Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

04.09.2020

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy. Mejlisiň barşynda şu ýylyň sekiz aýynda Hökümetiň alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer hasabat döwründe gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi. Olar ähli pudaklarda durnukly ösüşiň üpjün edilýändigini görkezýär.

Geçen sekiz aýyň dowamynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini okgunly ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde oňyn netijeler gazanyldy.

Ýanwar-awgust aýlarynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 4,4 göterim artdy.

Sekiz aýyň dowamynda bölek satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 19,4 göterim artdy.

Hasabat döwrüniň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 109,1 göterim we çykdajy böleginiň meýilnamasy 92,4 göterim ýerine ýetirildi.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky 2019-njy ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim ýokarlandy. Býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary hem-de talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Rejelenen görnüşdäki Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyz boýunça durmuş maksatly dürli binalaryň we desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de inženerçilik ulgamlaryň gurluşyk işleri alnyp baryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysadyýetimiziň ýagdaýyny her gün seljerip durmagyň, elektron senagatyny ösdürmegiň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmegiň kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine, täze iş orunlaryny döretmek baradaky meselelere gözegçilik etmegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz ministrlikleri hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralaryny ösdürmek boýunça pudaklaýyn maksatnamalaryň durmuşa geçirilişini hem üns merkezinde saklamalydygyny belledi.

Häzirki döwürde emele gelýän ýagdaýdan ugur alyp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň şu ýyl we geljek ýyl üçin çaklamalaryny taýýarlamak zerurdyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň we maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny taýýarlamagy tabşyryp, bu resminamalary Halk Maslahatynyň öňýanynda ara alyp maslahatlaşar ýaly, Ministrler Kabinetiniň indiki mejlisine hödürlenilmelidigini belledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häkimlere ýüzlenip, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” kesgitlenen çäreleriň ýerlerde ýerine ýetirilişine hem-de sebitler we paýtagtymyz üçin berilýän býujet serişdeleriniň maksadalaýyk ulanylmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow gözegçilik edýän ulgamlarynda ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň meýilnamasy 102,2 göterim, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň meýilnamasy 101,2 göterim, “mawy ýangyjyň” eksportynyň meýilnamasy 100,8 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 103,1 göterim, benzinleriň öndürilişiniň meýilnamasy 105,6 göterim, dizel ýangyjynyň öndürilişiniň meýilnamasy 106,3 göterim, kerosiniň öndürilişiniň meýilnamasy 100,3 göterim ýerine ýetirildi. Suwuklandyrylan gazy öndürmegiň ösüşi 121,8 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere öňdebaryjy dünýä tejribesiniň esasynda nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň işini has-da kämilleşdirmek, önümçilik-ykdysady görkezijileriň durnukly artmagyny üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz pudagyň kuwwatyny berkidýän, şol sanda täze nebit we gaz ýataklaryny gözlemek, anyklamak we senagat taýdan özleşdirmek, şeýle hem uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek hem-de dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan önümleri öndürmek babatda taslamalary amala aşyrmak boýunça işleri çaltlandyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Şunda türkmen energiýa serişdeleriniň eksportyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek baradaky meselä aýratyn üns berilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynyň çaltlandyrylmalydygyny belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyny düýpli seljerip, işleri talabalaýyk ýola goýmak üçin zerur çäreleri görmek barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gözegçilik edýän ulgamynyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň sekiz aýda ýerine ýetiren işleri hem-de enjamlary, programma üpjünçiligini we ygtyýarnamalary satyn almak hakynda Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.

Ýanwar-awgust aýlarynda ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça önümçilik meýilnamasy 114,5 göterim ýerine ýetirildi.

“Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 103,4 göterime, “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça 116 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 115,1 göterime barabar ösüş gazanyldy.

Awtomobil, demir ýol, howa we deňiz ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 107,4 göterim, ýük dolanyşygynyň meýilnamasy 110,4 göterim, ýolagçy gatnatmagyň meýilnamasy 101,7 göterim ýerine ýetirildi.

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça ösüş 109,1 göterime barabar boldy.

