Türkmenistanyň Prezidenti höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň telebäsleşigine gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi

29.08.2020

Berkarar döwletimiziň ýaş aýdymçy ýigitleri we gyzlary!
Mähriban ýaşlar!

Sizi «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüşiň täze belentliklerine göterilen aýdym-saz sungatymyzda size döredijilik üstünliklerini, kalbyňyzdan joşup çykýan ylhamyňyzyň hemişe joşgunly bolmagyny arzuw edýärin!

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda şanly wakalara beslenip, barha ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramyny belent zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe medeniýet we sungat, döredijilik işgärlerimiziň döredýän milli öwüşginli aýdym-sazlary ýurdumyzy ähli ugurlar boýunça düýpli ösdürmäge gönükdirilen tutumly maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge ruhlandyrýar.

Gadymy medeniýetleriň döremegine, sebitara medeni-ruhy gatnaşyklaryň kemala gelmegine uly goşant goşan, özüniň baý sungaty bilen şöhratlanan Bitarap Türkmenistan asudalygyň, abadançylygyň, dost-doganlygyň, parahatçylyk söýüjiligiň, agzybirligiň mekany hökmünde dünýä bileleşiginde mynasyp orny eýeleýär.

Mähriban ýaşlar!

Berkarar döwletimiziň medeniýet ulgamynda gazanylýan üstünlikler uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda yzygiderli amala aşyrylýan özgertmeler jemgyýetiň ösüşiniň berk ruhy binýadyny emele getirýär. Şundan ugur alnyp, medeniýetimizi, milli sungatymyzy, edebiýatymyzy täze, kämil eserler bilen baýlaşdyrmak, bu ugurda ýetilen belent sepgitler bilen dünýä jemgyýetçiligini ýakyndan tanyşdyrmak biziň döwlet syýasatymyzyň öňe sürýän ugurlarynyň biridir.

Ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän köpugurly medeni çärelerde, döredijilik bäsleşiklerinde medeniýet we sungat ussatlarynyň üstünlikli çykyş etmekleri, medeniýet we sungat ugurlarynda bilim berýän okuw mekdeplerinde işleriň göwnejaý guralmagy, oba medeniýet öýlerinde çeper höwesjeňleriň zehinlerini açmak we kämilleşdirmek üçin döredilýän ajaýyp şertler täze nesilleri kemala getirmäge, türkmen sungatyny düýpli ösdürmäge uly ýardam berýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda asylly däbe öwrülen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi hem höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň ençemesini ýüze çykarmakda, ýaşlary türkmen sungatynyň rowaçly menzillerine ruhlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigine ýurdumyzyň welaýatlaryndan, etraplaryndan, şäherlerinden we obalaryndan sungata höwesek ýaş aýdymçylaryň onlarçasy gatnaşyp, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezýärler, zehinlerini kämilleşdirýärler. Bu döredijilik bäsleşigi türkmen sungatynda täze zehinleri kemala getirmekde aýratyn ähmiýetli medeni çäreleriň biri hökmünde uly meşhurlyk gazandy. Bagtyýar zamanamyzda geljekde-de köpöwüşginli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge ukyply täze nesilleriň ýüze çykarylmagyna gönükdirilen şeýle döredijilik bäsleşikleriniň yzygiderli geçirilmegi üçin zerur şertleri dörederis.

Gadyrly aýdymçy ýaşlar!

Siz ussat halypalardan miras galan milli aýdym-saz sungatymyzyň inçe ýollaryny kalbyňyza pugta siňdirip, ony dünýä derejesinde ösdürmelisiňiz hem-de dünýä halklarynyň aýdym-sazlaryny düýpli özleşdirmelisiňiz. Siziň esasy wezipäňiz geljekde hem ýurdumyzyň aýdym-saz sungatynyň has belende göterilmegine ähli ukyp-başarnygyňyzy bagyş edip, Garaşsyz Watanymyzyň taryhy özgerişlerini, halkymyzyň bagtyýarlygyny, jemgyýetimiziň abadançylygyny belentden wasp etmekdir. Siziň kalbyňyzdan joşup çykýan aýdymlaryňyz mähriban watandaşlarymyzy täze zähmet üstünliklerine, belent sepgitlere, sagdyn durmuş ýörelgelerine ruhlandyrmalydyr.

Garaşsyz ýurdumyzyň ýaş aýdymçy ýigitleri we gyzlary!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe asyrlar aşyp gelen sungat däplerine, türkmeniň döwletlilik ýörelgelerine eýerip, milli aýdym-saz sungatymyzyň has-da rowaçlanmagy, barha kämilleşmegi ugrunda güýç-gaýratyňyzy gaýgyrmajakdygyňyza, ussat bagşylarymyzyň, zehinli aýdymçylarymyzyň sungat äleminde miras galdyran döredijilik ýollaryny mynasyp dowam etdirjekdigiňize pugta ynanýaryn.

Siziň ähliňizi «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz hem-de ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, sungat dünýäsinde döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin!

Türkmenistauyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Habarlar