Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

27.11.2019

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde resminamalaryň taýýarlanylan taslamalaryna garaldy, şeýle hem döwlet syýasatyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy, şeýle hem milli Liderimiziň tabşyryklaryna hem-de görkezmelerine laýyklykda, 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň gaýtadan seredilen taslamasy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, gaýtadan seredilen resminamanyň taslamasy häzirki wagtda amala aşyrylýan ykdysady strategiýanyň, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hem-de «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» möhüm wezipelerini nazara almak bilen seljerildi.

Hökümetiň Başlygynyň orunbasary geljek ýyl üçin baş maliýe meýilnamasynyň taslamasynyň esasy maddalary boýunça göz öňünde tutulan çykdajylar barada hasabat bermek bilen, durmuş ulgamyny ösdürmäge serişdeleriň ýeterlik derejedäki möçberiniň goýberiljekdigini, şeýle hem aýlyk iş haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny ýokarlandyrmak üçin serişdeleriň goýlandygyny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Döwlet býujetiniň, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüş depginini saklamaga, onuň pudaklaryny senagatlaşdyrmaga, iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmaga, ähli ulgamlarda innowasion tehnologiýalaryň, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlarynyň giňden ornaşdyrylmagyna, halkymyzyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynda saglygy goraýyş, ylym we bilim, durmuş üpjünçiligi, jemagat hyzmatlary ulgamlaryna hem-de beýleki ugurlara gönükdirilýän serişdeleriň maksadalaýyk ulanylmagyny berk gözegçilikde saklamalydygyna ünsi çekdi.

Şonuň bilen birlikde, Döwlet býujetiniň taslamasynda zähmet serişdelerini netijeli dolandyrmaga mümkinçilik döretmäge, zähmet bazarynyň meselelerini çözmäge, raýatlarymyzyň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukugyny amala aşyrmaga gönükdirilen çäreler göz öňünde tutulmalydyr diýip, milli Liderimiz wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlis Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredowyň hasabaty bilen dowam etdi. Wise-premýer ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin bölümlerinde işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak üçin döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryny berjaý etmek boýunça geçirilýän işler, uglewodorod çig malyny gazyp almagyň mukdaryny artdyrmaga, şol sanda Goturdepe, Barsagelmez we Gumdag känlerindäki guýularyň netijeli ulanylmagyny artdyrmagyň hasabyna köpeltmäge gönükdirilen birnäçe taslamalaryň öňe ilerledilişi barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere nebitgaz pudagyny köpugurly ösdürmäge, innowasion esasda onuň düzümlerini kämilleşdirmäge, iri innowasion taslamalaryň, şol sanda TOPH transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň amala aşyrylyşynyň möhletine yzygiderli gözegçilik etmäge degişli birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ýangyç-energetika toplumyna daşary ýurt maýadarlaryny çekmäge, energetika pudagynda uly tejribä hem-de öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine degişli tabşyryklar berildi. Umuman, bularyň ählisi baý uglewodorod serişdelerimizi netijeli peýdalanmaga hem-de ykdysady kuwwatymyzy pugtalandyrmaga, ýurdumyzyň eksport mümkinçiligini giňeltmäge ýardam bermäge gönükdirilendir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow ata Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramy belleniljek 2020-nji ýylda sebitler boýunça gurlup, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän iri önümçilik hem-de durmuş maksatly binalar we desgalar barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, häzirki wagtda şanly waka mynasybetli 2020-nji ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň we geçiriljek çäreleriň meýilnamasy taýýarlanylýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz boýunça binalar we desgalar toplumlarynyň 83-sini gurup, ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň amala aşyrylmagyny, obalarda we şäherlerde ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalary gurmagyň meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegini hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Degişli ugurda maýa goýum işjeňligini artdyrmak boýunça çäreleri görmegiň zerurdygy aýratyn bellenildi.

Ähli ugurlarda alnyp barylýan özgertmeleriň depginini çaltlandyrmaly, şol sanda ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyryp, ýaşaýyş jaý toplumlaryny, şolaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak hem-de bagy-bossanlyga öwürmek gerek diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Eziz Diýarymyzyň baş şäheriniň gaýtalanmajak binagärlik keşbini döretmegiň möhümdigine aýratyn üns berildi. Däbe öwrülen milli binagärligiň hem-de dünýäniň şähergurluşygynyň esasy tapawutly aýratynlyklaryny sazlaşykly utgaşdyrýan owadan, göze gelüwli binalar onuň bezegine öwrülmelidir.

