Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

02.10.2020

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçmek bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy, obasenagat toplumynda telekeçiligiň ornuny artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. 2019-njy ýylda birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen «John Deere Walldorf Gmbh & Co.KG» kompaniýasynyň arasynda gol çekilen Özara düşünişmek hakynda strategik ylalaşyga hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 31-nji ýanwarynda gol çeken Kararyna laýyklykda, ady agzalan kompaniýadan 107 sany fiziki taraplar üçin oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň birinji tapgyryny karz serişdeleriniň hasabyna satyn almaga ygtyýar berildi.

Bu tehnikalaryň bir bölegi ýurdumyza gelip gowuşdy, galan bölegini şu ýylyň ahyryna çenli we käbir tehnikalary geljek ýylyň aprel aýyna çenli getirmek meýilleşdirilýär.

Ýeňillikli şertlerde döwrebap tehnikalaryň satyn alynmagy oba hojalygy bilen meşgullanýan hususy taraplaryň tehniki üpjünçiligini gowulandyrmaga we agrotehniki talaplara laýyklykda, ekin dolanyşygyny alyp barmaga uly mümkinçilikleri berýär.

Strategik ylalaşyga laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan “John Deere” kompaniýasynyň üpjün etmeginde hususy taraplar üçin satyn alynmagy teklip edilýän traktorlaryň hem-de beýleki oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň sanawy taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde telekeçileriň ornuny belledi. Soňky ýyllarda hususy ulgamyň wekilleriniň ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň, şol sanda oba hojalygynyň önümçilik ulgamlaryna gatnaşyk paýy artýar. Olaryň milli ykdysadyýetimizde ornunyň berkemegi bilen täze iş orunlary açylýar, bäsdeşlige ukyply harytlaryň görnüşleri we möçberi artýar.

Döwlet Baştutanymyz kiçi we orta işewürligi mundan beýläk-de höweslendirmegiň wajypdygyny aýdyp, degişli ugurda öňde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň işewürlik düzümlerini oba hojalyk önümleriniň önümçiligine işjeň çekmek üçin ähli şertleri döretmegiň zerurdygyny aýtmak bilen, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow gözegçilik edýän ýangyç-energetika toplumynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, içerki sarp edijileri güýz-gyş paslynda tebigy gaz bilen bökdençsiz we ygtybarly üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ilatly ýerleri “mawy ýangyç” bilen doly üpjün edilýär. Ugurdaş we hususan-da, ýerlerde ýyladyş enjamlarynyň tehniki ýagdaýyna hem-de ondan peýdalanmagyň düzgünleriniň berjaý edilişine yzygiderli gözegçilik amala aşyrylýar. Gazy tygşytly ulanmak we howpsuzlygyň degişli çärelerini yzygiderli berjaý etmek maksady bilen, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde düşündiriş işleri geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygy desgalaryny, kärhanalary, hassahanalary, mekdepleri we çagalar baglaryny gaz bilen durnukly üpjün etmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny nygtap, ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdelerini aýawly hem-de maksadalaýyk peýdalanmagyň wajypdygyna ýene-de bir gezek ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ileri tutulýan wezipeleriň pudagyň düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň we öňdebaryjy energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary işe ornaşdyrmagyň hasabyna energiýa netijeliligini ýokarlandyrmakdan ybaratdygyny aýtdy we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň barşy barada hasabat berdi.

Ekiş möwsümini agrotehniki kadalara laýyklykda geçirmek, şol sanda oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň bökdençsiz işledilmegini, gallaçy kärendeçileri bugdaýyň ýokary hilli tohumlary bilen üpjün etmek boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär. Welaýatlaryň toprak-howa aýratynlyklaryndan ugur alnyp, ekiş geçirilen ýerlerde bolsa gögeriş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär.

