Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine

12.06.2020

Mähriban ýaşlar!
Eziz talyplar!


Sizi «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde gazanan uly üstünligiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Ylmy we bilimi ösdürmek islendik döwletiň pajarlap ösmeginiň esaslarynyň biridir. Şoňa görä-de, biz Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ylmy kuwwatyny yzygiderli artdyrmak, ylym ulgamynyň binýadyny berkitmek hem-de yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, ýokary tehnologiýalara, düýpli nazary ylymlara esaslanýan sanly ykdysadyýeti kemala getirmek babatda toplumlaýyn işleri alyp barýarys. Ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryna, täze tehnologiýalara, bilimlere we innowasiýalara daýanyp, ylym ulgamyny dünýä derejesine çykarmaga uly üns berýäris. Şol bir wagtda ýokary derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamaga, zehinli ýaşlaryň ylma höwesini artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli işleri amala aşyrýarys.

Garaşsyz döwletimizde ylmy-tehniki işleri alyp barmak, ylmyň iň täze gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak üçin ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Türkmen ýaşlarynyň aýdyň ylmy maksatlar boýunça anyk menzillere ýetmegi üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Ýaşlaryň arasynda geçirilýän ylmy bäsleşigiň hem maksadaokgunly, giň dünýägaraýyşly, çuňňur ylmy garaýyşlara esaslanýan we geljegiň zerurlyklaryny öňünden kesgitlemäge ukyply ýaş nesli kemala getirmekde uly ähmiýeti bardyr.

Ýurdumyzda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşige gatnaşan zehinli ýaşlarymyzyň nanotehnologiýalar, täze serişdeleri ylmy taýdan barlamak, energetika, biotehnologiýalar, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat-aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, häzirki zaman lukmançylyk hem-de derman serişdeleri önümçiligi, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlary ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça gymmatly taslamalaryny we ylmy barlaglaryny, innowasion işläp taýýarlamalaryny hödürlemekleri hem muny aýdyň tassyklaýar.

Biz ýaş alymlarymyzyň ylmy açyşlaryny, innowasion tejribelerini, ylmy-inženerçilik pikirlerini, senagat-innowasion, maglumat-tehnologik ylmy barlaglaryny döwletimiziň kuwwatyny pugtalandyrmakda, aýratyn hem ykdysadyýetimiziň sanly düzümlerini ösdürmekde örän möhüm hasap edýäris. Şunuň bilen baglylykda, orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýän hem-de ylym bilen meşgullanýan ýaşlarymyz hakyndaky alada döwletimiziň aýratyn üns berýän ugurlarynyň birine öwrüldi. Şoňa görä-de, ýaş alymlaryň, hünärmenleriň we talyplaryň öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmekleri, netijeli ylmy işleri alyp barmaklary, döredijilikli zähmet çekmekleri üçin Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky institutlarda, Tehnologiýalar merkezinde, pudaklaýyn ylmy-barlag edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde giň mümkinçilikleri döredýäris. Ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygymyzyň çäginde hünärlerini kämilleşdirmekleri hem-de özara tejribe alyşmaklary üçin ýaşlarymyzy daşary ýurtlaryň abraýly ylym-bilim edaralaryna döredijilik saparlaryna yzygiderli iberýäris.

Ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň ýaş wekilleri!

Zehinli ýaşlar halkymyzyň buýsanjydyr. Islendik döwlet özüniň zehinli, iş başarjaň ýaşlary bilen ylym-bilimde, durmuş ulgamynda ýokary derejelere ýetýär. Biz ýaş alymlarymyzyň we talyplarymyzyň halkara ylym-bilim bäsleşiklerinde gazanýan üstünliklerine guwanýarys. Bu ugurda ylmy-barlag institutlary, ýokary okuw mekdepleri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlaryň merkezi tarapyndan alnyp barylýan senagat-innowasion, maglumat-tehnologik barlaglaryň, şeýle hem ýaş alymlaryň, inženerleriň, tehnologlaryň we hünärmenleriň ylmy açyşlarynyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine degişli möhüm ähmiýetli wezipeleriň çözülmegine ýardam berýändigine aýratyn buýsanýarys.

Döwür geljege taýýarlykly barmak üçin täzeçil we ylmy esasda pikirlenmegi talap edýär. Häzirki döwürde ýaşlarymyzyň döwrebap hünärleri ele almaklaryna, nazary bilimlerini kämilleşdirmeklerine, amaly endiklerini ýokarlandyrmaklaryna, sanly tehnologiýalary özleşdirmeklerine, täze ylmy taglymatlary, öňdebaryjy barlaglary we tehnologik tejribeleri öwrenmeklerine ýardam bermek biziň esasy wezipelerimiziň biridir.

Aýdyň maksatlary we meýilnamalary özlerine ýörelge edinen ýaş alymlaryň ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gazanýan döredijilik üstünlikleri, täze ylmy açyşlary döwletimiziň has-da gülläp ösmegi üçin täze mümkinçilikleri açýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz döwletimiz ýaş alymlary ylmy işe hem-de häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze ylmy ugurlary özleşdirmäge giňden çekmek üçin mundan beýläk hem ähli tagallalary eder.

Döredilen mümkinçiliklere daýanyp, ýurdumyz hem-de halkymyz üçin ähmiýetli bolan ylmy pikirleri ösdürmek, täze tehnologiýalary öwrenmek, özleşdirmek we durmuşa ornaşdyrmak her bir ýaş türkmenistanlynyň belent maksady bolmalydyr. Bu siziň Watan öňündäki mizemez we mukaddes borjuňyzdyr. Men siziň döwrümiziň oýlap tapyjylyk we döredijilik ruhundan ylham alyp, täze ylmy üstünlikleri gazanjakdygyňyza pugta ynanýaryn.

Mähriban ýaşlar!
Eziz talyplar!


Sizi ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde gazanan ajaýyp üstünligiňiz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuş, ylym ulgamyny ösdürmekde hem-de belent sepgitlere ýetirmekde rowaçlyklary arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow

Habarlar