Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi

25.09.2020

Şu gün Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda göni wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi.

Pederlerimiziň asylly dessurlaryna, milli jemgyýetimiziň demokratik ýörelgelerine we gadymy halk häkimiýetlilik däplerine esaslanýan umumymilli maslahatyň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler girizildi. Olaryň oňyn çözgüdi ýurdumyzyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşini, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün eder.

Ýeri gelende aýtsak, bu gezekki mejlisiň jemleri boýunça “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi onuň taryhy ähmiýetini äşgär eder. Şeýlelikde, ýurdumyzda milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylan özgertmeler demokratik ýörelgelere hil taýdan täze itergi berip, Watanymyzyň şöhratly taryhyna möhüm sahypany ýazýar.

Halk Maslahatynyň mejlisine göni wideoaragatnaşyk arkaly Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň häkimleri, şeýle hem Halk Maslahatynyň agzalary, edaralaryň we kärhanalaryň köpsanly işgärleri, hormatly ýaşulular, ak gyňaçly eneler hem-de ýaşlar gatnaşdylar.

Forumy geçirmek üçin milli Liderimiz paýtagtymyzyň Ruhyýet köşgüne geldi. Şol ýerde mejlise gatnaşyjylaryň ählisi bilen göni wideoaragatnaşyk üçin ýörite uly monitorlar goýuldy. Hemmeler şowhunly el çarpyşmalar bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy gutladylar.

Ählihalk forumyna gatnaşyjylara ýüzlenip, döwlet Baştutanymyz dünýäde emele gelen häzirki çylşyrymly ýagdaýlar zerarly Halk Maslahatynyň şu günki mejlisiniň wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýändigini belledi. Şeýlelikde, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň wekilleri Ruhyýet köşklerinde jem boldular. Ahal welaýatynyň wekilleri “Ak öý” binasyna, Aşgabat şäheriniň wekilleri bolsa paýtagtymyzyň “Mekan” köşgüne ýygnandylar.

Dabaraly pursat gelip ýetdi. Türkmenistanyň Prezidenti, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisini açyk edip yglan edýär.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy.

Milli Liderimiz umumymilli foruma gatnaşyjylary we ýurdumyzyň ähli halkyny jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň durmuşynda şanly waka bolan Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň açylmagy hem-de Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramçylygy bilen gutlap, hemmelere iň gowy arzuwlaryny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, “Türkmenistan-- Bitaraplygyň mekany” ýylynda geçirilýän Halk Maslahaty kuwwatly Watanymyzyň ýylýazgysyna altyn harplar bilen ýazylar. Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzda konstitusion özgertmeleriň täze tapgyryna badalga berildi hem-de Esasy Kanuny kämilleşdirmek boýunça başlangyç öňe sürüldi.

Bu özgertmeleriň baş maksady Türkmenistanyň Halk Maslahaty we Mejlis ýaly ýokary wekilçilikli guramalaryň işini kämilleşdirmekden ybaratdyr. Ol jemgyýetimiziň we döwletimiziň ýokary gymmatlygy bolan adamlara hem-de olaryň bähbitlerine gulluk eder. Şeýle hem kanun çykaryjylyk guramanyň iki palataly düzümini döretmek, demokratik edaralaryň işini täze derejä çykarmak başlangyçlary öňe sürüldi.

Bu gezekki foruma gatnaşyjylaryň onuň gün tertibi bilen tanşandyklaryny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün ara alnyp maslahatlaşyljak meseleler hem-de resminamalar boýunça haýsydyr bir teklipleriň ýa-da bellikleriň bardygy bilen gyzyklandy.

Ählihalk forumyna gatnaşyjylaryň biragyzdan goldamagy bilen, milli Liderimiz Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibiniň tassyklanandygyny yglan etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz uly maksatnamalaýyn çykyşyna başlady.

Umumymilli foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, döwlet Baştutanymyz ýene sanlyja günlerden milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän baş baýramçylygyň giňden we dabaraly belleniljekdigini aýtdy.

Biz Garaşsyzlyk gününe baýramçylyklarymyzyň we dabaralarymyzyň esasy hökmünde aýratyn gadyr goýýarys. “Türkmenistan--Bitaraplygyň mekany” şygary astynda geçýän ýylda bu taryhy senäni şanly wakalar we uly üstünlikler bilen garşylaýarys diýip, milli Liderimiz belledi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýokary depginler bilen durnukly ösýän ykdysadyýetli häzirki zaman döwletini gurmak, adalatly raýat jemgyýetini berkarar etmek, ýaşamak üçin amatly şertleri döretmek ugrunda ýurdumyzda ägirt uly işler amala aşyryldy. Şonuň netijesinde, döwlet we jemgyýetçilik gurluşy düýpgöter özgerdi.

Berkarar döwletimiz gülläp ösüşiň, bagtyýar durmuşyň, döredijilikli zähmetiň gaýnap joşýan mekanyna, ynsan arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurduna öwrüldi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Mähriban Watanymyz dünýäniň senagat taýdan ösen, kämil syýasy ulgamy bolan, adalatly we demokratik jemgyýetli ýurtlaryň derejesine çykarmak baradaky baş maksat amala aşyryldy.

Döwletimiziň tebigy baýlyklaryny we mümkinçiliklerini ulanyp, ösen ulag-logistika düzümli, ýokary öndürijilikli täze pudaklary hem-de senagat önümçilikleri döredildi. Amala aşyrylýan işleriň netijesinde, raýatlarymyz dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen üpjün edildi. Bu üstünlikler mähriban halkymyzyň agzybirligi, zähmetsöýerligi we ruhubelentligi netijesinde gazanyldy.

Türkmenistan özbaşdak ösüş ýoluna gadam basan ilkinji günlerinden başlap, halkara syýasatynda milli hem-de ählumumy bähbitleri nazara alyp, özüni Bitarap döwlet diýip yglan etdi we hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak, adalatlylyk hem-de deňhukuklylyk ýörelgelerine berk eýerip gelýär. Bütin dünýäde ählumumy parahatçylyga, howpsuzlyga hem-de abadançylyga gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Bitarap ýurdumyz häzire çenli dünýäniň 149 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Halkara guramalarynyň 50-ä golaýynyň agzasy bolmak bilen bir hatarda, halkara konwensiýalarynyň, şertnamalarydyr beýleki köptaraplaýyn resminamalarynyň hem 150-den gowragyna gatnaşýar.

Biz Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Birleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalary, Aziýa hem-de Ýuwaş ummany sebitleriniň döwletleri, Orta we Ýakyn Gündogar, Ýewropa hem-de Amerika ýurtlary bilen dürli ugurlardaky gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýäris diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Türkmenistan BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmaga hem öz mynasyp goşandyny goşýar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi hem-de bu guramanyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, halkara forumlarynda suw, energetika we ulag diplomatiýasy boýunça öňe sürýän başlangyçlarymyz dünýä bileleşiginiň Garaşsyz ýurdumyza bolan ynamyny barha ýokarlandyrýar diýip nygtady.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde “2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” baradaky kararnamanyň kabul edilmegi parahatçylygyň hem-de dostlugyň berkarar bolmagy ugrundaky tagallalarymyzy bütin dünýä äşgär edip, Bitarap Türkmenistanyň abraýyny has-da artdyrýan taryhy waka öwrüldi.

Ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly baýramynyň giňden we dabaraly bellenilýän ýylynda berkarar döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75­nji mejlisiniň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanmagy ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine, parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga hem-de giň halkara hyzmatdaşlygyna esaslanýan daşary syýasat ugrunyň ýokary abraýa eýe bolandygynyň ýene-de bir aýdyň mysalydyr.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasynyň synçysy derejesine eýe bolmagynyň milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşini, daşary söwda gatnaşyklarynda eýeleýän ornunyň berkemegini, köptaraply hyzmatdaşlygyň giňelmegini, daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmegi üpjün etjekdigini belledi. Şeýle hem geljegi uly täjirçilik we söwda strategiýasyny işläp taýýarlamakda hem-de üstünlikli durmuşa geçirmekde bu derejäniň uly ähmiýeti bolar.

Biz hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýymyza, geosyýasy we geoykdysady şertlerimize, ägirt uly serişde hem-de adam mümkinçiliklerimize daýanyp, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň birine öwürdik diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz şu ýylyň dekabr aýynda örän möhüm senäniň – Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň şanly 25 ýyllyk baýramynyň bellenip geçiljekdigini aýtdy.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň ýene-de biri barada durup geçdi.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, 2020-nji ýylda dünýäde örän ýiti koronawirus keseli giňden ýaýrady. Bu ýokanç ähli döwletleriň ykdysadyýetine ýaramaz täsirini ýetirdi.

Biz dünýäde dowam edýän bu çylşyrymly maliýe-ykdysady şertlere garamazdan, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegini gazandyk, köp möçberdäki maliýe serişdelerimizi ätiýaçda saklamagy başardyk diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kanagatlanma bilen belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy ösdürmegiň bäş ýyl üçin maksatnamasynyň geçen ýyl geçirilen Halk Maslahatynda tassyklanandygyny belläp, häzirki kynçylykly şertlerde bu maksatnamany doly möçberde ýerine ýetirmek üçin ähli çäreleri görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Esasy maliýe guralymyz bolan Döwlet býujetine serişdeleriň gelip gowuşmagyny üpjün etmelidiris. Sebäbi amala aşyrylýan ýaşaýyş-durmuş ugurly maýa goýumlarymyzyň aglabasy Döwlet býujetiniň hasabyna ýerine ýetirilýär.

Döwlet býujetiniň serişdeleriniň 70 göterimden hem gowragyny durmuş maksatly ugra, şol sanda welaýatlarda obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň, etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek işlerine gönükdirýäris. Geljek ýyl hem Döwlet býujetiniň hasabyna welaýatlarda hem-de paýtagtymyzda maýyplar we goldawa mätäç raýatlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmagy dowam ederis diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Döwrüň talaplaryna laýyklykda, bank hyzmatlary hem ösýär. Hasaplaşyklaryň tizligini, serişdeleriň dolanyşygyny çaltlandyrmak maksady bilen, bank ulgamynda elektron tölegler ulgamynyň gerimi giňelýär. Biz geljekde maliýe-ykdysady, bank-karz işlerini düýpli seljermek bilen, ykdysady özgertmeleri oýlanyşykly dowam etmelidiris diýip, milli Liderimiz belledi.

Ykdysadyýetimiziň önümçilik maksatly ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilýän karz serişdeleriniň möçberini artdyrmak ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Kiçi önümçilikleri höweslendirmek, ilat üçin karz-maliýe serişdeleriniň möçberlerini köpeltmek, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça işleri geçirmelidiris. Karz göterimleriniň elýeterli bolmagy, bank goýumlaryny kepillendirmek üçin çäreleri hem göz öňünde tutmalydyrys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz raýatlarymyzyň durmuş goraglylygy barada hemişe alada etmegiň wajypdygyny belläp, şu ýyl hem zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň ýokarlandyrylandygyny aýtdy. Mundan başga-da, Döwlet býujetinden berilýän pul serişdeleriniň uly bölegi bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryna, Pensiýa gaznasyna gönükdiriler.

Türkmenistan –gurýan ýurtdur, kuwwatly döwletdir. Ýurdumyzda amala aşyrylýan gurluşyklar Garaşsyz Watanymyzyň dünýäde kuwwatly hem-de ähli ugurlar boýunça ösýän döwletdigini aýdyň görkezýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi hem-de anyk mysal hökmünde birnäçe sanlary we maglumatlary getirdi.

Häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 37 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan 2,5 müňe golaý iri desganyň gurluşygy alnyp barylýar.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, şäher we oba ýerlerini ösdürmek, ýurdy senagatlaşdyrmak, ulag-logistika düzümlerini döretmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Aşgabat şäherinde deňi-taýy bolmadyk täze iri ýaşaýyş jaý toplumynyň, Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň çäklerinde, şeýle hem berkarar Watanymyzyň dürli künjeklerinde döwrebap täze obadyr şäherçeleriň gurluşyklary ýokary depginde dowam edýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň diňe Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýylyň 1-nji sentýabryndaky ýagdaýa görä, ýurdumyzda 1 milliard 765 million manatdan hem köp möçberde düýpli maýa goýumlary özleşdirildi. Şu döwürde 2 sany Saglyk öýi, orta mekdep, 216 kilometr inženerçilik ulgamlary we desgalary, 510 kilometre golaý aragatnaşyk ulgamlary, umumy meýdany 792,3 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary gurlup, ulanylmaga berildi.

Şu ýylyň sekiz aýynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimize gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 19,9 milliard manada ýa-da jemi içerki önümiň 22,4 göterimine barabar boldy. Prezident Maksatnamasyna laýyklykda, geljek 2021-nji ýylda ähli çeşmeleriň hasabyna maýa goýumlarynyň möçberi 37 milliard manada golaý bolar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow geljegi uly meýilnamalar barada aýdyp, düýpli maýa goýumlarynyň hasabyna Gyýanlyda gazhimiýa toplumyny, Türkmenabatdaky himiýa zawodynda fosfor dökünini öndürýän önümhanany, Daşoguz welaýatynda gaz turbinaly elektrik stansiýasyny gurmagyň, “Galkynyş” gaz käniniň ikinji tapgyryny özleşdirmegiň göz öňünde tutulýandygyny nygtady.

Halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça “Aşgabat–Türkmenabat” ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň, “Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan” gaz geçirijisiniň taslamalary, şeýle hem beýleki sebit taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz ýene-de bir möhüm meselä ünsi çekdi.

Milli Liderimiz gurluşyk pudagyny ýokary depginler bilen ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, enjamlar we serişdeler bilen üpjün edýän senagaty ösdürmegiň zerurdygyny aýdyp, soňky ýyllarda ýurdumyzda aýna önümlerini, dürli magdan däl gurluşyk materiallaryny, gury ýelim garyndylaryny we demirbeton önümlerini öndürýän täze önümçilikleri döretmäge köp mukdarda maýa goýumlarynyň goýlandygyny belledi. Netijede, gurluşyk materiallary senagatynyň önümçiligi birnäçe esse artdy.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri tarapyndan Bäherdende we Lebap welaýatynda sement zawodlarynyň ikinji nobatdakysynyň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny muňa mysal hökmünde görkezmek bolar.

Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz geljek ýyl üçin gurluşyk maksatnamasyna düzediş girizip, maýa goýum maksatnamasyny taýýarlamagyň zerurdygyny aýtdy. Ýurdumyzda gurluşyk pudagynyň binýadyny pugtalandyrmak Garaşsyz döwletimizde senagat-innowasion ösüş strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýar.

Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmegiň, eksport harytlarynyň möçberlerini artdyrmagyň, elektron senagatyny döretmegiň döwlet maksatnamalary hem üstünlikli amala aşyrylýar.

Biz ýaňy-ýakynda hem oba hojalyk ýurdy bolan Türkmenistanyň häzirki döwürde elektron tehnikalaryny, şol sanda kompýuterleri öndürýändigini buýsanç bilen aýdyp bileris diýip, milli Liderimiz kanagatlanma bilen belledi.

Häzirki döwürde biziň öňümizde ýurdumyzyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmek bilen birlikde, şäherdir obanyň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmak ýaly möhüm wezipeler hem durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady we Türkmenistanyň Mejlisiniň welaýatlaryň häkimlikleri, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmek, şäherleşmäniň gerimini giňeltmek hem-de ilatly ýerleri toplumlaýyn durnukly meýilnamalaşdyrmak we dolandyrmak üçin mümkinçilikleri artdyrmak boýunça mundan beýläk-de degişli işleri geçirmelidigini nygtady.

Ykdysadyýetiň netijeli ösüşi önümçilige innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen berk baglydyr. Ylym, tehnika we tehnologiýalar önümiň hilini we bäsleşige ukyply bolmagyny, zähmet öndürijiligini, önümçiligiň umumy netijeliligini ýokarlandyrmaga, zähmet şertlerini gowulandyrmaga ýardam edýär. Bu ugurda, ilkinji nobatda, nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmek, pudagyň önümçilik we serişde kuwwatyny berkitmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, ylmy-barlag işlerini döwrüň talabyna laýyk guramak boýunça köp işler amala aşyrylýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Uglewodorod çig malynyň uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyzda nebiti we gazy düýpli işläp taýýarlamaga ýöriteleşdirilen täze önümçilikler döredilýär. Türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň eksport ugurlary hem köpeldilýär. Şunuň bilen birlikde, biz «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň, Merkezi Garagumda ýylda 2 milliard kub metr tebigy gazy gysyjy desganyň gurluşyk işlerini çaltlandyrmalydyrys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz dokma senagatyny ösdürmek meselelerine geçip, önümçilik binýadynyň hem yzygiderli döwrebap ýagdaýa getirilýändigini belledi. Ýokary tehnologiýaly kärhanalaryň döredilmegine uly möçberde maýa goýumlary gönükdirilýär. Şonuň netijesinde, içerki we daşarky bazarlara dürli görnüşli önümleri çykarmak ýola goýulýar. Bu dokma önümleri dünýäniň onlarça ýurduna eksport edilýär. Kaka we Babadaýhan etraplaryndaky täze dokma toplumlarynyň ýakyn wagtda ulanmaga berilmegi bilen, pudagyň önümçilik kuwwaty has-da artar.

Garaşsyz döwletimizi senagat taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde elektrik energetikasy pudagyna möhüm orun degişlidir. Şoňa görä-de, biz ýakyn geljekde energetika senagatynyň kuwwatyny has-da artdyrarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz önümçilik we durmuş maksatly desgalary elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin amala aşyrylýan toplumlaýyn işler barada aýdyp, ýurdumyzyň sebitlerinde döwrebap gazturbinaly elektrik stansiýalaryň, geçirijileriň, paýlaýjy beketleriň gurulýandygyny, Aşgabat şäheriniň, welaýat merkezleriniň, iri şäherleriň we ilatly ýerleriň energiýa üpjünçilik ulgamynyň yzygiderli täzelenýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgamdaky meýilnamalar barada aýdyp, gün we ýel energiýasyny peýdalanmagyň mümkinçilikleriniň hem göz öňünde tutulýandygyny nygtady. “Altyn asyr” Türkmen kölüniň sebitini 2019–2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, bu ýerde gurulýan döwrebap oba we desgalar gün we ýel elektrik stansiýasynyň hasabyna energiýa bilen üpjün ediler. Ýurdumyzyň içinde energiýa halkasyny döretmek we “Türkmenistan–Owganystan–Pakistan” elektrik geçiriji ulgamyny gurmak boýunça işleri hem dowam ederis.

Çykyşyň dowamynda döwlet Baştutanymyz durmuşa geçirilýän logistika strategiýasynyň gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýandygyny belledi. Türkmenistanyň çägi irki döwürlerde Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm bölegi bolup, halklary we yklymlary birleşdiripdir. Bu ýagdaý Gündogaryň we Günbataryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde örän uly ähmiýete eýe bolýar.

Ýurdumyzyň geografiýa taýdan amatly ýerleşmegi ýokary depginde ösýän, bäsleşige ukyply ulag makrodüzümini döretmäge giň mümkinçilikleri açýar. Häzirki döwürde deňiz, awtomobil, demir ýol, howa we turbageçiriji halkara multimodal logistik taslamalary amala aşyrylýar. «Özbegistan– Türkmenistan–Eýran–Oman» we «Owganystan–Türkmenistan–Azerbaýjan–Gruziýa–Türkiýe» ulag geçelgeleri hakyndaky ylalaşyklaryň gazanylmagy sebitleriň we yklymlaryň çäginde gatnaşyklary ösdürmäge ýakyn wagtda giň mümkinçilikleri döreder.

Hereket edýän “Türkmenistan–Hytaý» hem-de gurluşygy dowam edýän “Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan” halkara gaz geçirijileri hem turbageçiriji logistikasynyň düzüm halkasy bolup hyzmat eder.

Awtoulag logistikasynyň ösmeginde Garaşsyz döwletimizde gurlan we gurulýan häzirki zaman awtomobil ýollary, şol sanda «Aşgabat–Garagum–Daşoguz», «Türkmenbaşy–Aşgabat–Farap» ýollary has-da ähmiýetlidir. Bu ýollar ýurdumyzyň we sebitiň beýleki döwletleriniň ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga ýardam berer.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ykdysady strategiýa barada durup geçip, bu ulgamda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge, söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda guramasynda synçynyň derejesine eýe bolmagy öz önümçiligimizi ösdürmek, eksportuň möçberlerini artdyrmak, şeýle hem bazar gatnaşyklarynda özgertmeleriň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin täze mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzyň bäsleşige ukybynyň ýokarlanmagyna we milli ykdysadyýetimiziň depginli ösmegine ýardam edýär.

Nygtalyşy ýaly, oba hojalygynda hem dolandyrmagy we özgertmegi kämilleşdirmek, bazar gatnaşyklaryny ornaşdyrmak maksady bilen, giň gerimli işler alnyp baryldy. Netijede, ak bugdaýyň mekany bolan berkarar döwletimizde şu ýyl gallaçy daýhanlarymyz Watana 1 million 400 müň tonnadan hem köp guşgursak bugdaý tabşyrdy. Bu ajaýyp netijeler ýurdumyzyň zähmetsöýer daýhanlarynyň Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň çärýek asyrlyk şanly baýramyna mynasyp sowgadydyr.