Hasabatyň dowamynda wise-premýer häzirki wagtda ýurdumyz boýunça döwrebap wideoaragatnaşyk enjamlar toplumynyň gurnalandygyny aýdyp, enjamlary mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi. “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan halkara bäsleşigi yglan edildi. Onuň netijeleri boýunça Birleşen Arap Emirlikleriniň “Vialex FZE” kompaniýasynyň teklibi kabul edildi.

Taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen, wideo-mejlis aragatnaşyk ulgamynyň häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän enjamlar toplumy gurnalar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere ýokarda agzalan agentlikleriň maliýe taýdan üpjünçiligine berk gözegçilik etmegi hem-de degişli hünärmenleriň işlemegi üçin zerur şertleri döretmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ähli pudaklaýyn düzümleriň işini gerekli derejede alyp barmak we olaryň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini belläp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen resminama gol çekip, ony wise-premýere elektron resminama dolanyşygy arkaly iberdi we göz öňünde tutulan meýilnamalary ýerine ýetirmek boýunça birnäçe görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gözegçilik edýän söwda we dokma pudaklarynda hem-de telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek we beýleki döwletlere iberilýän harytlaryň möçberini artdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalar barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça şu ýylyň sekiz aýynda söwda dolanyşygynyň umumy möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 117,3 göterime barabar boldy, önüm öndürmegiň meýilnamasy 123,1 göterim ýerine ýetirildi.

Dokma senagaty ministrligi boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 101,8 göterime, nah matalar – 100,8 göterime, tikin we örme önümleri - 117,8 göterime, gön önümleri – 107,8 göterime barabar boldy.

“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça haly we haly önümlerini öndürmegiň meýilnamasy 111,4 göterim ýerine ýetirildi.

Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça geçen sekiz aýyň dowamynda birža söwdalarynyň 180-si geçirilip, 17 müň 681 şertnama hasaba alyndy.

Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 125,5 göterime barabar boldy.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça ýanwar-awgust aýlarynda senagat önümlerini öndürmegiň ösüşi 110,8 göterime, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň ösüşi bolsa 127,7 göterime barabar boldy.

Wise-premýer şeýle hem milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, içerki we daşarky bazarlary ýokary hilli halylar bilen üpjün etmek maksady bilen, olaryň öndürilişini artdyrmak boýunça maksadalaýyk işleriň alnyp barylýandygy barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ajaýyp türkmen halylarynyň adamzadyň genji-hazynasyny artdyran gözelligiň nusgasydygyny nygtady. Köpasyrlyk milli öwüşgine eýe bolan hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygyna öwrülen halylar dünýäde hakyky sungatyň ajaýyp ýadygärligi hökmünde ykrar edildi.

Türkmen halylary ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. Munuň özi çeper elli halyçy zenanlarymyz tarapyndan döredilen täsin halylaryň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe içerki islegleri ýokary hilliligi hem-de bäsdeşlige ukyplylygy bilen tapawutlanýan, ýurdumyzda öndürilen ekologiýa taýdan arassa önümler bilen doly üpjün etmek, ony dünýäde giňden wagyz etmek, harytlaryň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu işi mundan beýläk-de dowam etmegi talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dokma senagatyny ösdürmek meselesine ünsi çekip, häzirki wagtda bu ulgamyň milli ykdysadyýetimiziň gaýtadan işleýän pudagyny okgunly ösdürmegiň aýdyň mysalyna öwrülendigini nygtady. Pudagyň kuwwatyndan has netijeli peýdalanmak, ýerli çig mal serişdeleriniň esasynda dürli görnüşli hem-de bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän ýokary tehnologiýaly kärhanalary döretmek boýunça wezipeleri çözmek üçin netijeli çäreler görülýär.

Milli Liderimiz bular barada aýdyp, kabul edilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine berk gözegçiligi amala aşyrmak hem-de olaryň ýerine ýetirilişiniň netijeleri boýunça her aýda hasabat bermek barada tabşyryk berdi.

