Ygtyýarnamanyň dalaşgärlerini hünär synagyndan geçirmegiň tertibini kämilleşdirmek barada

Türkmenistanyň Adalat ministriniň

2019-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda çykaran 5-iş belgili

B U Ý R U G Y

190.020.020

190.060.060

190.070.000

Ygtyýarnamanyň dalaşgärlerini hünär synagyndan geçirmegiň tertibini kämilleşdirmek barada


(Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň,

halk maslahatlarynyň we häkimleriň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň Ýygyndysy,

2019 ý., № 1, 47-nji sahypa)


“Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” we  “Türkmenistanda adwokatura we adwokatlyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna hem-de “Türkmenistanyň adalat edaralarynyň işini kämilleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 4-nji oktýabrynda çykaran 14970-nji we “Edara görnüşli we şahsy taraplara hukuk kömegini bermek işini  ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 18-nji sentýabrynda çykaran 10638-nji kararlaryna laýyklykda buýurýaryn:

1. Şu aşakdakylary tassyklamaly (goşulýar):

1) Ygtyýarlylandyrmak boýunça topar hakynda Düzgünnamany;

2) Edara görnüşli we şahsy taraplara hukuk kömegini bermek işini amala aşyrjak ygtyýarnamanyň dalaşgärleri babatda barlaglary geçirmegiň Tertibini;

3) Hünär synagyny geçirmegiň Tertibini.

2. Şu buýrugyň döwlet belligine alnan gününden başlap, 10 (on) iş gününiň dowamynda resmi çap edilmegini üpjün etmeli.

3. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi ministriň orunbasary S.Jumaýewe tabşyrmaly.


Ministr                                                                                        B.Muhamedow


Türkmenistanyň Adalat ministriniň

 2019-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda

çykaran 5-iş belgili buýrugy bilen

tassyklandy


Ygtyýarlylandyrmak boýunça topar hakynda

Düzgünnama


1. Şu Ygtyýarlylandyrmak boýunça topar hakynda Düzgünnama (mundan beýläk - Düzgünnama) “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, “Edara görnüşli we şahsy taraplara hukuk kömegini bermek  işini  ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 18-nji sentýabrynda çykaran 10638-nji kararyna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenip taýýarlandy we Ygtyýarlylandyrmak boýunça topary (mundan beýläk - Topar) döretmeginiň we onuň işiniň tertibini düzgünleşdirýär.

2. Topar öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny, Türkmenistanyň Adalat ministrligi hakynda Düzgünnamany, Edara görnüşli we şahsy taraplara hukuk kömegini bermek işini ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnamany, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, şeýle hem şu Tertibi goldanýar.

3. Topar Türkmenistanyň Adalat ministriniň buýrugy bilen döredilýär we onuň agzalary kesgitlenilip, düzümi tassyklanylýar.

Türkmenistanyň Adalat ministri Toparyň işini utgaşdyrýar, onuň çözgütleriniň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär.

Toparyň mejlisine resminamalary taýýarlamagy, onda kabul edilen çözgütleri resmileşdirmegi we maglumatlary Türkmenistanyň degişli fiziki we ýuridik şahslaryň (mundan beýläk – şahslar) dykgatyna ýetirmegi Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň (mundan beýläk - ministrlik) Hukuk kömegi müdirligi amala aşyrýar.

4. Topar şu aşakdaky işleri amala aşyrýar:

1) edara görnüşli we şahsy taraplara hukuk kömegini bermek işini (mundan beýläk – hukuk kömegini bermek işi) amala aşyrmak üçin ygtyýarnamany almaga dalaş edýän şahslaryň (mundan beýläk - ygtyýarnamanyň dalaşgäri) hünär synagyny geçirýär;

2) ygtyýarnama bermek hakynda ýa-da ygtyýarnamany bermekden ýüz döndermek hakynda, ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmek hakynda çözgüt kabul edýär;

3) ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan berlen Ygtyýarnama bermek hakyndaky arzasynda we oňa goşulan resminamalarda bar bolan maglumatlaryň dolulygyna we dogrulygyna, ygtyýarnamanyň talaplarynyň we şertleriniň ýerine ýetirilmeginiň mümkinçiligini barlaýar (mundan beýläk – barlag);

4) ygtyýarnamanyň dalaşgärinden barlag geçirilende gerek bolan resminamalary, düşündirişleri we maglumatlary alýar;

5) barlagyň netijeleri boýunça ykrarnama düzýär;

6) hünär synagynyň netijeleri boýunça beýleki resminamalary resmileşdirýär;

7) hünär synagynyň netijeleri boýunça şikaýatlara seredýär we netije çykarýar;

8) ygtyýarlylandyrmak bilen bagly Toparyň ygtyýarlygyna girýän beýleki meseleler boýunça çözgütleri kabul edýär.

