Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

25.11.2019

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny amala aşyrmagyň wezipeleri, obasenagat toplumynda möwsümleýin işleriň barşy, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli beýleki meseleler girizildi.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, ilki bilen, göni wideoaragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi çagyrdy. Häkim paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäheri abadanlaşdyrmak boýunça görülýän çäreler, şäheriň inženerçilik-tehniki düzümini degişli ulanyş ýagdaýynda saklamak bilen bagly geçirilýän işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimize jemagat hojalygy üçin niýetlenen tehnikalaryň nusgalary görkezildi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimize milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda Aşgabat şäherine amala aşyran iş saparynyň barşynda degişli düzedişleri girizen we bellikleri aýdan türkmen alabaýynyň heýkeliniň täzeden işlenen görnüşi görkezildi. Bu heýkel paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň ajaýyp ýerinde oturdylar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Aşgabat şäherini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmäge jogapkärli we oýlanyşykly çemeleşmegiň möhümdigini nygtady. Milli Liderimiz bu ugurda kabul edilen toplumlaýyn meýilnamalaryň yzygiderli amala aşyrylmagyna ünsi çekip, paýtagtymyzda bina edilýän desgalaryň ýokary hilli gurulmagyny hem-de öz wagtynda ulanmaga berilmegini, şäheriň jemagat hojalyk gulluklarynyň sazlaşykly işlemegini hemişe gözegçilikde saklamalydygyny belledi.

Häzirki wagtda paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, onuň inžener-tehniki düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirilýär, ýol-ulag ulgamy kämilleşdirilýär, şäheri bagy-bossanlyga öwürmek boýunça işler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jemagat hojalygy gullugy üçin satyn alynýan täze tehnikalaryň Aşgabadyň arassaçylygyny üpjün etmäge niýetlenendigini belläp, olary netijeli ulanmak barada häkime degişli görkezmeleri berdi. Şonuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň bökdençsiz ýyladylmagynyň, şeýle hem paýtagtymyzyň agyz suwy, elektrik energiýasy we tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün edilmeginiň zerurdygyny belledi.

Şäheriň belent derejesi nazara alnanda, Aşgabat ähli ugurlarda görelde bolmalydyr, şol sanda şäheriň abadanlaşdyrylmagy hem-de adamlar üçin ýokary amatlykly şertleriň döredilmegi, öňdebaryjy, şol sanda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, estetik we ekologiýa ugurlary babatda nusga alarlyk şäher bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň häkimine birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz türkmen alabaýynyň heýkeliniň hödürlenen görnüşini makullap, döredilýän keşpde milli baýlygymyz bolan bu meşhur tohuma mahsus aýratynlyklaryň, geçmişiň jümmüşinden biziň günlerimize gelip ýeten hem-de ata-babalarymyz tarapyndan sünnälenen milliligiň öz beýanyny tapmalydygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow onuň paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirmeginiň wajypdygyny aýratyn nygtady.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim welaýatda alnyp barylýan işler, şol sanda gowaça meýdanlarynda galan pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak hem-de bugdaýa agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek boýunça geçirilýän degişli işler, ýerleriň we tehnikalaryň geljek ýylyň ekiş möwsümine taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.

Şunuň bilen bir hatarda, welaýatyň täze gurluşyklarynda işleriň ýagdaýy, ilatyň agyz suwy, elektrik energiýasy we tebigy gaz bilen üpjün edilişi barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, sebitiň obasenagat toplumynyň öňünde goýlan ileri tutulýan wezipelere ünsi çekdi. Milli Liderimiz möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly ýerine ýetirmegiň ähmiýetini nygtap, şunda oba hojalyk önümçiliginde täze, netijeli tehnologiýalary we usullary, gowaçany, bugdaýy hem-de beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmäge ylmy taýdan çemeleşmegi iş ýüzünde ulanmagyň ähmiýetini aýratyn belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow howanyň sowamagy bilen baglylykda, meýdanlarda galan pagtany ýygnamagy çaltlandyrmalydygyny aýdyp, kabul ediş bölümleriniň we pagta arassalaýjy kärhanalaryň takyk işlemegini üpjün etmegiň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, meýdanlarda geçiriljek nobatdaky möwsüme öňünden taýýarlyk görülmelidigi baradaky meselä ünsi çekdi. Şol işler giňişleýin we hemmetaraplaýyn oýlanyşykly bolmalydyr.

Düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilişi, dürli maksatly desgalaryň gurulmagy barada aýdylanda, gurluşyklaryň ýokary hilli bolmagy, täze gurluşyklaryň ählisiniň öz wagtynda ulanmaga tabşyrylmagy hem-de halkara ölçeglere gabat gelmegi bildirilýän esasy talap bolup durýar diýip, milli Liderimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň üstünde durup geçip, ýylyň tamamlanmagyna çenli az wagtyň galandygyny belläp, amala aşyrylýan işleriň hemmesiniň ýerine ýetirilişini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Durmuş maksatly desgalaryň ýylylyk bilen üznüksiz üpjün edilmegi hem-de umuman, sebitiň durmuş üpjünçiligine degişli hemme ulgamlarynyň zerur derejede işlemeginiň üpjün edilmegi boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjow sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, obasenagat toplumynda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn işler, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, degişli düzümi kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat toplumynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň ähmiýetini nygtap, oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini artdyrmak üçin welaýatda bar bolan kuwwaty işe girizmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Şunda milli Liderimiz tehnikalary netijeli peýdalanmak bilen, ekerançylyk işlerini ýokary hilli ýerine ýetirmegiň, meýdanlarda galan pagtany, gant şugundyryny çalt ýygnap almak, bugdaýa ideg edilende agrotehniki kadalary berk berjaý etmegiň, şol sanda ösüş suwuny öz wagtynda tutmagyň, ak ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmegiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz geljek ýylyň ekiş möwsümine taýýarlyk görmek, şol sanda ýerleri sürmek, oba hojalyk tehnikalaryny degişli ulanyş ýagdaýynda saklamak, suwaryş desgalaryny tertibe salyp, zeýkeşleri we beýleki suwaryş ulgamlaryny arassalamak, daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertleri döretmek boýunça häkime anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, günbatar welaýatda hem bag ekmek maksatnamasynyň yzygiderli amala aşyrylmagyna hem-de ekilen agaç nahallaryna degişli derejede ideg edilmegine aýratyn üns bermegiň möhümdigini aýdyp, bu işleriň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň aýrylmaz şerti bolup durýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan medeni-durmuş hem-de önümçilik ähmiýetli desgalaryň gurluşygynyň barşy, howanyň sowap başlamagy bilen welaýatlarda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň hem-de beýleki desgalaryň ýyladylyşynyň ýagdaýy hem-de arassa agyz suwy, elektrik energiýasy we tebigy gaz bilen üpjün edilişi bilen gyzyklanyp, adamlaryň gündelik durmuşynda oňaýly şertleri döretmek üçin wajyp bolan bu ugra berk gözegçilik etmek barada degişli görkezmeleri berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz göni wideoaragatnaşyga Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowy çagyrdy. Häkim welaýatda alnyp barylýan işler, ekin meýdanlarynda geçirilýän agrotehniki işler, şol sanda oba hojalyk ýerlerini, tehnikalary we enjamlary nobatdaky ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Şeýle hem dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşy, Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri çözmek babatda görülýän çäreler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daýhanlaryň ýetişdiren hasylyny, dokma senagaty üçin gymmatly çig mal bolan pagtany doly ýygnap almak üçin ähli tagallalary etmegiň, onuň degişli derejede saklanylmagyny we gaýtadan işlenilmegini üpjün etmegiň zerurdygyny belledi. Güýzlük bugdaýa degişli derejede ideg etmek hem möhüm talap bolup durýar.

Obasenagat toplumynda geçirilýän, pudagy ösdürmäge ýardam edýän, onuň ähli ugurlaryny innowasion taýdan ösdürmäge kuwwatly itergi berýän özgertmelerden gelip çykýan wezipelere aýratyn üns berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz häkime degişli tabşyryklary, şol sanda nobatdaky möwsüme toplumlaýyn taýýarlyk görmek boýunça görkezmeleri berdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gyşyň düşmegi bilen howanyň sowamagyny nazara alyp, durmuş desgalarynyň ýylylyk üpjünçiligini, şeýle hem welaýatyň ilatynyň agyz suwy, elektrik energiýasy we tebigy gaz bilen üpjün edilmegini berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Şonuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz welaýatyň täze gurulýan desgalarynda iş depginlerini artdyrmagyň möhümdigini belledi. Şolaryň ýokary hilli gurulmagy we işleriň öz wagtynda tamamlanmagy bu ugurda üýtgewsiz talap bolup durýar. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz täze, 2020-nji ýyly mynasyp görkezijiler bilen garşylamak üçin şu ýylyň ahyryna çenli bellenilen ähli meýilnamalary ýerine ýetirmegiň zerurdygyny belledi.

