Türkmenistanyň Prezidentiniň Balkan welaýatyna iş sapary

17.06.2020

Şu gün Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda, daýhan hojalyklarynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň önümçiliginiň möçberlerini artdyrmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek milli Liderimiziň Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen syýasatynyň möhüm ugrudyr.

Şunda, obasenagat toplumynyň kuwwatynyň artdyrylmagy sebitleriň toplumlaýyn durmuş-ykdysady ösüşiniň, oba ilatynyň amatly ýaşaýyş-durmuş hem-de döredijilikli zähmeti üçin amatly şertleri döretmek wezipeleri bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

...Ir bilen hormatly Prezidentimiz dikuçarda Bereket etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän ak ekin meýdanlarynyň ýanyna geldi. Bu daýhan birleşigi soňky ýyllarda Balkan welaýatynyň iri obasenagat merkezine öwrüldi hem-de Watanymyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysaly bolup durýar.

Bu ýere ýygnanan degişli ýolbaşçylar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli garşyladylar.

Döwlet Baştutanymyz daýhan birleşiginiň ekin meýdanlaryna geldi, bu ýerde oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär.

Ýolugra milli Liderimiz Aşgabat — Türkmenbaşy halkara ähmiýetli awtomobil ýoluny, ýol ýakalarynyň abadançylyk derejesini synlady. Döwlet Baştutanymyz bu ýoluň hil we ulanyş derejesiniň uzakmöhletleýin häsiýetde bolmagy bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz gallaçy-kärendeçi Tagandurdy Baýramgulyýewiň ekin meýdanynyň ýanyna gelip, ekerançynyň işleri, kärendesine alan ýeriniň möçberi, bugdaýyň hasyllylygy, şeýle hem daýhanlar üçin döredilen mümkinçilikler bilen gyzyklandy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa yzygiderli aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, T.Baýramgulyýew özi hem-de tutuş maşgalasy üçin döwlet Baştutanymyzy bu ýerde garşylamagyň ägirt uly hormatdygyny aýtdy.

Daýhanyň gürrüň berşi ýaly, ol 40 ýyla golaý ekerançylyk bilen meşgullanýar, 17 gektar meýdany kärendesine alyp, bugdaýyň «Bereket» görnüşini ösdürip ýetişdirýär hem-de her gektardan 40 — 45 sentner hasyl almagy meýilleşdirýär.

Döwletimiziň kärendeçilere zerur bolan ähli kömegi suw, dökün, ýokary hilli tohumlar, ýokary öndürijilikli kuwwatly tehnikalar bilen üpjün edýändigini belläp, gallaçy munuň üçin milli Liderimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdy.

Halal zähmet rysgal-berekediň gözbaşy, her bir maşgalanyň abadançylygynyň kepili diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow munuň ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda toplan tejribesi bilen subut edilendigini belledi. Halkymyzyň halal zähmet ýörelgesi daýhançylyk däpleri ýaş nesli terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Ömrüň manysynyň, durmuşyň şatlygynyň ene ýere, il-güne hyzmat etmekdedigine düşünýän adam döwlet tapýandyr.

Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň geljekde hem daýhançylyga ykbalyny baglan adamlaryň halal zähmetiň hözirini görüp, ýaşamagy ugrunda ähli zerur şertleri yzygiderli döretjekdigini aýtdy.

Gallaçy-kärendeçi aýdylan gymmatly maslahatlar, öwüt-ündewler üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowdan oraga ak pata bermegini haýyş etdi. Döwlet Baştutanymyz birkemsiz ýetişen bugdaýdan orup, asylly işe ak pata berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerde galla oragyna girişmäge taýýar edilen galla kombaýnlaryň ýanyna geldi. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden ýurdumyzyň obasenagat toplumy üçin satyn alynýan kuwwatly tehnikalar daýhanlaryň ýakyn ýardamçylary bolup durýar.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz mehanizator Gurbanberdi Tuwakgelew bilen söhbetdeş boldy. Mehanizator döwlet Baştutanymyza döredilýän şertler üçin alkyş sözlerini beýan etdi.