5. Toparyň düzümine Toparyň başlygy we bäşden köp bolmadyk ministrligiň merkezi edarasynyň hünärmenlerinden döredilen Topar agzalary, şol sanda  Toparyň kätibi girýär.

Toparyň kätibiniň ses bermek hukugy ýokdur.

6. Toparyň başlygy wezipesine Türkmenistanyň Adalat ministriniň orunbasary bellenilýär.

7. Toparyň başlygy:

1) Topara umumy ýolbaşçylygy amala aşyrýar;

2) Toparyň işini guraýar;

3) Toparyň mejlisini we hünär synagyny geçirmegiň gününi, wagtyny we ýerini kesgitleýär;

4) Toparyň mejlisinde başlyklyk edýär we mejlisini alyp barýar;

5) Toparyň mejlisiniň çözgütlerine (netijenamalaryna, ykrarnamalaryna, kepilnamalaryna, hünär synagy kagyzlaryna we beýleki resminamalaryna) hem-de teswirnamalaryna gol çekýär;

6) berlen resminamalarda doly däl we şübheli maglumatlar bilen bagly degişli edaralardan zerur maglumatlary sorap alýar;

7) ygtyýarnamanyň dalaşgärinden zerur resminamalary, düşündirişleri we maglumatlary soraýar we alýar;

8) Toparyň çözgütleriniň ýerine ýetirilmegini guraýar;

9) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki wezipeleri ýerine ýetirýär.

8. Topar agzasy:

1) Topara berlen resminamalar bilen tanyşýar;

2) Toparyň mejlisine gatnaşýar;

3) Toparyň çözgütlerini kabul etmäge gatnaşýar;

4) Toparyň mejlisiniň teswirnamasynda beýan edilýän aýratyn pikirini aýdyp bilýär;

5) Topar agzalarynyň garamagyna degişli bolan resminamalara gol çekýär.

9. Toparyň kätibi:

1) barlagy geçirýär we degişli resminamalary resmileşdirýär;

2) geçirilen barlagyň netijeleri boýunça ykrarnamany düzýär;

3) ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň barlagdan geçen ýagdaýynda, hünär synagyna goýbermek barada dykgatnamany düzýär we ygtyýarnamanyň dalaşgärine hünär synagyna goýberilýändigi, hünär synagyny geçirmek üçin bellenen güni, wagty we ýeri barada habar berýär;

4) ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň barlagdan geçmedik ýagdaýynda, bu barada dykgatnamany düzýär we barlagyň netijesi boýunça ygtyýarnamany bermekden ýüz döndermek hakynda Toparyň çykaran çözgüdi boýunça ygtyýarnamany bermekden ýüz döndermek baradaky netijenamasyny resmileşdirýär;

5) hünär synagynyň geçiriljek güni we wagty barada Topar agzalaryna hem-de ygtyýarnamanyň  dalaşgärine habar berýär;

6) hünär synagy üçin resminamalary we Toparyň mejlisiniň gün tertibiniň beýleki meseleleri boýunça resminamalary taýýarlaýar, iş dolandyryjylygy alyp barýar;

7) Toparyň mejlisleriniň geçirilmegi bilen bagly guramaçylyk işlerini ýerine ýetirýär;

8) Toparyň mejlisiniň teswirnamasyny ýöredýär;

9) ygtyýarnamanyň dalaşgärlerine hünär synagyndan geçendigi ýa-da geçmändigi barada habarnamany gowşurýar;

10) ygtyýarnamanyň dalaşgärine ýazmaça görnüşde ygtyýarnamany bermek hakynda ýa-da ony bermekden ýüz döndermek hakynda kabul edilen çözgüt barada üç iş gününiň dowamynda habar berýär;

11) ygtyýarnamalary resmileşdirýär we olaryň sanawyny ýöredýär;

12) Toparyň mejlisiniň çözgütlerine (netijenamalaryna, ykrarnamalaryna, kepilnamalaryna, hünär synagy kagyzlaryna we beýleki resminamalaryna) we teswirnamalaryna gol çekýär;

13) ýgtyýarnamanyň dalaşgärleriniň beren şikaýatlarynyň, Toparyň mejlisleriniň teswirnamalarynyň arhiwini ýöredýär;

14) beýleki tabşyryklary ýerine ýetirýär.

