Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

16.03.2020

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda paýtagtymyzy hem-de sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere seredildi.

Döwlet Baştutanymyz ilki bilen göni wideoaragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy çagyrdy. Häkim paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy hem-de Bitaraplygyň 25 ýyllyk şanly toýy mynasybetli açylyp ulanylmaga beriljek binalarda we desgalarda gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, şanly seneler mynasybetli ulanylmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilýän desgalarda işleriň bildirilýän talaplara laýyklykda, ýokary hil derejesinde we öz wagtynda tamamlanylmagyny üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda häkime tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tomus paslynyň golaýlap gelýändigi barada aýdyp, dynç almak üçin niýetlenen desgalary abatlamagyň we ulanmaga tabşyrmagyň tertibini düzmek, bu işleriň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamak barada görkezme berdi.

Milli Liderimiz Nowruz baýramyny guramak boýunça degişli çäreleri görmegi tabşyrdy. Bu baýram tutuş paýtagtymyz boýunça guramaçylykly we dabaraly ýagdaýda geçirilmelidir. Geçiriljek ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görmek boýunça anyk tabşyryklar berildi.

Soňra döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowy çagyrdy. Häkim sebitde işleriň ýagdaýy, milli senenamamyzyň şanly seneleri mynasybetli ulanylmaga tabşyrylmagy göz öňünde tutulýan desgalarda gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Şeýle-de gowaça ekişine taýýarlyk görlüşi, güýzlük bugdaýa ideg edilişi hem-de oba hojalygynda şu günler ýaýbaňlandyrylan beýleki işler, şonuň ýaly-da, öňde boljak baýramçylyklar mynasybetli guraljak çärelere taýýarlyk görlüşiniň barşy barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şanly seneler mynasybetli açylmagy göz öňünde tutulýan desgalaryň gurluşygynyň barşyna we hiline mundan beýläk-de berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenilen möhüm wezipeleri çözmäge aýratyn ähmiýet berilmelidigini nygtap, bu düýpli çäreleriň welaýatyň ilatynyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga hem-de senagat kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilendigini aýtdy.

Milli Liderimiz öňde boljak oba hojalyk möwsüminiň - gowaça ekişiniň möhümdigine ünsi çekip, gymmatly ekiniň ekişini guramaçylykly hem-de ýokary hilli geçirmäge düýpli taýýarlyk görmek üçin hemme zerur çäreleri görmegi, hususan-da, ýerleri we zerur tohumlary doly taýýarlamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz pagtaçylar üçin örän jogapkärli möwsümiň başlanýandygyny belläp, oba hojalyk tehnikalaryny öz wagtynda taýýarlamaga degişli birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Şol tehnikalar ekiş möwsüminde doly güýjünde işledilmelidir.

Şeýle hem bugdaý meýdanlarynda ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak babatda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmek, şol işleriň bellenilen agrotehniki kadalara pugta laýyklykda geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitde ýeralmanyň we beýleki ekinleriň ekilýän meýdanyny artdyryp, şol ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek arkaly ýokary hasyl alynmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady.

Milli Liderimiz welaýatda Halkara Nowruz gününe hem-de ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görlüşi baradaky meselä degip geçip, olary ýokary derejede geçirmek üçin hemme çäreleri görmek barada görkezme berdi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim welaýatda alnyp barylýan işler, Diýarymyzyň Garaşsyzlyk baýramy hem-de Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly toýy mynasybetli ulanylmaga beriljek binalarda we desgalarda gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy.

Häkim şu günler ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan möhüm işler, şol sanda gowaça ekişine taýýarlyk görlüşi, güýzlük bugdaýa ideg edilişi we beýleki zerur çäreler barada-da hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gowaça ekişiniň oba hojalyk möwsüminiň möhüm çäresidigini nygtap, oňa guramaçylykly we hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegi hem-de ýokary hilli geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz bugdaý meýdanlarynda maýsalary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işlerini hem bellenilen agrotehniki kadalara laýyklykda alyp barmak barada görkezme berdi.

Milli Liderimiz ýeralmany, gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin meýdanlary artdyrmagy möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitläp, häkime degişli tabşyryklary berdi.

Şeýle hem häkime Halkara Nowruz gününi baýram etmek we ählihalk bag ekmek dabarasyny gerekli derejede geçirmek boýunça tabşyryklar berildi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möhüm gurluşyk desgalarynda işleriň barşy, gowaça ekişi, Halkara Nowruz gününi baýram etmek hem-de ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bilen baglanyşykly görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şanly senelere, hususan-da, Milli bahar baýramy mynasybetli dabaralara hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmegiň möhümdigini belläp, häkime anyk tabşyryklary berdi. Baýramçylyk welaýatda ýokary derejede we dabaraly geçirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz alnyp barylmaly oba hojalyk işleri barada aýdyp, welaýatda gowaça ekişi möwsümine degişli derejede bildirilýän talaplara laýyklykda taýýarlyk görülmegini üpjün etmek barada anyk görkezmeleri berdi. Şunuň bilen bir hatarda, bugdaý meýdanlarynda ýerine ýetirilýän işleriň depginini güýçlendirmegiň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekilýän meýdanlygy köpeltmegiň, şolardan ýokary hasylyň alynmagy üpjün etmegiň zerurdygy nygtaldy.