Milli Liderimiz galla meýdanynyň başynda duran «John Deere» kysymly kombaýna münüp, ony herekete girizdi. Hormatly Prezidentimiziň ýokary öndürijilikli kuwwatly tehnikalara ussatlyk bilen erk edip, ýetişen galla hasylyny orup başlamagy, bu işe häzir bolup duran tejribeli mehanizatorlaryň ruhuny göterdi.

Hormatly Prezidentimiziň başarjaňlyk bilen dolandyrmagynda daýhanlaryň yhlasly zähmeti bilen ýetişdirilen bugdaý hasylyny orup almakda ýokary öndürijilik görkezdi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwrebap tehnika ussatlyk bilen erk edýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

Az wagtdan soňra kuwwatly oba hojalyk tehnikasy döwlet Baştutanymyzyň dolandyrmagynda bugdaý meýdanynyň gyrasynda saklandy. Ýaş mehanizator Arkadag Prezidentimiziň dolandyryp oraga ak pata beren kombaýnyna şa gadamynyň mübärek bolmagyny dileg edip, asylly däbe eýerip alaja dakdy.

Ekerançylaryň ösdürip ýetişdirýän önümleri, esasan-da galla önümleri ýokary hili, ýokumlylygy, ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Munuň özi çogly güneşiň astynda türkmen topragynda ýetişýän önümleriň ähli görkezijiler babatda ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýändigini aňladýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ekerançylygynda netijeli ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny synlady. Olaryň hatarynda dünýä belli «СLAAS» we «John Deere» kombaýnlarynyň birnäçe görnüşli tehnikalary, olaryň tirkeg gurallary we ekiji hem-de dökün beriji enjamlary bar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde görkezilýän oba hojalyk tehnikalaryny synlap, olaryň tapawutly aýratynlyklary bilen gyzyklandy. Döwlet Baştutanymyz sürüm geçirýän «СLAAS» kysymly traktora münüp, onda mehanizatoryň öndürijiligi we amatlylyk babatda üpjün edilen şertler, traktoryň öndürijilik kuwwatlyklary bilen tanyşdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilmegi, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň kuwwatly tehnikalarynyň satyn alynmagy, pudaga täzeçil usullary ornaşdyrylmagy babatda döwletimiziň yzygiderli alada etjekdigini aýdyp, tehnikalary netijeli we doly güýjünde peýdalanmak babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary bilen gürrüňdeş bolup, olara anyk tabşyryklar berdi. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň taryhyň dowamynda toprak, ekerançylyk, çarwaçylyk hem-de zähmetiň nesil terbiýesinde eýeleýän orny barada köpsanly nakyllary, pähimleri, paýhasly jümleleri döredendikleri aýdyp, olardan mysal getirdi.

«Ýeriňi güýz sür, güýz sürmeseň, ýüz sür», «Ýeriň köki hor eder — malyň köpi baý eder», «Suw zerdir — suwçy bolsa zergär», «Suw hasylyň enesidir», «Suwly ýer gülli, suwsuz ýer bolsa ýelli», «Hasyly bitirýänem suw, ýitirýänem suw», «Ýagmyr bilen ýer gögär, alkyş bilen är», «Baýlygyň enesi – ýer, atasy – zähmet», «Daýhandan hereket, ýerden bereket», «Ir eken harman alar, giç eken — arman», «Ýeriň görki galla, adam görki elle», «Ekseňem doýraryn, sökseňem doýraryn», «Oty köpüň maly dok», «Düýe maly — dünýe maly».

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ata-babalarymyzyň döreden şu pähimlerinden ugur alyp, ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylaryna bereket öndürýän daýhanlarymyzyň, mehanizatorlaryň, sürüjileriň çekýän asylly zähmetlerini wasp etmeklerini tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerde gurnalan sergi bilen tanyşdy. Onda gowaça we bugdaý ekinleriniň tohumlarynyň dürli görnüşleri, şeýle hem täze hasylyň unundan taýýarlanan çörek we çörek önümleri görkezildi. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde şu ýylyň bugdaý hasylyndan taýýarlanan uny synlap onuň hili we ýokumlylyk derejesi bilen gyzyklandy.

