Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pälwan atly alabaý bilen gezelenç etdi

21.07.2020

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç alyş möwsüminiň dowam edýän pursatlarynda säher bilen Köpetdagyň etegine gezelenje çykdy. Bu pursatda, milli Liderimiziň ýanynda Pälwan atly edermen alabaý boldy.

Alabaý itleriniň dag-derelerde gezelenç etdirilmegi olaryň tohumlyk häsiýetleriniň has-da berkemegine ýardam berýändigini türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän durmuş tejribesi subut etdi.

Edermen türkmen alabaýlary ýelden ýüwrük ahalteke bedewleri bilen bir hatarda türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

2019-njy ýylyň sentýabr aýynda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ilkinji ýöriteleşdirilen merkeziň açylmagy alabaý itleriniň gymmatly tohumyny saklamak, itşynaslyk medeniýetini ýokarlandyrmak we ony ösdürip ýetişdirmegiň täzeçil usullaryny üpjün etmek meselelerine häzirki döwürde möhüm ähmiýet berilýändigini alamatlandyrdy.

Bu waka hormatly Prezidentimiziň ajaýyp alabaý itleriniň halkymyzyň durmuşynda we ykbalynda eýeleýän orny barada gürrüň berýän «Türkmen alabaýy» atly kitabynyň çapdan çykmagyna gabat geldi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu eserinde alabaý itleriniň müňýyllyklaryň dowamynda türkmenleriň wepaly hemrasy bolmak bilen birlikde, goragçysy, kömekçisi, dosty hem-de ýoldaşy bolup, hemişe nusgalyk edermenlik we çäksiz wepadarlyk görkezendiklerini ýazýar. Şeýle häsiýetleri bilen ynsanyň hemrasy bolan bu itler halkymyzyň medeniýetinde, sungatynda, edebiýatynda we halk döredijiliginde, gündelik durmuşynda hormatly orun eýeledi.

Bu täze binanyň açylmagy türkmen alabaýlaryna berilýän ünsüň neneňsi ýokary derejededigine şaýatlyk edýär. Bu bolsa milli gymmatlygymyz hasaplanylýan alabaýlaryň geljekde ösdürilip ýetişdirilmegine, mynasyp derejede taýýarlanylmagyna, olaryň dünýä derejesinde şan-şöhratyny artdyrmaga hem uly ähmiýet berilýändiginiň ýene-de bir aýdyň mysalydyr.

Ýöriteleşdirilen düzümiň döredilmegi alabaýlaryň tohumyny ösdürmek boýunça giň möçberli işlere badalga berildi. Şeýle hem ol ajaýyp häsiýetli gorag itlerini saklamak meselelerine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini has aýdyňlygy bilen äşgär etdi.

Zehinli pederlerimiziň yhlasy bilen ýetişdirilen alabaýlara soňky ýyllarda uly gyzyklanma bildirilýändigini nazara alyp, bu itleriň tohum arassalygyny saklamak we ösdürmek, şeýle hem olary köpeltmek we dürli ugurlar boýunça taýýarlamak meselelerine wajyp ähmiýet berilýär.

Dünýäde goragçy itleriň iň gowy görnüşi bolan alabaýlary mundan beýläk-de wagyz etmek, halkymyzyň milli gymmatlygyny ösdürmek işleri barada “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň şu ýylyň 7-nji maýynda geçirilen birinji mejlisinde giňişleýin gürrüň edildi.

Assosiasiýanyň işiniň esasy ugurlarynyň hatarynda milli Liderimiziň türkmen alabaýlaryny yzygiderli köpeltmek, halk seçgiçilik usulyny hem-de dünýä ylmynyň häzirki gazananlaryny peýdalanmak boýunça öňde goýan wezipeleri bilen baglylykda, milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy däplerini aýawly saklamak we artdyrmak wezipesi durýar.

Türkmenler wepalylygy üçin alabaý itine hemişe ýokary baha berip geldiler. Türkmen çopanlaryna mälim bolşy ýaly, goragçy hökmünde deňi-taýy bolmadyk alabaý öz eýesini, onuň öýüni, maşgalasyny, aýratyn-da çagalaryny wepalylyk bilen gorapdyr.

Şeýlelikde, alabaý çäksiz wepalylygyň, ynamyň we dostlugyň nyşanyna öwrüldi hem-de hut şol düşünjeler Assosiasiýanyň nyşanynda öz beýanyny tapdy.