Soňra maslahatyň gün tertibiniň meseleleri boýunça Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew hasabat berdi. Häkim bugdaýa ideg etmek hem-de «ak altyn» möwsümini doly tamamlamak babatda agrotehniki çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn çäreler, ýerlerde täze desgalaryň gurulmagyny göz öňünde tutýan durmuş düzümlerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, bu welaýatda hem geçirilýän işleriň oňyn häsiýete eýe bolmalydygyny we anyk netijeleri bermelidigini nygtady. Bu bolsa, öz nobatynda, degişli hemme düzümleriň özara sazlaşykly hem-de utgaşykly işlemegini talap edýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň oba hojalygy ägirt uly kuwwata eýedir, şonuň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin bu ulgamda iň täze tehnologiýalary hem-de pudaklaýyn ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny halkymyzyň köpasyrlyk baý tejribesi bilen utgaşykly işjeň ornaşdyrmak zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň geljekki rysgal-berekediniň binýady bolan türkmeniň ak bugdaýy ekilen meýdanlarda zerur ähli agrotehniki çäreleri bellenen möhletlerde geçirmegiň, ak ekinlere ösüş suwunyň öz wagtynda tutulmagyny gazanmagyň hem-de uly iliň soltany bolan bugdaýy mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň aýny wagtynda geçirilmeginiň, şunuň bilen baglylykda, bu işlerde ulanylýan tehnikalaryň we gurallaryň doly güýjünde öndürijilikli işledilmegini üpjün etmegiň wajypdygyny belläp, bu babatda häkime degişli görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz şu wezipeler bilen bir hatarda, ýerleriň, tehnikalaryň we tohumyň ekiş möwsümine taýýarlanylyşyny gözegçilikde saklamalydygyny, suwaryş desgalaryny hem-de zeýkeş we beýleki suwaryş ulgamlarynyň zerur derejede yzygiderli işlemegini hem-de olary arassalamak işleriniň öz wagtynda üpjün edilmelidigini, oba hojalyk ekinleri ýetişdirilende ýerli toprak-howa şertleriniň göz öňünde tutulmalydygyny aýtdy.

Welaýatda şu ýylyň möwsüminde ekilmegi meýilleşdirilen bag nahallarynyň gysga wagtda we doly möçberde ekilmegini üpjün etmek barada hem häkime anyk görkezmeler berildi.

Türkmen ülkesine gyş paslynyň gadam basmagy bilen howa sowap başlady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz welaýatda medeni we durmuş hem-de önümçilik desgalarynda, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynda, mekdeplerde, çagalar baglarynda ýyladyş ulgamlarynyň talabalaýyk guralmagynyň hem-de ilatyň agyz suwy, elektrik energiýasy we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilmeginiň adamlar baradaky içgin alada bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny aýdyp, bu barada häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatda bina edilýän desgalardaky gurluşyklaryň barşy we depgini bilen gyzyklanyp, şu hem-de beýleki işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi boýunça häkime tabşyryklary berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde, şol sanda oba hojalyk pudagynda işleriň ýagdaýy, halkyň durmuş derejesini we hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen özgertmeler maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Welaýatyň gowaça meýdanlarynda galan pagta hasylyny hem-de gant şugundyryny ýygnap alyp, bu gymmatly ekinleriň ýetişdirilen bereketli hasylyny Watan harmanyna ýitgisiz tabşyrmak üçin işleriň alnyp barylýandygy habar berildi. Şunuň bilen bir hatarda, ekin meýdanlaryny sürmek, tehnikalary dürli oba hojalyk ekinleriniň geljekki ýaz ekişine taýýarlamak işleri amala aşyrylýar.

Şeýle hem welaýatyň şäherlerini hem-de ilatly ýerlerini ýylylyk, agyz suwy, elektrik energiýasy, tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, durmuş we beýleki maksatly desgalaryň gurluşygy barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň häkimine obasenagat toplumynyň kuwwatyny hem-de ylmy çemeleşmeler esasynda oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň mukdaryny artdyrmak boýunça degişli görkezmeleri berdi. Şunuň bilen baglylykda, nobatdaky möwsüme jogapkärli çemeleşmek bilen täze ýylda bereketli hasyl ösdürip ýetişdirmek üçin hemme çäreleri öz wagtynda göz öňünde tutmaly hem-de öz möhletinde durmuşa geçirmeli.

Milli Liderimiz şeýle hem oba hojalyk ekinleriniň zerur möçberde suwaryş suwy bilen üpjün edilişi, oba hojalyk önümçiligine ýurdumyzyň her bir sebitiniň tebigy-howa şertlerinden ugur alyp, suwarmagyň häzirki zaman usullarynyň ornaşdyrylyşy baradaky meselelere ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz geljek üçin bellenilenlerden ugur almak bilen, sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek baradaky meselelere degip geçip, Oba milli maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegini, inžener-tehniki, şol sanda ýyladyş ulgamlarynyň üznüksiz işlemegini, şeýle hem welaýatda bagy-bossanlyga büremek işleriniň durmuşa geçirilişini, şunuň bilen baglylykda, ekilen nahallara zerur derejede ideg edilmegini berk gözegçilikde saklamak barada häkime anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, welaýatda şu ýyl üçin bellenilen maksatnamalaýyn işleri doly möçberde ýerine ýetirip, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylyny ajaýyp netijeler bilen tamamlamak ugrunda tagallalary jemlemek zerurdyr. Munuň özi ähli pudaklarda täze ýokary sepgitlere ýetmek üçin binýat bolar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynyň netijelerini jemläp, oňa gatnaşanlara işlerinde hem-de berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň bähbidine öňde goýlan wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 


Habarlar