Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň we onuň töwereklerindäki täze gurluşyklardaky işleriň barşy bilen tanyşdy

11.05.2020

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyza iş saparyny amala aşyrdy. Onuň dowamynda döwlet Baştutanymyz Aşgabady durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, şäher düzümlerini kämilleşdirmek, paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri bilen baglanyşykly meseleler bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer bilen ýurdumyzyň baş şäheriniň köçelerine welosipedde bilelikde aýlanan wagty milli Liderimize Aşgabady hemmetaraplaýyn abadanlaşdyrmak, ekilen baglara, seýilgäh zolaklaryna degişli derejede ideg etmek, şäheriň ýol-ulag düzümini kämilleşdirmek boýunça ozal berlen tabşyryklary ýerine ýetirmek babatda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary taýýarlanylanda gurluşyklaryň ýokary hiliniň üpjün edilmegine, ekologiýa meselesine möhüm ähmiýet berilmelidigine ýene-de bir gezek ünsi çekdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, şäherde alnyp barylýan 27 sany toplumlaryň we desgalaryň gurluşyk işleri olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna, häzirki zaman inženerçilik-tehniki desgalarynyň ýerleşdirilişine, umuman, şäheriň hemmetaraplaýyn ösüşine laýyk gelmelidir.

Bu işleriň baş maksady Aşgabadyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegini, onda şäher ilatynyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertleriň döredilmegini göz öňünde tutmalydyr. Munuň özi jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde aýratyn ähmiýetlidir diýip, döwlet Baştutanymyz bu babatda wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şäherde seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine, paýtagtymyzyň ähli çäkleriniň bagy-bossanlyga bürelmegine, şol birwagtyň özünde amatly dynç alyş üçin ýokary derejeli şertleriň üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi we bu işleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan has-da ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan taslamalar hem-de häzirki döwürde gurluşygy dowam edýän desgalar barada hasabat berdi we bu ugra degişli taslamalary, çyzgylary görkezdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp hem-de görkezilen taslamalar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny dikuçarda dowam etdi. Milli Liderimiziň dikuçary şäheriň gündogar künjegine ugur aldy.

Milli Liderimiz şäher etegindäki Bagabat şäherçesinde gurluşygy alnyp barylýan 200 orunlyk şypahananyň we oňa barýan ýoluň taslamalary bilen tanşyp, bu işlerde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we gurluşyklaryň bellenilen möhletlerde tamamlanmagynyň wajyp talap bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli aladasy netijesinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy okgunly ösdürilýär hem-de tutuş ýurdumyz boýunça şypahana-dynç alyş düzüminiň täze binalary gurlup, halkyň hyzmatyna berilýär. Ilatyň saglyk derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi bu ugurda alnyp barylýan ägirt uly işleriň aýdyň netijesidir.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, dynç alyş, bejeriş we öňüni alyş hyzmatlarynyň giň gerimine eýe bolan ýurdumyzda olary mundan beýläk-de ösdürmek üçin hemme mümkinçilikler bar. Şonuň üçin Bagabat şäherçesinde gurulýan şypahananyň dünýä derejesindäki ylmyň soňky gazanan tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylyp, saglygy dikeltmekde iň öňdebaryjylaryň biri bolmalydyr.

Mälim bolşy ýaly, tutuş ýurdumyz boýunça häzirki zaman şypahanalary döredildi we hereket edýär. Häzirki wagtda bolsa Diýarymyzyň sebitlerinde öňüni almagyň we bejermegiň iň döwrebap usullary ornaşdyrylýan lukmançylyk edaralaryň gurluşyklary güýçli depginde alnyp barylýar. Munuň özi raýatlarymyzyň saglygyny dikeltmekde we berkitmekde täze mümkinçilikleri açýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Bagabat şäherçesinde gurulýan şypahana alyp barýan ulag ýolunyň gurluşygy dowam edýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu ýoluň gurluşygy häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelmelidir. Onuň agyr ýükli ulaglaryň gatnawyna durnukly bolmalydygyna ünsi çekip, milli Liderimiz bu babatda anyk görkezmeleri berdi. Munuň özi gurulýan ýol-ulag düzümine degişli ähli desgalaryň, şol sanda ulag ýollarynyň uzakmöhletleýin derejesini üpjün eder.

Hormatly Prezidentimiz şolar bilen birlikde, durmuş maksatly binalaryň gurluşygyny, olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Şunda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zaman tejribeleriniň sazlaşykly utgaşdyrylmagy zerurdygy nygtaldy. Döwlet Baştutanymyz şypahana barýan ýoluň gurluşygyna ýene-de bir gezek ünsi çekip, onuň halkara ülňülerine doly laýyk gelmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, hassahana barýan ýoluň ugrundaky esasy çatryklaryň biriniň merkezinde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýan ynsan saglygyny goramak we sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleri alamatlandyrýan binany oturtmagyň maksada laýyk bolandygyny belledi. Bu bina hem paýtagtymyzyň şähergurluşyk keşbine sazlaşykly utgaşmalydyr.

