Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

17.08.2020

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynyň hem-de paýtagtymyzyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli desgalaryň ulanylmaga berilmegine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz ilki bilen göni wideoaragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy çagyrdy. Häkim paýtagtymyzda işleriň ýagdaýy, ony abadanlaşdyrmak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem iri desgalaryň gurluşygynyň barşy hakynda habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň depgininiň pesdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmegiň wezipelerini çözmäge düýpli we jogapkärçilikli çemeleşmegiň möhümdigini aýdyp, şäherde arassaçylygy saklamak, jemagat gulluklarynyň bökdençsiz işini üpjün etmek babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow özgertmeleri amala aşyrmakda ähli ugurlary, şol sanda ýaşaýyş-durmuş, inženerçilik-tehniki, ulag-kommunikasiýalar, ekologiýa ugurlaryny göz öňünde tutmagyň zerurdygyny aýtdy.

Şonuň bilen bir hatarda, milli Liderimiz Aşgabat şäheriniň häkiminiň ünsüni nobatdaky gyş möwsümine taýýarlyk görmek bilen bagly işlere çekdi. Şunuň bilen baglylykda, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny degişli ulanyş ýagdaýyna getirmek, zerur bolan halatynda olary abatlamak zerur bolup durýar.

Şeýle hem häkime paýtagtymyzyň täze gurulýan desgalarynda, aýratyn-da, şanly sene — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi bellenilen desgalarda işleriň hiline we öz wagtynda ýerine ýetirilişine, şäherde ýangyn howpsuzlygynyň kadalarynyň berjaý edilmegine berk gözegçilik etmek tabşyryldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowy çagyrdy. Ol welaýatda işleriň ýagdaýy, pagta ýygymy möwsümine we güýzlük bugdaýyň ekişine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şeýle-de möhüm desgalaryň gurluşygynyň barşy, ýerlerde durmuş-ýaşaýyş binalaryny döwrebaplaşdyrmak, inženerçilik ulgamlarynyň ýyladyş möwsümine taýýarlygyny üpjün etmek hakynda hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp we «ak altyn» möwsümi barada durup geçmek bilen, gowaça meýdanlarynda degişli işler geçirilende agrotehniki kadalaryň gyşarnyksyz berjaý edilmeginiň ähmiýetini nygtady. Şonuň ýaly-da milli Liderimiz güýzki bugdaý ekişiniň ýokary hilli, gysga möhletde geçirilmelidigini we soňra olara toplumlaýyn ideg edilmeginiň geljek ýyldaky bol galla hasylynyň girewidigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz öňde durýan möhüm çärelere zerur bolan oba hojalyk tehnikalaryny, enjamlaryny, şol sanda pagta ýygyjy kombaýnlary, ekijileri, awtoulaglary, şeýle hem kabul ediş harmanhanalaryny hem-de pagta arassalaýjy kärhanalary guramaçylykly taýýarlamak barada görkezme berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli düzümleriň sazlaşykly işini, daýhanlaryň ýokary öndürijilikli zähmet çekmegi we doly bahaly dynç almagy üçin ähli şertleriň döredilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk toplumyny ösdürmegiň esasy ugurlaryna ünsi çekip, häkime güýzlük ýeralmanyň, gök we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişini bellenilen möhletde geçirilmegi, olara talabalaýyk ideg edilmegi barada anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmaga ünsi çekip, welaýatda bina edilýän desgalarda işleriň barşyna gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy, olar bellenilen möhletde ulanylmaga berilmelidir we häzirki zaman ülňüleriniň ähli ölçeglerine gabat gelmelidir.

