Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

02.03.2020

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza hem-de welaýatlara gözegçilik edýän orunbasarlarynyň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.

Onda ýurdumyzyň baş şäherinde hem-de welaýatlarda alnyp barylýan durmuş-ykdysady özgertmeler, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi, umumymilli baýramçylyklara taýýarlyk görlüşi hem-de ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli gurup, ulanmaga bermek göz öňünde tutulýan önümçilik hem-de medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Milli Liderimiz iş maslahatyny açyp, göni wideoaragatnaşyga birwagtyň özünde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewi, Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy hem-de gurluşyk we binagärlik ministri R.Gandymowy çagyrdy. Häkim paýtagtymyzdaky işleriň ýagdaýy, ony mundan beýläk-de ösdürmek we abadanlaşdyrmak, ilat üçin has oňaýly durmuş şertlerini döretmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Hasabatda Diýarymyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi maksat edinilýän täze desgalaryň 27-sinde gurluşyk işleriniň barşyna, Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli hem-de ýazky bag ekmek möwsüminiň çäklerinde geçiriljek köpçülikleýin bag ekmek çäresine taýýarlyk görlüşine aýratyn üns berildi.

Bellenen tertibe laýyklykda, şanly sene mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalaryň, hususan-da, 1320 orunlyk 2 sany mekdebiň, 320 orunlyk çagalar bagynyň, saglyk merkezleriniň 3-siniň, jemi 2 müň maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaý toplumlarynyň 6-synyň, Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň, ýylda 300 tonna demirden dürli bezegli önümleri öndürýän kärhananyň hem-de beýleki desgalaryň 13-siniň gurluşygynyň güýçli depginde alnyp barylýandygy habar berildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan täze gurluşyklardaky işleriň barşy barada milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, şanly senä gabatlanyp, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dürli maksatly binalaryň 84-siniň ulanylmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilýär. Ähmiýetli täze desgalary bina etmegiň ýokary hilini üpjün etmek we olaryň gurluşyk möhletlerini berjaý etmek boýunça degişli çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Aşgabatda şäher düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, paýtagtymyzyň etraplaryny, köçelerini we seýilgäh zolaklaryny abadanlaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan işleriň toplumlaýyn esasda alnyp barylmalydygyny hem-de geljegi nazarlamalydygyny nygtap, birnäçe anyk görkezmeleri bermek bilen, şol işleriň bezeg we ekologiýa ugurlarynyň ähmiýetini belledi.

Milli Liderimiz paýtagtymyzda hem-de onuň töwereklerinde ýazky bagy-bossanlyga büremek çäresini guramak bilen baglanyşykly degişli tabşyryklary berip, jemagat gulluklarynyň sazlaşykly işlemeginiň, şäher hojalygyny dolandyryş ulgamyna öňdebaryjy sanly tehnologiýalary anyk ornaşdyrmagyň zerurdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tomus möwsüminiň ýakynlaşmagy bilen baglylykda, Aşgabat şäheriniň häkimine hem-de paýtagtymyza gözegçilik edýän wise-premýere dynç alyş ulgamyna degişli desgalaryň ulanyş ýagdaýyny gerekli derejede saklamak boýunça çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk görlüşi baradaky meselelere ünsi çekip, paýtagtymyzyň täze gurluşyklaryndaky işleriň ýokary hilini hem-de öz wagtynda tamamlanylmagyny yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Milli Liderimiz Aşgabady bezäp, paýtagtymyzyň görküni baýlaşdyrmaga jogapkärli çemeleşmegiň, şu maksatlar bilen, täzelikleriň hem-de ajaýyp bezeg çözgütleriniň ulanylmagynyň möhümdigini nygtady.

