Adwokatyň hünär tälim alyjylaryny hünär synagyndan geçirmegiň tertibini kämilleşdirmek hakynda

Türkmenistanyň Adalat ministriniň

2019-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda çykaran 4-iş belgili

B U Ý R U G Y

190.020.020

190.060.010

Adwokatyň hünär tälim alyjylaryny hünär synagyndan geçirmegiň 

tertibini kämilleşdirmek hakynda

 

(Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň,

halk maslahatlarynyň we häkimleriň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň Ýygyndysy,

2019 ý., № 1, 38-nji sahypa)


“Türkmenistanda adwokatura we adwokatlyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna hem-de “Türkmenistanyň adalat edaralarynyň işini kämilleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 4-nji oktýabrynda çykaran 14970 belgili kararyna laýyklykda buýurýaryn:

1. Şu aşakdakylary tassyklamaly (goşulýar):

1) Adwokatyň hünär tälim alyjylarynyň hünär synagyny geçirmek boýunça topar hakynda Düzgünnamany;

2) Adwokatyň hünär talim alyjylarynyň hünär synagyny geçirmegiň Tertibini.

2. Şu buýrugyň döwlet belligine alnan gününden başlap, 10 (on) iş gününiň dowamynda resmi çap edilmegini üpjün etmeli.

3. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi ministriň orunbasary S.Jumaýewe tabşyrmaly.


Ministr                                                                                        B.Muhamedow


Türkmenistanyň Adalat ministriniň

2019-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda

çykaran 4-iş belgili buýrugy bilen

tassyklandy


Adwokatyň hünär tälim alyjylarynyň hünär synagyny geçirmegiň

Tertibi


1. Şu Adwokatyň hünär tälim alyjylarynyň hünär synagyny (mundan beýläk – hünär synagy) geçirmegiň Tertibi (mundan beýläk - Tertip) “Türkmenistanda adwokatura we adwokatlyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, “Türkmenistanyň adalat edaralarynyň işini kämilleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 4-nji oktýabrynda çykaran 14970-nji kararyna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy hem-de adwokatlyk işini ýuridik maslahathanalarda amala aşyrmak maksady bilen, adwokatyň hünär tälim alyjylarynyň (mundan beýläk – adwokatyň tälim alyjysy) hünär synagyny geçirmegiň tertibini düzgünleşdirýär.

2. Hünär synagy geçirmegiň maksady adwokatyň tälim alyjylarynyň Türkmenistanyň kanunçylygy ugrundaky bilimlerini we şol bilimleri adwokatlyk işi amala aşyrylanda ulanmak ukyplylygyny, ýuridik bilimleriniň derejesini  barlamak bolup durýar.

3. Hünär synagy Türkmenistanyň Adalat ministriniň buýrugy bilen döredilen Adwokatyň hünär tälim alyjylarynyň hünär synagyny geçirmek boýunça topar (mundan beýläk - Topar) tarapyndan geçirilýär.

4. Hünär synagyna ýokary ýuridik bilimi bolan, adwokatlarda hünär tälimini alty aýdan bir ýyla çenli möhlet bilen geçen, welaýat we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumy (mundan beýläk - Prezidium) tarapyndan hünär synagyna  hödürlenen, degişli tertipde resmileşdirilen resminamalary tabşyran adwokatyň tälim alyjylary goýberilýär.

Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary hünär bilim hakyndaky resminamanyň ykrar edilendigi barada ykrar şahadatnamasy bolan Türkmenistanyň raýatynyň hem adwokatyň tälim alyjysy bolmaga hukugy bardyr.

5. Adwokatyň tälim alyjysyny hünär synagyna hödürlemek üçin Prezidiumyň ýolbaşçysy tarapyndan degişli tertipde Türkmenistanyň Adalat ministrligine (mundan beýläk - ministrlik) adwokatyň tälim alyjysy babatda şu görkezilen resminamalar hödür edilýär:

1) hödürnama (Prezidiumyň başlygy tarapyndan ýa-da onuň wezipesini ýerine ýetirýän Prezidiumyň agzasy tarapyndan gol çekilýär);

2) işgärleri hasaba almak boýunça şahsy kagyzy;