Toparyň mejlisleriniň guralyşyna we geçirilişine Toparyň kätibi jogapkärdir.

10. Toparyň kätibi bolmadyk halatynda, onuň wezipeleri toparyň başga agzasyna ýa-da başga hünärmene ýüklenip bilner.

11. Toparyň mejlisi, eger oňa agzalaryň ikiden bir bölegi gatnaşan ýagdaýynda, hünär synagy geçirmeklige we synagyň jemleri boýunça çözgüt kabul etmeklige ygtyýarly hasap edilýär.

Toparyň ähli çykarýan çözgütleri, toparyň mejlise gatnaşýan agzalarynyň açyk ses bermeginde, sesleriniň ýönekeý köplügi bilen kabul edilýär. Sesler deň bolan ýagdaýynda, Toparyň başlygynyň sesi kesgitleýji bolýar. Ses bermeklik ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň ýok mahaly geçirilýär.

Ses berlen mahaly ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň hünäri boýunça bilim derejesi, orta atylýan soraglara dogry we takyk jogaplaryň sany nazara alynýar.

12. Topar tarapyndan ygtyýarnamanyň berilmegi ýa-da berilmezligi bilen bagly çözgüt çykarylanda “ygtyýarnamany bermek hakyndaky çözgüt kabul edildi” ýa-da “ygtyýarnamany bermekden ýüz döndermek hakyndaky çözgüt kabul edildi” diýen çözgüt kabul edilýär.

Toparyň çözgüdinde ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşini ýerine ýetirmäge laýyk gelýändigi ýa-da gelmeýändigi göni beýan edilýär.

Toparyň çözgüdi Netijenama görnüşinde resmileşdirilýär.

13. Toparyň her bir kabul eden çözgüdine mejlise gatnaşýan Toparyň ähli agzalary tarapyndan gol çekilýär we ol Türkmenistanyň Adalat ministri tarapyndan tassyklanylýar.

14. Toparyň mejlisinde teswirnama ýöredilýär, oňa Toparyň başlygy we kätip gol çekýär.

Teswirnamada hünär synagynyň geçirilen güni we wagty, Toparyň mejlisine gatnaşýan agzalaryň familiýalary, atlary, atalarynyň atlary, hünär synagy geçýäniň familiýasy, ady, atasynyň ady, berlen soraglar we olara berlen jogaplar gysgaça beýan edilýär.

15. Topar tarapyndan kabul edilen çözgüde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şikaýat edilip bilner.

16. Toparyň mejlisi şu halatlarda geçirilmeýär:

1)  ygtyýarnamanyň dalaşgäri gatnaşmasa;

2) ygtyýarnamanyň dalaşgäri, onuň gatnaşmazlygynyň sebäplerini tassyklaýan resminamany görkezip bilmese;

3) ygtyýarnamanyň dalaşgäri hünär synagyndan geçmekden ýüz dönderse.

17. Şu Düzgünnama bilen kadalaşdyrylmadyk düzgünler Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.


Türkmenistanyň Adalat ministriniň

2019-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda

çykaran 5-iş belgili buýrugy bilen

tassyklandy

Edara görnüşli we şahsy taraplara hukuk kömegini

bermek işini amala aşyrjak ygtyýarnamanyň dalaşgärleri

babatda barlaglary geçirmegiň

Tertibi


1. Şu Edara görnüşli we şahsy taraplara hukuk kömegini bermek işini amala aşyrjak ygtyýarnamanyň dalaşgärleri babatda barlaglary geçirmegiň Tertibi (mundan beýläk - Tertip) “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 18-nji sentýabrynda çykaran 10638-nji karary bilen tassyklanan, Edara görnüşli we şahsy taraplara hukuk kömegini bermek işini ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnama we  Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy hem-de ygtyýarnamany almak maksady bilen, edara görnüşli we şahsy taraplara (mundan beýläk - taraplar) hukuk kömegini bermek işini (mundan beýläk - hukuk kömegini bermek işi) amala aşyrjak ygtyýarnamanyň dalaşgärleri (mundan beýläk – ygtyýarnamanyň dalaşgäri) babatda barlagy geçirmegiň tertibini düzgünleşdirýär.

2. Hukuk kömegini bermek işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamanyň (mundan beýlek-ygtyýarnama) berilmeginiň maksady hukuk kömegi berlende döwletiň, taraplaryň  hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramagy, şeýle hem ygtyýarnama talaplarynyň berjaý edilmegini üpjün etmek bolup durýar.