Milli Liderimiz gurluşyk baradaky meselä dolanyp gelip, durmuş maksatly desgalar bina edilende, milli binagärligiň däpleriniň hem-de häzirki döwürde bu ugurdaky ýagdaýlaryň sazlaşykly utgaşmalydygyny belledi. Täze gurluşyklaryň binagärlik keşbine toplumlaýyn çemeleşip, bezeg öwüşginlerine hem-de yşyklandyryş ulgamyna uly ähmiýet berilmelidir. Munuň özi paýtagtymyzyň binagärlik keşbine sazlaşykly goşulyşmagyny üpjün eder.

Munuň üçin innowasion usullary hem-de döwrebap pikirleri netijeli ulanmak gerek diýip, döwlet Baştutanymyz atdy. Täze binalara agşamlaryna ýagtylyk berilmegi Aşgabadyň keşbine has-da özboluşly öwüşgin we ajaýyplyk goşar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we şunuň bilen baglylykda, gurluşyk we binagärlik ministrine anyk görkezmeleri berdi.

Soňra milli Liderimiz göni wideoaragatnaşyga şol bir wagtda Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň welaýata gözegçilik edýän orunbasary Ç.Gylyjowy çagyrdy. Häkim welaýatda, şol sanda obasenagat toplumynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan önümçilik we durmuş-medeni maksatly iri desgalaryň 16-synda işleriň barşy barada hasabat berildi.

Olaryň hatarynda jemi 4 müň 240 orunlyk mekdepleriň 5-si, 320 orunlyk çagalar bagy, 200 orunlyk bir hassahana, 200 orunlyk şypahana hem-de önümçilik bilen baglanyşykly desgalaryň 8-si bar.

Şol desgalaryň hatarynda çeper halyçylyk kärhanasy, kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 müň kub metre barabar bolan agyz suwuny arassalaýjy desga, ýylda 150 tonna et öndürýän maldarçylyk toplumy, ýylda 720 tonna towuk etini öndürýän guşçulyk toplumy, ýylda 80 tonna ýüplük öndürýän fabrik, demirbeton önümlerini öndürýän kärhana we beýlekiler bar.

Şunuň bilen birlikde, milli senenamamyzyň baýramçylyk seneleri mynasybetli hem-de ýazky bag ekiş işlerini guramaçylykly geçirmek babatda görülýän çäreler barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk zähmetkeşleriniň esasy wezipeleri barada aýdyp, bugdaý, gowaça, miwe-gök we bakja önümlerini, şol sanda ýeralma ösdürip ýetişdirmäge toplumlaýyn, ylmy esasda çemeleşmegiň, bereketli hasyl almaga ýardam berjek agrotehniki çäreleriň berk berjaý edilmeginiň ähmiýetini nygtady. Şunuň bilen bir hatarda, milli Liderimiz pile öndürmek boýunça meýilleşdirilen wezipeleri berjaý etmegiň möhümdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň durmuş-ykdysady düzümini has-da kämilleşdirmek baradaky meselelere ünsi çekip, bu welaýata gözegçilik edýän wise-premýere Diýarymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli açyljak desgalaryň bina edilişini, şolary zerur gurluşyk serişdeleri bilen doly möçberde öz wagtynda üpjün etmek bilen birlikde yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin bag ekmek möwsümine hem-de Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz gününe taýýarlyk görmek baradaky meselä degip geçip, meýilleşdirilen çäreleriň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem häkime tomus möwsüminiň ýakynlaşmagy bilen baglanyşykly görkezmeler berildi.

Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni sanly wideoaragatnaşyga birwagtda Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewi hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň şu welaýata gözegçilik edýän orunbasary B.Öwezowy çagyrdy. Häkim günbatar sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, degişli düzümi döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, oba hojalyk pudagynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hasabatda ata Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň hormatyna ulanmaga berilmegi bellenilen, welaýatda bina edilýän dürli maksatly desgalaryň dördüsiniň gurluşygynyň barşyna aýratyn üns berildi. Şolaryň hatarynda 3 müň orunlyk metjit, 50 orunlyk hassahana hem-de saglyk öýi, gök we miwe önümleri ýetişdirilýän ýyladyşhana, ýylda 5 müň tonna gurluşyk garyndy serişdeleri öndürýän kärhana hem-de beýleki desgalar bar.

