Türkmenistanyň Prezidenti Harby akademiýanyň hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna Gutlag hatyny iberdi

13.06.2020

Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň we Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby-lukmançylyk fakultetiniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna

Mähriban uçurymlar!


Sizi «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, döwlet özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzy ygtybarly goramagy üpjün etmek üçin ýokary serkerdeler düzümini we işgärleri taýýarlaýan Harby akademiýany hem-de ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlamagyňyz, ýokary hünär bilimine, ilkinji serkerdelik derejesine eýe bolmagyňyz, zähmet ýoluna we gulluga gadam basmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Eziz Watanymyzyň merdana goragçylary!

Merdana halkymyz bäş müň ýyllyk taryhynyň dowamynda ýurdy goran gerçekleriň mertebesini belent tutupdyr, olaryň edermenligine, gahrymançylygyna uly hormat goýupdyr. Bu asylly ýol-ýörelgeler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem mynasyp dowam etdirilýär.

Şu ýylyň 9-njy maýynda 194-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda geçirilen dabaraly harby ýöriş hem ýow gününde ýurt üçin döş geren Watan gerçekleriniň mertebesini ýene-de bir gezek beýgeltdi. Ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlarynyň gutardyş dabarasynyň şu ýadygärlikler toplumynyň öňünde geçirilmeginiň hem aýratyn many-mazmuny bar. Bu günki dabaranyň siziň her biriňiziň kalbyňyzda merdana halkymyzyň şöhrata beslenen durmuş ýoluna, Watan gerçekleriniň gahrymançylygyna buýsanç duýgularyny döretjekdigine, söweşjeň ruhuňyzy has-da belende göterjekdigine berk ynanýaryn.

Garaşsyz Watanymyzyň edermen ogullary!

Siz geljekde hem Watanymyzyň we dünýäniň taryhynda öçmejek yz goýan şahsyýetleriň, türkmen halkynyň beýik ogullarynyň gahrymançylykly ýollaryny, söweş tärlerini we harby sungatyny mynasyp dowam etdirmelisiňiz. Häzirki zaman harby tehnikalaryna we enjamlaryna erk etmek başarnygyny kämil derejede ele alyp, döwletimiziň berk binýadynyň mizemezligini, onuň çäkleriniň goraglylygyny üpjün etmelisiňiz. Eziz Watanymyza wepadarlygyň belent nusgasyny görkezmek bilen, ýurdumyzyň bedew batly ösüşine şahsy goşantlaryňyzy goşmalysyňyz. Garaşsyz döwletimiziň, mähriban halkymyzyň sarsmaz galasy we polat galkany bolmalysyňyz.

Eziz Watanymyzyň howpsuzlygy biziň üçin ähli zatdan beýikdir. Şonuň üçin hem biziň köp sanly ýaşlarymyz serkerdeleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdeplerinde okamagy höwes edýärler. Watanymyzyň mukaddes çäklerini hem-de halkymyzyň parahat durmuşyny goraýan edermen serkerdeleriň hatarynda bolmagy arzuw edýärler. Biz watansöýüji ýaş nesillerimiziň öz ykballaryny Watan goragyna baglap, harby bilimiň başlangyç, orta we ýokary basgançaklaryny geçmekleri, harby hünärlerini kämilleşdirmekleri üçin harby mekdeplerden, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdeplerinden hem-de ýokary serkerdeler düzümini taýýarlaýan Harby akademiýadan ybarat harby bilim ulgamyny döretdik. Biz geljekde-de ýurdumyzda ýokary hünärli harby işgärleri taýýarlamaga uly üns bereris.

Hormatly serkerdeler, professor-mugallymlar!

Bütin dünýäde innowasiýanyň, ylmyň we tehnologiýanyň, şol sanda harby tehnikanyň ösýän döwründe ýurdumyzyň ýokary harby okuw mekdeplerinde okuw-terbiýeçilik işleriniň geçirilişini kämilleşdirmek, okuw-usulyýet işlerine iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, internet we elektron kitaphana ulgamlaryny giňden peýdalanmak, harby-watançylyk terbiýesini pugtalandyrmak zerur bolup durýar. Şoňa görä-de, eziz Watanymyzda bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini dünýä derejesine laýyk getirmek maksady bilen, sanly bilim ulgamy ösdürilýär. Siz şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirip, ylmyň iň soňky gazananlary hem-de okatmagyň innowasion usullary arkaly her bir harby talybyň bilime, ylma we tehnologiýa bolan höwesini has-da artdyrmalysyňyz.

Hormatly uçurymlar!

Siziň ähliňizi Harby akademiýany we ýokary harby okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlamagyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, mukaddes we jogapkärli gullugyňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Habarlar