Şeýle hem wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa dowam edýän pagta ýygym möwsümi, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak hem-de kabul ediş harmanhanalaryna bökdençsiz daşamak maksady bilen görülýär anyk çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň ilatyny Diýarymyzda öndürilýän önümler bilen üpjün etmek boýunça obasenagat toplumynyň öňünde goýlan wezipelerden ugur alnyp ähli welaýatlarda gök-bakja önümleri, miweleri ýygnap almak hem-de içerki bazarlarda ýerlemek babatda işler alnyp barylýar. Şeýle hem güýzlük ekilen beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg işleri dowam edýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, obada bazar gatnaşyklarynyň kemala gelmegine, pudagyň tehniki we tehnologiýa taýdan enjamlaşdyrylyşynyň derejesini ýokarlandyrmaga ýardam etmäge, ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk önümleriniň durnukly artdyrylmagyny üpjün etmäge gönükdirilip, bu ulgamda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň möhümdigini nygtady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pagta ýygymyny has oňaýly möhletde geçirmelidigini, geljek ýyl bereketli hasyl almak üçin bugdaý ekilen meýdanlara zerur ideg etmek boýunça sazlaşykly işleri üpjün etmelidigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz agrotehniki çäreleri öz wagtynda ýerine ýetirmegiň, hojalygy dolandyrmagyň öňdebaryjy usullaryny hem-de pudaga häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny ornaşdyrmagyň zerurdygyny belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra göni wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy, şol sanda gurluşyk senagaty we elektroenergetika pudaklarynda ýurdumyzyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak boýunça möhüm wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.

Öňdebaryjy dünýä tejribesiniň öwrenilmegi hem-de ösüşlere beslenen tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy gurluşyk pudagyny innowasion taýdan ösdürmegiň baş ugry hökmünde kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek üçin ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek we Diýarymyzyň bäsdeşlige ukyply täze önümleriniň dünýä bazarlaryna çykarylyşyny özleşdirmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek babatda maksadalaýyk işler alnyp barylýar.

Şeýle hem wise-premýer elektron senagatyny ösdürmek hem-de import harytlarynyň ornuny tutýan önümleri öndürmek maksady bilen, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň alyp barýan işleri barada hasabat berdi.

Şol maksat bilen dürli elektron önümlerini öndürýän «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti döredildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu gün ýurdumyzyň senagat pudagynyň öňünde durýan ilkinji derejeli wezipeleriň iň döwrebap senagat toplumlarynyň depginli ösüşini üpjün etmekden, ykdysadyýetiň innowasion nusgasyna geçmekden ybaratdygyny belledi. Ylmy pudaklaryň maýa goýum taýdan özüne çekijiligi köp babatda ýokary tehnologiýaly önümçilikler bazarynyň ýagdaýy bilen kesgitlenilýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň möhümdigine ünsi çekip, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny senagatlaşdyrmak boýunça maksatnamalary öz wagtynda berjaý etmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz içerki bazary ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümler bilen üpjün etmek bilen birlikde, daşarky bazarlara eksport etmegi hem ýola goýmaga gönükdirilen gurluşyk senagatynyň kuwwatlyklarynyň yzygiderli artdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini nygtap, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow “Lapis-Lazuli” we Aşgabat Ylalaşyklaryna laýyklykda, daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistana gelýän hem-de onuň çäginden üstaşyr geçýän awtoulag tirkegleriniň we ýarym tirkegleriniň eýelerinden alynýan tölegleriň möçberlerini kesgitlemek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň çäk taýdan amatly ýerleşmegi Ýewraziýanyň möhüm üstaşyr-ulag halkasy hökmünde onuň barha artýan derejesini kesgitleýär. Döwletimiz milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda bu ulgamda bar bolan ägirt uly kuwwaty doly amala aşyrmaga gyzyklanma bildirip, sebit hem-de yklym ähmiýetli logistiki mümkinçilikleri peýdalanmak üçin amatly şertleri döredýär.

Wise-premýer halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, üstaşyr geçýän ýükleriň mukdaryny artdyrmak maksady bilen, daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistana gelýän we onuň çäginden üstaşyr geçýän awtoulag serişdeleriniň we motosiklleriniň eýelerinden alynýan ýygymlaryň hem-de tölegleriň möçberlerini seljermek boýunça Pudagara toparynyň döredilendigini habar berdi.

Pudagara toparynyň ikinji mejlisinde ýurdumyza gelýän awtoulag serişdeleri üçin ýeke-täk nyrhy girizmek hem-de awtoulag tirkegleriniň we ýarym tirkegleriň eýelerinden alynýan ýygymlaryň möçberine seljerme işlerini geçirmek teklip edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmagyň hem-de Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlarynda gatnawlary we halkalary baglanyşdyrýan esasy ýollar boýunça düzümleri has-da giňeltmegiň ýakyn geljek üçin möhüm wezipeleriň hatarynda durýandygyny nygtady.

