Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen milli itşynaslygyň döwrebap düzümi döredilýär

07.05.2020

Şu gün «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň birinji mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine guramaçylyk meseleleri, türkmen alabaýlarynyň tohumynyň seçgisi boýunça işleri giňeltmek, alabaýlaryň özboluşly tohumyny aýawly saklamak we köpeltmek, şan-şöhratyny dünýä ýaýmak maksady bilen döredilen birleşigiň öňünde durýan wezipeler girizildi.

Soňra Änew şäherinde weterinariýa bejerişhanasynyň we öý haýwanlary saklanylýan toplumyň açylyş dabarasy boldy. Bu desgalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen guruldy.

Mälim bolşy ýaly, 1-nji maýda Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde maslahat geçirilip, onda «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň tertipnamasy tassyklanyldy, onuň ýolbaşçysy saýlanyldy hem-de gözegçilik-derňew topary döredildi.

Şu günki mejlise gatnaşyjylar — käbir ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, kinolog klublaryň ýolbaşçylary we wekilleri, hususy itşynaslar we beýleki hünärmenler däp-dessurlara wepalylygyň hem-de mirasa hormatyň özboluşly nyşanyna öwrülen alabaýlaryň gadymy tohumyny gorap saklamak we kämilleşdirmek meselelerine berýän ünsi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

«Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, alabaýlaryň türkmeniň diňe kömekçileri we ygtybarly goragçylary bolmak bilen çäklenmän, eýsem, müňýyllyklaryň dowamynda halkymyzyň wepaly dostlary bolandygyny belledi. Bu gün olar türkmen halkynyň medeni gymmatlygynyň aýrylmaz bölegi bolup, biz ony aýawly saklap, ata-babalarymyzyň göreldesine eýerip, ösüp gelýän nesillere ýetirmelidiris.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmen alabaýy» atly kitaby alabaýlaryň halkymyzyň durmuşynda ähmiýetli orny barada gürrüň açyp, öz okyjylaryna itlere bolan garaýşyň, olary ösdürmegiň we saklamagyň milli aýratynlyklary bilen çuňňur tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Assosiasiýany döretmegiň maksady türkmen alabaýlarynyň tohumyny, onuň beýleki itlerden tapawutly aýratynlyklaryny aýawly saklamak we ösdürmek bolup durýar. Onuň işiniň esasy ugurlarynyň hatarynda hormatly Prezidentimiziň türkmen alabaýlaryny yzygiderli köpeltmek, halk seçgiçilik usulyny hem-de dünýä ylmynyň häzirki gazananlaryny peýdalanmak boýunça öňde goýan wezipeleri bilen baglylykda, milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy däplerini aýawly saklamak we artdyrmak wezipesi durýar.

Mejlisiň çäklerinde guramaçylyk meselelerine seredildi. «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň başlygynyň orunbasary wezipesine hususy itşynas A.Ýazmyradow saýlanyldy, şeýle hem birleşigiň jogapkär kätibi saýlanyldy. Mundan başga-da, guramanyň düzümine täze agzalar kabul edildi. «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça bölümleri döredildi hem-de olaryň ýolbaşçylary saýlanyldy.

«Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň nyşany tassyklanyp, onda hemişe wepaly dost we gaýduwsyz goragçy bolan, ýanynda özüňi arkaýyn duýup bolýan alabaýyň şekili ýerleşdirildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, halk rowaýatlarynda alabaý ýeňşe, güýç-kuwwata hem-de hoşniýetli ruhy güýje bolan üýtgewsiz erk-islegi alamatlandyrýar. Alabaýyň 2017-nji ýylda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi nyşany hökmünde saýlanylmagy hem tötänden däldir.

Türkmenler wepalylygy üçin alabaý itine hemişe ýokary baha berip geldiler. Türkmen çopanlaryna mälim bolşy ýaly, duşmanlara barlyşyksyz, goragçy hökmünde deňi-taýy bolmadyk alabaý öz eýesini, onuň öýüni, maşgalasyny, aýratyn-da, çagalaryny buýsanç bilen gorapdyr. Şeýlelikde, alabaý çäksiz wepalylygyň, ynamyň we dostlugyň nyşanyna öwrüldi hem-de hut şol düşünjeler birleşigiň nyşanynda öz beýanyny tapdy.

Bu ýere ýygnananlar ähli türkmenistanlylaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa milletiň baý medeni mirasynyň bir bölegi hökmünde ykrar edilen itşynaslygyň milli däplerini aýawly saklamak barada edýän ýadawsyz aladasy, şeýle hem alabaýlaryny ösdürmäge hem-de olaryň şan-şöhratyny dünýä ýüzüne ýaýmaga gönükdirilen möhüm ädimler üçin hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Şolaryň hatarynda milli Liderimiziň başlangyjy bilen Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda gurlan «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumy bar. Bu ýöriteleşdirilen toplumyň açylyş dabarasy 2019-njy ýylyň sentýabrynda Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilip, ol häzirki döwürde meşhur tohumy ösdürmek boýunça yzygiderli işleriň başyny başlady.