Gurulýan ähli desgalarda ýokary hilli, döwrebap gurluşyk serişdeleri ulanylmalydyr, şolar ýokary talaplara, şol sanda ekologiýa nukdaýnazaryndan bildirilýän talaplara kybap gelmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheriniň öz belent derejesine laýyklykda ähli ugurlarda nusga alarlyk bolmalydygyny aýtdy hem-de ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri amala aşyrmagyň depgininiň güýçlendirilmelidigini nygtady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, wise-premýere Bitaraplygyň 25 ýyllygyna gabatlanyp açyljak desgalaryň gurluşygynyň öz wagtynda tamamlanylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirmek üçin ýörite awtoulaglary we tehnikalary satyn almak hakynda resminama gol çekdi. Resminama wise-premýere elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly iberildi hem-de degişli meseleleri berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Täze tehnikalar ulanyşda ygtybarlylygy hem-de beýleki birnäçe artykmaçlyklary bilen tapawutlanýar diýip, milli Liderimiz awtoulag serişdeleriniň hereketlendirijileriniň tygşytlylyk we ekologiýa howpsuzlygy nukdaýnazaryndan halkara talaplara kybap gelýändigini aýtdy. Paýtagtymyzyň ekologiýa abadançylygynyň ýokary derejesini üpjün etmekde ulanyljak tehnikalar Aşgabat şäheriniň jemagat hojalygy gulluklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkidip, sürüjiler hem-de pyýadalar üçin amatly şertleri döretmäge mümkinçilik berer.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzda sanly ulgama geçmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» bellenilen wezipeleri çözmek bilen baglylykda geçirilýän işler barada habar berdi.

Bellenilen çäreleri üstünlikli durmuşa geçirmek, elektron hyzmatlarynyň sanawyny artdyrmak, Interneti ösdürmek üçin Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň binýadynda Maglumat tehnologiýalar merkezini döretmek meýilleşdirilýär. Şeýle-de bu merkeziň guramaçylyk-usulyýet işini ýola goýmak maksady bilen, pudagara toparyny döretmek teklip edilýär.

Hökümetiň Başlygynyň orunbasary hasabatynyň çäklerinde «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Telekommunikasiýalar we informatika instituty bilen bilelikde IT meýdançasyny döretmek boýunça taslamanyň işlenip taýýarlanylandygyny habar berdi.

Habar berlişi ýaly, şu taslama laýyklykda, bu ýokary okuw mekdebiniň binýadynda hojalyk hasaplaşygynda işleýän maglumat tehnologiýalar meýdançasyny açmak meýilleşdirilýär. Şol ýerde hünärmenlere we talyplara hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, tejribe alyşmaga hem-de programma üpjünçiligi babatda bilim almaga mümkinçilik taparlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, elektron senagatyny ilerletmek maksady bilen, 2019-njy ýyldan başlap, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň orta möhletli Konsepsiýasynyň amala aşyrylýandygyny belledi. IT hyzmatlarynyň ählumumy elýeterliligini üpjün etmek onuň esasy wezipeleriniň biridir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Ýurdumyzy sanly ulgama geçirmek işi sebit derejesinde hem degişli ugurda üstünlikleriň gazanylmagyny göz öňünde tutýar diýip, hormatly Prezidentimiz obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnamany amala aşyrmagy dowam etmegiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň binýadynda Maglumat tehnologiýalar merkeziniň döredilmegine ünsi çekip, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek hem-de degişli ugur boýunça hünärmenleri taýýarlamak we hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça işleri geçirmegiň möhümdigini nygtady.

Häzir ýaşlaryň döwrebap bilim almagy hem-de ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak üçin ähli şertler döredildi. Degişli konsepsiýa laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde professor-mugallymlar düzüminiň, şeýle hem talyplaryň tagallalary bilen sanly bilimiň ulgamlaýyn üpjünçilik maksatnamasy, degişli portallar işlenip taýýarlanyldy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda uzak aralykdan okuwlar we wideokonferensiýalar yzygiderli guralýar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi bu ugurda milli we halkara ölçeglere, häzirki döwrüň talaplaryna kybap gelýän ýokary hilli hyzmatlary almak üçin ähli mümkinçilikleri üpjün etmelidir diýip, milli Liderimiz wise-premýere IT-meýdançalary döretmek baradaky meseleleri gutarnykly seljermegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, Halkara Bitaraplyk gününi hem-de Täze ýyly garşylamagyň öň ýanynda baýramçylyk söwdalaryny guramak, ýurdumyzyň bazarlaryny dürli harytlar bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleriň görülýändigini habar berdi.

