Türkmenistanyň Prezidenti elektroenergetika pudagyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

01.06.2020

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň hem-de energetika ministri Ç.Purçekowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynda elektroenergetika pudagyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz maslahaty açyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giň möçberli döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan energetika senagatynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, Türkmenistanda pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de berkitmek, elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara ugradylýan möçberlerini yzygiderli artdyrmak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewe söz berildi. Ol gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi we elektroenergetika ulgamyny ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleri berjaý etmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Türkmenistany tiz depginlerde senagatlaşdyrmak, eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça bellenen meýilnamalaryň ýerine ýetirilmeginde bu pudaga möhüm orun degişlidir.

Hormatly Prezidentimiz milli elektroenergetikanyň ägirt uly kuwwaty barada aýdyp, elektrik energiýasynyň önümçiliginiň dünýäde iň düşewüntli bolup durýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda ýurdumyzyň energetika senagatynyň ösüşiň durnukly ýokary depginini saklaýandygyny we diňe bir ýurdumyzyň içerki sarp edijilerini üpjün etmäge ukyply bolman, eýsem, daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän elektrik energiýasynyň eksport edilýän mukdaryny yzygiderli artdyrýandygyny belledi hem-de bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra energetika ministri Ç.Purçekowyň hasabaty diňlenildi. Ol milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pudagyň kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllaryň dowamynda pudagyň düzüminiň üsti Aşgabatda, Ahal, Balkan, Lebap hem-de Daşoguz welaýatlarynda gurlan täze gaz turbinaly elektrik beketleri bilen ýetirildi. Häzirki döwürde bu işler netijeli dowam edýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň ugry boýunça Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamyny çekmegiň döwletara energiýa magistralynyň taslamasyny durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Energetika pudagynda sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirýän Türkmenistan daşky gurşawy goramak meselesine ýokary jogapkärçilikli çemeleşýär. Serişde tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda yzygiderli amala aşyrylýan durmuş-ykdysady maksatnamalaryň esasy ugry bolup durýar.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň energetika ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň hem-de kuwwatlyklaryny artdyrmagyň, pudaga öňdebaryjy tejribeleri we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, iş maslahatyna gatnaşýanlara amala aşyrylýan taslamalaryň çäklerinde ýerine ýetirilýän işlere berk gözegçiligi ýola goýmak tabşyryldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň içerki sarp edijileriniň elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilmegi üçin ygtybarly bir bitewi elektrik ulgamynyň döredilmegi zerurdyr.

Milli Liderimiz Owganystan Yslam Respublikasyna elektrik energiýasyny ibermegiň geljekki ugurlary barada aýdyp, türkmen tarapynyň başlangyjy esasynda amala aşyrylýan taslamanyň goňşy ýurtda degişli düzümiň kemala getirilmegini, täze iş orunlarynyň döredilmegini, iň esasy bolsa, durnukly ösüşiň ýola goýulmagyna kömek etjekdigini belledi.

Köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistan dostlukly owgan halkyna parahatçylykly durmuşy ýola goýmaga hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen TOPH gaz geçirijisi we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamy ýaly iri taslamalaryň amala aşyrylmagy diňe bir taslama gatnaşyjy ýurtlar üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin ähmiýetlidir.

Hormatly Prezidentimiz giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň wajypdygyny belläp, Türkmenistanyň baý tejribesi we häzirki zaman tehnologiýalary bolan iri daşary ýurt kompaniýalary bilen deňhukukly hem-de özara gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny aýtdy.

Elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, ykdysady taýdan bähbitliligi we ekologiýa babatda howpsuzlygy bilen tapawutlanýan döwrebap inženerçilik-tehniki işläp taýýarlamalar hemmetaraplaýyn ornaşdyrylýar.

Milli Liderimiz bu ulgam üçin ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanmagyna mundan beýläk-de möhüm ähmiýet berilmegini talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, bellenilen meýilnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda anyk çäreleri işläp taýýarlamagy degişli ýolbaşçylara tabşyrdy hem-de öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Habarlar