Bu desga ýurdumyzda ilkinji özboluşly toplum bolup, onuň döredilmegi häzirki döwürde türkmen itleriniň gymmatly genofonduny döretmäge, itşynaslygyň umumy medeniýetini ýokarlandyrmaga we onuň usulyýet üpjünçiligini artdyrmaga berilýän örän uly ähmiýetiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Hoşgylaw we eýesine gulak asmak ýaly häsiýetleri bilen bir hatarda, ajaýyp alabaýlaryň keşbi, şeýle hem häsiýetiniň aýratynlyklary olaryň diňe bir ýurdumyzda däl-de, eýsem, onuň çäklerinden alyslarda hem uly meşhurlyga eýe bolmagyna ýardam etdi.

Biziň alabaýlarymyz dünýäniň ençeme ýurtlarynda gorag itleriniň tohumlarynyň arasynda öňdäki orunlary eýelediler, şonuň üçin döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, alabaýlaryň tapawutly aýratynlyklarynyň birini hem ýitirmez ýaly, olary ussatlyk derejesinde köpeltmek gerek bolup durýar.

Bir gektar meýdany eýeleýän ýöriteleşdirilen toplumyň düzüminde uly alabaýlary saklamak üçin zerur bolan şertler döredildi. Ol uly alabaýlaryň 40-syny we güjükleriň 30-syny saklamaga niýetlenendir.

Täze merkeziň barlaghanasy döwrebap enjamlar bilen üpjün edildi. Şeýle hem bu ýerde alabaýlary naharlamak hem-de suwa düşürmek üçin kömekçi bölümler, sowadyjy, hojalyk we ammar otaglary bolup, binalaryň 5-si weterinar gullugynyň bölümleri üçin niýetlendi. Bulardan başga-da, alabaýlary gezdirmek we türgenleşdirmek üçin ýapyk manež guruldy, görkezme çäreleri üçin bolsa tomaşaçylar münberi bolan ýörite meýdança göz öňünde tutuldy.

Şeýlelikde, bu ýerde alabaýlary köpeltmek, olaryň neslinde häsiýetli tohum alamatlaryny ýüze çykarmak we berkitmek hem-de seçgiçileriň, weterinarlaryň, beýleki hünärmenleriň netijeli işlemegi üçin ähli şertler döredildi.

Türkmen topragynda kemala gelen alabaýlara soňky ýyllarda uly gyzyklanmanyň artmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy garaýyşlary bilen şertlendirilendir. Özboluşly tohum itleriniň köpasyrlyk şan-şöhraty barha beýgelip, dünýäniň ähli künjeklerinde türkmen alabaýlarynyň muşdaklarynyň sany köpelýär.

«Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalary milli Liderimize ýene bir gezek hoşallyk duýgularyny beýan edip, türkmen alabaýlarynyň tohumynyň arassalygyny saklamaga, täze ugurlaryny döretmäge we sanyny artdyrmaga gönükdirilen ylmy-seçgiçilik işini maksadalaýyk alyp barjakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňra wakalar Änew şäherinde dowam etdi. Täze weterinariýa merkeziniň binasy bu şäheriň bir künjeginde guruldy. Açylyş dabarasyna «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň başlygy, Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Ýygnananlaryň arasynda degişli edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Ahal welaýatynyň häkimi, welaýatlaryň häkimleriniň orunbasarlary, ýaşlar bar.

Täze gurlan weterinar toplumynyň öňündäki meýdançada sungat ussatlarynyň we döredijilik toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlanýar.Soňra «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň ýolbaşçysy çykyş edip, täze desganyň açylmagynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda türkmen alabaýlaryna üns berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýändigini belledi. Munuň özi ýurdumyzda kinologiýa işiniň we itşynaslygyň döwrebap ulgamynyň kemala gelmeginiň ýene bir anyk mysalydyr.

Ata-babalarymyz daşky gurşaw bilen sazlaşykly ýaşamagyň asylly ýörelgelerini, tebigata aýawly garamagyň däplerini döretdiler hem-de bize miras goýdular. Türkmen jemgyýetiniň bu däpleri asyrlarboýy kämilleşdirilip, halkymyzyň aňynda berk ornap, häzir täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Gadymyýetden gelýän bu ynsanperwer gymmatlyklar hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen döwlet ekologiýa syýasatynda üstünlikli amala aşyrylýar. Bu syýasat bioköpdürlüligi, eziz Diýarymyzyň täsin ösümlik we haýwanat dünýäsini goramaga, tebigy serişdeleri oýlanyşykly peýdalanmaga, onuň gözelligini geljekki nesillere ýetirmäge gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar, täze goraghanalar döredilýär, Garagumuň ösümlik we haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyrmaga ýardam berjek «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygy dowam edýär.