Soňra milli Liderimiz dikuçarda paýtagtymyzyň demirgazygynda alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde çagalar üçin bolşy ýaly, uly adamlar üçin hem zerur bolan dynç alyş şertleriniň döredilmelidiginiň wajypdygyny belledi. Ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda birnäçe döwrebap suw howdanlary, ýüzüş howuzlary hem-de suw toplumlary bar.

Olimpiýa şäherçesinde ýerleşýän Olimpiýa suw toplumynda häzirki wagtda Aşgabadyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin suw sporty görnüşleri bilen meşgullanmaga ähli mümkinçilikler döredildi.

Bu toplum halkara ölçegleriniň ýokary talaplaryna laýyk gelýän ekologiýa taýdan arassa serişdelerden taýýarlanan häzirki zaman tehnologiýalaryň esasynda bina edilen dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyny bezedi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, gurlan suw toplumlarynyň netijeli ulanylmagy, adamlaryň tomusky dynç alyş möwsümini amatly geçirmegi üçin çäreler görülmelidir. Bu ulgam döwrebap derejede ösdürilmelidir. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, Aşgabadyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän Gurtly kölüniň dynç alyş üçin häzirki zaman şertleri özünde jemleýän künjege öwrülmegi ugrunda işleri guramagy tabşyryp, anyk görkezmeleri berdi.

Bellenilişi ýaly, bu ýerde dynç alşyň ähli düzümleriniň döredilmegi bilen Gurtly kölüniň çäklerinde adamlaryň oňaýly dynç almagy üçin mümkinçilik dörär. Bu künjegiň tomus möwsüminde suw kenarlarynda dynç almagy hem-de wagtyny peýdaly geçirmegi halaýan adamlaryň iň gelim-gidimli ýere we söýgüli künjege öwrüljekdigi gürrüňsizdir. Tomusky dynç alyş möwsüminde adamlaryň hemmetaraplaýyn dynç alşyny we boş wagtlaryny peýdaly geçirmegi üçin zerur şertler üpjün edilmelidir.

Dikuçarda uçuşynyň barşynda şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň demirgazygynda gurulýan Awtoulag kärhanalar toplumynyň we awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň okuw-türgenleşik merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde gurluşygy alnyp barylýan 200 orunlyk ýokanç keseller hassahanasyny gözden geçirdi. Bu lukmançylyk edarasy ýokanç keseller ýüze çykan wagtynda degişli derejede bejergi we olaryň öňüni almaga mümkinçilik berer. Bu hassahananyň düzüminde jemi 6 bölüm işlär.

Milli Liderimiz gurluşyk meýdançasyny synlap, hassahananyň gurluşygynyň bellenilen möhletlerde tamamlanylmagy, onda häzirki zamanyň ösen tehnologiýalarynyň, enjamlarynyň oturdylmagy bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dikuçary paýtagtymyzyň günbatar künjeginden öwrüm etdi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Büzmeýin etrabynyň çäginde gurulýan desgalary synlady. Olaryň hatarynda häzirki zaman ýaşaýyş jaýlary möhüm orun eýeleýär. Bu öýlerdäki düzümleriň we şertleriň iň ýokary hil derejesinde bolmalydygy bellenildi, sebäbi munuň özi häzirki zaman şähergurluşyk maksatnamasyna bildirilýän esasy talapdyr.

Häzirki wagtda Büzmeýin etrabynda köpugurly söwda merkeziniň, 600 orunlyk umumybilim berýän mekdebiň, Senagat köçesinde 20 sany 4 gatly 32 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň we Ahal köçesiniň ugrunda 7 sany 4 gatly 32 öýli, 2 sany 4 gatly 32 öýli we 1 sany 4 gatly 16 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de Güneşli köçesiniň ugrunda 9 sany 2 gatly 2 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar.

Milli Liderimiz uçuş belentliginden Köşi ýaşaýyş toplumyndaky hem-de paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyryndaky gurluşyk işlerini synlady. Döwlet Baştutanymyz desgalar gurlanda ýerli tebigy şertleriň nazarda tutulmalydygyny, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmalydygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, gurluşyk maksatnamasynda durmuş düzümine degişli desgalara möhüm ähmiýet berilmelidir.

Şäheri ösdürmegiň 16-njy nobatdaky tapgyrynyň maksatnamasynda türkmen halkynyň buýsanjy, dünýä medeniýetine goşan milli gymmatlygy bolan türkmen alabaýynyň binasyna aýratyn orun berilýändigini bellemek gerek. Şu ýerde hem umumy uzynlygy 5,5 kilometrden gowrak ulag ýolunyň gurluşygy göz öňünde tutuldy.

Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, bu işlerde alnyp barylýan gurluşyk işlerine ýokary hil derejesi bilen bir hatarda bu desganyň ähmiýetine uly üns berilmelidir, ol şähergurluşyk maksatnamasy bilen utgaşmalydyr.