Milli Liderimiz ulag ulgamyndaky taslamalaryň, şol sanda Merkezi Aziýa üçin Türkiýä çykalgasy bolan Modal ýoluny döretmegiň hem-de Owganystan-Türkmenistan- Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe we Ýewropa-Kawkaz-Aziýa (TRASEKA) ulag geçelgelerini işjeňleşdirmegiň wajypdygyny belläp, bu möhüm ugurlary kemala getirmegiň Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek maksady bilen baglylykda, örän uly äzmiýete eýedigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Beýik Ýüpek ýolunyň eýeleýän taryhy ornuny täzeden dikeltmegiň BMG-niň yglan eden Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, ynanyşmak ýörelgelerinde Ýewropa bilen Aziýanyň halklarynyň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatda örän uly ähmiýete eýedigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz onlarça ýurtlaryň üstünlikli peýdalanýan ulag-üstaşyr ulgamynyň ygtybarlylygyny üpjün etmek babatda geçirilýän giň gerimli işleriň möhümdigini ýene-de bir gezek nygtady hem-de wise-premýere ýükleriň hem-de ýolagçylaryň üstaşyr-ulag geçirilişiniň möçberini has-da artdyrmak we çäklerini giňeltmek boýunça tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly dokma kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Italiýa Respublikasyna bolan resmi saparynyň çäklerinde hem-de birinji Hazar ykdysady forumynyň barşynda gol çekilen ylalaşyklary we şertnamalary durmuşa geçirmek boýunça maksadalaýyk işleriň dowam edýändigini habar berdi.

Şol resminamalaryň hatarynda Dokma senagaty ministrliginiň Italiýanyň “Cormatex Srl” kompaniýasy bilen dokma pudagynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky ähtnamasy bar. Resminama laýyklykda, Baýramalynyň dokma toplumynyň hem-de Daşogzuň pagta egirme fabriginiň binýadynda birnjäçe önümçilikleri döretmek göz öňünde tutulýar.

Meýilleşdirilen işleri amala aşyrmak üçin türkmen hünärmenleri tarapyndan dokma kärhanalary döwrebaplaşdyrylar, täze önümçilikleriň enjamlaşdyrylmagyny bolsa “Cormatex Srl” kompaniýasy üpjün eder.

Wise-premýer hasabatynyň dowamynda Diýarymyzyň dokma kärhanalarynyň ekologiýa taýdan arassa önümleriniň ýerli sarp edijiler tarapyndan bolşy ýaly, daşary ýurt bazarlarynda-da ýokary islegden peýdalanylýandygyny aýtdy. Dokma senagaty ministrliginiň hünärmenleri tarapyndan milli nyşanlarymyzy döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Hususan-da, “Bedew” nyşanly jins önümleri, “Bürgüt” nyşanly sport egin-eşikleri, “Gala” nyşanly tikin-örme önümleri, “Ýeňiş” nyşanly erkek köýnekleri giň meşhurlyga eýe boldy.

Şunuň bilen bir hatarda, “Goza” hem-de “Wada” nyşanly harytlaryň önümçiliklerini we satylyşyny artdyrmak boýunça çäreler görülýär. Bu bolsa ýurdumyzyň ýokary hilli önümleriniň mahabat edilmegine, görnüşleriniň giňeldilmegine we eksport edilmegine ýardam berýär.

Wise-premýer sarp edijileriň artýan islegini kanagatlandyrmak maksady bilen, çagalara hem-de uly ýaşly adamlara niýetlenen güýz möwsümi üçin egin-eşikleriň täze nusgalarynyň işlenilip taýýarlanandygyny habar berip, milli Liderimize olaryň nusgalaryny görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde türkmen dokmasynyň öňdebaryjy tehnologiýalaryň, ýurdumyzyň we dünýäniň iň oňat tejribesini peýdalanmagyň esasynda, bu ulgamyň depginli ösdürilmegi netijesinde, diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem öz bäsdeşlige ukyplylygyny yzygiderli artdyrýandygyny nygtady.