Oba hojalygyny innowasion çözgütlere we oýlap tapyşlara, täze bazarlary döretmäge mümkinçilik berýän ýokary tehnologiýaly pudaga öwürmek ugrunda hem uly işler alnyp baryldy we alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz bu toplumyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipeler barada aýdyp, oba hojalygynda zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak, pudagyň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin, ilkinji nobatda, sanly ulgamlaryň çözgütlerinden netijeli peýdalanmagyň wajypdygyny belledi. Oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ýokarlandyrmak, tohumçylyk-seçgi işlerini talabalaýyk alyp barmak üçin önümçilige innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagy, umuman, pudakda geçirilýän özgertmeleri dowam etmelidiris diýip, milli Liderimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz içerki bazarlary özümizde öndürilen önümler bilen doly üpjün etmegiň möhümdigini aýdyp, ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň meýdanlaryny giňeltmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, et-süýt önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, tokaýlary hem-de öri meýdanlaryny dikeltmek hem-de haýwanat dünýäsiniň köp dürlüligini öwrenmek we gorap saklamak usullaryny işläp düzmegiň, howanyň üýtgeýän şertlerinde Hazar deňziniň biologik dürlüligini öwrenmek we gorap saklamak boýunça ylmy-barlag işlerini çaltlandyrmagyň wajypdygy nygtaldy.

Ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlary gowaçanyň, däneli we gök-bakja ekinleriniň, miweli baglaryň hem-de beýleki oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasylly, ir ýetişýän we kesellere durnukly täze görnüşlerini döretmelidir we önümçilige yzygiderli ornaşdyrmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Şeýle hem, welaýatlaryň toprak-howa şertlerine laýyklykda, ekinleri ýerleşdirmek, ösümlikleri we mallary goramagyň biotehnologik usullaryny işläp taýýarlamak, ykdysadyýetimiziň innowasion esasda ýola goýulmagyna täze itergi berjek çäreleri görmek zerurdyr.

Şunuň bilen birlikde, bu gün Türkmenistan umumyhazar ösüşiniň möhüm meseleleriniň oňyn çözgüdini nazarlaýar. Bu geçirilýän işler amatly hem-de howpsuz halkara geçelgelerini döretmäge, ýurdumyzyň baý tebigy serişdelerini özleşdirmäge, daşary ýurt döwletleri bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, Diýarymyzda öndürilýän önümleri dünýä bazarlaryna çykarmaga giň mümkinçilikleri açýar. Bu bolsa Hazarýaka ýurtlarynyň abadançylygyny, halklaryň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň durnukly ösüşini üpjün edýär.

M.Aşyrow ulag ulgamynyň işgärleriniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletimiziň halkara ulag hyzmatdaşlygy ulgamyna işjeň goşulyşmagy, üstaşyr mümkinçilikleriň netijeli peýdalanylmagy we utgaşykly multimodal üstaşyr geçelgeleriň döredilmegi boýunça başlangyçlaryny giňden goldaýandygyny nygtap, milli Liderimize pudagyň ösüşi ugrunda edýän köptaraply aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Çykyş edýän Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary boýunça öňe sürlen teklipleri hem-de halkymyzyň işjeň gatnaşmagynda taýýarlanylan “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Konstitusion kanunyň kabul edilmegini goldaýandygyny nygtady.

M.Aşyrow bu kanunyň geljek nesilleriň durmuş derejesini gowulandyrmak üçin ygtybarly esas boljakdygyna ynam bildirip, ulag-kommunikasiýa toplumynyň işgärleriniň adyndan hemmeleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllygy bilen gutlady hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Ol milli Liderimize goşgy setirlerini bagyşlady.

Soňra Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň O.Ärsaryýew adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Soltan Nyýazow çykyş edip, Arkadag Prezidentimiziň hemmetaraplaýyn goldawy netijesinde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň obasenagat toplumynda uly üstünlikleriň gazanylýandygyny aýtdy. Oba milli maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, oba hojalygyny düýpli özgertmekde hem-de toplumlaýyn ösdürmekde uly işleriň alnyp barylmagy netijesinde, oba hojalyk önümleriniň öndürilişi ýyl-ýyldan artýar.

Ýurdumyzda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygynda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen işler giň gerimde alnyp barylýar. Şu ýylyň galla oragy wagtynda welaýatlarda iş saparynda bolup, hormatly Prezidentimiz oba hojalygy bilen meşgullanýan daýhanlar, telekeçiler bilen duşuşyp, olaryň edýän işlerine ýokary baha berdi hem-de täze üstünliklere ruhlandyrdy.

Şu ýyl edermen gallaçylarymyz Watan harmanyna bir million dört ýüz müň tonnadan aşyryp guşgursak bugdaý tabşyrdylar. S.Nyýazow bu ýetilen sepgitleriň, ösüşleriň döwlet Baştutanymyzyň bimöçber yhlasy, taýsyz aladalary netijesinde hasyl bolýandygyny aýtdy.

Arkadag Prezidentimiziň ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek baradaky syýasaty oba hojalyk ulgamynda hem durmuşa ornaşdyrylýar. Munuň özi tehnikalary netijeli peýdalanmakda, olaryň has-da öndürijilikli ulanylmagynda uly ähmiýete eýe bolar.

Soňra çykyş edýän ýer bölegini kärendesine alandygyny we onda gowaça hem-de bugdaý ösdürip ýetişdirýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, kärendeçi “Türkmenistan –Bitaraplygyň mekany” şygary astynda geçýän ýylda Watan harmanyna “ak altynyň” bol hasylyny tabşyrjakdygyna ynandyrdy.

S.Nyýazow milli Liderimiziň şu günki Halk Maslahatynda eden taryhy çykyşynda beýan edilen teklipleri we wezipeleri goldap, türkmen daýhanlarynyň mundan beýläk hem tutanýerli zähmet çekjekdigini, oba hojalyk önümleriniň bol hasylyny ýetişdirjekdigini aýtdy.

Kärendeçi çykyşynyň dowamynda Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda geçirilýän umumymilli forumda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ýolunda nobatdaky ädimleriň bellenendigini nygtady. Daşoguz welaýatynyň ilaty ýurdumyzyň kanun çykaryjylyk edarasynyň iki palataly ulgama geçmegi bilen baglanyşykly ýurdumyzyň Konstitusiýasyna girizilýän üýtgetmeleri we goşmaçalary hem-de degişli meseleleri netijeli çözmäge gönükdirilen dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmek barada öňe sürlen teklipleri doly goldaýar.

Kärendeçi demirgazyk sebitiň ekerançylarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli aladasy we ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, asylly işinde täze üstünlikleri arzuw etdi hem-de öz çykyşyny ruhubelentlikli goşgy setirleri bilen tamamlady.

