýar.

Munuň özi ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilen saglygy goramagyň milli strategiýasyny amala aşyrmagyň hem-de jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek işleriniň hemmetaraplaýyn we ählumumy esasda alnyp barylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Eziz Diýarymyzda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda we başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasy yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeltmek we hilini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň tekliplerine laýyklykda, saglygy goramak boýunça maksatnama üstünlikli amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkymyzyň saglygy we abadançylygy baradaky hemmetaraplaýyn aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Şu maksat bilen, eziz Diýarymyzda saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek hem-de ösen halkara ölçeglere kybap getirmek, lukmançylyk ylmyny ösdürmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça çäreler ulgamlaýyn esasda amala aşyrylýar.

Şeýlelikde, ylmyň öňdebaryjy gazananlarynyň we dürli keselleriň öňüni almakda hem-de bejermekde täze tehnologiýalaryň ulanylmagyna, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu işleriň paýtagtymyzda we welaýatlarda talabalaýyk derejede ýola goýulmagy bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi we bu babatda ministre hem-de häkimlere birnäçe görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz ministre bu ugurda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn çäreleriň hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz degişli düzümiň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagynyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň biridigini belläp, «Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezini döretmek hakynda» Karara gol çekdi we ony elektron resminama dolanyşygy arkaly ministre iberdi hem-de bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, paýtagtymyzdaky täze lukmançylyk toplumy welaýatlaryň ugurdaş hassahanalary üçin usulyýet merkezi bolup hyzmat etmelidir. Munuň özi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýanyk şikeslerini bejermegiň häzirki zaman usullarynyň netijeli peýdalanylmagynda ähmiýetli bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we bu babatda ministre hem-de welaýatlaryň häkimlerine bilelikde iş alyp barmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Wise-premýer şu günler güýzlük bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň ýokary depginde dowam edýändigini aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady.

Eziz Diýarymyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, şol sanda halkymyzyň ýokary hilli una we çörek önümlerine bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak boýunça yzygiderli işleriň alnyp barylýandygy barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň degişli Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNISEF-niň arasynda özara düşünişmek hakynda uzak möhletleýin Ähtnama baglaşyldy. Onuň esasynda häzirki wagtda ýurdumyzda ýokary we birinji hilli bugdaý uny peýdaly «Premiks» azyk goşundysy bilen baýlaşdyrylýar. Ol foliý turşusynyň we demir sulfatynyň garyndysyndan durýar. Şeýle hem bu ugurdaky işler yzygiderli dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat toplumynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň pudakda bar bolan ägirt uly kuwwatyň doly durmuşa geçirilmegini, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we hojalygy dolandyrmagyň oňyn usullarynyň giňden ornaşdyrylmagyny, ugurdaş ylmyň ösdürilmegini hem-de önümçilik bilen ýakyn baglanyşygynyň üpjün edilmegini nazarlaýandygyny aýtdy.

Milli Liderimiz döwrüň obasenagat toplumynyň öňünde täze wezipeleri goýýandygyny aýdyp, şolaryň çözgüdiniň täzeçil, ulgamlaýyn we netijeli çemeleşmeleri talap edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň obasenagat toplumyny, onuň gaýtadan işleýän ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, oba hojalyk önümçiligini netijeli ösdürmek boýunça zerur çäreler durmuşa geçirilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine degişli kärhanalarda taýýarlanýan ýokary we birinji hilli bugdaý ununyň düzümini peýdaly serişdeler bilen baýlaşdyrmak üçin ÝUNISEF bilen «Premiks» azyk goşundysyny satyn almak hakynda goşmaça ylalaşygy baglaşmak hakynda resminama gol çekdi.Ony elektron resminama dolanyşyk ulgamy arkaly wise-premýere iberip, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda mundan beýläk-de azyk önümleriniň hiline, sagdyn iýmitlenmegiň kadalarynyň işjeň ornaşdyrylmagyna yzygiderli gözegçiligiň alnyp baryljakdygyny nygtady.

Iş maslahatynyň dowamynda döwlet Baştutanymyz «Sürüm we bejergi traktorlary hem-de oba hojalyk gurallary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny, çalgy ýaglaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak hakynda» Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynyň jemini jemläp, şu gün garalan meseleleriň we öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilmeginiň aýratyn wajypdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny we maşgala abadançylygyny hem-de ata Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlygynyň we mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Habarlar