Döwlet Baştutanymyz indi öz öndürip biljek önümlerimizi daşardan getirmegi bes etmegiň zerurdygyny nygtady. Bu çäreler, ilkinji nobatda, ýurdumyzda täze iş orunlaryny döretmäge, telekeçileriň we raýatlarymyzyň iş ýerlerini saklap galmaga gönükdirilmelidir.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Ýanwar-awgust aýlarynda gurluşyk hem-de senagat toplumynda önüm öndürmek we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça bellenen meýilnama 115,6 göterim ýerine ýetirilip, ösüş 123,2 göterime barabar boldy.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler boýunça meýilnama 108,8 göterim berjaý edilip, 107,7 göterim ösüş gazanyldy.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça hasabat döwründe önüm öndürmek we işleri amala aşyrmak babatda meýilnama 104,3 göterim ýerine ýetirildi, şunda ösüş 107,1 göterime deň boldy.

Energetika ministrligi boýunça ýanwar-awgust aýlarynda öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüşi 127,7 göterime barabar bolup, meýilnama 118 göterim berjaý edildi.

Hasabat döwründe elektrik energiýasyny öndürmekde ösüş 114,5 göterime deň bolup, meýilnama 106 göterim ýerine ýetirildi.

Şu ýylyň sekiz aýynda “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan önüm öndürmek we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 130,1 göterim berjaý edildi, şunda ösüş 156,7 göterime barabar boldy.

Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 112,7 göterim berjaý edilip, 103,3 göterim ösüş gazanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň welaýatlarynda ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalaryň, ýollaryň, suw üpjünçilik we suwaryş desgalarynyň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, dürli maksatly desgalaryň gurluşygyny we olaryň öz wagtynda ulanylmaga berilmegini berk şahsy gözegçilige almak tabşyryldy.

Milli Liderimiz gurluşyk kadalarynyň we düzgünleriniň berjaý edilmegine, gurluşyk hem-de abatlaýyş işleriniň hiline aýratyn üns berilmelidigi barada görkezme berdi.

Döwlet Baştutanymyz degişli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişiniň depginleriniň pesdigini, birnäçe desgalaryň gurluşygynyň tamamlanmaly möhletinden yza galýandygyny belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz gurluşyk senagatyny ösdürmek, täze önümhanalary we kärhanalary gurmak, gurluşyk toplumynyň talaplaryny doly üpjün eder ýaly ähli önümçilik kuwwatlyklaryny sazlaşykly ösdürmek bilen baglanyşykly işleri berk gözegçilikde saklamagy talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň içinde energetika halkasyny döretmek we Türkmenistan–Owganystan–Pakistan elektrik geçiriji ulgamyny gurmak boýunça işleri dowam etmek, şeýle hem degişli pudaklar üçin maýa goýumlaryny çekmek bilen baglanyşykly meselelere toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşýan häkimlere ýüzlenip, Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin, hususan-da, ýaşaýyş jaýlaryny, möhüm durmuş-medeni we düzümleýin desgalary gurmak arkaly ýerli ilatyň durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmak boýunça degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ähli desgalaryň gurluşygyna hem-de şolarda alnyp barylýan işleri öz wagtynda tamamlamak meselelerine hemmetaraplaýyn oýlanyşykly çemeleşmegiň ähmiýetini ýene-de bir gezek nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy barada, şol sanda şu ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryny ösdürmek boýunça ýerine ýetirlen işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, häzirki döwürde bilim ulgamyna döwrebap usullary, sanly tehnologiýany we dünýäniň ösen tejribelerini ornaşdyrmak ugrunda zerur tagallalar görülýär. Saglygy goraýyş ulgamynda häzir dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar nazara alnyp, maksatnamalaýyn çäreler görülýär.

Mundan başga-da, türkmen türgenleriniň öňde boljak halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmegine gönükdirilen türgenleşik işlerine giň gerim berildi. Şu babatda ýakynda degişli hünärmenleriň netijeli işlemegi üçin zerur bolan hemme mümkinçiliklere eýe bolan täze döwrebap sport ulgamynyň desgalarynyň ulanylmaga berilmeginiň ähmiýeti bellenildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, bilim biziň üstünliklerimiziň we öňe gitmegimiziň esasydyr diýip belledi. Döwlet Baştutanymyz halk hojalyk toplumynyň ähli ugurlarynda innowasiýalaryň hem-de iň täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, öňdebaryjy tejribä we bilimlere daýanylmagy netijesinde, ýurdumyzda giň gerimli maksatnamalaryň we meýilnamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygyny nygtady.