Hormatly Prezidentimiz täze ýyladyş möwsümine taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, degişli inženerçilik ulgamlarynyň ýagdaýyny barlamak üçin gaýragoýulmasyz çäreleri görmek, ýangyn howpsuzlygy düzgünleriniň berjaý edilmeginiň meselelerini gözegçilikde saklamak barada häkime anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty dowam etmek bilen, göni wideoaragatnaşyga Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewi çagyrdy. Häkim günbatar sebitde geçirilýän işler, şol sanda obasenagat pudagynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramy mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalarda işleriň ýagdaýy barada habar berildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerini berk gözegçilikde saklamagy hem-de pagta ýygymy möwsüminiň we güýzlük bugdaý ekişiniň toplumlaýyn esasda guralmagyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Bugdaý ekiljek ýerleriň öz wagtynda sürülmegini hem-de tekizlenilmegini, tehnikalaryň we ýöriteleşdirilen enjamlaryň ekişe doly taýýarlygyny, şeýle hem daýhanlary ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmeli. Hormatly Prezidentimiz golaýlaşýan pagta ýygymy möwsüminiň guramaçylyk meselelerini çözmäge degişli derejede çemeleşmek, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak we aýawly saklamak boýunça öz wagtynda çäreleri görmegiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýerleri netijeli peýdalanmak, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak arkaly obasenagat toplumynyň kuwwatyny amala aşyrmagyň möhümdigi barada aýdyp, häkime degişli wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, güýzlük ýeralmanyň, dürli gök önümleriň, gant şugundyrynyň ösdürilip ýetişdirilmegine, olara agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg edilmegine, ýygnalan hasylyň degişli derejede saklanylmagyna aýratyn üns berilmelidir.

Milli Liderimiz tutuş ýylyň dowamynda ilatyň ter gök önümler, ýeralma we beýleki azyk önümleri bilen bolelin üpjün edilmeginiň möhümdigini aýdyp, munuň üçin welaýatda sowadyjy ammarlary gurmak boýunça alnyp barylýan işlere jogapkärçilikli çemeleşmek barada häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow obasenagat toplumynda işleriň ýagdaýy bilen bir hatarda, ýaşaýyş-durmuş meselelerine toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň zerurdygyny aýtdy hem-de häkime gyş möwsümine ykjam taýýarlyk görmek, gurulýan desgalary öz wagtynda ulanmaga bermek bilen bagly meseleleri, şeýle hem ýangyn howpsuzlygynyň kadalarynyň pugta berjaý edilmegini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow sebitde ýaýbaňlandyrylan işleriň barşy, oba hojalyk toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan çäreler, pagta ýygymyna we güýzlük bugdaýyň ekişine görülýän taýýarlyk, ýerlerde durmuş-ykdysady düzümleri döwrebaplaşdyrmak barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, welaýat häkimine pagta ýygymy möwsümine degişli tabşyryklary berip, ýer eýelerini hem-de mehanizatorlary oba hojalyk tehnikasy we beýleki zerur serişdeler bilen üpjün etmek meseleleri üns merkezinde saklanylmalydyr diýip belledi.

Hasyly kabul edýän harmanhanalary we gaýtadan işleýän kärhanalary möwsüme doly taýýarlamak möhümdir. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kärendeçiler bilen tabşyrylan hasyl üçin özara hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmeginiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz güýzlük bugdaýyň ekişi barada aýdyp, onuň ähli şertleri, ýerli toprak-howa şertlerini göz öňünde tutmak arkaly guramaçylykly geçirilmeginiň geljekki hasylyň girewidigini belledi.

Milli Liderimiz häkime gowaça, şeýle hem şaly ekilen meýdanlara ideg etmek barada anyk tabşyryklary berip, ähli degişli çäreleriň bellenilen möhletde, agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmelidigini nygtady.

Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatda hem güýzki ýeralmanyň, gök önümleriň we beýleki oba hojalyk önümleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça zerur çäreler görülmelidir.

Döwlet Baştutanymyz sebitleriň durmuş-ykdysady ösüşini, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň derejesini üpjün etmegiň we hilini ýokarlandyrmagyň ähmiýeti barada aýdyp, welaýatda beýleki maksatly desgalaryň gurluşygyny berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyn howpsuzlygy bilen bagly meseleleri hemişe berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy, şeýle hem ýyladyş ulgamlaryny kadaly ulanmak, mekdepleri, çagalar baglaryny, ýaşaýyş jaýlaryny abatlamak işlerini güýçlendirmegi tabşyrdy. Bular sebitiň jemagat hojalygy gullugynyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeleriň biri bolup durýar.