3. Ygtyýarnamanyň berilmegi hakyndaky arza Türkmenistanyň Adalat ministrligine (mundan beýläk – ministrlik) berilýär.

Ýokary ýuridik bilimli, hukuk hünäri boýunça azyndan iki ýyl üznüksiz iş döwri bolan, ministrlikde hukuk kömegini bermek işini amala aşyrmak üçin hünär synagyndan geçen Türkmenistanyň raýatynyň (mundan beýläk - fiziki şahs) hukuk kömegini bermek işini amala aşyrmaga hukugy bardyr.

4. Ygtyýarnamany almak üçin ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan berlen Ygtyýarnama bermek hakyndaky arzasynda (mundan beýläk - arza) we oňa goşulan resminamalarda bar bolan maglumatlaryň dolulygyna we dogrulygyna, ygtyýarnamanyň talaplarynyň we şertleriniň ýerine ýetirilmeginiň mümkinçiligine barlag (mundan beýläk – barlag) geçirilýär.

Ygtyýarnamanyň dalaşgärleri şu aşakdaky resminamalary hödür edýärler:

1) ýuridik şahs:

a) ygtyýarnamany bermek hakynda bellenilen görnüşi boýunça arzany;

b) dörediş resminamasynyň bellenen tertipde şaýatlyk edilen nusgasyny;

ç) ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesiniň bellenen tertipde şaýatlyk edilen nusgasyny;

d) ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň wekiliniň ygtyýarlyklaryny tassyklaýan ynanç hatyny ýa-da buýrugyny;

e) ýuridik şahsyň işgär wezipe sanawynda durýan, hukuk kömegini bermek işini amala aşyrjak hünärmenleriň we ýolbaşçylaryň resminamalaryny;

ä) hukuk kömegini bermek işi amala aşyrmak üçin ýgtyýarnamanyň dalaşgärinde jaýyň barlygyny (eýeçilik, kireýne ýa-da başga kanuny esasda oňa degişliligini) tassyklaýan resminamalaryň bellenen tertipde şaýatlyk edilen nusgasyny;

f) onuň wezipe sanawynda duran, hukuk kömegini bermek işini amala aşyrjak fiziki şahslar üçin maglumatlary goşýar.

2) fiziki şahs:

a) ygtyýarnamany bermek hakynda bellenilen görnüşi boýunça arzany;

b) maglumatlaryň möçberinde sowalnamany (mundan beýläk – sowalnama);

ç) pasportyň nusgasyny;

d) diplomyň we bilimi hakyndaky beýleki resminamalaryň bellenilen tertipde şaýatlyk edilen nusgalaryny;

e) zähmet depderçesiniň bellenilen tertipde ýa-da işleýän ýeri boýunça şaýatlyk edilen nusgasyny (tikilen we möhür bilen berkidilen) goşýar.

5. Barlag geçirilende:

1) ygtyýarnamanyň dalaşgärinden zerur resminamalary, düşündirişleri we maglumatlary soralýar we alynýar;

2) geçirilen barlagyň netijesi boýunça ykrarnama (mundan beýläk - ykrarnama) düzülýär;

3) beýleki zerur hereketler amala aşyrylýar.

6. Ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan berlen arzada we resminamalarda özi hakda bar bolan maglumatlaryň dolulygyna we dogrulygyna, ygtyýarnamanyň talaplarynyň we şertleriniň ýerine ýetirilmeginiň mümkinçiligine, şeýle hem ygtyýarnamanyň dalaşgäri hakyndaky maglumatlara we onuň ygtyýarnamanyň talaplaryny we şertlerini hem-de Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edişine barlag geçirmek ministrlikde bellenen tertipde döredilen Ygtyýarlylandyrmak boýunça toparyň kätibi tarapyndan hökmany tertipde amala aşyrylýar.

7. Ygtyýarnamanyň dalaşgäri barlaglar geçirilende gerek bolan resminamalary, düşündirişleri we maglumatlary ministrlige bermäge borçludyr.

Ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan arza goşulýan bellenilen görnüş boýunça sowalnamada (şu Tertibe goşundy) görkezilen maglumatlar degişli resminamalar bilen tassyklanylmalydyr.

Ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň familiýasy, ady, atasynyň ady üýtgän halatynda, familiýasynyň, adynyň, atasynyň adynyň üýtgedilendigi hakynda şahadatnamanyň nusgasyny hem-de bellenilen tertipde doldurylan ygtyýarnamanyň dalaşgäri baradaky maglumatlar goşulmalydyr.