Şu maksat bilen, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň haryt öndürijileri hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde degişli işler amala aşyrylýar. Söwda ulgamy azyk we beýleki zerur önümler bilen doly üpjün edilýär.

Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyza Täze ýyl arçalaryny getirmek boýunça işler alnyp barylýar, däp bolan sowgatlyklar taýýarlanylýar. Paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda göçme söwda nokatlarynyň guralmagy göz öňünde tutuldy.

Hormatly Prezidentimiz göni sanly wideoaragatnaşyk arkaly bir wagtda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Ç.Purçekowy we B.Abdyýewany, şeýle hem Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi çagyrdy.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer Ç.Purçekowa we paýtagtymyzyň häkimine şäheriň ähli etraplarynda göçme söwda nokatlarynyň degişli işini üpjün etmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa baýramçylyklara bagyşlanan medeni çäreleriň ählisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada degişli görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz söwda toplumynyň esasy wezipelerine ünsi çekip, wise-premýer Ç.Gylyjowa ýurdumyzyň bazarlarynda haryt bolçulygyny üpjün etmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, söwda ulgamynyň kärhanalarynyň işini has-da kämilleşdirmegiň, alyjylaryň dürli harytlara bolan isleglerini öwrenmegiň, ilata hyzmat etmegiň medeniýetini ýokarlandyrmagyň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa dekabr aýynda bellenen çäreleri geçirmäge we medeni-durmuş maksatly binalary açyp, ulanmaga bermäge taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geçiriljek baýramçylyklar mynasybetli döredijilik duşuşyklaryny, maslahatlary, sergileri, aýdym-sazly çykyşlary, sahnalaşdyrylan dabaralary, dürli bäsleşikleri, sport ýaryşlaryny, şeýle hem taryhy ýadygärliklere, muzeýlere gezelençleri guramak göz öňünde tutulýar.

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli halkara ylmy maslahaty hem-de onuň öňüsyrasynda medeni-durmuş maksatly binalaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, şanly sene mynasybetli iri medeni-köpçülikleýin çäreler, şol sanda sungat ussatlarynyň konserti, welaýatlaryň baýramçylyk meýdançalarynda artistleriň we döredijilik toparlarynyň çykyşlary guralar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dekabr aýynda geçiriljek çäreleriň ähmiýetine ünsi çekip, şolaryň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylymyzyň dowamynda geçirilen ähli çäreleriň özboluşly jemine öwrülýändigini belledi. Şoňa görä-de, olary guramaga hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmelidir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlarynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyp üstünlikleri we gazananlary aýdyň beýanyny tapmalydygyny belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow gözegçilik edýän düzümlerindäki işler hem-de Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň maksatnamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.

Bu resminama ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyk namalaryna, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» we «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, şeýle hem Halk Maslahatynda we 12-nji iýunda Ylymlar akademiýasynda geçirilen maslahatda bu ulgamyň öňünde goýlan möhüm wezipelerden ugur alnyp işlenilip taýýarlanyldy.

Sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly ylmy-tehniki we innowasion işleriň, şeýle hem ylmy-barlag işleriniň ykdysady taýdan netijeliligini ýokarlandyrmak, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ylmyň, bilimiň hem-de önümçiligiň arasyndaky has ýakyn özara baglanyşygy üpjün etmek, ykdysadyýetdäki sanly özgertmeleri ylmy-tehniki we intellektual taýdan goldamak bu maksatnamanyň esasy ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Resminamada durmuşa geçirilmegi bellenilen çäreler ýurdumyzyň ylmyny mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, islendik jemgyýetiň ösüşi üçin ylmyň uly ähmiýete eýedigini belledi. Häzir ylma daýanmazdan, döwletiň gülläp ösüşini gazanmak, ýokary tehnologiýaly pudaklary döretmek mümkin däldir. Döwletimiz tarapyndan bu ulgamy goldamaga berilýän üns ýyl-ýyldan artýar. Şonuň esasynda ýurdumyzda geljegi uly ylmy-barlag, tejribe-synag hem-de tehnologik işläp taýýarlamalar maliýeleşdirilýär diýip, milli Liderimiz bu ulgamy kämilleşdirmekde täze maksatnamanyň ähmiýetini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek işini çaltlandyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, häzir ýurdumyzda ýaşlaryň halkara ölçeglere kybap gelýän bilimlere eýe bolmagy we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin hemme şertleriň döredilendigini belledi. Konsepsiýa laýyklykda, sanly bilim ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalar işlenip taýýarlanylýar.