3) häsiýetnama (Prezidiumyň başlygy tarapyndan ýa-da onuň wezipesini ýerine ýetirýän Prezidiumyň agzasy hem-de tälim almagyna ýolbaşçy bolan adwokat tarapyndan gol çekilýär;

4) özi baradaky maglumatlary;

5) pasportynyň nusgasy;

6) bellenen tertipde şaýatlyk edilen diplomyň we bilimi hakyndaky beýleki resminamalaryň nusgalaryny;

7) zähmet depderçesiniň şaýatlyk edilen nusgasyny (tikilen we möhür bilen berkidilen);

8) hünär tälimini almagyň meýilnamasynyň nusgasy;

9) adwokatyň tälim alyjysy tarapyndan taýýarlanylan resminamalaryň nusgalary;

10) adwokatyň tälim alyjysynyň ýöreden gündeligi;

11) adwokatyň tälim alyjysy tarapyndan tälim almagy geçen döwründe meýilnamasyny doly özleşdirendigi barada Prezidiumyň başlygynyň netijenamasy.

6. Ministrlik tarapyndan adwokatyň tälim alyjysy babatda hödür edilen  resminamalaryň we maglumatlaryň dolulygy hem-de dogrulygy barlanylýar.

Hödür edilen resminamalar göwnejaý ýagdaýda resmileşdirilmedik ýa-da resminamalaryň doly bolmadyk toplumy berlen, resminamalarda ýalňyşlyklar ýüze çykarylan halatlarynda resminamalar toplumy Prezidiuma düzetmek üçin yzyna gaýtarylýar.

7. Resminamalaryň seredilmeginiň jemleri boýunça  adwokatyň tälim alyjysyny hünär synagyna goýbermek ýa-da goýbermekden ýüz döndermek barada dykgatnama düzülýär.

8. Hünär synagyna şu aşakdakylar goýberilmeýär:

1) hödür edilen resminamalaryny talaba laýyk resmileşdirmedik tälim alyjy;

2) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde öz-özünden aýrylmadyk ýa-da aýrylmadyk iş kesilenlik aýyby bolan;

3) öň hünär synagyna göýberilip, ony tabşyryp bilmedik pursatyndan azyndan alty aý geçmedik bolsa;

4) ygtyýarnamasyz işi amala aşyrylandygy üçin kazyýetiň çözgüdi çykarylandan soň ýa-da şunuň bilen bagly jerime ulanylandan soň bir ýyl geçmedik bolsa; 

5) öň ygtyýarnamasy kazyýet tarapyndan ýatyrylan bolsa;

6) kämillik ukyby ýok ýa-da kämillik ukyby çäkli diýlip ykrar edilen bolsa;

7) düzgün-nyzam temmisi ulanylýan etmişi edendigi üçin kazyýet hem hukuk goraýjy edaralardan işden boşadylan adam, boşadylan gününden başlap bir ýyl geçmedik bolsa;

8) adwokatlyk işi bilen bir ýere sygyşmaýan hereketleri edendigi üçin adwokatlar kollegiýasynyň düzüminden çykarylan bolsa.

9. Hünär synagyna goýberilýändigi barada adwokatyň tälim alyjysyna degişli Prezidiumyň üsti bilen, hünär synagyny geçirmegiň güni, wagty we ýeri barada habar berilýär.

Eger adwokatyň tälim alyjysy hünär synagyna bellenilen wagtynda gatnaşyp bilmedik halatynda, hünär synagynyň geçiriljek gününe çenli bir günden gijä galman degişli Prezidiumynyň üsti bilen bu barada ministrlige ýazmaça habar berip, onuň sebäbini düşündirmelidir we zerurlyk ýüze çykan mahaly onuň nobatdaky synaga goýberilmegi hakyndaky meseläni çözmek üçin, hünär synagyna gatnaşyp bilmeýändiginiň sebäbini tassyklaýan resminamalary bermelidir.

Hünär synagyna esasly sebäpler bolmazdan gatnaşmadyk ýa-da onuň sebäbini tassyklaýan resminamalar berilmedik halatynda adwokatyň tälim alyjysy hünär synagyndan geçmedik diýlip hasaplanylýar hem-de Topar tarapyndan hünär synagyndan geçmändigi barada çözgüt kabul edilýär.