Serdar Berdimuhamedow şu gün ýurdumyzda açylyp ulanylmaga berilýän hem-de janly tebigat baradaky aladanyň ýene-de bir aýdyň nusgasy bolan weterinariýa bejerişhanasynyň ähmiýetini aýratyn belläp, onuň düzümi, şeýle hem ýene-de bir täze desga — öý haýwanlaryny wagtlaýyn saklamaga niýetlenen toplum barada aýtdy hem-de hemmeleri döwlet Baştutanymyzyň adyndan bu waka bilen gutlady.

Çäräniň dowamynda çykyş edenler hünärmenleriň söýgüli işi bilen meşgullanmagyna döredilen şertler we mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Soňra «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow toplumyň baş girelgesine barýar hem-de ýygnananlaryň el çarpyşmagy bilen toý bagyny kesip, täze edarany açýar.

Aşgabadyň golaýynda gurlan Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky döwlet weterinar gullugynyň weterinariýa bejerişhanasy we öý haýwanlary saklanýan toplum öý haýwanlaryna ideg etmekde düýbünden täze görnüş bolup durýar. Bu döwrebap bejeriş-anyklaýyş merkezi öý haýwanlarynyň kesellerini ýüze çykarmak we olary bejermek üçin niýetlenen öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi.

Weterinar toplumynyň gurluşy hem-de aýratynlyklary bilen tanyşlyk onuň eýwanyndan başlanýar, bu ýerde kabul ediş bölümi ýerleşdirildi.

Türkmenistanda ilkinji ýokary tehnologiýaly merkezi döretmegiň taslamasyny amala aşyrmakda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldaw bermegi netijesinde, toplumyň innowasion derejesi boýunça tutuş sebitde deňi-taýy ýokdur.

Lukmançylyk kömeginiň dürli görnüşlerini bermek üçin merkez dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýokary takyk enjamlar toplumy hem-de işgärleriň netijeli işlemegi üçin zerur abzallar bilen üpjün edildi.

Şeýle hem täze toplum haýwanlara keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny etmek boýunça hyzmatlary ýerine ýetirýär, munuň özi epizootik abadançylygy üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar. Şonuň üçin iki gatly binanyň baş girelgesinde, keselli jandarlar bir ýerde gabatlaşmazlary ýaly, üçin olary kabul etmek üçin toparlara bölmek işleri geçirilýär. Merkeziň şunuň ýaly oýlanyşykly gurluşy onuň her bir bölümi üçin mahsusdyr hem-de bu ýagdaý her bir ädimde duýulýar.

Ýeri gelende aýtsak, girelgede kesellän, gabarasy uly haýwanlary, mysal üçin, daýaw alabaýlary daşamak üçin uly araba goýlupdyr. Kesellän haýwanlar bu ýerden göni hünärmenleriň ýanyna eltilýär ýa-da olaryň ýagdaýy kesgitlenen bolsa, bejeriş bölümine ugradylýar. Deslapky gözden geçiriş bölüminde lukman indiki etmeli işleri kesgitleýär.

Serdar Berdimuhamedow täze merkeziň üpjünçiligi bilen tanyşlygyň barşynda döwrebap enjamlarynyň we lukmançylyk tehnikalarynyň toplumy bilen täsir galdyrýan EKG-anyklaýyş we fizioterapiýa otaglaryna baryp gördi.

Weterinar merkeziniň terapiýa bölüminde zerur hyzmatlary we degişli enjamlary özünde jemleýän birnäçe otaglar guruldy. Mysal üçin, Endoskopiki barlaglar otagynda «Hager» nemes şereketiniň öndüren endoskopynyň has kämil, täze nusgasy bar.

EKG we UZI barlaglar otagynda ýüregiň işleýşine gözegçilik edýän stasionar hem-de ultrases anyklaýyş enjamlaryndan başga-da, ykjam UZI enjamy bolup, ol lukmana haýwanyň saklanýan öýünde barlag geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu enjam hem italýan önümçiliginiň abzallarynyň kämilleşdirilen görnüşidir.

Fizioterapiýa otagy lukman üçin zerur gurallar — endoskoplar, pulsoksimetrler, otoskoplar we laringoskoplar, damarlaryň elektron simulýatory hem-de haýwanyň işjeň wagty lukmançylyk görkezijilerini almak üçin ylgaw ýodajygy, dikeldiş işlerini geçirmek, mesele döreden zolaklary işläp taýýarlamak üçin enjamlar bilen üpjün edildi.

Weterinar gözden geçiriş üçin ýörite mebeller goýlan terapewtiň otagynda stomatologik enjamy, tereziler, haýwanlary daşamak üçin araba, infuzion gurluş hem-de damjalaýyn usul bilen seretmek üçin ýer, jandarlaryň gözleriniň, gulaklarynyň ýagdaýlaryny barlamak üçin abzallar we beýlekiler göz öňünde tutuldy.

Terapiýa bölüminiň diwarlary öý haýwanlarynyň gan-damar we skelet gurluşy hakynda aýdyň düşünje berýän diwarlyklar bilen bezelipdir, olar haýwanlaryň eýelerine peýdaly maslahatlary berip biler. Müşderileriň amatlylygy üçin bu bölümde weterinar dermanhanasy hem göz öňünde tutuldy, bu ýerde dürli dermanlary we beýleki serişdeleri satyn almak bolýar.

