Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

22.08.2020

Şu gün sanly wideoaragatnaşyk arkaly Mejlisiň altynjy çagrylyşynyň onunjy maslahaty geçirildi, onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan täze kanunlaryň we kadalaşdyryş-hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi. Maslahata käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Deputatlaryň ara alyp maslahatlaşmagyna “Hukuk bozulmalarynyň öňüni almak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyň taslamasy hödürlenildi, onda hukuk bozulmalarynyň öňüni almak ulgamynyň hukuk we guramaçylyk esaslary kesgitlenilýär hem-de ony ulanmak üçin umumy kadalar, ýörelgeler, esasy ugurlar, hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň hem-de öňüni alyş çäresiniň täsirli görnüşleri bellenilýär.

Çykyş edenler jemgyýetimiziň kanunylygyň hem-de hukuk tertibiniň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna, hukuk bozulmalaryny emele getirýän sebäpleriň we şertleriň ýüze çykarylmagyna hem-de aradan aýrylmagyna gönükdirilen durmuş, hukuk, guramaçylyk hem-de maglumat häsiýetli çäreleriň öz wagtynda kabul edilmeginiň möhümdigini nygtadylar.

Şunda hukuk goraýjy edaralaryň we beýleki döwlet düzümleriniň bu ugurda jemgyýetçilik birleşikleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygynyň, şeýle hem ilatyň hukuk sowatlylygynyň ýokarlandyrylmagynyň, ýaşlary türkmen halkynyň gadymyýetden sarpa goýýan ahlak gymmatlyklary esasynda tebiýelemegiň, köçelerde, ulag düzümlerinde, beýleki jemgyýetçilik ýerlerinde hukuk tertibiniň hem-de howpsuzlygynyň ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin ylmyň we häzirki zaman tehnologiýalarynyň gazananlaryny giňden peýdalanmagyň zerurdygy bellenildi.

Ýygnananlar “Bedenterbiýe we sport hakynda” Kanunyň taslamasyna garamak bilen, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de ýokary netijeli sporty höweslendirmek we ösdürmek meseleleriniň hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan derejesine çykarylandygyny bellediler.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen sport ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär, paýtagtymyzda we welaýatlarda halkara ölçeglerine laýyk gelýän sport desgalarynyň onlarçasy—stadionlar, atçylyk sport toplumlary, bedenterbiýe-sagaldyş merkezleri ulanmaga berildi. Ýurdumyzda degişli sport çäreleri, şol sanda Umumymilli bäsleşikler, sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlary yzygiderli guralýar, köpçülikleýin welosipedli ýörişler, Saglyk ýoluna çykmak ýaly ajaýyp däpler peýda boldy, olara türkmenistanlylaryň müňlerçesi gatnaşýar.

Täze Kanun hem raýatlaryň sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kemala getirilmegine gönükdirilendir, onda esasy ýörelgeler kesgitlenilýär, jemgyýetçilik gatnaşyklary kadalaşdyrylýar hem-de Türkmenistanda bedenterbiýe we sport babatynda işleriň hukuk, guramaçylyk, ykdysady hem-de durmuş esaslary bellenilýär.

Soňra ara alyp maslahatlaşylmaga “Adatdan daşary ýagdaýda halkara ynsanperwer kömegi hakynda” Kanunyň taslamasy hödürlenildi. Biziň ýurdumyzda tebigy heläkçilikleriň töwekgelçilikleriniň ýüze çykmak mümkinçiligini we olary öz wagtynda duýdurmak üçin ähli çäreleriň görülýändigi bellenildi. Degişli döwlet edaralarynyň we düzümleriniň mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen, bu ulgamda BMG-niň ýöriteleşdirilen agentlikleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, Türkmenistan ählumumy ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine, şol sanda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Bosgunlaryň işleri boýunça BMG-niň Ýokary komissarynyň müdüriýetiniň, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara federasiýasynyň, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň, BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasynyň hem-de beýleki halkara düzümleriniň çäklerinde gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ýardam berýär.