Döwlet Baştutanymyz kärendeçi daýhana we kombaýnça kesbinden kemal tapmaklaryny arzuw edip, olara gymmat bahaly sowgatlaryny gowşurdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerde gazanlary ataryp, toý-baýramlaryň ýaraşygy hasaplanylýan dürli tagamlary taýýarlaýan gyz-gelinleriň toparynyň ýanyna geldi. Mekdep mugallymlary we Balkana welaýat mugallymçylyk orta hünär mekdebiniň talyplary hem boş wagtlary daýhan-kärendeçileriň ýanyna gelýärler.

Olar agzybirlikde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, rysgal-berekedi wasp edip joşgunly gazallary ýerine ýetirdiler. Hoş owazly gazallar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda bitirilýän beýik işleriň, daýhan zähmetinden kemal bolýan bereket bolçulygynyň hem-de milli Liderimiziň tagallasy bilen binýat bolýan bagtyýar durmuşyň waspy bolup ýaňlandy.

Döwlet Baştutanymyz olara minnetdarlyk bildirip, halkymyzyň döreden milli gymmatlyklarynyň, oňyn ýörelgeleriniň dowamata atarylmagy, nesil terbiýesiniň döwrebap derejede kämilleşdirmegi bilen baglanyşykly wezipelerde gelin-gyzlara möhüm ornuň degişlidigini belledi. Zenanlaryň yhlasly tagallasy netijesinde nusgalyk el hünärleri ösdürilýär. Bu nusgalyk ýörelgeleriň nesilden-nesle geçirilip, barha kämilleşýändigini aňladýar.

Hormatly Prezidentimiz alyp barýan asylly işleri üçin gelin-gyzlara minnetdarlygyň nyşany hökmünde şa serpaýlaryny gowşurdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz il içinde haýyrly mal hasaplanylýan körpe köşekli düýäniň ýanyna bardy. Milli Liderimiz düýe malyny dünýe malyna deňän ata-babalarymyzyň gadymy döwürlerden bäri düýe süýdüni, ondan taýýarlanýan çaly hem-de agarany ýokumly hem-de ähmiýetli iýmit hökmünde hasaplandyklaryny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, düýe süýdi we ýüňi dermanlyk häsiýete eýedir. Şeýle hem bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow düýe hem-de onuň häsiýetli aýratynlyklary, düýäniň halkymyzyň durmuş tejribesinde eýeleýän orny bilen baglanyşykly birnäçe wakalary gürrüň berdi.

Bu ýerde tagam taýýarlaýan zenan döwlet Baştutanymyza täze hasylyň unundan taýýarlanan külçäni hödür etdi. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň tagam taýýarlamakda, dürli görnüşli çörek önümlerini taýýarlamakda nusgalyk ýolunyň bardygyny aýdyp, külçäniň ýokumy, onuň uzakmöhletleýin saklanmak häsiýeti barada gürrüň berdi.

Döwlet Baştutanymyz çärä gatnaşyjylaryň külçeden datmaklaryny teklip etdi.

Hormatly Prezidentimiz gelin-gyzlara ýüzlenip, ene-mamalarymyzyň «Gyza iňňe ber, oglanjyga bolsa pil ber» diýen sözlerini getirip, ýagşy dessurlaryň mundan beýläk hem dowam etdirilmelidigini belledi. Milli Liderimiz bu ýerde oraga başlanandygyny belläp, «Zähmet rehnetdir» diýmek bilen bularyň aňyrsynda halal zähmetiň ýatandygyny aýtdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerden Bereket etrabynyň «Nurly meýdan» daýhan hojalygynyň ekerançylyk ýerleriniň we önümçilik desgalarynyň ýerleşýän ýerine tarap ugrady.