Topar tarapyndan kabul edilen çözgüt barada adwokatyň tälim alyjysyny degişli Prezidiumyň üsti bilen ýazmaça görnüşinde Toparyň kätibi tarapyndan habar edilýär.

10. Adwokatyň tälim alyjysy hünär synagyna pasportyny ýa-da şahsyýetini tassyklaýan beýleki resminamalaryny görkezenden soň goýberilýär.

Esasly sebäpler bolmazdan hünär synagyna gijä galan tälim alyjy hünär synagyna gelmedi diýlip hasaplanylýar we adwokatlar kollegiýasynyň gaýtadan berlen haty esasynda ol nobatdaky hünär synagyna goşulyp bilner. Ilki başdaky berlen hat bellenilen möhletlere laýyklykda ýapylýar.

11. Hünär synagyny geçirmegiň senesi şu sebäpler boýunça başga güne geçirilip bilner:

1) saglygy goraýyş edarasynyň resminamasy bilen tassyklanylan ýarawsyzlyk netijesinde adwokatyň tälim alyjysynyň gatnaşyp bilmedik ýagdaýynda;

2) adwokatyň tälim alyjysy tarapyndan hünär synagyny başga güne geçirilmegini haýyş edip, resmi taýdan habar edilen ýagdaýynda;

3) beýleki esasly sebäpler bilen bagly ýagdaýynda.

12. Hünär synagy, synaga goýberilen adwokatyň tälim alyjysynyň hünär derejesini barlamak arkaly geçirilýär. Onuň hünär taýýarlygy Türkmenistanyň kanunçylygy boýunça barlanylýar.

13. Ministrlik tarapyndan kesgitlenen görnüşi boýunça hünär synagy synag sowalnamasy boýunça ýa-da tapgyrlaýyn geçirilýär. Synag sowalnamadaky soraglar we test soraglar ministrlik tarapyndan kesgitlenilýär.

14. Hünär synagy tapgyrlaýyn geçirilende:

birinji tapgyr - test görnüşinde;

ikinji tapgyr - sorag bermek görnüşinde geçirilýär. 

Birinji tapgyrdan geçmedik adwokatyň tälim alyjysy ikinji tapgyra goýberilmeýär we ol hünär synagyndan geçmedik diýlip hasaplanylýar.

15. Hünär synagynda synag sowalnamalara we testlere jogaplar şu görnüşlerde kabul edilip bilner:

1) ýazmaça görnüşinde;

2) ýazmaça we dil üsti bilen berlen jogaplar görnüşinde;

3) kompýuter arkaly ýa-da ýazmaça görnüşinde testlere berlen jogaplar görnüşinde.

16. Test görnüşinde hünär synagy Toparyň bellän möhletiniň dowamynda geçirilýär. Topar hünär synagyny geçirmegiň tertibini hünär synagyny geçýäniň dykgatyna ýetirýär. Testlerde hödürlenilýän jogaplardan hünär synagyny geçýän tarapyndan dogry jogaplar saýlanylmalydyr. Ýazmaça test görnüşinde hünär synagyň birinji tapgyrynyň netijelerini oňyn diýip ykrar etmek üçin dogry jogaplarynyň sany testlerde jemlenen soraglaryň 60 göteriminden az bolmaly däldir.

Test görnüşinde kompýuter arkaly geçirilen mahaly soraglar umumy soraglaryň sanawyndan seçip almak arkaly we Toparyň bellän möhletiniň dowamynda geçirilýär. Testirlemegiň netijelerini oňyn diýip ykrar etmek üçin esas bolýan dogry jogaplarynyň sany testde jemlenen soraglaryň 60 göteriminden  az bolmaly däldir. Dogry jogap - testde hödürlenen jogaplaryň içinden adwokatyň tälim alyjysy tarapyndan dogry jogaby saýlap alynmagydyr.

17. Hünär synagyny ýazmaça görnüşinde geçýän testinde bolan soraglara jogaplary test kagyzynda ýazýar.

Hünär synagyny geçýän test kagyzynda öz familiýasyny, adyny, atasynyň adyny, hünär tälim alyjylygy geçýän ýerini we test kagyzynda bar bolan soraglara jogaplaryny beýan edýär.

Test kagyzy aýratyn toplumda jemlenilýär we saklanylýar.