Hirurgiýa, gaýragoýulmasyz kömegiň zerur bolan halatynda haýwanlary operasiýa bölümine ugradýarlar. Serdar Berdimuhamedow bu bölüme hem baryp gördi. Bu bölüm zyýansyzlandyryş otagdan başlanýar. Bu ýerde lukmanlaryň egin-eşiklerini öňünden arassalamak üçin niýetlenen ýuwujy maşyn, kuwwatly awtoklawlar ýerleşdirilip, operasiýa üçin niýetlenen gurallar, sargy serişdeleri, lukman halatlary zyýansyzlandyrylýar.

Jandary operasiýa taýýarlamak üçin otagda operasiýa etmek üçin gerek bolan ýer arassalanylýar, soňra ýörite nowa ýerleşdirilýär (iri haýwanlar üçin uly wanna göz öňünde tutuldy). Sorujy şlang arkaly ýuwmak hem-de süpürip guratmak işleri hem gurnalypdyr.

Operasiýadan öňki bölümde doly arassalyk üçin lukmanyň gapyny açyp we ýapyp bilmegi üçin hirurgiýa nowa krany oturdyldy, lukman oňa elini degirmän, tirsegi bilen açyp bilýär.

Weterinariýa bejerişhanasynyň hirurgiýa bölüminde iki sany operasiýa otagy göz öňünde tutuldy. Olaryň ikisi hem ýörite enjamlar, şol sanda laporoskopiýa bilen üpjün edilip, has çylşyrymly operasiýalary geçirmek üçin ýöriteleşdirilendir.

«Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow bu operasiýa bölümini hem gözden geçirdi. Bu ýerde haýwanlaryň öýkenlerini emeli usul bilen işledýän, olaryň ýagdaýyna: ýürek urşuna we dem alşyna, gyzgynlygyna, bedeniň kislorod bilen üpjün edilişine gözegçilik edýän abzallar bar. Operasiýa wagtynda lukmana bu görkezijilere gözegçilik etmek zerur bolýar.

Operasiýa tamamlanandan soň, haýwan gözegçilik edilýän otaga geçirilýär. Bu ýerde haýwanlar üçin ýörite kapasalar oturdylypdyr. Soňra hünärmen haýwan narkozdan açylýança, onuň ýagdaýyna gözegçilik edýär. Haýwanyň eýesiniň özi sanjym we sargy işlerini geçirip bilmeýän bolsa, onuň islegine görä, dowamly ideg işleri geçirilip bilner.

Bulardan başga-da, toplumyň binasynyň aşaky gatynda terapiýa we hirurgiýa bölümleri, rentgen otagy ýerleşdirildi. Olar Koreýa Respublikasynda öndürilen, analog we sanly görnüşlerde işleýän enjamlar bilen üpjün edildi. Şol görnüşleriň birinjisinde plýonka çykarýan enjam bolup, oňa negatoskopda seredilýär, ikinjisi bolsa dürli ölçegdäki şekilleri düzmäge we olary çap etmäge mümkinçilik berýär.

Şeýle hem şol gatda osteosintez otagy ýerleşdirilip, onda süňkleri birleşdirmek üçin gips goýmak we süňkleri ösdürmek işleri geçirilýär. Döwük-ýenjik agyr bolan ýagdaýynda, süňk böleklerini birleşdirmek üçin titan çekiji skobalar, plastinalar, ştifitler we beýlekiler ulanylýar. Bu ýerde oturdylan enjamlar işleri netijeli geçirmäge ýardam edýär.

Şondan soň islendik bejerişhananyň seljeriş bölegi bolup durýan barlaghana toplumy ýerleşýär. Mikrobiologiýa işleriniň ugry ýörite düzgünleriň berk berjaý edilmegini talap edýär. Şolaryň biri — barlaghana üçin niýetlenen otag kabul ediş we beýleki bölümlerden üzňe bolmalydyr. Barlaghana barmazdan öň, hünärmenler arassalaýjy otagdan geçýärler. Ol zyýansyzlandyrmak üçin niýetlenen awtoklawlaryň ikisi, ýörite el ýuwujy bilen üpjün edildi.

Barlaghananyň düzümine ätiýaçlyk reaktiwleri, gap-gaçlary, enjamlary we hojalyk esbaplaryny saklamak üçin otaglar, ýokumly serişdeleri taýýarlamak, guýmak, zyýansyzlandyrmak we saklamak üçin niýetlenen bölümler girýär. Bu ýerde işgärleriň ygtyýarynda ýokumly serişdeleriň ähli görnüşlerini awtomatik usul bilen taýýarlamak we zyýansyzlandyrmak üçin Masterclave tapgyrynyň enjamy bar. Kuwwatly, magnitli garyjy gurşawyň bir häsiýetliligini üpjün edýär. Mikroprosessor kontrolleri bellenilen temperaturany saklaýar, işiň ölçegleri displeýiň ýüzüne çykarylýar.