Welaýatda baýramçylyk çärelerini hem-de bag nahallaryny köpçülikleýin ekmek çäresini guramaçylykly geçirmek maksady bilen görülýän çäreler barada hem hasabat berildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sebitiň obasenagat toplumynyň kuwwatyny netijeli amala aşyrmak boýunça wezipeler barada aýdyp, oba hojalyk ekinleri ösdürilip ýetişdirilende, nobatdaky ekiş möwsümine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görlende öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ulanmagyň, ýerli toprak-howa şertlerini nazara almagyň ähmiýetini belledi.

Milli Liderimiz Milli bahar baýramy hem-de şu aýda bag ekmek dabarasy mynasybetli geçiriljek çäreleri ýokary derejede guramagyň möhümdigini aýdyp, häkime welaýatda, şol sanda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsümine şu günden taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny baýram etmek meselesi barada durup geçmek bilen, Balkan welaýatynyň häkimine we wise-premýerlere desgalaryň gurluşyk depginini, hilini we möhletini, şolaryň zerur serişdeler bilen üpjün edilmegini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň gurluşyk serişdelerini öndürýän kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmagyň we önümçilik kuwwatyny artdyrmagyň zerurdygy bellenildi hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewe degişli görkezmeler berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny dowam edip, göni wideoaragatnaşyga Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň şu welaýata gözegçilik edýän orunbasary G.Müşşikowy çagyrdy. Häkim welaýatda alnyp barylýan işler, şol sanda güýzlük däne ekinlerine ideg etmek, ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny gowaça ekişine taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda önümçilik we durmuş-medeni maksatly iri desgalaryň 13-siniň gurluşygy dowam edip, şolary Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna gabatlap, ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Şolaryň hatarynda çeper halyçylyk kärhanasy, maldarçylyk toplumy, 600 orunlyk orta mekdep, 240 orunlyk çagalar bagy, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň 9-sy bar.

Häkim meýilleşdirilen baýramçylyk çärelerine we ýazky bag ekmek çäresine taýýarlyk görmek boýunça görülýän çäreler barada hem hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, obasenagat pudagynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň möhümdigini belläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň tertibini jikme-jik düzmegiň we ony takyk ýerine ýetirmegiň, sebitde obasenagat toplumyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmäge jogapkärli hem-de oýlanyşykly çemeleşmegiň zerurdygyny aýtdy.

Welaýatda gurulýan desgalar barada aýdylanda, şolar öz niýetlenen maksadyna we ýokary hil görkezijilerine doly kybap gelmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze gurulýan desgalardaky işleriň kesgitlenen möhletlerde tamamlanmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz welaýatda Milli bahar baýramyna — Halkara Nowruz gününe hem-de köpçülikleýin bag ekmek möwsümine guramaçylykly taýýarlyk görmegi tabşyryp, hünärmenleriň maslahatlaryny nazara almak bilen ýerli toprak-howa şertlerine has uýgunlaşan baglaryň nahallaryny saýlap almagyň zerurdygyny aýtdy.

Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyna Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň şu welaýata gözegçilik edýän orunbasary M.Meredow çagyryldy. Häkim sebitde alnyp barylýan işler, oba hojalygynda möhüm möwsüme — ýazky ekişe taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Mundan başga-da, häkim şanly sene mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşygynyň barşy barada-da habar berdi. Hususan-da, bu şanly sene mynasybetli welaýatda 600 orunlyk bir mekdebi, 232 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaý toplumlarynyň 6-syny hem-de çeper halyçylyk kärhanasyny, «Malaý» gaz ýatagynda kuwwaty ýylda 30 milliard kub metr bolan gaz gysyjy desgany, alýuminden aýna we gapy öndürýän kärhanany, keramiki bezeg hem-de beýleki önümleri öndürýän kärhanany ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýerleri, gowaça tohumlaryny hem-de ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny möwsüme doly taýýar etmegi, ýuwuş we tagt suwunyň bellenen möhletde tutulmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň bugdaý meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň depginini güýçlendirmelidigi barada aýdyp, amatly howa şertlerinden peýdalanmak bilen, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we beýleki işleriň agrotehniki möhletde geçirilmelidigi barada görkezme berdi. Şunuň bilen birlikde, beýleki oba hojalyk ekinleriniň, şol sanda ýeralmanyň we soganyň bereketli hasylyny ýetişdirmek üçin zerur çäreler görülmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Milli Liderimiz pile öndürmek möwsümine oňat taýýarlyk görülmelidigine ünsi çekip, pile öndürijileriň netijeli işlemegi üçin hemme şertleri döretmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň baýram edilmegi baradaky meselä geçip, şanly senäni dabaralandyrmakda şu ýyl welaýatda ulanylmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilýän önümçilik we durmuş-medeni maksatly iri desgalaryň we binalaryň 11-siniň gurluşyklaryny öz wagtynda tamamlamagyň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz häkime hem-de wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň ýakynlaşyp gelýändigi barada aýdyp, baýramçylyk çäreleriň hem-de bag ekmek boýunça ählihalk çäresiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça degişli görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tomus paslynyň hem uzakda däldigini aýdyp, çagalaryň we ulularyň dynç almagy üçin niýetlenen desgalary abatlamagyň we ulanmaga bermegiň tertibini düzmegi hem-de bu işleriň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra göni wideoaragatnaşyga Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň şu welaýata gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýew çagyryldy. Häkim sebitde alnyp barylýan işler, şol sanda oba hojalyk toplumynda ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berip, gowaça ekişine giň gerimli taýýarlyk görlüşi, beýleki oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmek ugrunda görülýän çäreler barada habar berdi.

Şeýle hem hasabatda ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan 12 desgada işleriň ýagdaýy barada hasabat berildi. Welaýatda jemi 820 orunlyk mekdepleriň 2-sini, saglyk öýleriniň 2-sini, önümçilik maksatly desgalaryň 4-sini, şol sanda çeper halyçylyk kärhanasyny, ýylda 500 tonna süýt, 100 tonna et öndürýän maldarçylyk toplumyny, ýylda 1200 tonna gök we bakja önümleri ýetişdirilýän ýyladyşhanany, ýylda 3000 tonna uglerod öndürýän zawody ulanmaga bermek maksat edinilýär. Şunuň bilen birlikde, ýaşaýyş jaýlarynyň 4-sini ulanmaga tabşyrmak göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyk seneleri bilen baglylykda hem-de geçiriljek ählihalk bag ekmek çäresine taýýarlyk görlüşi barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýakynlaşyp gelýän gowaça ekişine ünsi çekdi hem-de ekerançylar üçin bu jogapkärli möwsüme toplumlaýyn taýýarlyk görmegiň ähmiýetini nygtady. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz bugdaý meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň ýokary hilli geçirilmeginiň möhümdigini belledi. Şeýle hem ilaty oba hojalyk önümleri, şol sanda ýeralma bilen doly üpjün etmek üçin çäreler görülmelidir.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Milli bahar baýramyna — Halkara Nowruz gününe hem-de bag ekmek boýunça ählihalk çäresine ýokary derejede taýýarlyk görülmelidir. Döwlet Baştutanymyz nobatdaky tomus möwsümi baradaky gürrüňe geçip, dynç almaga niýetlenen desgalary zerur bolan ýagdaýa getirmäge girişmelidigini, bu ugurda geçirilýän işleri gözegçilikde saklamalydygyny tabşyrdy.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli açyljak iri önümçilik hem-de medeni-durmuş maksatly desgalary öz wagtynda ulanmaga bermegiň zerurdygyny belläp, häkime hem-de wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk hem-de hem-de berkarar Watanymyzy gülledip ösdürmek, mähriban halkymyzyň abadançylygy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Habarlar