Welaýat häkimine ählihalk bag ekmek dabarasynyň zerur derejede geçirilmegini üpjün etmek barada degişli görkezmeler berildi.

Soňra döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyga Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewi çagyrdy. Häkim welaýatda alnyp barylýan işler, şol sanda şanly seneler mynasybetli ulanylmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilen desgalarda işleriň barşy, Milli bahar baýramyna — Halkara Nowruz gününe hem-de bag ekmek boýunça ählihalk dabarasyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gowaça ekişi möwsümine taýýarlyk görlüşi bilen gyzyklanyp, bu ugurda alnyp barylýan işlere toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz tehnikalaryň we gurallaryň doly güýjünde işledilmegini gazanmagy, gowaça ekiljek meýdanlarda ýuwuş we tagt suwunyň bellenen möhletde talabalaýyk geçirilmegini tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk möwsümlerini guramaçylykly geçirmegiň möhümdigini ýene-de bir gezek nygtap, geljekki bereketli hasylyň girewi bolan ähli agrotehniki çäreleri pugta berjaý etmek barada görkezme berdi.

Welaýatda ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak boýunça alnyp barylýan işleriň depgini güýçlendirilmelidir hem-de agrotehniki möhletde geçirilmelidir. Şunuň bilen bir hatarda, ýeralma, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekilýän meýdanlaryny giňeltmek, şol ekinlere agrotehniki kadalara laýyk ideg etmek arkaly olardan ýokary hasyl alynmagyny üpjün etmek zerur diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tomus möwsüminiň başlanmagyna çenli az wagtyň galandygyny belläp, dynç almak üçin niýetlenen desgalary häzirden abatlamaga girişmegiň zerurdygyny aýdyp, bu işleriň barşyny berk gözegçilikde saklamak barada görkezme berdi.

Häkime sebitiň gurluşyk desgalarynda alnyp barylýan işleri mydama gözegçilikde saklap, öňde boljak baýramçylyklar mynasybetli açyljak desgalaryň ýokary hilini hem-de öz wagtynda ulanylmaga berilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Şeýle hem ýakyn günlerde geçiriljek ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary derejede geçirmek boýunça degişli tabşyryklar berildi.

Soňra sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şol sanda şanly seneler mynasybetli ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan binalarda we desgalarda gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda giňden ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreler, hususan-da, gowaça ekişine guramaçylykly taýýarlyk görmek, güýzlük bugdaýa ideg etmek boýunça işlenip taýýarlanylan meýilnamanyň ýerine ýetirilişi barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda gurulýan desgalara bildirilýän baş talabyň gurluşyk işleriniň ýokary hiliniň hem-de öz möhletinde tamamlanmagynyň üpjün edilmegi bolandygyna we şeýle bolmagynda galýandygyna aýratyn ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, häkime anyk görkezmeler berildi.

Milli Liderimiz oba hojalyk işleriniň depginlerini güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtap, gowaça ekişini üstünlikli geçirmäge, hususan-da, ekerançylyk ýerlerini we tohumlary taýýarlap, möwsümde işlediljek tehnikalaryň taýýarlyk ýagdaýynyň doly üpjün edilmegini tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz obasenagat ulgamynyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipelere ünsi çekip, ak ekin meýdanlarynda şu günler geçirilmeli işleri guramaga örän jogapkärli çemeleşmegiň hem-de agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmegiň zerurdygyny nygtady. Şonuň ýaly-da, welaýatda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekilýän meýdanyny artdyrmagyň zerurdygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, häkime bu oba hojalyk ekinlerinden bereketli hasyl almak maksady bilen, bu ugurda degişli işleri geçirmek tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tomsuna dynç almak üçin niýetlenen desgalarda işleriň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, şol desgalary abatlamagyň we ulanmaga tabşyrmagyň tertibini düzüp, bu işleriň alnyp barlyşyny aýratyn gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň halkymyz üçin ähmiýetini nygtap, dabaralary ýokary derejede taýýarlamaga jogapkärli çemeleşmegi tabşyrdy.

Ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmäge guramaçylykly taýýarlyk görmek boýunça hem anyk görkezmeler berildi.

Soňra milli Liderimiz iş maslahatyna gatnaşyjylaryň ählisine ýüzlenip, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň baýram ediljek ýylynda ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulan desgalarda gurluşyk işleriniň bildirilýän talaplara laýyklykda alnyp barylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda mähriban halkymyzyň abadançylygynyň, bagtyýarlygynyň, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Habarlar