Ykdysady, syýasy, medeni we bilim mümkinçiliklerimizi ýokarlandyryp, ata Watanymyzy depginli ösüş ýoly bilen öňe alyp barýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz döwletimiziň özgerdiji syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biriniň mekdepden başlap, milli bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmekden ybaratdygyny belledi.

Şunuň bilen birlikde, bilim ulgamynda köpsanly kemçiliklere ýol berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Sanly bilim ulgamy talabalaýyk ösdürilmeýär. Bilim bermegiň ähli basgançaklarynda ulanylýan okuw maksatnamalary täzelenilmeýär.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň çagalar baglarynda, umumybilim berýän mekdeplerinde we ýokary okuw mekdeplerinde ösüp gelýän ýaş nesillere berilýän bilim-terbiýäniň häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelmelidigine ünsi çekdi. Häzirki zamanyň ösen tejribesi milli bilim ulgamyna işjeň ornaşdyrylmalydyr.

Milli Liderimiz häzirki döwürde bu ulgamyň edaralarynda alnyp barylýan işleriň bildirilýän talaplara laýyk gelmeýändigini aýdyp, bu ugurda alnyp barylýan işlere düýpli nägilelik bildirdi we wise-premýere ýokarda aýdylanlary içgin seljermegi hem-de ýol berlen kemçilikleri düzetmek boýunça gaýragoýulmasyz çäreleri görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow işde goýberen düýpli kemçilikleri we özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin M.Gowşudowy Türkmenistanyň bilim ministriniň mekdep we mekdebe çenli çagalar edaralary boýunça orunbasary wezipesinden boşatdy.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere we welaýatlaryň häkimlerine çagalar bagyndan, orta bilim berýän mekdeplerden başlap, ähli bilim edaralarynyň üstünlikli işlemegi, okuw işiniň üstünlikli alnyp barylmagy üçin zerur ähli zatlar bilen üpjün edilmegi barada görkezmeler berildi.

Soňra wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa çagyryldy.

Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berip, hasabat döwründe dürli medeni çäreleriň, şol sanda sergileriň, döredijilik bäsleşikleriň we duşuşyklaryň, aýdym-sazly dabaralaryň, wagyz ediş işleriň hem-de 2019-2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň medeniýet ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan beýleki çäreleriň guralandygyny habar berdi.

Metbugat sahypalarynda, teleradio ýaýlymlarda hem-de internet sahypalarynda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri, geçirilýän giň gerimli özgertmeleri beýan etmek boýunça işler dowam etdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň täze orunbasary hökmünde wezipesiniň gözegçilik edýän ulgamynyň ýolbaşçylarynyň işini seljermekden, bu ugurda kemçilikler bar bolsa, olary düzetmekden, eger zerur bolsa, täze ýolbaşçylary bellemekden ybaratdygyna wise-premýeriň ünsüni çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Medeniýet ministrliginiň, metbugatyň we teleradioýaýlymlaryň ýolbaşçylarynyň soňky ýyllarda döredilen kuwwatly maddy-tehniki mümkinçiliklerden ýaramaz peýdalanýandyklaryny belledi hem-de bu ýagdaýy düzetmegi talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz öňde boljak ählihalk baýramlaryna medeni çäreleri taýýarlamagyň, olary giňden beýan etmegiň wajypdygyny nygtap, şanly seneleriň ähmiýetini belledi.