Soňra Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 26-njy orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary Leýla Ömirowa söz berildi. Ol bilim ulgamynyň işgärleriniň adyndan milli Liderimizi hem-de mejlise gatnaşyjylaryň ählisini ýetip gelýän baýram—eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy bilen gutlady. Döwlet Baştutanymyzyň adyna ýurdumyzyň we halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan asylly işinde hem-de tutuş adamzadyň bähbidine laýyk gelýän netijeli halkara başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmeginde üstünlikler arzuw edildi.

Çykyş edýän Arkadag Prezidentimiziň bilimli, ruhy we beden taýdan baý ýaşlary—hakyky watançylary terbiýelemäge gönükdirilen giň gerimli işiniň öz wekilçilik edýän ulgamynyň işgärlerini ruhlandyrýandygyny nygtady. Milli Liderimiziň ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek hem-de dünýä ölçegleriniň derejesine çykarmak üçin köp işleri amala aşyrýandygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli aladasy netijesinde, Türkmenistanyň ähli künjeklerinde döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň gurulýandygy we ulanmaga berilýändigi nygtaldy. Şolar ýaş nesle ylym we bilim dünýäsine giň ýol açýar. Ýurdumyzda bilim hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, hünärleriň sanawyny giňeltmek we bu ulgamy özgertmek hem-de sanly ulgama geçirmek boýunça netijeli çäreler görülýär.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýunyň bellenilýän ýylynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen, Aşgabatda 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebiniň açylmagy ýaş nesliň ukyp-başarnyklaryny irki ýaşdan başlap ösdürmek üçin şert döreder hem-de mekdebe çenli çagalar edaralarynda berilýän bilim-terbiýäniň mekdep bilimi bilen arabaglanyşygyny has-da berkitmäge ýardam eder.

L.Ömürowanyň belleýşi ýaly, bilim ulgamynyň işgärleri Hemişelik Berkarar Türkmen döwletinde ýaşaýandygyna, ata Watanymyzyň nurana geljegi bolan ýaş nesillerimize bilim-terbiýe berýändigine, biziň zähmetimiziň Watanymyzyň geljegine, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagyna goşant bolýandygyna, döwlet Baştutanymyzyň il-ýurt bähbitli mukaddes tutumlaryny durmuşa geçirmäge gatnaşýandyklaryna buýsanýarlar. Çykyş edýän kärdeşleriniň adyndan milli Liderimize döredijilikli işlemek üçin döredýän ajaýyp şertleri üçin hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döreden ajaýyp eserleri, şol sanda “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň watansöýüji nesillerimizi milli ruhda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gollanmadygy we genji-hazynadygy nygtaldy. Döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz çekýän zähmeti, Watan, halk, il-gün üçin bitirýän ägirt uly işleri, ata-enäni keramata deňäp, mukaddeslik derejesinde hormatlaýşy, ýedi arkasyndan gelýän döwletli maşgala ojagyna goýýan sarpasy, maksadyna okgunly edermenligi, sahawatly, ynsanperwer, belent adamkärçiligi nesiller üçin nusgadyr.

Mejlise gatnaşyjylar milli Liderimiziň Halk Maslahatynyň şu taryhy mejlisinde çuň manyly, döwlet ähmiýetli, halk bähbitli çykyşyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler diýip, L.Ömürowa belledi. Ýurdumyzyň halky döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatyny, jemgyýetimiziň işjeň gatnaşmagynda taýýarlanan “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Konstitusion Kanunynyň taslamasyny biragyzdan makullaýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bu ugurda amala aşyrylýan özgertmeler hakyky taryhy ähmiýete eýedir. Nygtalyşy ýaly, bilim ulgamynyň işgärleri döredilen mümkinçiliklerden peýdalanyp, milli Liderimiziň hemmetaraplaýyn aladasyna jogap edip, öz öňlerinde goýlan möhüm we jogapkärli wezipeleri çözmek üçin mundan beýläk-de tutanýerli zähmet çekerler. Çykyşynyň ahyrynda L.Ömürowa Watanymyza, täze taryhy eýýama we Arkadag Prezidentimize bagyşlanan dört setirli goşgusyny okady.

Soňra «Erkin gurluşyk» hususy kärhanasynyň ýolbaşsysy Toýly Çaryýewe söz berildi. Ol çykyşynyň başynda “Türkmenistan -- Bitaraplygyň mekany” ýylynyň biziň taryhymyza altyn harplar bilen ýazyljakdygyny nygtady. Çünki bu ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly toýuny uly dabara bilen belläp geçýäris.

Hemişelik Bitaraplyk bu biziň bütindünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen beýik gymmatlygymyzdyr. Hemişelik Bitaraplyk bu biziň dostlugy, hoşniýetliligi, ynsanperwerligi we ösüşi dabaralandyrýan beýik taglymatymyzdyr. Hemişelik Bitaraplygymyzyň çärýek asyrlyk toýunyň bellenilýän ýylynda geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýetli syýasy we taryhy wakadyr.

T.Çaryýewiň nygtaýşy ýaly, ählihalk forumyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu gün taryhy Maslahatda eden çuň manyly çykyşyny uly buýsanç bilen diňlediler. Milli Liderimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, şu döwletli Maslahatda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary barada aýdanlaryny, agzybir halkymyzyň işjeň gatnaşmagynda taýýarlanylan “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasyny tüýs ýürekden goldaýarlar. Bu kanunyň kabul edilmegi öz ösüşiniň täze belentliklerine galýan ýurdumyzda amala aşyrylýan taryhy özgertmeleriň berk hukuk binýadyny döreder.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda giň möçberli maksatnamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. Milli ykdysadýetimiziň ähli pudaklarynda, şol sanda hususy ulgamda uly üstünlikler gazanylýar. Türkmen telekeçilerini bu gün ýurdumyz boýunça jemi içerki önümiň düzüminde ýangyç-energetika toplumyny hasaba alanyňda, hususy işewürligiň paýynyň 70 göterime golaý bolmagy-da aýdyň subutnamadyr diýip, T.Çaryýew belledi.

Şunuň bilen baglylykda, “Erkin gurluşyk” hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy Arkadag Prezidentimize kabul eden çözgüdi esasynda ýer bölekleriniň 99 ýyla çenli peýdalanmaga berilmegi, uzak möhletleýin ýeňillikli karzlaryň göz öňünde tutulmagy, oba hojalyk önümlerini öndürýän hususyýetçileriň salgytlardan boşadylmagy ýaly goldaw-hemaýaty üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Türkmen telekeçileri döwlet Baştutanymyzyň edýän goldaw-hemaýatlaryna jogap edip, önümçilik işlerine berilýän ýeňilliklerden netijeli peýdalanyp, ylmyň gazanan üstünliklerini önümçilige giňden ornaşdyrýarlar. Damjasy altyna deňelýän suwy yrýa etmän damjalaýyn usul bilen ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürýärler. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça netijeli işleri alyp barýarlar.

T.Çaryýew çykyşynyň dowamynda ýurdumyzyň hususy ulgamynyň wekilleriniň obasenagat toplumynda hem üstünlikli zähmet çekip, ýüzlerçe gektar meýdanda miwe we gök önümleri ýetişdirýändiklerini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly ajaýyp eserinde “Adamyň zähmetiň gymmatyna düşünmegi, zähmetiň gadyryny bilmegi onuň mertebesini beýgeldýär” diýip nygtaýar. Bu altyna barabar dürdäne jümleleri türkmen halkynyň bagtyýar durmuşynyň şamçyragydyr.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň galla oragy döwründe iş sapary bilen Mary welaýatyna baryp, oba hojalygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanşandygy we daýhanlaryň zähmetine ýokary baha berendigi bellenildi. Munuň özi ekerançylary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy.