Berlen maglumatlarynyň doly bolmagyna we dogrulygyna fiziki şahs özi  hem-de maglumatlary hödürleýän ýuridik şahsyň ýolbaşçysy jogap berýärler.

8. Barlag geçirilende ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň beren  resminamalaryndaky maglumatlaryň dolulygy we dogrulygy hem-de ygtyýarnama talaplaryny we şertlerini ýerine ýetirmek mümkinçiligi barlanylýar.

Geçirilen barlagyň netijesi boýunça ykrarnama taýýarlanylyp, Topar tarapyndan gol çekilýär hem-de şu aşakdaky resminama düzülýär:

resminamalaryň barlagynyň netijesi kanagatlanarly bolan halatynda, hünär synagyna goýbermek barada dykgatnama düzülýär we ygtyýarnamanyň dalaşgärine hünär synagyna goýberilýändigi, hünär synagy geçirilýän güni, wagty barada Toparyň kätibi tarapyndan habar berilýär;

resminamalar barlagdan geçmedik ýagdaýynda, hünär synagyna goýbermekden ýüz döndermek barada dykgatnama düzülýär we barlagyň netijesinde ygtyýarnamany bermekden ýüz döndermek hakynda çözgüt kabul edilýär.

Kabul edilen çözgüt boýunça Toparyň ygtyýarnamany bermekden ýüz döndermek baradaky netijenamasy resmileşdirilýär we oňa Topar tarapyndan gol çekilýär we Türkmenistanyň Adalat ministri tarapyndan tassyklanylýar. 

9. Çözgüt kabul edilenden soň üç iş gününiň içinde kabul edilen çözgüt barada ygtyýarnamanyň dalaşgärine Toparyň kätibi tarapyndan ýazmaça görnüşde habar berilýär.

10. Şu Tertip bilen kadalaşdyrylmadyk düzgünler Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.


Edara görnüşli we şahsy taraplara hukuk kömegini bermek işini amala aşyrjak ygtyýarnamanyň dalaşgärleri babatda barlaglary geçirmegiň Tertibine

goşundy

   


SOWALNAMA







1. Familiýasy




Ady




Atasynyň ady

2. Jynsy:
___________________________________

_____________________________________



3. Doglan senesi:




4. Doglan ýeri:     
            (güni, aýy, ýyly)
_______________________________________



5. Raýatlygy:




6. Pasport seriýasy





 berlen wagty we





  kim tarapyndan 
  berlen






7. Bilimi:



(okuw mekdebi)

  Fakulteti


  Okuwy tamamlan 
  ýyly

     Diplomyň №



 Diplom boýunça hünäri



8. Alymlyk derejesi __________



9. Haýsy daşary ýurt dillerini bilýär:  _______________________________________

10. Iş tejribesi hakynda zähmet depderçeden alnan maglumatlar:




Döwür
Işlän ýeri
Wezipesi

Işe giren wagty
Işden çykan wagty

1.





2.





3.





4.





...






11. Daşary ýurtda bolanmy (iş bilen, gulluk sapary, syýahat)

Aýy we ýyly
Haýsy ýurtda
Daşary ýurt döwletlerinde bolmagyňyzyň maksady
Giren
Çykan









12. Şahsy maglumat doldurylan wagtdaky maşgala ýagdaýy: __________________
                                       (maşgala agzalaryny we olaryň doglan güni, aýy we ýyly görkezilmeli)
________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

13. Hukuk kömegini bermek işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamaňyz togtadyldymy, ýatyryldymy? ___________________________________________________________________
    (eger ýatyrylan bolsa, onda haçan we sebäbini  görkezmeli)
___________________________________________________________________
14. Siz kazyýetiň çözgüdi boýunça belli bir wezipäni eýelemek hukugyndan ýa-da işiň belli bir görnüşi bilen meşgullanmakdan mahrum edildiňizmi?:
____________________________________________________________________    (eger mahrum edilen bolsa, onda haçan we sebäbini görkezmeli)
____________________________________________________________________

15. Kazyýet jogapkärçiligine çekilendigiňiz barada maglumat:
___________________________________________________________________

16.Ygtyýarnama boýunça ahyrky peýda alyjy kim:
____________________________________________________________________


17. Öý salgysy:




18. Öýjükli telefony:

Faks:



kody belgisi

kody belgisi

19. Öý telefony:

Faks:



kody belgisi

kody belgisi


Elektron salgysy:





20. Soragnamanyň doldurylan wagty ______ ýylyň “___”____________



Şahsy goly



























Türkmenistanyň Adalat ministriniň

2019-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda

çykaran 5-iş belgili buýrugy bilen

tassyklandy


Hünär synagyny geçirmegiň 

Tertibi


1. Şu Hünär synagyny geçirmegiň Tertibi (mundan beýläk - Tertip) Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 18-nji sentýabrynda çykaran 10638-nji karary bilen tassyklanan, Edara görnüşli we şahsy taraplara hukuk kömegini bermek işini ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnama we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy hem-de edara görnüşli we şahsy taraplara (mundan beýläk - şahslar) hukuk kömegini bermek işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamany (mundan beýlek-ygtyýarnama) almak maksady bilen, şahslara hukuk kömegini bermek işini (mundan beýläk - hukuk kömegini bermek işi) amala aşyrjak ygtyýarnamanyň dalaşgärlerini hünär synagyndan geçirmegiň tertibini düzgünleşdirýär.

2. Hünär synagyndan geçmek hukuk kömegini bermek işini amala aşyrjak fiziki şahslara işiň şu görnüşini amala aşyrmak üçin hökmany şert bolup durýar.

3. Hünär synagy hukuk kömegini bermek işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnama alýan şahslar (mundan beýläk - ygtyýarnamanyň dalaşgäri) üçin geçirilýär.

Ýuridik şahs hukuk kömegini bermek işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnama alan halatynda onuň işe kabul edýän fiziki taraplary ygtyýarlylandyrýan işi amala aşyrmak üçin bellenen tertipde öň hünär synagyndan geçmedik bolsalar, onda olar hünär synagyny tabşyrýar.

4. Hünär synagy Türkmenistanyň Adalat ministriniň buýrugy bilen döredilen Ygtyýarlylandyrmak boýunça torap (mundan beýläk-Topar) tarapyndan geçirilýär.

5. Hünär synagyna şu aşakdakylar goýberilmeýär:

1) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ygtyýarnamanyň  dalaşgäri tarapyndan berlen arzasynda we oňa goşulan resminamalarda bar bolan maglumatlaryň dolulygyna we dogrulygyna, ygtyýarnamanyň talaplarynyň we şertleriniň ýerine ýetirilmeginiň mümkinçiligi bilen bagly barlagdan (mundan beýläk – barlag) geçmedik bolsa;

2) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde öz-özünden aýrylmadyk ýa-da aýrylmadyk iş kesilenlik aýyby bar bolsa;

3) öň hünär synagyna göýberilip, ony tabşyryp bilmedik pursatyndan azyndan alty aý geçmedik bolsa;

4) ygtyýarnamasyz işi amala aşyrylandygy üçin kazyýetiň çözgüdi çykarylandan soň ýa-da şunuň bilen bagly jerime ulanylandan soň bir ýyl geçmedik bolsa; 

5) kämillik ukyby ýok ýa-da kämillik ukyby çäkli diýlip ykrar edilen bolsa;

6) düzgün-nyzam temmisi ulanylýan etmişi edendigi üçin kazyýet hem hukuk goraýjy edaralardan işden boşadylan adam, boşadylan gününden başlap bir ýyl geçmedik bolsa;

7) adwokatlyk işi bilen bir ýere sygyşmaýan hereketleri edendigi üçin adwokatlar kollegiýasynyň düzüminden çykarylan bolsa;

8) öň ygtyýarnamasy kazyýet tarapyndan ýatyrylan bolsa.

6. Hünär synagyny geçirmegiň güni şu sebäpler boýunça başga güne geçirilip bilner:

1) saglygy goraýyş edarasynyň resminamasy bilen tassyklanylan ýarawsyzlyk netijesinde ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň gatnaşyp bilmedik ýagdaýynda;

2) ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan hünär synagyny başga güne geçirilmegini haýyş edip, resmi taýdan habar edilen ýagdaýynda;

3) beýleki esasly sebäpler bilen bagly ýagdaýlarda.

7. Eger hünär synagyna goýberilen ygtyýarnamanyň dalaşgäri bellenen möhletdäki hünär synagyna gatnaşyp bilmejek bolsa, onda ol hünär synagynyň geçiriljek gününden öň bir günden gijä galman gatnaşyp bilmeýändiginiň sebäplerini düşündirmek arkaly, hat üsti bilen habar bermelidir. Şu halatda ygtyýarnamanyň dalaşgäri nobatdaky hünär synagyna goýbermek meselesini çözmek üçin gatnaşmazlygynyň sebäplerini tassyklaýan resminamalary görkezmelidir.