Ýylyň ahyryna çenli ýurdumyzda köp sanly medeni çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Döwletimiziň esasy seneleri bolsa, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk baýramlarydyr. Biz bu seneleri örän ýokary derejelerde geçirmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilatyň arasynda arassaçylyk meseleleri, ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça ýurdumyzda görülýän çäreler barada düşündiriş işleriniň giňden alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz bu ugurlardaky işleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere hem-de häkimlere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň hem-de paýtagtymyzyň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňledi.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow sebitde hasabat döwründe şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, bugdaý ekişiniň barşy, gowaça ideg etmek boýunça görülýän çäreler hem-de pagta ýygymyna taýýarlyk görlüşi, maldarçylyk pudagynda öňde goýlan wezipeleriň çözülişi barada hasabat berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew ýurdumyzyň günbatar sebitinde şu ýylyň sekiz aýynyň netijeleri boýunça gazanylan durmuş-ykdysady ösüşiň görkezijileri, şol sanda badalga alan galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän çäreler, gowaça meýdanlarynda degişli agrotehniki işleriň ýerine ýetirilişi hem-de pagta ýygymyna taýýarlygyň derejesi, maldarçylyk pudagynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depgini, milli Liderimiziň galla ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de pagta ýygymyna taýýarlyk görlüşi, şeýle hem maldarçylygy ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde bugdaý ekişini guramaçylykly geçirmek maksady bilen alnyp barylýan işler hem-de pagta ýygymyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiziň maldarçylygy ösdürmek boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hem aýdyldy.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, bugdaý ekişiniň depginleri hem-de pagta ýygymyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi we maldarçylyk pudagyndaky işleriň ýagdaýy barada aýdyldy.

Soňra göni wideoaragatnaşyk arkaly Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, ýol-ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna gabatlanylyp, açylmagy meýilleşdirilýän iri desgalaryň gurluşygy barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dürli maksatly toplumlar bina edilende, şäher düzümini döwrebaplaşdyrmakda, şol sanda täze desgalaryň taslamalary düzülende öňdebaryjy tehnologiýalary we dünýäniň iň gowy tejribesini ulanmagyň üýtgewsiz talap bolup durýandygyny belledi.

Öňümizdäki şanly senä gabatlanylyp, ulanylmaga beriljek desgalaryň ählisinde gurluşyk işleriniň hili halkara ölçeglerine doly laýyk gelmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we häkime bu meseläni berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň baş baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, degişli çäreleri görmegiň wajypdygyny aýdyp, ähmiýetli waka bolan Garaşsyzlyk gününe ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda amala aşyrylan işleriň netijeleri hem-de oba hojalygynda özgertmeleriň geçirilişi, ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň umumy möçberi 110,2 göterime deň boldy, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 110,7 göterime ýetdi. Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 106,5 göterime, “Türkmenatlary” döwlet birleşigi boýunça 105 göterime deň boldy. Maýa goýumlaryny özleşdirmek boýunça meýilnama 125,9 göterim ýerine ýetirildi.

Milli Liderimiziň ak pata bermegi bilen ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaý ekişine guramaçylykly girişildi. Bu jogapkärli möwsümi agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda bellenilen möhletde geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şeýle hem şu günler gowaça ideg etmek işleri bilen bir hatarda pagta ýygymy möwsümine taýýarlyk görmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzda maldarçylygy ösdürmek we maldarçylyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Öri meýdanlaryny peýdalanmaga we kärendesine bermegiň tertibi hakynda” Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Milli Liderimiz wise-premýer E.Orazgeldiýewe hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, oba hojalygynda möhüm möwsüm bolan bugdaý ekişiniň başlandygyny belledi. Geljek ýylyň galla hasyly we ýurdumyzyň azyk howpsuzlygy möwsümiň guramaçylykly geçirilişine baglydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bugdaý ekişi bilen bagly ähli çäreleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şu ýyl Diýarymyzyň gowaça meýdanlarynda hem bol hasyl ýetişdirildi. Bu gymmatly ekiniň ýurdumyz üçin möhümdigini göz öňünde tutup, pagtanyň soňky hanasyna çenli ýygnap almak boýunça ähli zerur işleri geçirmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz suw bilen üpjünçilik meselesine, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga we täze ýerleri özleşdirmäge hem aýratyn üns berilmelidigini, suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmalydygyny, bu işde daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribeleriniň ulanylmalydygyny nygtady.