Oba hojalyk ekinleriniň görnüşleriniň we öndürilýän mukdarynyň artdyrylmagy täze iş orunlarynyň döredilmegine hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine, dünýäniň ýakyn-alys ülkeleriniň birnäçesine eksport mümkinçiliginiň ýokarlandyrylmagyna zerur şertleri döredýär.

Hususy ulgamyň wekili türkmen telekeçileriniň hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň barha artdyrylmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagynda mundan beýläk-de özleriniň mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna ynandyrdy. Döwlet Baştutanymyza giň möçberli döwlet işinde täze ajaýyp üstünlikleri arzuw edip, “Erkin gurluşyk” hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy çykyşyny goşgy setirleri bilen tamamlady.

Soňra Aşgabat şäher 13-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany Maýa Öküzowa söz berildi. Pursatdan peýdalanyp, umumymilli foruma gatnaşyjy zenan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we ähli türkmen halkyny mukaddes Döwlet Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk toýy mynasybetli saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden gutlady.

Bellenilişi ýaly, Arkadag Prezidentimiz Garaşsyz Watanymyzy hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösýän ýurda öwürmek maksady bilen, uzak geljegi nazarlaýan giň möçberli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirýär.

Ýurdumyzyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, saglygy goraýyş ulgamynyň binýadyny berkitmek we kämilleşdirmek boýunça bimöçber işleri amala aşyrylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzda saglygy goraýşy kämilleşdirmek babatda özgertmeleriñ aýgytly tapgyryna geçmäge badalga berdi.

Çykyşda milli Liderimiziň ylmyň we tehnologiýalaryň täze gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmak baradaky aladalary netijesinde, milli saglygy goraýyş pudagynyň sanly ulgamy döredilip, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde iň kämil tehnologiýaly lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen halkara derejeli saglyk merkezleri, hassahanalar, şypahanalar, şäherdir oba saglyk öýleri gurlup, halkymyzyň hyzmatyna berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň enelere bimöçber söýgüsiniň, sarpasynyň we hormatynyň beýany bolan, «Enä tagzym mukaddeslige tagzym» atly kitabynda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň «Ene mähri» merkezleriniň ählisine «Enä we çaga mähirli gatnaşykly hassahana» diýen halkara güwänamalaryň berilmegi hem, ýurdumyzda sagdyn nesilleriň kemala gelmeginde, eneleriň sagdynlygyny gazanmakda ýetilen sepgitleriň halkara derejesinde ykrar edilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

M.Öküzowanyň nygtaýşy ýaly, abraýly halkara guramalary, şol sanda BSGG tarapyndan Türkmenistanyň yzygiderli gowşurylýan halkara güwanamalary, derejeler milli Liderimiziň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek boýunça alyp barýan giň gerimli işleriniň üstünliklere beslenýändiginiň ykrarnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ähli babatlarda watandaşlarymyza görelde bolmak bilen, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagyna we wagyz-nesihat edilmegine uly üns beýär.Döwlet Baştutanymyz baý milli mirasymyzyň goralyp saklanylmagyna hem-de öwrenilmegine aýratyn ähmiýet bermek bilen, bu meselä özüniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyny bagyşlady, onda ata-babalarymyzyň beýik maksatlary hem-de arzuw-hyýallary, häzirki nesillere goýan wesýetleri öz beýanyny tapdy. Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltlik ylmy ensiklopediki eserler toplumy lukmanlar üçin örän gymmatly gollanma öwrüldi.

Çykyş eden «Türkmenistan --Bitaraplygyň mekany» şygary bilen geçýän ýylda uly ruhubelentlikde geçirilýän Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy ähmiýetini aýratyn belledi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde türkmen Bitaraplygy täze many-mazmuna hem-de dünýä derejesinde giň ykrarnama eýe boldy.

Ählhalk maslahatyna gatnaşyjy Halk Maslahatynda garalýan meseleleriň, şol sanda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanunyň taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň ähmiýetini belläp, ýurdumyzyň ähli lukmanlarynyň bütin halkymyz bilen bilelikde milli Liderimiziň öňe süren başlangyçlaryny doly goldaýandyklaryny aýtdy.

Maşgala lukmany döwlet Baştutanymyzyň saglygy goraýyş işgärleriniň öňünde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda geljekde hem ak ýürekden zähmet çekjekdiklerine ynandyrdy.

Çykyşynyň ahyrynda M.Öküzowa Gahryman Arkadagymyza iň gowy arzuwlaryny aýdyp, şahyrana setirler bilen sözüni tamamlady.

Soňra harby birikmäniň serkerdesi Wepa Orazgylyjow çykyş etdi.

Ol “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň öz işine başlamagy bilen Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ähli şahsy düzüminiň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowy we ähli watandaşlarymyzy gutlady.

Çykyş edýän şu günki wakanyň örän möhüm ähmiýetini belläp, mejlisde jemgyýetçiligiň doly ygtyýarly wekilleri bilen bilelikde, döwletimiziň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň çözüljekdigini aýtdy.

Döwlet berkararlygynyň, halkymyzyň asudalygynyň we parahatçylygynyň kepili bolup durýan Esasy Kanunymyzyň jemgyýetimizi we döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmegi kanunçylyk taýdan üpjün etmegiň maksatlaryna üstünlikli ýetmäge mümkinçilik döretjekdigine berk ynanýarys diýip, W.Orazgylyjow belledi.

Nygtalyşy ýaly, 2020-nji ýyl “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýyly diýip yglan edildi. Bu şygar dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak we durnukly ösüşi gazanmak ýaly belent maksatlary özünde jemleýär. Diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasy bu maksatlara laýyk gelýär.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaş esgerlere görelde görkezip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramçylyklary mynasybetli her ýylda geçirilýän dabaraly ýörişlere, harby okuw-türgenleşiklerine hut özüniň gatnaşmagynyň aýratyn ähmiýeti nygtaldy. Döwlet Baştutanymyz edermenligiň, batyrlygyň, watançylygyň hem-de Watanymyza we halkymyza wepaly gulluk etmegiň hakyky nusgasydyr.

Halk Maslahatyna gatnaşyjy şu ýylyň 9-njy maýynda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň şanly 75 ýyllygyna bagyşlanyp, «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda geçirilen dabaraly harby ýörişiň ýow gününde ýurt üçin döş gerip, Watanymyzyň azatlygy we erkinligi ugrunda söweş meýdanynda baş goýan merdana ogullarynyň sarpasyny ýene bir gez beýgeldendigini ýatlatdy.

