Türkmenistanyň Prezidenti «Çalyk Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

09.09.2020

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň barşynda “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň müdirliginiň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.

Işewür döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, şu günki şanly waka — Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda gazturbinaly elektrik beketleriniň gurluşygynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Myhman milli Liderimize berk jan saglyk we köptaraplaýyn işinde üstünlikleri arzuw edip, halkara jemgyýetçiliginiň öz ösüşinde ýokary depginleri görkezýän Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine ýokary baha berýändigini nygtady.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan “açyk gapylar” syýasaty we özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy, ykdysadyýetiň ösüşiniň ýokary depgini, senagat pudagyny ösdürmek boýunça giň möçberli maksatnamalar, amatly maýa goýum şertleri daşary ýurtly işewürler bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek hem-de köp ulgamlarda, ilkinji nobatda, ylmy barlaglary köp talap edýän we ýokary tehnologiýaly pudaklarda dünýä tejribesini giňden çekmek üçin berk binýat döredýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostluk, doganlyk we taryhy-medeni kökleri birleşdirýän Türkiýe bilen biziň ýurdumyzyň gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini nygtap, türk kompaniýasynyň türkmen bazarynda işjeňligini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz holdingiň özara bähbitli iri taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmagynyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz yklymyň iri energetika ulgamynyň — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, şeýle hem gurluşygy “Çalyk Holding” kompaniýasyna ynanylan TOP elektrik geçiriji ulgamynyň ähmiýetini nygtap, kompaniýanyň ýolbaşçysyna ähli işleriň bellenilen möhletlerinde we ýokary derejede ýerine ýetirilmegini tabşyrdy.

Türk işewüri ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmelere gatnaşmak bilen, köpýyllyk hyzmatdaşlygy dowam etmegiň öz kompaniýasy üçin uly hormatdygyny belläp, birnäçe bilelikdäki taslamalary ilerletmegiň barşy hakynda hasabat berdi.

Milli Liderimiz gurulýan desgalary şertnamalarda göz öňünde tutulan möhletinde ulanmaga bermegiň hem-de gurluşyk işleriniň ýokary hilli bolmagynyň türkmen tarapynyň hökmany şerti bolandygyna we şeýle bolmagynda galýandygyna ünsi çekdi.

Duşuşygyň ahyrynda türk işewüri döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň geljekde hem hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän jogapkärçilikli çemeleşjekdigini ynandyrdy.

Habarlar