Oba hojalygyny ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalary amala aşyrmagyň üstünde tutanýerli işlemegiň zerurdygy bellenildi. Maldarçylyk pudagyny ösdürmek we mallaryň baş sanyny artdyrmak üçin hem ähli zerur çäreler görülmelidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Öri meýdanlaryny peýdalanmaga we kärendesine bermegiň tertibi hakyndaky» Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi hem-de onda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek, hususan-da, şu mesele bilen bagly ilatyň arasynda düşündiriş işlerini guramak barada wise-premýere hem-de häkimlere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmek bilen baglylykda, Daşary işler ministrligi tarapyndan şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça netijeli çäreler görülýär. Ýanwar-awgust aýlarynda ikitaraplaýyn Hökümetara toparlarynyň we beýleki degişli düzümleriň nobatdaky mejlisleriniň birnäçesi geçirildi.

Şunuň bilen birlikde, Wengriýanyň, Belgiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Owganystanyň we Russiýa Federasiýasynyň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki işewürlik forumlary geçirildi.

Wise-premýer, daşary işler ministri milli Liderimiziň garamagyna «Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakyndaky», «Türkmenistanyň konsullyk gullugynyň işini mundan beýläk kämilleşdirmek hakyndaky» Kararlaryň taslamalaryny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dürli halkara çärelerini geçirmek, Türkmenistanyň şolara gatnaşmagy baradaky teklipleri bermegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň diplomatik we konsullyk gulluklaryna degişli Kararlara gol çekip, olary wise-premýere, daşary işler ministrine elektron resminama dolanyşygy arkaly iberdi we bu babatda degişli görkezmeleri berdi.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça şu ýylyň sekiz aýynda milli parlamentiň alyp baran işleriniň netijeleri hem-de Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada maglumat berdi.

Deputatlar tarapyndan döwletimiziň we jemgyýetiň durmuşynyň ileri tutulýan ugurlaryny kanunçylyk taýdan üpjün etmek maksady bilen, täze kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak hem-de ozal hereket edýänlerini kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar.

Mejlisiň iş toparlarynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara başlangyçlaryndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmäge gönükdirilen täze kanunçylyk namalarynyň taslamalary taýýarlanylýar. Dünýä tejribesini nazara alyp hem-de ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipleriň esasynda kanunçylyk namalary kämilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Konstitusion kanunyň taslamasy boýunça işler alnyp barylýar. Gelip gowşan teklipleriň ählisi iş toparynyň mejlislerinde jikme-jik seredildi.

Häzirki wagtda döwlet edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde, Halk Maslahatynyň taryhy mejlisine taýýarlyk görülýär, gün tertibinde serediljek meseleler boýunça tekliplere garalýar, Halk Maslahatynyň Meýilnamasynyň we beýleki degişli resminamalaryň taslamalary taýýarlanylýar, umumymilli forumyň taryhy-durmuş ähmiýeti wagyz edilýär.

Parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň we kanunçykaryjylyk işinde dünýä tejribesini öwrenmegiň, BMG-niň wekilhanalary hem-de beýleki abraýly guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň çäklerinde Mejlisde degişli işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň ykdysady ösüşiniň anyk ýagdaýlaryny, jemgyýetimiziň häzirki döwürdäki isleglerini we Diýarymyzy demokratiýalaşdyrmak işlerini nazara alyp, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça Mejlisiň yzygiderli alyp barýan işiniň ähmiýetini nygtady. Milli Liderimiz bu işleriň dowam etdirilmelidigini hem-de halkara kanunçykaryjylyk tejribesine kybap getirilmelidigini nygtady.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz deputatlaryň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleriniň, ministrlikeriň, pudaklaýyn dolandyryş hem-de ylmy edaralaryň degişli hünärmenleriniň gatnaşmagynda ýerlerde jemgyýetçilik duşuşyklaryny geçirmegi, amala aşyrylýan konstitusion özgertmeleriň we üýtgetmeleriň ähmiýetini raýatlara ýetirmegi dowam etmelidigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň baş baýramy bolan Garaşsyzlyk gününiň öňýanynda geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisine parlamentiň Başlygynyň hem-de wise-premýerleriň we häkimleriň ünsüni çekip, umumymilli forumyň guramaçylygy bilen baglanyşykly ähli meseleleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Biz maslahatda Garaşsyz döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň örän möhüm meselelerine seredip, degişli kararlary kabul ederis. Bu kararlar ýurdumyzyň syýasy ulgamyny has-da kämilleşdirmek we jemgyýetimizde demokratiýany mundan beýläk-de ösdürmek boýunça nobatdaky ädimleri ätmäge mümkinçilik berer diýip, milli Liderimiz nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine ünsi çekip, olaryň dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaýlara garamazdan, Garaşsyz döwletimiziň üstünlikli ösmegini dowam edýändigini görkezýär diýip belledi. Häzirki döwürde depginli geçirilýän makroykdysady syýasat ýurdumyzy uzakmöhletleýin ösdürmegiň strategik maksatnamalaryny amala aşyrmagyň hasabyna jemi içerki önümiň 5,7 göterim ösüşini gazanmagy üpjün etdi.