Şunuň bilen baglylykda, täze kanunyň möhüm ähmiýeti nygtaldy, ol adatdan daşary ýagdaýlarda halkara ynsanperwer kömeginiň hukuk, guramaçylyk hem-de ykdysady esaslaryny kesgitleýär. Ýygnananlaryň belleýşi ýaly, bu resminamanyň kabul edilmegi halkara guramalary bilen netijeli we dessin hyzmatdaşlyk etmäge, şol sanda Türkmenistanyň döwlet serhedinden halkara işgärleri, harytlary, üpjünçilik esbaplaryny, enjamlary we ulag serişdelerini ýönekeýleşdirilen hem-de çaltlaşdyrylan tertipde geçirmegiň hasabyna gatnaşyklary giňeltmäge ýardam berer.

Maslahatda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça Ygtyýarly wekiliň--Adatlatçynyň hasabaty hem diňlenildi, hasabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň raýatlaryň ykdysady, durmuş, medeni, syýasy hukuklaryny hem-de azatlyklaryny üpjün etmek we berjaý etmek ugrunda alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlary beýan edildi, şeýle hem bu ulgamda geçirilýän işleriň jemleri seljerildi.

Deputatlar “Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Howa kodeksine üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda”, “Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Döwlet serhedi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Býujet kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Ätiýaçlandyryş hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Sertifikasiýalaşdyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda”, “Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda”, “Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Zähmet kodeksine goşmaça girizmek hakynda”, “Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeleri girizmek hakynda”, “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeleri girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna ütgetmeler girizmek hakynda”, “Weterinariýa işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça we üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Migrasiýa hykynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda” Kanunlaryň taslamalaryna garadylar.

Mundan başga-da, maslahatda “Ozon gatlagyny dargadyjy maddalar boýunça Monreal teswirnamasyna düzedişleri tassyklamak hakynda”, “Afrika-Ýewraziýanyň göçýän suw-batgalyk guşlaryny gorap saklamak boýunça Ylalaşyga goşulmak hakynda”, “Ýabany haýwanlaryň göçýän görnüşlerini gorap saklamak boýunça Konwensiýa goşulmak hakynda”, “Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň Serhetüsti bilen baglylykda daşky gurşawa edilýän täsire baha bermek boýunça Teswirnamasyny tassyklamak hakynda”, “Halkara magistral awtoýollary hakyndaky Ýewropa Ylalaşygyny tassyklamak hakynda”, “Halkara magistral demir ýollary hakyndaky Ýewropa Ylalaşygyny tassyklamak hakynda”, “Halkara utgaşdyrylan gatnatmalaryň, daşamalaryň möhüm ýollary we desgalary hakyndaky Ýewropa Ylalaşygyny tassyklamak hakynda”, “1968-nji ýyldaky Ýol hereketi hakyndaky Konwensiýanyň üstüni dolýan Ýewropa Ylalaşygyny tassyklamak hakynda”, “1968-nji ýyldaky Ýol belgileri we duýduryşlary hakyndaky Konwensiýanyň üstüni dolýan Ýewropa Ylalaşygyny tassyklamak hakynda”, “1968-nji ýyldaky Ýol belgileri we duýduryşlary hakyndaky Konwensiýanyň üstüni dolýan Ýewropa Ylalaşygyna Ýol çyzgylary hakyndaky Teswirnamany tassyklamak hakynda”, “Körlere we görüş ukyby bozulan ýa-da metbugat maglumatlaryny kabul etmek bilen bagly beýleki mümkinçilikleri çäkli adamlara çap edilen eserleriň elýeterliligini ýeňilleşdirmek hakyndaky Marrakeş Ylalaşygyna goşulmak hakynda”, “Ýerine ýetirijileriň, fonogrammalary döredijileriň we ýaýlyma goýberiş guramalaryň hukuklaryny goramak hakyndaky halkara Konwensiýa goşulmak hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararlarynyň taslamalaryna garaldy.

Şeýle hem beýleki birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenilen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

Maslahatyň ahyrynda milli parlamentiň deputatlary kabul edilen hukuk namalarynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylyk ulgamynyň üstüni dolmak bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Watanymyzy durmuş-ykdysady hem-de demokratik özgertmeler ýoly bilen okgunly ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň mundan beýläk-de üstünlikli çözülmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Habarlar