Bulardan başga-da, bu ýerde ultra arassa suwy almak üçin enjam bolup, şonsuz barlaghananyň işini guramak mümkin bolmaýar. Bu ýerde taýýarlanylýan suwuň hilini «Arassa suwuň görnüşi» diýlip ykrar edilen Milli-Q ulgamy üpjün edýär. Bu enjamlar «Merck Millipore» fransuz kompaniýasynyň inženerleri tarapyndan işlenip taýýarlanyldy we öndürilýär. Ulgam dolandyryjy nurbatlar we displeý bilen üpjün edilip, olar programmalaşdyrylýan işiň ähli tapgyrlaryna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.

Barlaghana zyýansyzlandyryjy otagyň üsti bilen girilýär. Bu bölümde awtomatlaşdyrma işini «Miele Professional» german önümçiliginiň ýörite gap-gaç ýuwujy maşynlary üpjün edýär. Olar hut barlaghana enjamlary üçin niýetlenendir, ýagny örän duýgur we inçe gurluşly bolup, hatda ýekeje mikrop hem geçip bilmez. Şeýle hem bu ýerde türk önümi bolan 40 litre niýetlenen awtoklaw oturdyldy.

Barlaghana bölümi reaktiwleri, zerur bolan laboratoriýa enjamlaryny, barlag we sarp edilýän serişdeleri saklamak üçin niýetlenen otagy öz içine alýar. Şondan soň, laminar skafy bilen enjamlaşdyrylan parazitologiýa otagy gelýär. Onda zyýansyzlandyryş iş gurşawy döredilýär. Gurluş doly awtomatlaşdyrylyp, ähli görkezijileri bellige alýan datçikler bilen üpjün edildi. Alnan netijeleri okamak üçin Awstriýada öndürilýän «Microoptix» mikroskopy oturdyldy.

Dürli bioserişdeleri barlamak üçin niýetlenen otagda «Siemens» (Germaniýa) we «Apakor» (Beýik Britaniýa), «Selectra» (ABŞ) kompaniýalarynyň analizatorlary göz öňünde tutuldy. «Noriba» (Fransiýa) kompaniýasynyň gematologiýa analizatory dürli ölçegler boýunça ganyň barlagyny geçirip, iki görnüşde —–doly awtomatik we ýarym awtomatik görnüşlerde barlaghananyň bökdençsiz işlemegini üpjün edýär. Enjamlaryň hatarynda sowadyjy bolup, ol kesgitlenen programma baglylykda temperatura ýagdaýyny + 2-den + 8 gradusa çenli saklaýar.

Barlaghananyň hünärmenleriniň ygtyýarynda EVOS XL Core özboluşly şöhle mikroskopy bar. Wizuallaşdyrmagyň bu täze sanly ulgamy öýjükli we dokuma gurluşlarynda ulanmak üçin niýetlenendir. Onuň reňkli kamerasy we ýokary hilli optikasy ýokary takyk şekilleri berýär. Bu Türkmenistana getirilen şeýle mikroskoplaryň ikinjisi bolup, şeýle abzallaryň sany GDA-nyň giňişliginde iki-ýekedir.

Barlaghananyň ýene-de bir bölümi —bakteriologiýa bölümidir. Ol Vitek 2 enjamy bilen üpjün edilip, belli bir mikroorganizmleriň antibiotiklere duýgurlygyny kesgitleýär. Bu bolsa lukmana ol ýa-da beýleki ýagdaýda antibiotigi dogry seçip almaga ýardam edýär.

Enjam monitor, prosessor we printer bilen üpjün edilendir. Ol doly özbaşdak işleýän ulgam bolup, seljermeleriň birnäçesini geçirmäge mümkinçilik berýär. Monitorly mikroskopyň ýörelgesi şekile kiçi okulýarda däl-de, eýsem, gös-göni displeýde seredip, onuň ölçeglerini we takyklygyny kesgitlemekde jemlenýär.

Weterinar lukmançylygy ulgamynda durmuş we ruhy, ylym we işewürlik ugurlary boýunça özara ýakynlaşmagyň täsin nusgasy bolup durýan bejerişhananyň barlaghanalarynyň hem-de ähli bölümleriniň enjamlaşdyrylyşy ýurdumyz üçin bolşy ýaly, Merkezi Aziýa möçberinde-de öňdebaryjy, maýa goýum taslamasy hökmündäki onuň derejesini tassyklaýar.

Getirilýän her bir it üçin täze weterinar bejerişhanasynda hasaba alyş kitapçasy açylyp, şonda onuň taryhy saklanylýar. Bu bolsa lukmana doly anamnezi ýygnamaga we anyk ýagdaýyny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Hasaba alynýan resminamalaryň toplumy sanly görnüşde alnyp barylýar. Gaýragoýulmasyz «Tiz kömek» gullugy hem göz öňünde tutulyp, ol it eýesiniň öýüne gitmegi bilen üpjün edilendir. Gijeki wagtda kabul edişlik bejerişhananyň binýadynda alnyp barylýar. Bu ýerde ýarawsyz öý haýwanlaryna gije-gündizleýin hyzmat edilmegi ýola goýlar. Keseliň öňüni almak üçin sanjymlar hem bejerişhananyň özünde ýörite enjamlaşdyrylan otagda amala aşyrylýar.