Ýurdumyzda bilim we ylym ulgamyny özgertmek, önümçiligi döwrebap ýagdaýa getirmek işleri hem kabul edilen maksatnamalara laýyklykda alnyp barylýar. Sanly ulgamy ornaşdyrmak we Garaşsyz döwletimizi senagat taýdan ösdürmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Bazar ykdysadyýeti emele gelýär hem-de nebitgaz ýataklary özleşdirilýär.

Türkmenistan–Owganystan–Pakistan elektrik we aragatnaşyk ulgamlarynyň, şeýle hem TOPH gaz geçirijisiniň gurluşyklary alnyp barylýar we beýleki halkara taslamalary taýýarlanýar. Berkarar Watanymyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy giň gerim bilen dowam edýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şol desgalaryň hatarynda täze şäherçeleri, ýaşaýyş jaýlaryny, dynç alyş we saglyk merkezlerini, mekdeplerdir çagalar baglaryny hem-de ençeme beýleki desgalary görkezmek bolar.

Hususy telekeçiligi goldamak, ýurdumyzyň telekeçilerini ykdysadyýetimizde özgertmeleri geçirmäge giňden çekmek syýasaty dowam edýär. Emma, muňa garamazdan, gynansak-da, ykdysadyýetimiziň aýry-aýry pudaklarynda ençeme meseleler çözülmän gelýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Bu meseleleriň çözülmegi şol pudaklaryň ýolbaşçylarynyň alyp barýan işine baglydyr.

Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz şu ýylyň 9 aýynyň jemleri boýunça pudaklaryň işiniň düýpli seljeriljekdigini hem-de ýolbaşçylar babatda degişli netijäniň çykaryljakdygyny habar berdi.

Şu ýyl üçin öňümizde duran wezipeler ýurdumyzy 2020–2025-nji ýyllarda ösdürmegiň Maksatnamasynda anyk kesgitlendi we olar köp işleriň amala aşyrylmagyny talap edýär. Şoňa görä-de, bu wezipeleriň üstünde yhlas bilen tutanýerli zähmet çekmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek we daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak baradaky döwlet maksatnamalarymyza, maldarçylygy ösdürmäge goşmaça itergi bermelidiris. Ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda bar bolan uly mümkinçilikleri netijeli peýdalanmalydyrys.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, ýylyň ahyryna çenli az wagtyň galandygyny belledi. Şu ýyly hem gowy netijeler bilen tamamlamak, uly baýramlarymyz bolan Garaşsyzlyk gününi hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk ýubileýini ýokary derejede geçirmek üçin biz yhlas bilen zähmet çekmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, «Türkmenleriň döwletlilik ýörelgesi» atly ýene-de bir kitabyň çap edilendigini aýtdy. Merdana halkymyzyň gadymyýetden gelýän taryhyny öwrenmegiň ähmiýeti barada aýtmak bilen, milli Liderimiz häzirki döwürde bize zerur bolan tejribäni toplamaga mümkinçilik berýändigini hem-de şu meselede döwürleriň geçmegi bilen gadymy çeşmeleriň täze many-mazmun bilen baýlaşýandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu kitabyň hemmeler üçin gyzykly we peýdaly boljakdygyna umyt bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýerler P.Agamyradowa, M.Mämmedowa, Ç.Amanowa Halk Maslahatyna çenli galan döwrüň içinde bu kitabyň tanyşdyryş çäresini geçirip biljekdigini aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini geçirip gutarmak bilen, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Habarlar