Soňra dikuçar howada öwrüm edip, häzirki döwürde gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýan «Garagum» myhmanhanasynyň üstünden geçdi. Paýtagtymyzyň şu künjeginde gurulýan desgalar paýtagtymyza onuň gözelligine gözellik goşup, Aşgabady dünýä derejesindäki işewürlik merkezine öwürýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň merkezindäki binalary gözden geçirip, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmagyň, olaryň töwereginde arassalygy saklamagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Häzirki wagtda paýtagtymyzyň bu künjeginde 720 orunlyk daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen orta mekdebiň hem-de 320 orunlyk daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen çagalar bagynyň, fitnes we döredijilik merkeziniň binalarynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Soňra milli Liderimiz A.Nyýazow şaýolunyň ugrunda gurulýan ýol-ulag düzümine degişli desgalary synlady. Döwlet Baştutanymyz şäheriň ähli künjeklerinde köp zolakly awtomobil ýollarynyň gurulmagynyň paýtagtymyzda ulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmek bilen bir hatarda, sürüjiler we pyýadalar üçin amatly mümkinçilikleri üpjün etjekdigini belledi.

Bu bolsa ýerüsti we ýerasty geçelgeleriň, awtomobil duralgalarynyň gurluşygyna aýratyn üns berilmelidigini aňladýar. Häzirki döwürde gatnawly ýollaryň çetki zolagyny durmuş düzümine degişli, aýratyn-da, «Tiz lukmançylyk kömegi» we ýangyn howpsuzlygy gulluklaryň ulaglaryna degişli çäk döredilip başlandy. Dünýä tejribesinde giňden ulanylýan bu düzgüne pyýadalaryň hem-de sürüjileriň berk eýermekleri zerurdyr.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu işleriň şäheriň beýleki köçelerinde hem alnyp barylmalydygyny aýtdy. Bu bolsa paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna gaýragoýulmasyz zerur ýagdaýda lukmançylyk kömegini bermäge Tiz lukmançylyk kömegi ulaglarynyň bökdençsiz geçip bilmegi üçin zerurdyr.

Häzir ýurdumyzyň baş şäherinde «Nusaý» myhmanhanasynyň ikinji tapgyrynyň, Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň binasynyň, Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň edara binasynyň gurluşygy hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň binasynyň durkuny täzelemek işleri we binalar toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar. S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygynda ýerasty awtomobil we pyýada geçelgeleriniň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar.

Soňra döwlet Baştutanymyz uçuş belentliginden Halkara estetiki bejeriş merkeziniň gurluşygyny synlady hem-de onuň gurulmagy ýokary hil derejesinde amala aşyrylyp, ähli zerur talaplara laýyk gelmelidigini, esasy bolsa, desganyň bellenilen möhletde tabşyrylmalydygyny belledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uçuşyň dowamynda Aşgabadyň işewür düzüminiň kemala gelýän ýeri bolan günorta künjeginde alnyp barylýan gurluşyk işlerini synlady.

Häzir bu ýerde Halkara maslahatlar merkeziniň binalar toplumy, «Arkadag» myhmanhanasy, «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň edara binasy, «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň edara binasy, Hökümet münberiniň binasy, Kabul ediş merkeziniň binasy hem-de Welosiped binasy gurulýar.

Şäheriň bu künjeginde ýakyn geljekde peýda boljak döwrebap desgalar paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirer we Aşgabadyň görküne görk goşar.

Paýtagtymyzyň bu künjegi soňky ýyllarda şäheriň çalt depginlerde özgerýän ýerine öwrüldi. Täze gurulýan binalar Köpetdagyň keşbi hem-de bu künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen sazlaşýar. Munuň sebäbi bolsa döwlet Baştutanymyz bu meselä aýratyn üns berýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan işlenip taýýarlanan şähergurluşyk maksatnamasy şunuň ýaly netijeleri berýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, paýtagtymyzyň ähli täze gurluşyklarynyň milli binagärligiň öwüşginleri bilen dünýä tejribesinde giňden ulanylýan häzirki zaman binagärlik çözgütlerini özünde sazlaşykly utgaşdyrmalydygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz bina edilen ähli desgalar esasan ýokary hilli bolmalydyr hem-de bellenilen möhletinde tamamlanmalydyr, bu döwrüň talabydyr diýip nygtady.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny tamamlap, wise-premýere şäherde gurulýan ähli desgalaryň bellenilen möhletlerde tamamlanylmagyny we gurluşykda häzirki zamanyň tejribeleriniň ulanylmagyny, binalaryň ösen halkara ülňülerine laýyk derejede enjamlaşdyrylmagyny tabşyrdy.

Şäher hojalygynyň ähli düzümlerinde alnyp barylýan hemme işler häzirki zamanyň talaplaryna laýyk amala aşyrylmalydyr. Paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli gurluşyk ähli taraplaýyn häsiýete eýe bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şähergurluşyk maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Habarlar