Türkmen Lideriniň adyna Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentinden hat gelip gowuşdy

06.09.2020

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!


Tatarystanlylaryň adyndan hem-de hut öz adymdan TASSR-iň döredilmeginiň 100 ýyllygy hem-de Tatarystan Respublikasynyň güni mynasybetli iberen mähirli gutlagyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Munuň özi Tatarystan Respublikasy bilen russiýa-türkmen gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen hyzmatdaşlyk meselelerine üns berilýändiginiň möhüm mysalydyr.

Pursatdan peýdalanyp, Tatarystan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda özara bähbitli söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň ýokary derejesini bellemek isleýärin. Bu hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin uly mümkinçilikler bardyr.

Size döwlet işiňizde geljekde hem uly üstünlikler, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Rustam Minnihanow, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti.

Habarlar