Milli Liderimiz bu ugurda meýilleşdirilen çäreleri üstünlikli amala aşyrmak üçin zerur çäreleri görmegiň möhümdigini aýdyp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň XII halkara serginiň hem-de «Türkmentel — 2019» halkara maslahatyň ähmiýetini bellemek bilen, wise-premýere forumyň işine umumybilim berýän mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşyp, bu ugurda gözýetimlerini giňeltmegi üçin şertleri döretmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew oba hojalygynda özgertmeleriň geçirilişi, şeýle hem welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin meýdan işleri barada hasabat berdi. Häzirki wagtda meýdanlarda galan pagtany ýygnap almak işi dowam edýär we ýygnalan hasyl kabul ediş bölümlerine hem-de gaýtadan işlemek üçin pagta arassalaýjy kärhanalara tabşyrylýar.

Geljek ýyl «ak altynyň» we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny almak üçin gowaça ösdürip ýetişdirmäge bölünip berilýän ýerleriň artdyryljakdygy göz öňünde tutulyp, welaýatlarda ýazky ekiş möwsümine işjeň taýýarlyk görülýär.

Pagta meýdanlaryndan boşan hem-de onuň töweregindäki ýerler sürülýär, tehnikalar we enjamlar abatlanylýar. Oba hojalyk ekinlerini zerur tohumlar, mineral dökünler hem-de suwaryş suwy bilen üpjün etmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.

Bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş alnan maýsalara agrotehniki kadalara laýyklykda, birinji ösüş suwuny bermek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek dowam edýär. Şeýle hem oba hojalygyna hususy önüm öndürijileri çekmek boýunça işler alnyp barylýar. Olaryň alymlar we tejribeli hünärmenler bilen duşuşyklary guralyp, bugdaý, gowaça hem-de beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, pudaga öňdebaryjy ylmy tejribäni ornaşdyrmak boýunça maslahatlar berilýär, önümçilik işini alyp barmagyň döwrebap usullary öwredilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere hasyllylygy ýokarlandyrmagyň hasabyna önüm öndürilişiniň mukdaryny artdyrmaga degişli birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Şunda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba özgertmelerini alyp barmagy işjeňleşdirmegiň, ýerleri hojalyk taýdan dolandyrmagyň täze görnüşlerini giňden ornaşdyrmagyň, netijeli işleýän daýhan hojalyklaryny, kärendeçileri we telekeçileri hemmetaraplaýyn goldamagyň möhümdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz pagta ýygymy möwsümini tamamlamak, güýzlük bugdaýa zerur idegi üpjün etmek hem-de geljekki ekişe taýýarlyk görmek baradaky meselelere pudagyň ýolbaşçylarynyň ünsüni güýçlendirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkezi bilen bilelikde işlemegiň 2020-nji ýyl üçin meýilnamasy barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ÝHHG-niň düzümleriniň we ýöriteleşdirilen edaralarynyň ugry boýunça gurama bilen ýakyn gatnaşyklary saklaýandygy bellenildi. 1999-njy ýyldan bäri Aşgabatda ÝHHG-niň merkezi hereket edýär. Ulgamlaýyn häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde anyk maksatly taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirildi.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi hem-de ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde geçirilýän işleriň netijesinde, geljek ýylyň dowamynda syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlar boýunça taslamalaryň deslapky meýilnamasy düzüldi.

Olar howpsuzlygy berkitmek, häzirki döwrüň howplaryna we wehimlerine garşy göreşmek, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, energonetijeliligi, howanyň üýtgemegi, ylmy we bilimi ösdürmek, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, hukuk ulgamynda özara gatnaşyklar ýaly ugurlarda tagallalary birleşdirmäge gönükdirilendir.

Şu ýylyň 5-6-njy dekabrynda Slowakiýa Respublikasynyň Bratislawa şäherinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň ministrler derejesindäki Geňeşiniň nobatdaky maslahatynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şundan ugur alnyp, şol meýilnamanyň gutarnykly görnüşini taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň we ÝHHG-niň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp, ony giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyz geljekde hem birek-biregi hormatlamak we özara bähbitlilik ýörelgelerinde guralýan netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmagy maksat edinýär.