Bu günki gün olaryň gahrymançylygyny bütin dünýä ykrar edýär. Munuň şeýledigine milli Liderimiziň mähriban atasy Berdimuhamet Annaýewiň Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy bolan «Edermenligi üçin» medaly bilen sylaglanmagy, B.Annaýewiň söweşen 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň baýdagynyň hem-de harby gulluk resminamalarynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaňy-ýakynda şöhratly taryhymyzdan, milli mirasymyzdan, halkymyzyň döreden watançylyk mekdebinden söz açýan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitaby sowgat bermegi bolsa,Watan goragçylarynyň buýsanjyny artdyryp, söweşjeň ruhuny has-da belende göterdi.

Harby birikmäniň serkerdesi W. Orazgylyjow ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzüminiň adyndan harby gullukçylaryň Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýörişde milli Liderimiziň hem-de onuň mähriban atasynyň göreldesine eýerip, Milli Goşunymyza mynasyp wekilçilik etmek üçin ähli güýç-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryna, hemişe eziz Watanymyzyň goragynda sarsmaz gala bolup durjakdyklaryna ynandyrdy.

Ählihalk forumynyň wekili Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna berk jan saglyk, uzak ömür hem-de giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, öz çykyşyny mukaddes esger Kasamy bilen tamamlady.

Soňra çykyş eden Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň inžener-mehanika fakultetiniň «Elektrik üpjünçiligi» hünäriniň 3-nji ýyl talyby Döwletgeli Hojamberdiýew ýurdumyzyň ýaşlarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de foruma gatnaşyjylaryň ählisini ýetip gelýän Garasşyzlyk baýramy bilen gutlady. Bu baýramçylyk “Türkmenistan –Bitaraplygyň mekany” şygary astynda geçýän ýylda täze belent sepgitleri eýelemäge ruhlandyrýar.

Nygtalyşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli başlangyjy bilen ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary bilen birlikde, ýurdumyzyň ylym hem-de bilim ulgamynda hem milli maksatnamalar, konsepsiýalar yzygiderli kabul edilip, toplumlaýyn özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ýaş nesliň watansöýüji, giň gözýetimli, beden taýdan sagdyn, dünýäniň öňdebaryjy ylym-bilim özgertmelerinden baş çykarýan, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin milli Liderimiziň beýik maksatlaryň rowaçlygyna gönükdirilen hem-de ýakyndan berýän hemaýat-goldawy netijesinde, eziz Diýarymyzda häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen bilim edaralary, çagalar baglary, orta mekdepler hem-de döredijilik merkezlerini özüne birleşdirýän täze bilim we döwrebap sport toplumlary gurlup, ulanylmaga berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlyklaryna, asylly ýörelgelerine aýratyn hormat goýýandygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramçylygyna ajaýyp döredijilik sowgady hökmünde neşir edilen “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitaby –türkmen halkynyň dünýä nusgalyk asylly ýörelgeleri baradaky parasatly oý-pikirleri döwletimiziň berkararlygyny, Watanymyzyň abadançylygyny üpjün etmekde, nesilleri müňýyllyklaryň mizemez milli ruhunda terbiýelemekde ýol görkeziji, mukaddes taglymatdyr.

Arkadag Prezidentimiziň beýleki ajaýyp eserleri ýaly, bu kitap hem ýaşlary we geljekki nesilleri hakyky watançylyk hem-de milletimiziň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklarynyň dowamatlylygy ruhunda terbiýelemek işinde uly ähmiýete eýedir.

Soňra D.Hojamberdiýewiň belleýşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň sportuň ähli görnüşleri boýunça hem-de sagdyn durmuş ýörelgesi baradaky beýik halypalyk mekdebi ýaşlaryň sporta bolan söýgisini has-da artdyrýar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýyndaky eden taryhy çykyşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Biziň beýik geljegimiz ýaşlaryň bagtyýarlygy, kadaly ösüşi bilen berk baglydyr. Ýaşlar Watanymyzyň güýç-kuwwatydyr we abraý-mertebesidir” diýip belledi.

Türkmen ýaşlary ýurdumyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmäge gönükdirilp, amala aşyrylýan özgertmeleri doly goldap, mundan beýläk-de okuwda hem-de zähmetde täze üstünlikleri gazanarlar we şeýlelikde, ata Watanymyzyň okgunly ösmegine hem-de halkara abraýynyň has-da belende galmagyna saldamly goşant goşarlar diýip, çykyş eden belledi hem-de döwlet Baştutanymyza iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi. Milli Liderimizi we Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylary, ähli halkymyzy Garaşsyz Watanymyzyň 29 ýyllyk baýramy bilen gutlap, Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly öňdengörüjilikli ýolbaşçlygynda halkymyzyň ösüşiň belentliklerine tarap ynamly gadam urýandygyny nygtady.

Milli Liderimiziň türkmen halkynyň taryhyny we milli mirasyny, dünýä ýurtlarynyň oňyn tejribesini göz öňünde tutmak bilen, milli Parlamentiň iki palataly gurluşyny döretmek baradaky taryhy başlangyjy esasynda Esasy Kanunymyza giriziljek üýtgetmeleri we goşmaçalary milli döwletliligiň, halk häkimiýetliliginiň esaslaryny berkitmekde, kanun çykaryjylyk işini mundan beýläk-de kämilleşŞu günki maslahatyň gün tertibinde göz öňünde tutulan Garaşsyz Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň möh dirmekde, ata Watanymyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan täze belentliklere çykarmakda ähmiýetli boljakdygy bellenildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalasy bilen ýurdumyzyň şäherlerini, etraplaryny we obalaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça iri maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwletimiziň dolandyryş-çäk gurluşyny döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek möhüm ugur bolup durýar. Şäher bilen obanyň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmak baradaky mesele hakynda aýdyp, döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda degişli işleriň geçirilmegini baş wezipe hökmünde kesgitledi.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda şu maksatlar bilen toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde, dolandyryş çözgütlerini kabul etmek üçin täze şertler emele geler. Senagatlaşma we şäherleşme derejeleri öser, hususy bölegiň paýy artar.

Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň Başlygy milli Liderimiziň ýurdumyzyň welaýatlarynyň dolandyryş-çäk gurluşyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça öňde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryň ediljekdigini nygtap, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň we ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň möçberli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ara alyp maslahatlaşmalaryň jemini jemläp, çykyş edenleriň hem-de ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna degişli örän möhüm wezipelere garalan mejlisiň işine işjeň gatnaşanlaryň ählisine minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiz çykyş edenleriň ählihalk maslahatynda öňe sürlen başlangyçlary goldandyklaryny kanagatlanma bilen belläp, şol teklipleriň hökmany suratda hasaba alynjakdygyny aýtdy.

Mejlisi dowam edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe resminamalara, şol sanda “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hem-de hormatly atlary dakmak hakynda”, “Türkmenistanyň “Zenan kalby” ordeni bilen sylaglamak hakynda, şeýle hem “Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulysy” diýen ady dakmak hakynda” Permanlara gol çekdi.

Bu ýokary sylaglar Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary hem-de köpýyllyk ak ýürekli we yhlasly zähmeti, hünär ussatlygy bilen tapawutlanan raýatlara gowşurylýar.

Soňra milli Liderimiz şu günki mejlisde döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşyna degişli taryhy ähmiýetli meselelere garalandygyny belledi. Ilkinji nobatda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, şeýle hem “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ozal habar berlişi ýaly, geçen ýyl geçirilen umumymilli forumda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hukuk derejesini üýtgetmek, iki palataly parlament ulgamyna geçmek hakyndaky taryhy başlangyçlar öňe sürüldi.

