Milli Liderimiz Türkmenistana ýokanç keselleriň aralaşmagynyň öňüni almak boýunça maslahat geçirdi

25.02.2020

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygy P.Agamyradowyň hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Milli Liderimiz Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan pandemiýanyň döremek — täze koronawirus zerarly ýüze çykýan ýiti öýken sowuklama keseliniň dünýäde ýaýramak howpunyň çaklanylýandygy bilen baglylykda, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi baradaky hasabatlary diňledi.

Iş maslahatynyň barşynda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça şu howply ýokanç keseliň ýurdumyzyň çägine aralaşmagynyň öňüni almak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn işler baradaky hasabatlar diňlenildi hem-de bu ugurda zerur çäreleri görmek boýunça anyk wezipeler kesgitlenildi.

Wise-premýer, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygy P.Agamyradow milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýörite meýilnama laýyklykda, Türkmenistanda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça çäreleri güýçlendirmek babatda maksadalaýyk işleriň alnyp barylýandygyny, degişli düzümleriň döredilendigini, ýagdaýlaryň yzygiderli seljerilýändigini hem-de degişli çäreleriň görülýändigini aýtdy.

Howpsuzlygy üpjün etmek üçin degişli gözegçilik hem-de daşary ýurtlardan gelýän raýatlary lukmançylyk gözegçiligine almak çäresi ýola goýuldy. Şeýle hem epidemiologik ýagdaý durnuklaşýança, bu keseliň ýaýran döwletlerine, gulluk zerurlygyndan başga halatlarda, türkmenistanlylaryň gitmekleri çäklendirildi. Şol ýurtlaryň raýatlarynyň Türkmenistana gelmegi bilen baglylykda gözegçilik güýçlendirildi.

Türkmenistanyň Halkara howa menzillerinde, ähli döwlet serhet geçelgelerinde, deňiz, awtomobil hem-de demir ýollarynda arassaçylyk-karantin nokatlarynyň we bölümleriniň gije-gündiz nobatçylygy dowam edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça bu ýerlerde döwrebap tehniki we anyklaýyş enjamlarynyň kömegi arkaly lukmançylyk gözegçiligi geçirilýär.

Ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş edaralary tarapyndan karantiniň amala aşyrylmagy üçin zerur bolan enjamlar we derman serişdeleri bilen üpjün edilýär. Welaýat, etrap we şäher saglygy goraýyş edaralarynda zyýansyzlandyryjy, antiseptiki we derman serişdeleriniň ätiýaçlyk gory döredildi hem-de lukmanlar şahsy gorag eşikleri bilen üpjün edildi.

Maşgala lukmanlary tarapyndan ilatyň arasynda ýiti respirator kesellerine garşy sanjym işleri geçirilýär, çagalar bagyna gatnaýan çagalaryň we olaryň ene-atalarynyň, talyplaryň hem-de mekdep okuwçylarynyň arasynda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça geçirilýän wagyz-nesihat işleri has-da güýçlendirildi we berk gözegçilige alyndy. Saglygy goraýyş edaralarynda ýokanç keseller barada amaly-okuw maslahatlary guralýar.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça daşary ýurtlardan getirilýän azyk önümleriniň, halkyň sarp edýän harytlarynyň getirilmegine gözegçilik işleri güýçlendirildi.

Türkmenistanda bu toplumlaýyn işleriň ählisiniň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň talaplaryna laýyklykda amala aşyrylýandygyny hem-de bu guramanyň makullamagyna mynasyp bolandygyny bellemek gerek.

Soňra saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow hasabat bilen çykyş etdi.

Milli Liderimiziň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, maksadalaýyk öňüni alyş çäreleri görüldi. Şunuň bilen baglylykda, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň merkezleri döredildi. Iş meýilnamasyna laýyklykda, ýokarda agzalan ýokanjyň ýurdumyzyň çägine aralaşmagyna ýol bermezlik maksady bilen görülýän çärelere gözegçilik etmek we seljermek boýunça işler alnyp barylýar.