Bitarap Türkmenistan häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça ÝHHG bilen giň gatnaşyklary ýola goýmagy ugur edinýär, şolaryň hatarynda parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek, Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek, sebit we dünýä energohowpsuzlygynyň täsirli gurallaryny döretmek, durnukly ulag ulgamyny kemala getirmek, ykdysady, ynsanperwer hem-de ekologiýa taslamalaryny ilerletmek wezipeleri bar.

Milli Liderimiz bular barada aýdyp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna şol meýilnamany taýýarlamak hem-de ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça parlamentiň alyp barýan işleri barada habar berdi. Nygtalyşy ýaly, täze hukuk namalary döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlary hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň deputatlarynyň öňünde goýan ilkinji nobatdaky wezipeleri göz öňünde tutulyp işlenilip taýýarlanylýar.

Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky sekizinji maslahatynyň gün tertibine Kanunlaryň taslamalary, şeýle hem gümrük, migrasiýa gulluklarynyň, içeri işler edaralarynyň işini düzgünleşdirýän beýleki birnäçe namalar girizildi.

Şeýle hem berkeýän parlamentara gatnaşyklary hem-de BMG we onuň agentlikleri, beýleki abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça geçirilýän işler barada, şeýle hem Türkmenistanyň DIM-niň BMG-niň Çagalar gaznasy bilen bilelikde geçiren çäreleri barada habar berildi.

Mejlisiň deputatlary GDA-nyň Parlament Assambleýasynyň nobatdaky maslahatyna gatnaşdylar. BMG-niň Ilat gaznasynyň ýardam bermeginde gender deňligini üpjün etmek boýunça halkara tejribäni öwrenmek üçin Türkiýä we Rumyniýa iş saparlary amala aşyryldy.

Şeýle hem milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça gelip gowuşýan teklipleri öwrenmek boýunça geçirilýän işler barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, degişli Konstitusion kanunyň taslamasyny taýýarlamak üçin parlamentiň ýanynda döredilen Iş toparynyň agzalary bilen geňeşmeler geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmek bilen baglylykda, ýurdumyzyň Esasy Kanunyny has-da kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işleriň möhümdigini nygtady. Şol özgertmeleriň maksady demokratik, hukuk, dünýewi türkmen döwletiniň esaslaryny pugtalandyrmakdan, milli ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginini üpjün etmekden, raýatlaryň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Şoňa görä-de, ýurdumyzyň häzirki we geljekki ösüşiniň möhüm hem-de ileri tutulýan ugurlary onuň Konstitusiýasynda iň oňat umumadamzat gymmatlyklary we iň häzirki zaman halkara tejribesi nazara alnyp, öz beýanyny tapmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň işini yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň, parlamentiň ygtyýarlyklaryny giňeltmegiň hem-de onuň eýeleýän ornuny ýokarlandyrmagyň, Halk Maslahatynyň hukuk derejesini güýçlendirmegiň wajypdygyny belledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow parlamentara gatnaşyklary ösdürmek baradaky meselä ünsi çekip, bu ugurda görülýän çäreleriň Türkmenistanyň halkara abraýyny, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge, dünýä jemgyýetçiligini ýurdumyzyň daşary we içeri syýasaty, häzirki zamanda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrmaga ýardam berýändigini nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna ýüzlenip, öňde boljak baýramçylyklara bagyşlanan çäreleriň ýokary derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz geljek ýylda ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň belleniljekdigini nygtap, meýilleşdirilen çäreleriň ýokary derejede guralmagynyň möhümdigine ünsi çekdi, şeýle hem degişli ýolbaşçylara Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geljek ýylyň dekabrynda boljak dabaralary geçirmek boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy barada aýdyp, baş maksadyň pudaklary depginli ösdürmegiň hem-de ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmagyň, iri möçberli senagat taslamalaryny durmuşa geçirmegiň hasabyna ýokary ykdysady ösüş depginini durnukly saklamakdan ybaratdygyny nygtady.

Alyp barýan syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň esasy bölegi durmuş ulgamyny, şol sanda bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti, sporty, ýaşaýyş-jemagat hojalygyny maliýeleşdirmäge gönükdirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Milli Liderimiz 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyna Mejlisiň ýakynda boljak maslahatynda garamak barada çözgüde gol çekip, ony parlamentiň Başlygyna elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly iberdi.

Şeýle hem mejlisde döwlet durmuşyna degişli beýleki birnäçe möhüm meselelere seredildi, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlaryň hemmesine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny hem-de berkarar Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Habarlar