Şeýle hem şol gün döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Änew şäherinde düýpgöter täze desgalaryň--weterinar bejerişhanasynyň hem-de öý jandarlaryny saklamak üçin toplumyň gurlup ulanmaga berilmegi türkmen alabaýlaryny mundan beýläk-de ösdürmäge we olary giňden wagyz etmäge, kinologiýa işini we itşynaslygyň döwrebap ulgamyny kemala getirmäge gönükdirilen wajyp ädime öwrüldi. Desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň başlygy S.Berdimuhamedow gatnaşdy.

Biziň alabaýlarymyz dünýäniň ençeme ýurtlarynda gorag itleriň tohumlarynyň arasynda öňdäki orunlary eýelediler, şonuň üçin milli Liderimiziň belleýşi ýaly, alabaýlaryň tapawutly aýratynlyklarynyň birini hem ýitirmez ýaly olary ussatlyk derejesinde köpeltmek gerek bolup durýar.

Weterinar hassahanasy öý haýwanlaryna hyzmat etmekde iň kämil toplum bolup durýar. Bu döwrebap bejeriş-anyklaýyş merkezi öý haýwanlarynyň kesellerini ýüze çykarmak we olary ýokary derejede bejermek üçin ýörite niýetlenen öňdebaryjy weterinar enjamlary bilen üpjün edildi.

Türkmenistanda ilkinji ýokary tehnologiýaly merkezi döretmegiň taslamasyny amala aşyrmakda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldaw bermegi netijesinde, toplumyň innowasion derejesi boýunça tutuş sebitde deňi-taýy ýokdur.

Täze toplum haýwanlara öňüni alyş sanjymlaryny geçirmek boýunça hyzmatlary hödürleýär. Munuň özi epizootik abadançylygy üpjün etmek üçin möhüm şert bolup durýar. Bu ýerden uzak bolmadyk aralykda haýwanlary wagtlaýyn saklamak üçin toplum bina edildi.

Bu toplum döwlet derejesinde döredilen Türkmenistandaky şunuň ýaly edaralaryň ilkinjisidir. Toplum öý haýwanlaryny: pişikleri, itleri, guşlary we beýlekileri wagtlaýyn saklamak üçin niýetlenen toplumdyr, şeýle hem bu ýerde balyklary saklamak üçin akwarium hem göz öňünde tutulypdyr.

Bu ýerde haýwanlary ýokary derejede saklamak olaryň gaçmagynyň ýa-da şikes almagynyň öňüni almak, zerur bolan halatynda olaryň weterinar kömegini bermek üçin ähli zerur şertler döredildi.

Şeýle merkezleriň gurulmagy türkmen halkynyň tebigata örän aýawly çemeleşýändigi, olaryň daşky gurşaw bilen sazlaşykly hereket edýändigini alamatlandyrýar. Türkmen jemgyýetiniň asylly ýörelgeleri ýüzýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, halkymyzyň aňynda pugta orun eýeledi we onuň häzirki döwürde täze mazmun bilen üsti ýetirildi.

Bu ynsanperwer gymmatlyklar milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen, döwlet ekologiýa syýasatynda üstünlikli amala aşyrylýar. Bu syýasat bioköpdürlüligi, eziz Diýarymyzyň täsin ösümlik we haýwanat dünýäsini goramaga, tebigy serişdeleri oýlanyşykly peýdalanmaga, onuň gözelligini geljekki nesillere ýetirmäge gönükdirilendir.

Türkmen topragynda kemala gelen alabaýlara soňky ýyllarda uly gyzyklanmanyň artmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy garaýyşlary bilen şertlendirilendir. Özboluşly tohum itleriniň köp asyrlyk şan-şöhraty barha beýgelip, dünýäniň ähli künjeklerinde bu türkmen alabaýlarynyň muşdaklarynyň sany köpelýär. Şeýlelikde, “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasyna agza bolmaga höwes bildirýänleriň sanynyň artýandygyny, aýratyn-da, dünýäniň birnäçe ýurtlarynda alabaý itleri bilen gyzyklanýan hünärmenleriň, itşynaslaryň bu assosiasiýa agza bolmak üçin gyzyklanma bildirýändiklerini nazara alanyňda, gurama ýakyn wagtda halkara derejesiniň beriljekdigini äşgär edýär.

