Türkmenistanyň Adalat ministriniň käbir buýruklaryny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda

Türkmenistanyň Adalat ministriniň

2019-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda çykaran 6-iş belgili

B U Ý R U G Y

190.020.020

010.180.020

Türkmenistanyň Adalat ministriniň käbir buýruklaryny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda

 

(Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň,

halk maslahatlarynyň we häkimleriň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň Ýygyndysy,

2019 ý., № 1, 61-nji sahypa)


Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 4-nji oktýabrynda çykaran 14970-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Adalat ministrligi hakynda Düzgünnama laýyklykda buýurýaryn:

1. Türkmenistanyň Adalat  ministriniň  käbir buýruklaryny şu buýruga goşulýan Sanawa laýyklykda güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.

2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi ministriň orunbasary S.Jumaýewe tabşyrmaly.

 

Ministr                                                                            B.Muhamedow 


Türkmenistanyň Adalat ministriniň

2019-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda

çykaran 6-iş belgili buýrugyna

goşulýar

 

Türkmenistanyň Adalat ministriniň güýjüni ýitiren diýip ykrar edilýän käbir kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň

Sanawy

 

Türkmenistanyň Adalat ministriniň şu namalaryny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:


1. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2004-nji ýylyň 3-nji noýabrynda 328 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Hukuk kömegini bermek boýunça işi amala aşyrmaga ýgtyýarnamalara dalaşgärler üçin hünär synagyny geçirmegiň Tertibini tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Adalat ministriniň 2004-nji ýylyň 1-nji noýabrynda çykaran 42 ÖB belgili buýrugyny;

2. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2006-njy ýylyň 6-njy aprelinde 376 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Türkmenistanda aklawçylar kollegiýasyna girýän Türkmenistanyň raýatlary we işleýän aklawçylar üçin hünär synagyny geçirmegiň tertibini tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Adalat ministriniň 2006-njy ýylyň 6-njy aprelinde çykaran 17 ÖB belgili buýrugyny;

3. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2008-nji ýylyň 24-nji aprelinde 453 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Türkmenistanyň Adalat ministriniň 2003-nji ýylyň 25-nji sentýabryndaky 21 ÖB buýrugy bilen tassyklanan Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň hünär synagyndan geçiriş topary hakynda Düzgünnama üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek barada” Türkmenistanyň Adalat ministriniň 2008-nji ýylyň 21-nji aprelinde çykaran 09 ÖB belgili buýrugyny;

4. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2008-nji ýylyň 24-nji aprelinde 454 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Türkmenistanyň Adalat ministriniň 2006-njy ýylyň 6-njy aprelindäki 17 ÖB buýrugy bilen tassyklanan, Türkmenistanyň aklawçylar kollegiýasyna girýän Türkmenistanyň raýatlary we işleýän aklawçylar üçin hünär synagyny geçirmegiň Tertibine üýtgetme girizmek barada” Türkmenistanyň Adalat ministriniň 2008-nji ýylyň 21-nji aprelinde çykaran 10 ÖB belgili buýrugyny.



Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2019-njy ýylyň 14-nji fewralynda 1191 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.