Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze desgalaryň birnäçesiniň taslamalary we ýerleşjek ýeri bilen tanyşdy

11.06.2020

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň hojalyk düzümini kämilleşdirmek, degişli athanany gurmak, gök-bakja ekinlerini, miweçiligi ösdürmek, şeýle hem bu düzümlere degişli dynç alyş - sagaldyş merkezini bina etmek üçin niýetlenen ýerler we degişli taslamalar bilen tanyşdy.

Ir bilen döwlet Baştutanymyz Köpetdagyň eteginde ýerleşýän gözel künjekleriň birine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň ýakynda geçen mejlisinde berlen tabşyryklardan ugur alyp, ýerine ýetirilen işler, şeýle hem gurulmagy meýilleşdirilýän athananyň desgalarynyň taslamalary we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty kabul edip, athananyň taslamalary we ýerleşjek ýerleri barada maglumat berýän çyzgylar bilen tanyşdy. Mälim bolşy ýaly, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň gulluk hem-de ýaşaýyş şertleriniň gowulandyrylmagy hem-de bu düzümlere degişli ähli işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy bilen baglanyşykly meseleler Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar we milli Liderimiziň hemişe üns merkezinde durýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň, harby gullukçylarynyň beden we söweşjeň taýýarlygynyň ýokary derejede bolmagynda, ýurdumyzda asudalygyň, tertip-düzgüniň we kanunçylygyň berk berjaý edilmeginde möhüm orun eýeleýän düzümleriň işine häzirki zaman usullarynyň we sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna wajyp ähmiýet berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen taslamalar we binalaryň ýerleşjek ýerlerini görkezýän çyzgylar bilen jikme-jik tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy hem-de degişli düzedişleri girizdi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda ozal gurlan we ulanylmaga berlen şeýle desgalar ýaly, täze athana hem häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelmelidir. Onda bedewleri ösdürip ýetişdirmek, seýislemek, degişli türgenleşikleri geçmek hem-de atlary çapyşyklara taýýarlamak üçin ähli zerur şertler üpjün edilmelidir.

Soňky ýyllarda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek, gulluk atlaryny taýýarlamak we at çapyşyklaryna gatnaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berýär. Bu bolsa, türkmen halkynyň şöhratly atçylyk däpleriniň täze taryhy eýýamda hem dowam etdirilmegine ýardam etmelidir.

Şunuň bilen baglylykda, Ýaragly Güýçlerimiziň kuwwatyny berkitmegiň, maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň, goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby gullukçylaryň we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň dürli ugurlar bilen bir hatarda bedewleri seýislemek, at çapmak ýaly hünärleri ele almagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Munuň özi Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Atçylyk toparynyň harby gullukçylary üçin aýratyn möhümdir.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy türkmen halkynyň buýsanjy we baýlygy hasaplanylýan behişdi bedewlerimiziň – milli taryhymyzyň we häzirki döwrüň janly nyşanlarynyň ata Watanymyzyň döredijiliginiň we ösüşiň täze belentliklerine tarap batly gadamlarynyň beýanydygyny belledi. Geçmişde bolşy ýaly, ýelden ýüwrük bedewlerimiz häzir hem biziň wepaly hemramyz hem-de Watan goragçylarynyň we düzgün-tertibi goraýjylaryň ygtybarly kömekçileri bolup durýarlar.

Döwlet Baştutanymyz binagärlik nukdaýnazaryndan athanada şunuň ýaly desgalarda dünýä tejribesinde giňden ulanylýan inženerçilik-tehniki çözgütler bilen milli binagärligiň nyşanlary jemlenmelidir diýip, wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Toplumyň häzirki zaman ösen tehnologiýalary esasynda enjamlaşdyrylmagy möhüm talap bolup durýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde ýakyn geljek üçin goýlan wezipeleriň möhümdigine ünsi çekip, her bir ýolbaşçynyň tabşyrylan işlere hem-de şol wezipeleriň ýerine ýetirilişine jogapkärli çemeleşmelidigini aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri üçin gurulmagy meýilleşdirilýän dynç alyş-sagaldyş merkeziniň ýerleşjek ýerleriniň taýýarlanandygy barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz bu desganyň guruljak ýerine tarap ugrady. Häzirki döwürde bu ýerleriniň gözelligi özüne çekijiligi bilen tapawutlanýar. Dag-dereleriň özboluşlylygy, çeşmeleriň, saýaly baglaryň belent başly daglar bilen utgaşyp, döredýän gözel görnüşleri gaýtalanmajak gözellik döredýär.

Aýratyn-da, dag ýollarynyň bol suwly akabalar, gür baglyklar oňaýly howa ýagdaýyny emele getirip, bu ýerleriň ýokary ekologiýa arassalygyny üpjün etmäge ýardam edýär. Tebigatyň ajaýyp künjekleriniň adamlaryň oňaýly dynç alşy we saglygy üçin ylmy esasda peýdalanylmagy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri, olaryň maşgala agzalary üçin toplumlaýyn durmuş we sagaldyş düzüminiň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Mälim bolşy ýaly, bu meseleler hemişe milli Liderimiziň üns merkezinde durýar.