Bejerişhananyň binagärlik taýdan ýerine ýetirilmegi üçin bu ulgamda dünýä ölçegleriniň talaplary nazara alnyp, aýratyn taslama işlenip taýýarlanyldy. Bina girilýän ýeriniň ýanynda oňaýly awtoduralga ýerleşýär, onuň çäklerine bolsa germewler çekilip, alabaýlary gezdirmek, türgenleşdirmek üçin aýratyn meýdançasy bar. Munuň üçin dürli desgalar we goşmaça kömekçi enjamlar hem bar.

Weterinariýa bejerişhanasy, ilkinji nobatda, itler we pişikler üçin niýetlenendir. Bu ýerde haýwanlaryň bir wagtyň özünde 10-syny kabul etmek mümkin, 8 görnüşi üçin bolsa bejeriş hyzmatlaryna şertler bar.

Weterinariýa bejerişhanasynyň işgärleri towuk, ördek we beýleki öý jandarlaryna hem-de haýwanat dünýäsiniň ekzotiki görnüşleriniň wekillerine hem kömek etmäge taýýardyrlar. Oba hojalyk haýwanlaryna, olaryň eýeleriniň islegine görä, öýlerinde hem hyzmat edilip bilner.

Bejerişhananyň işgärleriniň esasyny düzýän weterinar lukmanlar ýokary derejeli hünärmenler bolup, olar haýwanlara kömek etmegiň asylly ýörelgelerini öz maksatlary edip goýýarlar. Hünärmenleriň ählisi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň okuw merkeziniň binýadynda täze enjamlar bilen işlemekde hünäri ýokarlandyryş okuwyny geçdiler.

Weterinariýa bejerişhanasyndan başga-da, bu ýerden uzak bolmadyk aralykda haýwanlary wagtlaýyn saklamak üçin toplum bina edildi. Şu gün «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda onuň hem açylyş dabarasy boldy.

Haýwanlary halaýan köp sanly adamlar dynç almaga ýa-da iş saparyna gidenlerinde, özleriniň öýde ýok wagtlarynda jandarlary nähili gözegçilikde saklap bolar diýen mesele bilen köplenç ýüzbe-ýüz bolýarlar. Zerur üns-alada we ideg bilen seredip biljek ýakyn garyndaşlar ýa-da dostlar bolsa has gowy. Ýöne beýle mümkinçilik hemişe bolup durmaýar. Şunda öý haýwanlarynyň eýeleri üçin haýwanlara niýetlenen myhmanhanalar kömek eder.

Haýwanlary wagtlaýyn saklamak üçin toplum ýa-da olara niýetlenen myhmanhana Türkmenistandaky döwlet derejesinde döredilen şunuň ýaly edaralaryň ilkinjisidir. Toplum öý haýwanlaryny: pişikleri, itleri, guşlary we beýlekileri wagtlaýyn saklamak üçin niýetlenen toplumdyr, şeýle hem bu ýerde balyklary saklamak üçin akwarium hem göz öňünde tutulypdyr.

Serdar Berdimuhamedow binanyň içiniň enjamlaşdyrylyşyny synlamagy onuň girelgesinde ýerleşen we ajaýyp ekzotik guşlar bilen ünsüňi çekýän zoodükanyndan başlady. Bezeg we saýrak guşlaryň ösdürilip ýetişdirilmegi bu toplumyň ýene-de bir goşmaça ýöriteleşen ugrudyr. Mundan başga-da, zoodükan öý haýwanlary üçin serişdeleriň, iýmleriň dürli görnüşlerini hem-de olary saklamak üçin gerek bolan ähli zatlary hödürleýär.

Müşderiniň ýüz tutmagy ilkinji weterinariýa gözegçiliginden başlanýar, çünki haýwanlara niýetlenen myhmanhana diňe sagdyn haýwanlar üçindir. Hünärmen öý haýwanynyň ýagdaýyny barlanyndan we onuň saglygyny tassyklanyndan soň, jandar hasaba alynýar.

Gezdirilmegine, suwa düşürilmegine, daralmagyna, iýmitlendirilmegine, mysal üçin, haýwana nähili iým berýändigine degişlilikde, eýesiniň hemme islegleri ýazylyp alynýar. Bu ýerde itleri itşynasyň türgenleşdiriş we okadyş okuwyna ýazmak mümkinçiligi hem bar. Mahlasy, owkalamaga çenli aýratynlykdaky ähli isleg-arzuwlar göz öňünde tutular.

