Türkmenistanyň Prezidenti «Lukoýl» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

09.09.2020

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň barşynda “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi.

Myhman özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny we onuň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, rus işewürliginiň, hususan-da, öz ýolbaşçylyk edýän iri nebit kompaniýasynyň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine ýokary gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Milli Liderimiz türkmen-rus gatnaşyklarynyň däp bolan dostlukly, netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, şol gatnaşyklaryň esasy ugurlarda işewür hyzmatdaşlygyň yzygiderli berkidilmegi üçin şertleri döredýändigini aýtdy. Dünýäniň kuwwatly energetika döwletleri hökmünde ykrar edilen iki döwletiň özara bähbitleriniň jemlenýän wajyp ugurlarynyň biri nebitgaz senagatydyr. Ägirt uly serişde mümkinçilikleri nazara alnyp, bu pudagyň ösdürilmegine aýratyn möhüm ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň hemmetaraplaýyn giňeldilmegine ygrarlydygy barada aýdyp, ýurdumyzyň öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalaryndan, ilkinji nobatda, özüni ygtybarly hyzmatdaşlar hökmünde görkezen kompaniýalardan gelip gowuşýan teklipleri hemişe uly gyzyklanma bilen öwrenýändigini nygtady.

Duşuşygyň barşynda iki tarap üçin hem ykdysady taýdan bähbitlilik esasynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň we uzak möhletli hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Işewür Hazar deňziniň uglewodorod känlerini özleşdirmek boýunça “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň alyp barýan işleri bilen döwlet Baştutanymyzy tanyşdyryp, biziň ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň hem-de ygtybarly hukuk binýadynyň daşary ýurt işewürler toparlarynyň maliýe serişdelerini, nebit we gaz känlerini işläp taýýarlamaga, ugurdaş düzümleri gurmaga maýa goýmaga ýardam edýändigini nygtady.

Wagit Alekperow biziň ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryna işjeň gatnaşmaga “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň gazyp alýan hem-de gaýtadan işleýän ulgamyň, dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan gaz we nebithimiýa senagatynyň ösdürilmeginde toplanan tejribäni türkmen tarapyna hödürlemäge taýýardygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýanyň iri energetika kompaniýasynyň ýolbaşçysy, birek-birege päk arzuwlaryny aýdyp, özara bähbitler hem-de bilelikde işlemegiň toplanan oňyn tejribesi nazara alnyp ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Habarlar