Bu daýhan hojalygy Aşgabat — Türkmenbaşy awtomobil ýolunyň golaýynda ýerleşýär. 2013-nji ýylda döredilen daýhan hojalygynyň Bereket etrabyndaky ekin meýdanynyň umumy möçberi 393 gektar bolup, onuň 343,7 gektaryna ot-iýmlik ekinleri ekilýär, önümçilik desgalarynyň ýerleşýän ýeriniň meýdany 50 gektara golaý.

Daýhan hojalygynyň önümçilik toplumynda ýyllyk kuwwaty 8 müň tonna barabar towuk etini öndürýän bölüm bolup, häzirki döwürde bu ýerde 5 müň tonna guş eti öndürilýär we 12 million jüýje çykarýan inkubatorly guşçulyk toplumy, ýylda 16 million ýumurtga öndürýän guşçulyk toplumy hereket edýär.

Şeýle hem bu ýerde ýylda 72 müň tonna guşlar üçin ýokumly iýmleri öndürýän zawody, ýylda 100 tonna et öndürmäge niýetlenen maldarçylyk toplumy hem-de ýylda 500 müň sany bägülleri ösdürip ýetişdirýän ýyladyşhana bar.

Bu ýerde “Nurly meýdan” daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Täçmyrat Tuwakow hormatly Prezidentimizi mähirli garşylady. Döwlet Baştutanymyz daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy bilen gürrüňdeş bolup, onuň alyp barýan işleri, maşgala ýagdaýy, hojalygyň öndürýän önümleri hem-de onuň önümçilik desgalarynyň enjamlaşdyrylyşy bilen gyzyklandy.

Işewür netijeli işlemek, önümiň dürli görnüşlerini öndürmek, ýokary öndürijilikli tehnikalarynyň güýjünden netijeli peýdalanmak ugrunda döwlet tarapyndan zerur şertleriň üpjün edilýändigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden sag bolsun aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň telekeçileriniň ähli ugurlarda işjeňlik görkezýändiklerini kanagatlanmak bilen belläp, olaryň öndürijilikli zähmetiniň üpjün edilmegi ugrunda döwletimiziň mundan beýläk-de alada etjekdigini aýtdy.

Soňra T.Tuwakow milli Liderimize hojalykda ýerine ýetirilýän işleriň gerimi giňeltmegi, dowarlaryň we iri şahly mallaryň sanyny artdyrmagy göz öňünde tutýandygyny aýdyp, hojalygyň berk ot-iýmlik binýadynyň döredilýändigini nygtady.

Ol şeýle hem ýyladyşhana hojalygynda durmuşymyzyň bezegi hasaplanylýan gülleri ekmek we köpeltmek bilen ýokary hünärli işgärleriň – öz işleriniň ussatlarynyň meşgullanýandyklary barada milli Liderimize gürrüň berdi.

Ösdürilip ýetişdirilýän owadan gülleriň dürli görnüşleri kärine ussat hünärmenleriň halal zähmetleriniň netijeleridir. Güller toý-baýramlarymyzyň bezegi bolup, diňe bir sowgatlyk önümi bolmak bilen çäklenmän, şäherlerimiziň ýollarynyň ugrunda, seýilgählerinde we beýleki ýerlerinde gaýtalanmajak gözellik çaýýar.

Hojalygyň gülçülik toplumynda ýetişdirilýän güller doly ylmy esasda aýratynlykda öwrenilip ideg işleri her bir görnüşiň tebigy aýratynlyklaryna görä agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýola goýulýar. Bu babatda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ösen ýurtlaryň tejribelerini hem netijeli peýdalanmaga çagyrýar. Şol bir wagtyň özünde seçgiçilik işleri geçirilip ýerli şertlere uýgunlaşan owadan we täsin gülleriň täze görnüşlerini döretmäge we ösdürip ýetişdirmäge aýratyn üns berilýär.

Häzirki wagtda hojalygyň mekgejöwen ekilen meýdanynyň möçberi 50 gektara barabardyr. 50 gektara golaý ýerde bolsa ýorunja ösdürilip ýetişdirilýär. Soýa ekilen ýeriň meýdany bolsa 24 gektara barabardyr. Şeýle hem hojalygyň bugdaý, arpa we beýleki ekinler üçin niýetlenen 222 gektardan gowrak sürümli ýeri bar.