Myhmanhananyň özi zolaklara bölünendir. Olaryň birinjisi, guşlar (totyguşlar, sarybilbiller, saýrak guşlar) üçindir. Ol wagtlaýyn saklamak üçin kapasalary bolan hem-de nesil taýdan köpeltmek üçin ýörite enjamlaşdyrylan otagdyr. Jüýjeler üçin demir gözenekli uly jaý gurnalyp, şol ýerde ganatyna daýanyp bilýänçäler, uçmagy öwrenip bilýärler.

Bu otagyň ýanynda iýmleri taýýarlamak we saklamak üçin ot-iým saklanýan jaý ýerleşýär. Gury iýmler üçin tekjeler, guşlaryň dürli görnüşleriniň iýmit sanawyndan iýmleri, buglanyp çişirilen däne hem-de beýleki iýmleri taýýarlamak üçin bolsa bu ýerde aşhana enjamlaşdyrylypdyr.

Ondan aňry pişikleriň we güjükleriň zolagy başlanýar. Itleri saklamak üçin niýetlenen myhmanhana uly, iki otagly jaýlaryň 20-sinden hem-de göwrümi kiçiräk bolan otaglaryň 12-sinden ybarat bolan 32 sany otaga niýetlenendir. Iki otagly ýerler üsti ýapyk we açyk bölümden ybarat bolup, it gapydan arassa howa çykyp, güneşläp biler.

Itleriň saklanylýan her bölüminde çyg geçirmeýän düşekçesi bolan tagtadan taýýarlanan sekiler bar. Eger zerurlygy bar bolsa, saklanylýan ýere girmezden, haýwanlary iýmitlendirmek mümkinçiligi göz öňünde tutulypdyr. Çünki itler häsiýeti boýunça dürli-dürli bolýarlar, eýeleri bolmadyk halatynda bolsa öwrenişýänçäler, özge adamlara howply garamagy mümkin.

Elbetde, itleriň saklanylýan ýerlerinde arassaçylygyň hemme zerur çäreleri berjaý edilipdir. Saklanylýan uly ýerlerde itler iki-ikiden, eger olar bile ýaşamaga endik eden bolsalar ýa-da itler güjüjekleri bilen bile saklanyp bilner. Şu ýerden uzak bolmadyk ýerde itşynasyň otagy hem bar. Toplumy döretmegiň taslamasynda grumeriň, ýagny itler üçin dellekçiniň hyzmaty hem goýlupdyr. Onuň aýratyn otagy bolup, şol ýerde itlere zerur bolan degişli hyzmatlar ýerine ýetiriler.

Öý haýwanlaryna serenjam beriş otagynyň gapdalynda suw gyzdyryjysy bolan suwa düşüriş otaglary ýerleşýär. Zoomyhmanhananyň ähli otaglary güýçli şemallandyryş ulgamy bilen üpjün edilendir, geçelgelerde bolsa wideogözegçilik kameralary işleýär. Görnüşi ýaly, haýwanlara gije-gündizleýin gözegçilik alnyp barylýar.

Pişikleri saklamak üçin giň otag göz öňünde tutulyp, onda iki gatly bölümleriň 8-si ýerleşýär. Ýöne bu ýerde ýerleşdiriş ýörelgesi itleriňkiden tapawutlylykda, başgaçadyr. Kapasalar açyklygyna galýar, saklanylýan ýeriň esasy bölegini bolsa oýun meýdançasy eýeläp, şol ýerde pişikler erkana ýaýnap, gezim edip, ylgap, oňaýly ýumşak sekilerde dynç alyp biler, haýsy biri islese, özüne ýaran ýerinde ýatyp biler.

Ýagny bu ýerde ýerleşdirilen jandarlaryň her biri kapasada gulplanyp saklanylman, öz islän ýerinde bolup bilýär. Bu erkin saklanylýan pişikhana görnüşinde bolup, eýesinden aýry wagtynda içi gysmaz ýaly, özüni oňat duýmaga kömek eder.

Toplumda saklanyljak haýwanlaryň özüni oňat duýmagy babatda toplumyň işgärleri hem alada eder. Jandarlar bilen mähirli bolmak, olara ideg etmek we iýmitlendirmek şol işgärleriň wezipesine girýär. Pişikleriň saklanylýan ýerinde iýmhanasy bolup, şol ýerde olaryň eýesiniň buýurjak islendik iýmitini taýýarlap bolar. Öz jandarynyň näme isleýänini oňat bilýän eýesi pişigini myhmanhanada az wagtlyk bolmaga getiren bolsa, iýmitini ýany bilen getirip biler, eger uzak möhletlik bolsa, myhmanhana ony iýmitlendirmegiň täze ulgamyna geçirýär.

Binanyň arka tarapynyň howlusynda itler üçin kiçi seýilgäh hökmünde gezdirilýän oňaýly meýdança gurnalyp, olar şol ýerde arassa howada gezim edip biler. Şol meýdança haýat bilen bölünen türgenleşme meýdançasy birleşýär. Bu meýdançada haýwanlary türgenleşdirmek we eldekileşdirmek üçin niýetlenen päsgelçilikli ýerler bar.