Dokma senagaty ägirt uly serişde kuwwaty babatda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň gaýtadan işleýän ulgamynyň depginli ösüşiniň nusgasyna öwrüldi. Pudagyň önümçilik binýady yzygiderli kämilleşdirilýär, ýokary hilli taýýar önümleriň görnüşi yzygiderli giňeldilip, daşary ýurtly öndürijileriň önümleriniň ýerini ynamly eýeleýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Ýurdumyzda öndürilýän dokma önümleriniň halkara hil we ekologiýa howpsuzlygynyň ölçeglerine kybap gelmegine aýratyn üns berilmelidir. Türkmen hünärmenleri içerki bazaryň isleglerini öwrenmek bilen, ilatyň möwsümleýin isleglerinden ugur alyp, eşikleriň täze görnüşlerini hem-de beýleki harytlary işläp taýýarlamalydyrlar we önümçilige goýbermelidirler diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi hem-de bu babatda wise-premýere tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz dokma önümlerini daşary ýurtlarda has-da işjeň öňe ilerletmek üçin degişli maglumat-habar beriş goldawynyň hem möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň dowamynda “Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine “Mary deri-aýakgap” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmäge esaslandyryjy hökmünde gatnaşmaga ygtyýar bermek hakynda” Karara gol çekip, ondan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek bilen bagly degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa «Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakyndaky» kararyň taslamasy barada hasabat berdi.

Onuň çäklerinde 2021-nji ýylyň awgust-sentýabr aýlarynda ýaş aýdymçylaryň “Ýaňlan, Diýarym!” atly telebäsleşigini hem-de zehinli çagalaryň arasynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” atly bäsleşigi geçirmek we jemlemek meýilleşdirilýär. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň hormatyna Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy ugrunda geçiriljek bäsleşigi 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda jemlemek meýilleşdirilýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň we onuň çäklerinde geçirilýän ýaş zehinleriň döredijilik bäsleşiginiň ähmiýetini belläp, olara gatnaşyjylaryň we täze ugurlaryň sanyny artdyryp, şeýle çäreleriň gerimini giňeltmek gerek diýip belledi.

Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ony resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow milli Liderimiziň başlangyjy boýunça hem-de ýolbaşçylygynda ilatyň saglygyny goramaga we keselleriň öňüni almaga hem-de jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge we pugtalandyrmaga gönükdirilip, alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Dünýäde epidemiologiki ýagdaýyň ýüze çykan ilkinji pursatlaryndan başlap, ýurdumyzda bu howpa garşy giň möçberli zerur işler amala aşyrylýar. Öz wagtynda netijeli gorag çäreleri geçirilip, bu ýiti ýokanja garşy göreşmek boýunça guramaçylyk, hukuk, maliýe, ykdysady, lukmançylyk we arassaçylyk-karantin häsiýetli ýeke-täk milli strategiýa işlenip düzüldi.

Ýurdumyzyň çägini arassaçylyk taýdan goramak we howply ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň berýän tabşyryklaryna hem-de “Türkmenistanyň Döwlet serhedi hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 221-nji maddasyna laýyklykda «Türkmenistanyň Döwlet serhediniň üstünden geçilýän gözegçilik-geçiriş ýerlerinde ilatyň saglygyna köpçülikleýin zyýan ýetirip biljek islendik hadysalar ýüze çykan ýagdaýynda gözegçiligiň aýratyn we has güýçlendirilen goşmaça görnüşlerini geçirmegiň Tertibini tassyklamak hakyndaky» kararyň taslamasy taýýarlanyldy.

Milli Liderimiziň garamagyna hödürlenen resminamanyň taslamasynda Türkmenistanyň Döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerlerinde gözegçiligiň aýratyn we has güýçlendirilen goşmaça görnüşleri göz öňünde tutulyp, awtomobil we demirýol ulaglarynda zyýansyzlandyryş –dezinfeksiýa işleriniň hem-de ulaglaryň ähli görnüşlerinde getirilýän karantina degişli önümlerde geçirilýän ilkinji barlaglaryň netijesine laýyklykda, mör-möjeklere garşy zyýansyzlandyryş – fumigasiýa işleriniň geçirilmegi düzgünleşdirilýär.

Köpsanly keselleriň öňüni almakda aýratyn ähmiýete eýe bolan waksinalaryň we beýleki immune serişdeleriň yzygiderli satyn alynmagy hasabatyň beýleki bir möhüm meselesi boldy.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi boýunça geçirilen işleriň çäklerinde bu ugurda halkara guramalary, hususan-da, ÝUNISEF bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk berkidilýär. Türkmenistanda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça sanjymlaryň gurşawyny ýokary derejede saklamakda gazanylan üstünlikler halkara guramalary tarapyndan ykrar edildi.