Assosiasiýanyň agzalary milli Liderimize ýene bir gezek çäksiz hoşallyk duýgularyny beýan edip, türkmen alabaýlarynyň tohumynyň arassalygyny saklamaga hem-de täze ugurlaryny döretmäge we sanyny artdyrmaga gönükdirilen ylmy-seçgiçilik işini maksadalaýyk alyp barjakdyklaryna ynandyrdylar. Şeýle hem “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň welaýatlaryň bölümleriniň ýanynda şunuň ýaly weterinar toplumlary gurmak üçin olaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak barada çözgüt kabul edildi.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, welaýatlarda we Aşgabat şäherinde alabaý itleriniň gurulmagy meýilleşdirilýän tohumçylyk merkezleriniň, şeýle hem paýtagtymyzda bina edilmegi göz öňünde tutulýan türkmen alabaý itleriniň bäsleşik merkeziniň taslamalary taýýarlandy.

Munuň özi halkymyzyň wepaly syrdaşy we milli buýsanjy hasaplanylýan alabaý itleri hakynda edilýän aladanyň tutuş ýurt möçberinde özüniň oňyn netije berýändiginiň nobatdaky subutnamasy bolup durýar.

Alabaý hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi döredijiliginde möhüm orun eýeleýär. Şeýlelikde, bahar paslynyň ajaýyp pursatlarynda milli Liderimiz özüne sowgat berlen Pälwan atly alabaý güjügine şu aşakdaky şahyrana setirleri bagyşlady.


Pälwansyň sen, alabaýym,
Edermensiň sen, alabaýym.
Gerek bolsa gerçeksiň sen, alabaýym,
Türkmen milletiniň buýsanjysyň sen, alabaýym.

Milli Liderimiz özüniň şahyrana döredijiligi bilen alabaýlaryň gaýduwsyzlygyny we edermenligini wasp edip, olary milletiň buýsanjy we gymmaty hasaplanýan ahalteke bedewler bilen bir hatarda görýär.

Ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň her ýylda halkara gözellik bäsleşiginiň geçirilmeginiň asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döredilen milli gymmatlyklaryna halkara derejesinde ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Şunuň bilen baglylykda, dünýä meşhur alabaý tohumyndaky itleriň başarnygyny, özboluşly aýratynlygyny we göze gelüwliligini açyp görkezýän halkara ähmiýetli bäsleşigi geçmek baradaky teklibi taýýarlamak meseleleri möhüm bolup durýar.

Türkmen alabaýy halkymyzyň medeni gymmatlygynyň aýrylmaz bölegi bolup, ony aýawly saklap, ata-babalarymyzyň göreldesine eýerip, geljek nesillere ýetirmek mukaddes borç bolup durýar. .

Halkymyzyň ajaýyp bedewlere we alabaýlara bolan söýgüsini ýüregi bilen duýýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tebigatyň peşgeşi bolan bu gymmatlyklara aýratyn gadyr goýýar we olar bilen duşuşmaga wagt tapýar.

Ine, bu gün bolsa milli Liderimiz “Türkmen alabaý itleri” hojalyk jemgyýetinde ösdürilip ýetişdirilýän Pälwan atly alabaý iti bilen Köpetdagyň ajaýyp künjeklerinde gezelenç etdi.

Dag etekleriniň we belent baýyrlaryň tutuş gurşawynda tokaý zolaklarynyň emele gelmegi bu ýerlerde ýakymly howa gurşawynyň döremegini we ajaýyp künjegiň ekologiýa derejesiniň ýokarlanmagyny şertlendirýär. Aýratyn-da, säher çagynda dag etekleriniň howa gurşawy tutuş barlyk üçin ýakymly bolup durýar. Bu töwerekleriň ösümlik dünýäsi ynsan kalbyna ýakymly täsir edip, adamlaryň ruhuny göterýär.

Bu görnüşler dag howasynyň tämizligini, bu ýerde ýokary ekologiýa ýagdaýyny saklamak ugrunda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan giň möçberli işleriň oňyn netije berýändigini alamatlandyrýar.

Türkmen halkyna mahsus bolan köpasyrlyk milli ýörelgelere laýyklykda, alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmekde olaryň gezim etdirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, munuň özi alabaý itleriniň öz eýesine bolan wepasyny artdyrýar.