Ol gulluk itleriň türgenleşdirilýän we taýýarlanylýan meýdançalary bilen bir meňzeş diýen ýalydyr. It eýeleri bolsa öz jandarlarynyň beden taýdan we işjeň ýagdaýda bolmagyna gözegçilik edýärler.

Päsgelçilikli ýerler enjamlardan ybarat bolup, itler şolaryň üstünden (beýikligi 1,5 metr bolan päsgelçilik, halka) böküp geçmegi, olaryň üstünden (pürsler, döwlen köpri, kese sütün we beýik köpri) ýöremegi we ylgamagy we hatda olaryň aşagyndan süýrenip geçmegi öwrenýärler. Türgenleşdirmäge niýetlenen şunuň ýaly şertleriň döredilmegi harby itşynaslardan hem-de haýwanlar üçin niýetlenen daşary ýurtlardaky iň oňat myhmanhanalardan görlüp ornaşdyryldy.

Şeýle hem bu ýerde itleriň arasynda sport ýaryşlaryny geçirmek mümkin. Ol ajiliti bolup, onuň maksady itleriň päsgelçilikleri tizlik bilen aşyp geçişlerini kesgitlemekden ybaratdyr. Bu sportuň esasynda adam bilen haýwanyň arasyndaky oňat gatnaşyk, itleri ýokary hilli we düýpli eldekileşdirmek işleri durýar. Olara bolan esasy talap öz eýesiniň buýruklaryny ýerine ýetirmegini başarmagyny we islemegini gazanmakda jemlenýär.

Taslamany işläp düzüjiler toplumyň hem-de dünýä tejribesiniň hödürläp biljek köp dürli hyzmatlara bolan islegleri seljerdiler we göz öňünde tutdular. Şoňa görä-de, eýeleri öýde ýok wagty öý haýwanlaryny hünärmenleriň ygtybarly ellerinde goýup, haýwanlara niýetlenen täze myhmanhananyň jandarlara hökman ýarajakdygyna ynamly bolup biler.

Elbetde, guramaçylar haýwanlar üçin diňe bir oňaýlylyklaryň däl, eýsem, bu ýerde işlejek işgärler üçin hem iň oňat şertleriň döredilmegi barada alada edipdirler. Olaryň ygtyýarynda suwa düşülýän, dynç alynýan we durmuş otaglary bar.

Toplumyň özi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň anyk görkezmelerine laýyklykda bina edildi. Haýwanlar üçin myhmanhana gurlanda, Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň talaplaryndan ugur alyndy. Şol talaplara laýyklykda, şeýle binalar ýaşaýyş jaýlaryndan 150 metrden az bolmadyk aralykda ýerleşmelidir.

Myhmanhananyň wezipesine jandarlaryň howpsuzlygyny we oňaýly saklanylmagyny üpjün etmek, onuň gaçyp gitmek ýa-da bu ýerde bolýan döwründe şikes almak mümkinçiliginiň öňüni almak, weterinar gözegçiligi we zerur bolan ýagdaýynda weterinar kömegini bermek, haýwanlaryň öz wagtynda iýmitlenmegini guramak, arassa howada gezdirmek, saklanylanda arassaçylyk-gigiýena kadalaryny berjaý etmek ýaly wezipeler girýär.

Soňra Serdar Berdimuhamedow binadan çykanda, «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetinde ýetişdirilen arassa tohumly alabaýlary milli Liderimiziň adyndan Aşgabat şäherine hem-de welaýatlara, şeýle hem Içeri işler ministrligine we Döwlet serhet gullugyna sowgat berdi.

Pederlerimiziň tutanýerli zähmeti hem-de irginsiz aladasy bilen seçilip, terbiýelenip, häzirki döwre ýetirilen, wepalylygyň nusgasy derejesinde kämilleşdirilen türkmen alabaýlary halkymyzyň guwanjydyr we buýsanjydyr.

Bu ýerde ýurdumyzyň itşynaslarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallygyň nyşany hökmünde türkmen alabaýynyň saýlama tohumyndan bolan güjüjek sowgat berildi.

Dabaranyň barşynda belli bolşy ýaly, «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetinde ýetişdirilen bu naşyja alabaýa at dakmak haýyş edilip, milli Liderimize ýüzlenilende, türkmen alabaýynyň gaýduwsyzlygynyň, edermenliginiň hem-de eýesine wepalylygynyň belent nyşany hökmünde mähriban Arkadagymyz belent, şahyrana joşgunly döredijilik duýgulary bilen:

Pälwansyň sen, alabaýym,

Edermensiň sen, alabaýym,

Gerek bolsa gerçeksiň sen, alabaýym,

Türkmen milletiniň buýsanjysyň sen, alabaýym!

diýen dürdäne setirlerini bagyşlap, oňa Pälwan diýip at goýdy. Munda eýýäm häzirden uly hem gaýduwsyz alabaýyň wepalylygy, geljekki güýç-kuwwaty we edermenligi görünýär.

Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gaýduwsyz türkmen alabaýynyň dowamaty hökmünde nusgalyk boljak Pälwan atly bu güjüjek «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetine gowşuryldy.

Habarlar