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama esasynda 2016-2020-nji ýyllar üçin waksina we beýleki sanjym serişdeleri yzygiderli satyn alynýar. Köp ýyllyk hyzmatdaşlygyň çäginde täze waksinalaryň ulanylmagyny öwrenmek, ýokanç kesellere garşy çalt we netijeli göreş çärelerini geçirmek hem-de öňdebaryjy innowasion usullary durmuşa ornaşdyrmak boýunça degişli işler dowam edýär.

Wise-premýer şu ýyl bu ähtnamanyň we onuň goşmaça Ylalaşygynyň möhletiniň tamamlanýandygyny nazara almak hem-de ýurdumyzda immune-öňüni alyş işini kämilleşdirmek maksady bilen, 2021-2025-nji ýyllar üçin waksinalary we immunizasiýa üçin enjamlary satyn almagyň Meýilnamasynyň taslamasynyň taýýarlanylandygyny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, soňky ýyllarda ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak we keselleriň öňüni almak boýunça giň gerimli işleriň geçirilendigini kanagatlanma bilen belledi.

Bu işde abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir. BMG-niň Çagalar gaznasynyň goldaw bermeginde Türkmenistan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan ygtyýarlandyrylan immunobiologik serişdeleri yzygiderli satyn alýar.

“Immunoprofilaktika” milli maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistanda ýokanç keseller bilen kesellemegiň sany ep-esli azaldy. Şol maksatnamada sebitde has giň ýaýran kesellerden goranmak üçin ilatyň hökmany sanjymy göz öňünde tutulýar. Mälim bolşy ýaly, görülýän çäreleriň netijesinde Türkmenistan drakunkulýozyň eliminasiýasy hakyndaky, çagalar poliomiýelitiniň we gyzdyrma keseliniň doly ýok edilendigi baradaky halkara güwänamalaryna mynasyp boldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu möhüm ugurda amala aşyrylýan işleriň wajypdygyny nygtap, saglygy goraýyş ulgamynda dünýäniň iň gowy tejribesini öwrenmegiň hem-de gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar—halkara guramalary we degişli lukmançylyk düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýokarda agzalan Kararlara gol çekip, olary elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi hem-de degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. ÝB bilen diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylyň fewralynda ýola goýuldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2007-nji ýylyň noýabrynda Ýewropa Bileleşiginiň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýeri bolan Brýussel şäherine bolan ilkinji resmi sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge kuwwatly itergi berip, ony hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etdi.

Şondan soňra Ýewropa Komissiýasynyň başlygy, ÝB-niň wekiliýetleri we ýokary wezipeli wekilleri ýurdumyza sapar bilen geldiler. Türkmenistanyň wekiliýeti hem birnäçe gezek Brýussele sapar bilen ugradyldy.

Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek babatda 2020-nji ýylyň dowamynda onlaýn görnüşinde çäreleriň birnäçesi, şol sanda “Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi” bilelikdäki komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.

ÝB bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek hem-de gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek maksady bilen, özara gatnaşyklaryň energetika, durnukly ulag, söwda we ykdysadyýet ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça teklipler taýýarlanyldy.

Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen, ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyga, bilim ulgamynda täze taslamalary işläp taýýarlamaga, saglygy goraýyş ulgamy boýunça gatnaşyklara möhüm ähmiýet berilýär. Saglygy goraýyş ulgamynda ÝB-niň we BSGG-niň aýratyn howply ýokanç kesellere garşy göreşmek baradaky sebit maksatnamasynyň esasynda Türkmenistan boýunça çäreleriň meýilnamasy taýýarlanyldy we ol durmuşa geçirmek üçin teklip edilýär.

Ýokarda agzalan ugurlaryň ählisi boýunça degişli ikitaraplaýyn duşuşyklary guramak teklip edilýär.

Häzir şu ýylyň oktýabrynda Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň derejesinde howpsuzlyk meseleleri boýunça nobatdaky gepleşikleri, noýabr aýynda bolsa “Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi” parlamentara duşuşygyny geçirmegiň mümkinçiliklerine garalýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň mundan beýläk-de Ýewropa Bileleşigi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy we giňeltmegi göz öňünde tutýandygyny nygtady. Häzirki wagtda şol hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde okgunly ösdürilýär.