Soňra sanly wideoaragatnaşyga Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew çagyryldy. Häkim hasabat bermek bilen, welaýaty durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmek maksadynda görülýän çäreler, oba hojalyk pudagynda, şeýle hem ýurdumyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalarda işleriň barşy barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatyň obasenagat toplumynyň öňünde durýan wezipeleriň möhümdigini belläp, pagta ýygymynyň takyk guralmagyna ünsi çekdi. Tehnikalaryň we enjamlaryň, kabul ediş bölümleriň hem-de pagta arassalaýjy kärhanalaryň taýýarlygy, kärendeçiler üçin zerur bolan şertleri döretmek bilen bagly meseleleriň oýlanyşykly çözülmegi pagta ýygymynyň üstünlikli geçirilmegine ýardam eder.

Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bugdaýyň täze bereketli hasylynyň düýbüni tutmak üçin güýzlük bugdaý ekişine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek barada häkime degişli görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz şaly ösdürip ýetişdirmek baradaky meseläniň üstünde durup geçmek bilen, welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg etmek işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda talabalaýyk geçirilmeginiň hem-de ony öndürmegiň meýilnamalaýyn borçnamalarynyň ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmegini tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatda güýzlük ýeralma, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerine talabalaýyk ideg edilmegini we olardan ýokary hasylyň öndürilmegini talap etdi. Şolar bilen birlikde, milli Liderimiz täze gurulýan desgalarda işleri öz wagtynda tamamlamak, nobatdaky ýyladyş möwsümine taýýarlyk görmek, ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmek bilen bagly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Öz nobatynda, Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde işleriň ýagdaýy, obasenagat toplumynda alnyp barylýan işler we durmuş-ykdysady düzümlerini ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, bina edilýän desgalaryň gurluşygynyň depgini barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pagta ýygym möwsüminiň we güýzlük bugdaý ekişiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen, obasenagat toplumynyň düzümleriniň ählisiniň özara sazlaşykly işini ýola goýmagy, pudagyň zähmetkeşleriniň bar bolan oba hojalyk tehnikalaryndan we ulag serişdelerinden netijeli peýdalanmagyny üpjün etmek barada tabşyryk berdi.

Bugdaý ekiljek meýdanlarda öz möhletinde sürüm we tekizleýiş işlerini geçirmek, daýhanlary ýeterlik derejede ýokary hilli tohum we suw bilen üpjün etmek zerurdyr. Şeýle hem “ak altyn” hasylyny ýygnamagyň öňüsyrasynda gowaça meýdanlarynda degişli çäreleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda öz möhletinde geçirmek wajypdyr.

Welaýatda bar bolan mümkinçilikleri oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmak, hususan-da, gant şugundyrynyň, güýzlük ýeralmanyň, beýleki gök önümleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin doly ulanmak gerek. Milli Liderimiz şunda täzeçil çemeleşmeler, önüm öndürijileri höweslendirmek we hojalygy ýöretmegiň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmak esasy ugurlar bolup durýar diýip belläp, häkime anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň durmuş-ykdysady düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly senesi mynasybetli ulanylmaga berilmeli desgalaryň gurluşygynyň bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmegini berjaý etmegi tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz gyş möwsümine ýyladyş ulgamlaryny taýýarlamagy öz wagtynda ýerine ýetirmegiň, inženerçilik-tehniki ulgamlaryň bökdençsiz hereketini üpjün etmegiň, ýangyn howpsuzlyk kadalaryny berjaý etmegiň zerurdygyny belledi.

Milli Liderimiz ýokarda aýdylanlary jemläp hem-de maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek meselesiniň üstünlikli çözülmeginiň möhümdigini nygtady. Bu maksat bilen, maldarçylyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, bu pudagyň ot-iým binýadyny pugtalandyrmak zerurdyr. Döwlet Baştutanymyz türkmenistanlylaryň ýylyň ähli paslynda ter gök önümleri bilen üpjün edilmelidigini belläp, sowadyjy ammarlaryň gurluşygyna ünsi güýçlendirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz dünýäde emele gelen ýagdaýlary nazara alyp, ilatyň saglygyny goramak meselesini hemişe üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny belledi. Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň ähmiýetini düşündirmek gerek diýip, milli Liderimiz degişli wagyz-nesihat çäreleriniň geçirilmegini tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz bilim ulgamynda özgertmeleriň durmuşa geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigine ünsi çekip, täze okuw ýylyna talabalaýyk taýýarlanmagyň, şunda emele gelen ýagdaýlaryň göz öňünde tutulmagynyň zerurdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hem-de halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Habarlar