Bellenilişi ýaly, täze merkezde dynç aljaklara hödürlenjek hyzmatlaryň ýokary derejesi üpjün ediler. Onuň ýanaşyk ýerleri häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede enjamlaşdyrylar. Şeýle hem binalaryň gurluşygy meýilleşdirilende bu künjegiň tebigy aýratynlyklary nazara alynýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow desganyň ýerleşişi bilen tanşyp, bu ýerde ulularyň we çagalaryň göwnejaý dynç almagy üçin oňaýly şertleriň döredilmeginiň zerurdygyna ýene-de bir gezek ünsi çekdi.

Hasabatyň çäklerinde bu giňişlikde harby we hukuk goraýjy edaralaryň her biriniň miweli baglary, gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmekleri üçin ýer bölekleriniň berlendigi barada giňişleýin maglumatlar aýdyldy we degişli çyzgylar görkezildi. Onda miweli baglaryň alma, erik, şetdaly, armyt, garaly, hurma we aýwa ýaly görnüşleri ekiler.

Milli Liderimiz görkezilen taslamalar we çyzgylar bilen tanşyp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň özlerine degişli ýer böleklerinde gök we bakja ekinlerini, ir-iýmişleri ösdürip ýetişdirmek baradaky tekliplerini oňlady.

Munuň özi harby gullukçylaryň, aýratyn-da, ýöriteleşdirilen harby mekdepleriň okuwçylarynyň okuwdan boş wagtlaryny, türgenleşiklerini zähmet bilen utgaşdyrylymagynda aýratyn ähmiýetlidir. Bu bolsa ýaşlaryň topraga bolan söýgüsini has-da artdyrar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, dürli miwelerden, aýratyn-da, aýwadan taýýarlanylýan mürepbäniň ynsan saglygy üçin ýokumlydygy barada anyk maglumatlaryň üsti bilen gürrüň berdi.

Wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň bu ýerde indi birnäçe ýyl bäri oba hojalyk ylmy bilen meşgullanýan alymlar bilen maslahatlaşyp, ylmy işläp taýýarlamalar esasynda gök ekerançylygy we miweçiligi, üzümçiligi ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýandyklary barada habar berdi. Häzirki döwürde bu ýerde ekilen üzüm agaçlary hasyla durupdyr. Şeýle hem üljäniň ilkinji hasylyndan milli Liderimize hödür edildi.

Döwlet Baştutanymyz ýetişdirilen ülje hasylyny synlap, olaryň sagdynlyk we ýokumlylyk derejesine üns berdi. Dag etekleriniň hoştap howasy, çeşme suwlarynyň ekinlere bolan ýaramlylygy bu ýerde ýetişdirilýän hasylyň ynsan saglygy üçin has-da ýokumly bolmagyny, olaryň dermanlyk häsiýetiniň ýokarlanmagyny üpjün edýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we bu işleri toplumlaýyn hem-de ylmy esasda ösdürmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu ýerde ekiljek bag nahallary ylmy esasda seçilip alynmalydyr hem-de ýerli howa şertleri we tebigy aýratynlyklar göz öňünde tutulmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, olaryň üpjünçilik derejesini has-da gowulandyrmak maksady bilen, şu edaralaryň ekerançylyk işleri bilen meşgullanmagynyň, dürli görnüşli önümleri öndürmek meselelerini ýola goýmagynyň uly geljeginiň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň gök, bakja we miwe önümlerini ösdürip ýetişdirmekleri bilen bir hatarda olary gaýtadan işlemek meselelerini, soňky tapgyrda bolsa ýyladyşhanalary gurmak işlerini ýola goýmagy tabşyrdy. Munuň özi ýylyň ähli paslynda ter gök önümleriň ösdürilip ýetişdirilmegini üpjün eder.

Bu bolsa harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň, harby gullukçylaryň we ýaş esgerleriň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmeginde, olaryň halal zähmete bolan söýgüsini ösdürmekde uly ähmiýete eýedir diýip, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz zähmet terbiýesinde gadymdan gelýän milli ýörelgeleriň wajypdygy barada aýdyp, ýaşlary köpçülikleýin bedenterbiýe hereketine işjeň çekmegiň zerurdygyny nygtady hem-de degişli wezipeleri çözmäge toplumlaýyn esasda jogapkärli çemeleşmegi tabşyrdy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu künjekde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar, olaryň taslamalary barada aýdyp, gurluşyklaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegine, olarda häzirki zamanyň ösen isleglerine laýyk gelýän mümkinçilikleriň döredilmegine, ekologiýa we tebigy ýagdaýlara aýratyn ähmiýet bermegi tabşyrdy.

Soňra milli Liderimiz ak mermerli Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän Döwlet münberiniň ýanyndaky Baş meýdança geldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneler mynasybetli dabaraly ýörişleriň guralýan künjeginiň abadançylyk derejesine möhüm ähmiýet bermegiň zerurdygyna ünsi çekip, Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň hormatyna guraljak baýramçylyk çärelerine, aýratyn-da, harby ýörişe häzirki günlerden ykjam taýýarlyk görmek, möhüm syýasy ähmiýeti bolan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere jogapkärçilikli çemeleşmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Şanly seneleriň hormatyna guraljak dabaralara harby we hukuk goraýjy edaralaryň ähli düzümleriniň işjeň gatnaşmagyna zerur ähmiýet berilmelidir. Şanly senäniň hormatyna guraljak harby ýörişde ýurdumyzyň ýeten derejesi, halkymyzyň bagtyýarlygy we belent ruhy öz beýanyny tapmalydyr.

Baýramçylyk çärelerinde milli ýörelgeler bilen häzirki zamanyň gazanan üstünlikleri aýdyň beýanyny tapmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Habarlar