Ýewropa Bileleşigi bilen ilkibaşdan deňhukuklylyk, uzakmöhletleýin esasda guralýan gatnaşyklar uly tejribä eýedir we köp ugurlary öz içine alýar. Köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi milli hem-de sebit taslamalarynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär.

Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, Ýewropa Bileleşiginiň söwda we maýa goýum ulgamynda ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlarynyň biridigini belledi. Bu gün Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, senagatlaşdyrmaga hem-de sanly ulgama geçirmäge, durmuş ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler bilen baglylykda, netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin täze mümkinçilikler açylýar.

Däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary, hususan-da, ylym we bilim, öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin oňat mümkinçilikler bar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, daşary işler ministrine ähli degişli meseleleri çözmäge toplumlaýyn çemeleşmek esasynda Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyk boýunça teklipleriň üstünde içgin işlemegi tabşyrdy.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa milli Liderimiziň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde öňde goýan wezipelerinden hem-de “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky” Konstitusion kanundan gelip çykýan wezipelerden ugur alyp, Parlamentiň ýerine ýetirýän işleri barada habar berdi.

Bu işleriň çäginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiň hukuk esaslaryny kadalaşdyrýan “Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna ara alyp maslahatlaşmak üçin ugradyldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine, “Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň Administratiw iş ýörediş kodeksiniň, Türkmenistanyň Raýat we Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň rejelenen görnüşleriniň, “Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda Kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam etdirilýär.

Parlamentiň Başlygy geçen aýda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň halkara düzümleriň gatnaşmagynda onlaýn çäreleriniň birnäçesine, şol sanda “Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2016-2020-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasynyň” ýerine ýetirilişi, Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyny maliýeleşdirmek meseleleri boýunça, parlamentleriň zenan agzalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk, sebitde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, suw serişdelerini dolandyrmak meseleleri boýunça çärelere gatnaşandyklaryny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Konstitusiýasyna girizilen üýtgetmelere we goşmaçalara ünsi çekip, olaryň many-mazmunyny ýerlerde, welaýatlarda, etraplarda, şäherlerde we obalarda düşündirmegiň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen taryhy çözgütler bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde içgin işlemegiň wajypdygyny nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryny üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, gözegçilik edýän düzümleriniň alyp barýan işleri hem-de çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby hullukçylary ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan boşatmak hem-de raýatlary harby gulluga çagyrmak boýunça geçirilýän işleriň barşy hakynda hasabat berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini has-da kämilleşdirmek, ilkinji nobatda, degişli ugurda iň gowy dünýä tejribesini işjeň özleşdirmegiň, ýokary derejeli hünär ussatlaryny, jogapkärli hünärmenleri taýýarlamagyň hasabyna kämilleşdirmek boýunça degişli çäreleri görmegiň zerurdygyny aýtdy.

Goranyş häsiýetli Harby doktrinada kesgitlenen möhüm wezipelerden ugur almak bilen, geljekde hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidiler, olaryň şahsy düzümi hakynda alada edilip, durmuş meselelerini çözmek üçin şertler dörediler diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz mejlisiň jemini jemläp, şu gün garalan meseleleriň möhümdigine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy bilen baglanyşykly mesele barada durup geçip, şanly senä gabatlanylyp ulanylmaga beriljek desgalardaky işleriň ýokary hilli we bellenen möhletde tamamlanmagyna gözegçilik etmegiň hem-de baýramçylyk çärelerine ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmegi üpjün etmegiň möhümdigini belledi.

Milli Liderimiz öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna ähli pudaklaryň okgunly döwrebaplaşdyrylmagyna, döwlet dolandyryşynyň usullaryny kämilleşdirmäge we ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmäge hem-de dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna ynamly goşulyşmagyna gönükdirilen sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmegiň ähmiýetini nygtady.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

* * *

Soňra mejlisde wise-premýer Ş.Durdylyýewiň hasabaty bilen baglylykda, senagat we gurluşyk önümçiligi ministri S.Berdimuhamedow milli Liderimize ýurdumyzyň elektron senagatyny ösdürmek hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.


Döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyrygyna laýyklykda, bu ministrlik ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen bilelikde dürli döwrebap enjamlarynyň önümçiligini ýola goýmak boýunça anyk çäreleri görýär.


Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň elektron önümlerini çykarmaga taýýarlanylýan nusgalarynyň görkezilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.


Bu ýerde ölçegi 65 dýuýmli täze smart telewizorlar, iki simkartly öýjükli telefonlar, smartfonlar (smart telefonlar), döwrebap monobloklaryň dürli görnüşleri we kondisionerler, internet ulgamyny paýlaýjylar—routerler, şeýle hem agyz suwuny sowatmak we gyzdyrmak üçin niýetlenen kullerler görkezildi.


Şolaryň önümçiligini giňden ýola goýmak boýunça işleri bilelikdäki «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti alyp barýar. Bu jemgyýet Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň paýly gatnaşmagynda (49 göterim) döredildi.


Hojalyk jemgyýeti eýýäm dürli görnüşli LED lampalaryň, okuwçylar üçin öwrediji kompýuterleriň we netbuklaryň, ölçegleri 32, 42 we 55 dýuýmli täze smart telewizorlaryň önümçiligini, ýakynda bolsa 65 dýuýmli telewizorlaryň önümçiligini ýola goýdy.


Ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri elektron senagatyna degişli önümleriň aýratynlyklary, olaryň önümçiliginde ulanylýan täzeçil tehnologiýalar barada gürrüň berdi. Hususan-da, täze telewizoryň artykmaçlyklary barada aýdyp, ministr onuň kompýuterlere, aragatnaşyk routerlerine we beýleki degişli enjamlara birikdirmek mümkinçiligine eýedigini we onuň bir dolandyryş enjamy arkaly dolandyrylýandygyny habar berdi.


Ýurdumyzda öndürilen dürli görnüşli ýokary hilli önümler Garaşsyz Watanymyzyň innowasiýalar hem-de ylmy-tehniki ösüşiň ýoly bilen öňe tarap okgunly barýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda öz elektron senagatymyz kemala gelýär, uly isleg bildirilýän elektron we elektrotehniki önümleriň çykarylyşy ýola goýulýar.


Şunuň bilen baglylykda, öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek, ylmy esasda pudaklaýyn önümçiligi ösdürmek, bilelikdäki kärhanalary döretmek meselelerine uly ähmiýet berilýär.


Bu köpugurly işde ýurdumyzyň telekeçilerine ähmiýetli ornuň degişlidigini bellemek gerek. Olar esasan ýerli çig maly peýdalanmagy, döwrebap öňdebaryjy tehnologiýalary öwrenmegi we işjeň ornaşdyrmagy ugur edinýärler.


Döwletimiz hususylaşdyrmagy dowam etmek bilen, hususy ulgama uly goldaw berýär. Elektron senagatynyň ilkinji nusgasy – bilelikdäki “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetiniň bu ugurdaky tejribesi aýdyň mysalydyr, çünki, ol netijeli döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň ýokary derejedäki görnüşi bolup durýar.


Öndürilýän önümleriň aýratynlyklary we görnüşleri baradaky gürrüňi dowam edip, ministr hormatly Prezidentimizden önümçiligi täze ýola goýlan telewizora, kompýutere, ykjam telefonlara we beýleki enjamlara at dakyp bermegini haýyş etdi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow elektron senagatynyň ösdürilmelidigine we enjamlaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekip, bu işleriň ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagyny şertlendirmek bilen bir hatarda, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda aýratyn ähmiýetini belledi.


Döwlet Baştutanymyz bu ýerde görkezilen 65 dýuýmli 4 smart telewizora “Älem”, ýurdumyzda öndürilýän monoblok görnüşli kompýutere bolsa “Şowly” diýlip at dakylsa, maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Mundan başga-da, Smart görnüşli telefony “Milli”, öýjükli telefonlaryň iki simkartly kiçi görnüşlisini bolsa “Körpe” diýip atlandyrmak teklip edildi. Şeýle hem milli Liderimiz häzirki döwürde işjeň ulanylýan “Internet ulgamyny paýlaýjy” enjama-- routora “Uçgun”, gündelik hojalygyň zerur enjamy bolan agyz suwuny sowadyjy we gyzdyryjy enjama “Teşne”, split görnüşli kondisioneri bolsa “Mylaýym” diýip atlandyrmagy maslahat berdi.


Habarlar