Ygtyýarnamanyň dalaşgäri esasly sebäpler bolmazdan hünär synagyna gatnaşmadyk, sebäpleriň esaslydygyny tassyklaýan resminamany görkezip bilmedik ýa-da hünär synagyna gatnaşmakdan ýüz dönderen halatynda, ol hünär synagyndan geçmedi diýlip hasaplanylýar we bu barada Hünär synag kagyzynda ýazgy edilýär.

8. Çözgüt kabul edilenden soň üç iş gününiň dowamynda Topar tarapyndan kabul edilen çözgüt barada ygtyýarnamanyň dalaşgärine Toparyň kätibi tarapyndan ýazmaça görnüşinde habar berilýär.

9. Ygtyýarnamanyň dalaşgäri hünär synagyna pasportyny ýa-da şahsyýetini tassyklaýan beýleki resminamalaryny görkezenden soň goýberilýär.

Esasly sebäpler bolmazdan hünär synagyna gijä galan ygtyýarnamanyň dalaşgäri hünär synagyna gelmedi diýlip hasaplanylýar we onuň gaýtadan beren arzasy esasynda ol Toparyň nobatdaky mejlisine goşulýar. Ilki başdaky beren arzasy bellenilen möhletlere laýyklykda ýapylýar.

10. Hünär synagy synaga goýberilen ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň hünär derejesini barlamak arkaly geçirilýär. Onuň hünär taýýarlygy Türkmenistanyň kanunçylygy boýunça barlanylýar.

11. Ministrlik tarapyndan kesgitlenen görnüşi boýunça hünär synagy synag sowalnamasy boýunça ýa-da tapgyrlaýyn geçirilýär. Synag sowalnamadaky soraglar we testdäki soraglar ministrlik tarapyndan kesgitlenilýär. 

12. Hünär synagy tapgyrlaýyn geçirilende:

1) birinji tapgyr - test görnüşinde;

2) ikinji tapgyr - sorag bermek görnüşinde geçirilýär. 

Birinji tapgyrdan geçmedik ygtyýarnamanyň dalaşgäri ikinji tapgyra goýberilmeýär we ol hünär synagyndan geçmedi diýlip hasaplanylýar.

13. Hünär synagynyň testleri we synag sowalnamasyndaky soraglar ministrlik tarapyndan kesgitlenilýär.

14. Hünär synagynda synag sowalnamasyna we testlere jogaplary şu görnüşlerde kabul edilip bilner:

1) ýazmaça görnüşinde;

2) ýazmaça we dil üsti bilen berlen jogaplar görnüşinde;

3) kompýuter arkaly ýa-da ýazmaça görnüşinde testlere berlen jogaplar görnüşinde.

15. Synag sowalnamalar boýunça hünär synagy tabşyrylanda, hünär synagyny geçýän synagyň soraglary boýunça düzülen synag sowalnamasyny çekýär. Taýýarlyk wagty tamamlanandan soň Topar hünär synagyny geçýäniň jogaplaryny diňleýär we onuň hünär synagyndan geçendigi ýa-da geçmändigi hakynda netije çykarýar. Hünär synagyny geçýäniň bilimine onuň berlen soraglara dogry we doly jogap berişinden ugur alyp Topar tarapyndan baha berilýär.

Ygtyýarnamanyň dalaşgärine Topar tarapyndan goşmaça soraglar hem berlip bilner.

16. Ygtyýarnamanyň dalaşgäri synag sowalnamasynda bolan soraglara ýazmaça görnüşde jogaplary synag kagyzynda ýazýar.

Ygtyýarnamanyň dalaşgäri synag kagyzynda öz familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we synag sowalnamasynda bar bolan soraglara jogaplaryny beýan edýär.

Synag kagyzy we testler aýratyn topluma jemlenilýär we saklanylýar.

17. Synag sowalnamasyny doldurmagyň tertibini synagdan geçýäniň dykgatyna Toparyň kätibi tarapyndan ýetirilýär.

Ygtyýarnamanyň dalaşgäri hünär synagyndan geçirilen mahaly ýazan ýazgysyny we oňa girizilen düzedişleri öz goly bilen tassyklaýar.