Ulaglaryň ähli görnüşlerinde, gümrük nokatlarynda degişli hemişelik gözegçilik üpjün edildi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça şolarda ýükleri barlamak, ulag serişdeleriniň zyýansyzlandyryş işlerini geçirmek boýunça çäreler güýçlendirildi. Daşary ýurtlardan gelýän raýatlar lukmançylyk barlagyndan geçýärler. Epidemiologik gözegçiligi amala aşyrylýan nokatlardan barlaghana nusgalary alnyp barlanylýar.

Ýokanç keselleriň öňüni alyş merkezi hem-de Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi ýokanç keselleri anyklamak üçin zerur bolan reaktiwler, sarp ediş serişdeleri bilen doly üpjün edildi.

Möwsümleýin dümew keseline garşy öňüni alyş sanjymlaryny geçirmek dowam edýär. Aşgabat şäher, welaýat saglygy goraýyş müdirlikleriniň epidemiologik ýagdaýlar baradaky maglumatlary jemlenilip, gündelik hasabatlar düzülýär. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maglumatlary yzygiderli öwrenilýär. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde öňüni alyş maslahatlary çap edilýär, maşgala lukmanlary tarapyndan ilatyň arasynda degişli wagyz-nesihat işleri geçirilýär.

Ministr öz hasabatynda koronawirus ýokanjy bilen bagly bu howply keseliň biziň ýurdumyzda bellige alynmandygyny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pandemiýa howpuny çaklaýan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bar bolan maglumatlaryny nazara almak bilen, howply ýokanç keseline ygtybarly böwet goýmak hem-de watandaşlarymyzyň saglygyny goramak üçin islendik ýagdaýlaryň döremegine taýýar bolmagyň zerurdygyny belledi. Şoňa görä-de, milli Liderimiz öňüni alyş çärelerini pugtalandyrmak maksady bilen, yzygiderli gözegçiligi alyp barmagyň wajypdygyny nygtady.

Şeýle hem Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň mejlisini yzygiderli geçirmek zerurdyr. Olarda gelip gowuşýan maglumatlaryň ählisini içgin seljermek, ýokanç keselleriň ýüze çykmak mümkinçiliklerini göz öňünde tutmak hem-de zerur bolan halatynda dessin çäreleri görmek möhümdir.

Türkmenistanlylaryň daşary ýurtlara syýahatçylyk, medeni-köpçülik, sport we beýleki maksatlar bilen sapara iberilmegine gözegçilik etmek zerurdyr. Şeýle maksatlar bilen, ýurdumyza daşary ýurtlardan gelýän raýatlaryň içgin lukmançylyk barlagyndan geçirilmegini dowam etmek wajypdyr.

Türkmenistanyň serhet geçelgeleriniň ählisinde raýatlaryň saglyk ýagdaýyna berk gözegçiligi dowam etmek, bu ugurda ähli gulluklaryň sazlaşykly işlemegini hem-de ýokanç keselleriň öňüni almak üçin gözegçilik nokatlarynda anyklaýyş enjamlarynyň talabalaýyk işlemegini gazanmak zerurdyr.

Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zyýansyzlandyryş we sarp ediş serişdeleriniň üpjünçiligini berk gözegçilikde saklamagyň, halkara howa, deňiz, derýa, gara we demir ýollaryndaky serhet geçelgelerinde, ulaglarda we menzillerde gündelik zyýansyzlandyryş işleriniň geçirilişini güýçlendirmegiň wajypdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz bular barada aýtmak bilen, ilat arasynda ýokanç keselleriň öňüni alyş işleri barada yzygiderli wagyz-nesihat işlerini alyp barmagyň möhümdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, ýokarda agzalan keseliň ýurdumyza aralaşmagyna ýol bermezlik boýunça wezipeleri çözmäge örän jogapkärli we hemmetaraplaýyn çemeleşmegiň wajypdygyna ýene-de bir gezek ünsi çekdi.

Milli Liderimiz maslahatyň jemini jemläp we halkymyzyň saglygy hem-de abadançylygy baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtap, degişli gulluklaryň giň möçberli işiniň, öz wagtynda görlen çäreleriň hem-de olaryň işiniň takyk utgaşdyrylmagy netijesinde Türkmenistanda howply koronawirus keseliniň ýekeje ýagdaýynyň hem hasaba alynmandygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün garalan meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy hem-de görülýän öňüni alyş çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyryp, maslahata gatnaşyjylara öňde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Habarlar