Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystan Respublikasynyň Prezidentine gutlag hatyny ýollady

30.08.2020

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystan Respublikasynyň güni hem-de Tatar ASSR-nyň döredilmeginiň 100 ýyllyk ýubileýi mynasybetli Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowa tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Häzirki wagtda taryhy dostluga we doganlyga esaslanýan netijeli türkmen-tatarystan gatnaşyklary biziň ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasy bilen köpugurly we strategik hyzmatdaşlygynyň aýdyň görkezijisi bolup durýar” diýip, milli Liderimiz öz hatynda belledi hem-de biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky mähirli we ynanyşykly gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Rustam Minnihanowa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Tatarystanyň doganlyk halkyna bolsa, parahatçylyk, öňegidişlik we gülläp ösüş arzuw etdi.

Habarlar