Bilelikde gezelenç etmegi hem öz içine alýan toplumlaýyn esasda geçirilýän işler netijesinde dünýäde gaýduwsyz, edermen, şol bir wagtyň özünde wepaly, goýun sürülerini we emlägi goramaga ukyply itler hökmünde dünýäde ykrar edilen alabaý kemala geldi.

Şeýle hem ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda, aýratyn-da, serhet gullugynda alabaý itleriniň ulanylmagy, olaryň emlägi bolşy ýaly, serhedi goramakda, yz çalmakda aýratyn ukyplydygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Türkmen halky tebigat bilen ylalaşykda we sazlaşykda ýaşamak, halk seçgiçiliginiň hakyky ajaýyplygyny dünýä äşgär edipdirler. Munuň özi şöhratly pederlerimiziň döretmek zehininiň örän aýdyň ýüze çykmasy bolup durýar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuna taýýarlyk görülýän günlerde milli ýörelgelerimiziň berkarar bolýandygyny alamatlandyrýan bu wakalar halkymyzyň milli ýörelgelere ygrarlydygynyň aýdyň nyşanydyr.

Türkmen alabaýlary halkymyzyň buýsanjyna öwrülmek bilen bir hatarda olar ýurdumyzyň we onuň halkynyň umumy taryhy-medeni we ruhy mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýarlar. Munuň özi gaýduwsyz, edermen we juda wepaly alabaýlaryň döwrebap derejede ösdürilmeginde aýdyň ýüze çykýar.

Milli Liderimiziň türkmen alabaýlaryna bagyşlap döreden eseriniň diňe bir dünýäde iň gadymy tohumlaryň biri bolan meşhur alabaý tohumynyň gelip çykyşy we ösüşi barada gürrüň bermek bilen çäklenmän, eýsem, alabaýyň medeni gymmatlygyny we özboluşlylygyny açyp görkezýändigini bellemeli. Türkmenler öz itlerinde batyrlyk we mertebe, gaýduwsyzlyk hem-de wepalylyk ýaly häsiýetleri terbiýeläp ýetişdirmegi başaryp, alabaýlaryň ählihalk söýgüsine mynasyp bolmagyny üpjün edipdirler.

Soňky ýyllarda alabaýlara bolan gyzyklanma dünýäde hem ep-esli artdy.

Biziň gaýduwsyz we edermen alabaýlarymyz dünýäniň gorag itleriniň hatarynda öňdäki orny eýeleýär.

Olar özüniň daşky görnüşi, örän haýbatly we kuwwaty bilen tapawutlanýar. Şol birwagtyň özünde bu itler özüniň hoşniýetliligi bilen diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, onuň daşynda hem uly meşhurlyga eýe boldular.

Alabaý itiniň döwlet Baştutanymyzyň teklibi boýunça 2017-nji ýylda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň esasy nyşany hökmünde saýlanyp alynmagy tötänleýin däldir.

Hut şonuň üçin hem alabaý itleriniň bu gymmatly häsiýetlerini saklamak, ösdürmek, olary köpeltmegiň tejribelerini öwrenmek we umumylaşdyrmak, bu ugurda tejribe alyşmak häzirki döwrüň wajyp wezipeleriniň biri bolup durýar. Köpasyrlyk däplere daýanmak bolsa alabaý itleriniň tohum arassalygyny saklamaga, olaryň beýleki tohumdaky itlerden tapawutly aýratynlygyny ösdürmäge mümkinçilik berýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde dünýäde meşhur bolan türkmen alabaýynyň heýkelini oturtmak baradaky çögüdiň kabul edilmegi türkmen halkynyň wepaly syrdaşy hasaplanylýan alabaýyň hormatynyň belent tutulýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyz özüniň “Türkmen alabaýy” atly kitabynda: “Alabaý biziň milli buýsanjymyz. Alabaý biziň Watanymyzyň baýlygy. Ol biziň ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygy. Ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyz” diýip nygtaýar..

Hormatly Prezidentimiz alabaýyň sazlaşykly ösýändigini, onuň beden gurluşynyň türkmen alabaýyna mahsusdygyny guwanç bilen belledi. Munuň özi ýurdumyzda uly gadyr goýulýan alabaý tohumyndaky itleriň häsiýetlerini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň oňyn netije berýändiginiň subutnamasy bolup durýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dag eteginiň ajaýyp künjeginde alabaý bilen gezelenji tamamlap, bu ýerden ugrady.

Habarlar