18. Teste jogap bermek ýazmaça ýa-da elektron görnüşinde amala aşyrylýar.

19. Test görnüşinde hünär synagy Toparyň bellän möhletiniň dowamynda geçirilýär. Topar hünär synagyny geçirmegiň tertibini hünär synagyny geçýäniň dykgatyna ýetirýär. Testde hödürlenilýän jogaplardan hünär synagyny geçýän tarapyndan dogry jogaplar saýlanylmalydyr. Ýazmaça test görnüşinde hünär synagyň birinji tapgyrynyň netijelerini oňyn diýip ykrar etmek üçin dogry jogaplarynyň sany testlerde jemlenen soraglaryň 60 göteriminden az bolmaly däldir.

Test görnüşinde kompýuter arkaly geçirilen mahaly soraglar umumy soraglaryň sanawyndan seçip almak arkaly we Toparyň bellän möhletiniň dowamynda geçirilýär. Testirlemegiň netijelerini oňyn diýip ykrar etmek üçin esas bolýan dogry jogaplarynyň sany testde jemlenen soraglaryň 60 göteriminden az bolmaly däldir. Dogry jogap - testde hödürlenen jogaplaryň içinden ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan dogry jogaby saýlap alynmagydyr.

20. Hünär synagy geçirilýän mahaly ygtyýarnamanyň dalaşgärine  kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan, düşündiriş beriji we ýörite edebiýatdan, aragatnaşyk serişdelerinden peýdalanmak, beýleki ygtyýarnamanyň dalaşgärleri bilen gepleşikleri geçirmek gadagan edilýär.

Bu talaplary bozan ygtyýarnamanyň dalaşgäri Toparyň mejlisler zalyndan çykarylýar we hünär synagyndan geçmedik diýlip hasaplanylýar.

21. Keseki adamlara hünär synagyna gatnaşmak gadagan edilýär.

22. Eger ygtyýarnamanyň dalaşgäri testde ýa-da synag sowalnamasynda goýlan soraglaryň we goşmaça berlen soraglaryň köpüsine jogap berip bilmese, ol hünär synagyndan geçmedik diýlip hasaplanylýar.

23. Hünär synagynyň netijeleri boýunça Hünär synagy kagyzy resmileşdirilýär (şu Tertibe goşundy). Hünär synagyň netijeleri boýunça Topar tarapyndan “hünär synagyndan geçdi” ýa-da “hünär synagyndan geçmedi” diýen çözgüt kabul edilýär.

Hünär synagy kagyzyna Topar tarapyndan gol çekilýär. Hünär synagyň kagyzy Toparyň Ygtyýarnamany bermek ýa-da bermekden ýüz döndermek hakyndaky netijenamasynyň ýanyna goşulýar we ygtyýarnamanyň dälaşgäriniň şahsy işinde saklanylýar.

24. Ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň hünär synagyndan geçendigi ýa-da geçmändigi barada Toparyň kätibi tarapyndan ygtyýarnamanyň dalaşgärine ýazmaça habar berilýär.

Ygtyýarnamanyň dalaşgäri hünär synagyndan geçmedik halatynda, hünär synagyndan geçmedik pursatyndan azyndan alty aý geçenden soň gaýtadan ýüz tutup biler.

25. Hünär synagynyň netijeleri boýunça Topar tarapyndan çykarylan çözgüt gutarnyklydyr.

26. Şu Tertip bilen kadalaşdyrylmadyk düzgünler Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.


Hünär synagyny geçirmegiň

Tertibine goşundy


HÜNÄR SYNAGY KAGYZY


1. Familiýasy ___________________________________________________

Ady ___________________________________________________________ 

Atasynyň ady ___________________________________________________

2. Doglan güni _____ aýy ____________ ýyly _________________________

3. Bilimi _______________________________________________________

4. Bilimi boýunça hünäri__________________________________________

_______________________________________________________________

5. Alymlyk derejesi  ______________________________________________

_______________________________________________________________

6. Toparyň çykaran  çözgüdi ____________________________________


Toparyň başlygy                       _________        _________________________

                                                            (goly)                        (familiýasy, ady, atasynyň ady)

Toparyň agzalary:                    _________          _________________________

                                                            (goly)                        (familiýasy, ady, atasynyň ady)

                                                 ________     ___________________________

                                                  (goly)                        (familiýasy, ady, atasynyň ady)

                                                ________         ___________________________

                                                           (goly)                        (familiýasy, ady, atasynyň ady)

                                                 ________          __________________________

                                                           (goly)                     (familiýasy, ady, atasynyň ady)

                                           

Toparyň  kätibi                    ________     _________________________

                                                              (goly)                     (familiýasy, ady, atasynyň ady)


Hünär synagynyň geçirilen güni  “___”  _____________  20____ ýyl.



Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2019-njy ýylyň 14-nji fewralynda 1190 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.