Şeýlelikde, berk ot-iýmlik binýadyň döredilmegi mallaryň sanyny köpeltmäge olardan alynýan önümleriň möçberini artdyrmaga giň mümkinçilik açýar.

Geljekde bu ýerde mallardan alynýan önümleri gaýtadan işlemek göz öňünde tutulýar. Hojalygyň çäginde dünýäniň kämil enjamlary bilen üpjün edilen önümçilik toplumyny gurmak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, «Nurly meýdan» daýhan hojalygynda öndürilýän önümleriň ýokumlylyk we ekologiýa derejesine möhüm ähmiýet berilýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekinleri ösdürip ýetişdirmekde bolşy ýaly, önümleri gaýtadan işlemekde olaryň ýokary hil derejesine we ekologiýa ýagdaýyna üns berilmelidigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz telekeçi düzümleriň halkara derejesindäki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmekleri, olaryň ösen dünýä tejribesini özleşdirmekleri üçin zerur mümkinçilikleri üpjün etmek babatda degişli ýolbaşçylara tabşyryklary berdi. Munuň özi täzeçil usullary ornaşdyrmakda, önüm öndürmegiň, hususan-da, suwaryşyň kämil usullaryny giňden peýdalanmakda ähmiýetlidigini belledi.

Milli Liderimiziň suwaryşyň damjalaýyn usulynyň suwy tygşytlamakda bolşy ýaly, ýerleriň arassaçylygyny üpjün etmekde, ekologiýa babatda bähbitlidigini belläp, suwarmagyň bu usulyndan peýdalanmagyň zerurdygyny aýtdy.

Döwletimiziň telekeçilik işini mundan beýläk-de goldajakdygyny, zerur mümkinçilikleriň yzygiderli üpjün ediljekdigini aýdyp, milli Liderimiz T.Tuwakowa işinde üstünlik arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän gök,bakja we miwe önümleriniň sergisini synlady. Onda daýhan yhlasy bilen ýetişdirilýän, ýokary hilli, ýokumlylyk babatda ýokary halkara görkezijilerine doly laýyk gelýän,önümleriň köp görnüşleri görkezilýär.

Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzyň obasenagat toplumy ösüşiň täze derejesine çykdy. Pudakda täze tehnologiýalaryň, öňdebaryjy tejribäniň ulanylmagy netijesinde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilik kuwwatlyklary artdyryldy. Şeýlelikde, oba hojalygynyň eksport mümkinçilikleri hem-de onuň düşewüntliligi ýokarlandy. Bu ulgama telekeçiligiň giňden çekilmegi netijesinde öndürilýän önümleriň görnüşleri artdy.

Ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan ekinleriň dürli görnüşleriniň ösdürilip ýetişdirilmegi, täze zähmet usullarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy ýylyň ähli paslynda önüm bolçulygynyň üpjünçiligi bilen bir hatarda döwrebap önümçilik toplumlarynyň, täze iş orunlarynyň kemala gelmegini şertlendirýär.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalygyny ylmy esasda ösdürmek, ylmy-barlag institutlarynyň işini kämilleşdirmek, pudagyň ähli düzümlerinde ýerine ýetirilýän işleri döwrüň talabyna laýyk derejede üýtgedip guramak babatda degişli ýolbaşçylara görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz halal zähmetden döwlet tapýan, ýurdumyzda önüm bolçulygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýan adamlaryň edýän işleriniň mynasyp derejede waspynyň ýetirilmelidigini aýtdy.

Munuň özi ösüşleriň belentliklerine ynamly gadam urýan ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleriniň beýan edilmegine jogapkärçilikli çemeleşilmeginiň zerurdygyny görkezýär. Çünki, biz ähli ugurlar boýunça beýik geljegi nazarlaýarys. Hut şonuň üçinem biz diňe öňe tarap hereket etmelidiris.

Döwlet Baştutanymyz öz sözlerini «Öňe, öňe diňe öňe» diýip jemledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Habarlar