Bu başlangyçlar halkymyz tarapyndan uly gyzyklanma we giň goldawa eýe boldy diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Bu ugurda geçirilen işleriň netijesinde, Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy taýýarlanyldy. Ol ählihalk forumynda ara alyp maslahatlaşmak üçin hödürlendi. Şu günki mejlise gatnaşyjylar Halk Maslahatynyň işini kämilleşdirmek we onuň hukuk derejesini üýtgetmek hakyndaky başlangyjy goldadylar. Şeýle hem bu başlangyçlary Türkmenistanyň ähli welaýatlarynyň raýatlary goldadylar diýip, milli Liderimiz belledi.

Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşylanda, şeýle hem şu günki edilen çykyşlarda birnäçe teklipler öňe sürüldi. Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara Halk Maslahatynyň “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda” Konstitusion kanunyň taslamasyny goldamak hakynda” hem-de “2021-nji ýylda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny goldamak hakynda” Kararlarynyň taslamalary hödürlendi.

Bu resminamalar biragyzdan kabul edildi.

Mejlisiň Başlygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we tutuş türkmen halkyny Watanymyzyň täze taryhynda möhüm waka - iki palataly kanunçykaryjy edara üçin hukuk binýadyny emele getirýän Konstitusion kanunyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Mejlisiň ýolbaşçysy milli Liderimize iň gowy arzuwlaryny beýan edip, döwlet Baştutanymyzdan “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna gol çekmegi haýyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp hem-de ählihalk forumyna gatnaşyjylara ýüzlenip, Mejlisiň deputatlarynyň biragyzdan Konstitusion kanuny kabul etmek üçin ses berendiklerini aýtdy.

Milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky” Konstitusion kanuna gol çekdi. Jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň bitewüligini dabaralandyrýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramynyň öňýanynda Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi ägirt uly taryhy wakadyr. Bu waka halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar. Hormatly Prezidentimiz bu wakanyň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmaga, beýik işleri amala aşyrmaga täze itergi berjekdigine berk ynanýaryn diýip belledi.

Şu dabaraly pursatda döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylary hem-de mähriban halkymyzy dünýä we milli demokratik tejribelere, halkara hukugynyň umumylykda ykrar edilen ýörelgelerine hem-de kadalaryna laýyk gelýän Halk Maslahatynyň we Mejlisiň işini kämilleşdirmek hem-de kanun çykaryjylyk işini amala aşyrýan edaralaryň iki palataly gurluşyny döretmek bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, jemgyýetde adam hukugyny we mertebesini, abadançylygyny hem-de rowaçlygyny, parahatçylygy we ylalaşygy baş maksat edinýän Bitarap döwletimizde geçirilen konstitusion özgertmeler adamyň hem-de raýatyň Türkmenistanyň Konstitusiýasy tarapyndan kepillendirilen giň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny üpjün etmäge ýardam eder.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Hökümetiniň agzalaryna, milli parlamentimiziň deputatlaryna, jemgyýetçilik birleşikleriniň we häkimiýetiň ýerli edaralarynyň wekillerine kabul edilen Konstitusion kanundan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek ugrunda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şu günki Maslahatda ýurdumyzyň dolandyryş-çäk meseleleri boýunça hem degişli teklipler öňe sürüldi. Bu örän möhüm mesele bolup durýar. Onuň esasy maksady sebitleri dolandyrmagy netijeli guramakdan, dolandyryş çykdajylaryny azaltmakdan, ýerlerde demokratik başlangyçlary goldamak bilen, häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ornuny has-da berkitmekden ybaratdyr.

Milli Liderimiz bu teklipleriň ýerli wekiller bilen ara alnyp maslahatlaşylandgyny belläp, şu meselelere etrap, şäher, welaýat halk maslahatlarynda ýene-de bir gezek seredip, soňra ony Türkmenistanyň Mejlisinde ara alyp maslahatlaşmagy hem-de degişli karary kabul etmegi tabşyrdy.

Biz geljekde hem Konstitusiýamyzyň kadalaryna hem-de ýörelgelerine berk eýerip, demokratik, hukuk hem-de dünýewi döwletimizi ägirt uly ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp bararys. Bu işlere iki palataly täze parlament ulgamy hem netijeli goşant goşar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, milli Liderimiz 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyň herekete giriziljekdigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň işi hem bes edilýär. Şoňa görä-de, guramaçylyk işlerini geçirmek zerur bolup durýar. Bu barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň 2018-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda çykaran 1-nji buýrugyny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakyndaky» resminama hem gol çekdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokarda agzalan Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilendigini, ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň iki palataly gurluşynyň döredilendigini habar berdi. Täze döredilen parlamentimiziň Halk Maslahaty palatasynyň öz işine başlamagy üçin guramaçylyk işlerini hem-de bu palatanyň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmeli. Konstitusion kanuna laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty palatasynyň agzalarynyň birinji saýlawlary Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär.

Döwlet Baştutanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde geçirilýän şu umumymilli forumda «Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryny bellemek hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işini ýola goýmak bilen bagly guramaçylyk işlerini geçirmek hakynda» Halk Maslahatynyň kararyna hem gol çekdi.

Mejlisi dowam edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goraýyş işgärleriniň halkymyzyň saglygyny goramakda uly işleri bitirýändigini,keselleriň öňüni almakda, olary anyklamakda we bejermekde janaýaman zähmet çekýändiklerini belledi. Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz “Saglygy goraýyş işgärleriniň durmuş taýdan goraglylygyny pugtalandyrmak hakyndaky” karara gol çekdi.

Şu günki maslahatyň gün tertibinde göz öňünde tutulan Garaşsyz Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň möhüm meseleleriniň jemini jemläp, döwlet Baştutanymyz foruma gatnaşyjylary we ýurdumyzyň tutuş halkyny mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady we iň gowy arzuwlaryny aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara we tutuş watandaşlarymyza ýüzlenip, jemleýji söz bilen çykyş etdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halk köpçüliginiň döredijilik güýjüniň we ruhunyň barha ýokarlanýandygy, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de ykdysady hem-de durmuş taýdan gülläp ösmegini üpjün etmäge bolan hyjuwynyň egsilmezdigi guwandyryjydyr diýip, milli Liderimiz belledi. Halk Maslahatynyň şu mejlisinde mähriban halkymyzyň ykdysady we durmuş taýdan ösüşiň ylmy taýdan esaslandyrylan maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge bolan synmaz erk-islegi we maksatlary aýdyň ýüze çykdy.

Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek boýunça ähli işlere ýakyndan gatnaşan adamlara minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimz olara berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Şunuň bilen döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň mejlisini ýapyk diýip yglan etdi.

Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagy mejlisiň jemlemesi boldy. Onuň belent ruha beslenen owazlary ýurdumyzyň her bir raýatynyň kalbynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň yoly bilen täze belentliklere tarap ynamly gadam urýan mähriban Watanymyza bolan buýsanç duýgusyny döretdi.

Habarlar