18. Synag sowalnamany doldurmagyň tertibi adwokatyň tälim alyjysynyň dykgatyna Toparyň kätibi tarapyndan ýetirilýär.

Hünär synagyndan geçirilen mahaly adwokatyň tälim alyjysy ýazan ýazgysyny we oňa girizilen düzedişleri öz goly bilen tassyklaýar.

19. Hünär synagyny ýazmaça görnüşinde geçýän testi dolduran mahaly dogry jogabynyň daşyny aýlap bermelidir. Bir jogapdan köp jogap bellenilen halatynda soraga jogap berilmedi diýlip hasaplanylýar.

20. Hünär synagy geçirilýän mahaly adwokatyň tälim alyjysyna kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan, düşündiriş beriji we ýörite edebiýatdan, aragatnaşyk serişdelerinden peýdalanmak, beýleki synagdan geçýänler bilen gepleşikleri geçirmek gadagan edilýär.

Bu talaplary bozan hünär synagyny geçýän Toparyň mejlisler zalyndan çykarylýar we hünär synagyndan geçmedik diýlip hasaplanylýar.

21. Keseki adamlara hünär synaga gatnaşmak gadagan edilýär.

22. Adwokatyň tälim alyjysynyň bilimine, onuň berlen soraglara dogry we doly jogap berişinden ugur alyp Topar tarapyndan baha berilýär.

Adwokatyň tälim alyjysyna Toparyň agzalary tarapyndan goşmaça soraglar hem berlip bilner.

Eger hünär synagyny geçýän testde goýlan soraglaryň we goşmaça berlen soraglaryň köpüsine jogap berip bilmese, ol hünär synagyndan geçmedik diýlip hasaplanylýar.

23. Hünär synagyň netijeleri boýunça Toparyň netijenamasy we teswirnamasy  resmileşdirilýär. Toparyň netijenamasy Türkmenistanyň Adalat ministri tarapyndan tassyklanylýar.

24. Topar tarapyndan hünär synagynyň netijeleri kesgitlenilen mahaly “hünär synagyndan geçdi” ýa-da “hünär synagyndan geçmedi” diýen çözgüt kabul edilýär. Kabul edilen çözgüt barada Toparyň kätibi tarapyndan degişli Prezidiuma ýazmaça habar edilýär.

25. Adwokatyň tälim alyjysy tarapyndan tälim alyş döwri taýýarlanylan resminamalaryň nusgalary we gündeligi yzyna gaýtarylýar.

26. Adwokatyň tälim alyjysy teste we berlen soraglara kanagatlanarsyz jogap beren hem-de tälim almagyň maksatnamasyny doly özleşdirmedik halatlarynda Topar tarapyndan oňa goşmaça, ýöne bir aýdan köp bolmadyk möhlet berlip bilner. Şu halatda goşmaça möhlet berlendigi barada kepilnama düzülýär we oňa Topar tarapyndan gol çekilýär.

27. Hünär synagy gaýtadan geçirmek şu Tertipde kesgitlenen hünär synagyny geçirmegiň tertibine laýyklykda amala aşyrylýar.

28. Hünär synagynyň netijeleri boýunça Topar tarapyndan çykarylan çözgüt gutarnyklydyr.

29. Şu Tertip bilen kadalaşdyrylmadyk düzgünler Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.


Türkmenistanyň Adalat ministriniň

 2019-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda

çykaran 4-iş belgili buýrugy bilen

tassyklandy


Adwokatyň hünär tälim alyjylarynyň

hünär synagyny geçirmek boýunça topar hakynda

Düzgünnama


1. Şu Adwokatyň hünär tälim alyjylarynyň hünär synagyny geçirmek boýunça topar hakynda Düzgünnama (mundan beýläk - Düzgünnama) “Türkmenistanda adwokatura we adwokatlyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy we Adwokatyň hünär tälim alyjylarynyň hünär synagyny geçirmek boýunça topary (mundan beýläk - Topar) döretmeginiň we onuň işiniň tertibini düzgünleşdirýär.

2. Topar öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, “Türkmenistanda adwokatura we adwokatlyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny, Türkmenistanyň Adalat ministrligi hakynda Düzgünnamany, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, şeýle hem şu Düzgünnamany goldanýar.

3. Topar Türkmenistanyň Adalat ministriniň buýrugy bilen döredilýär we onuň agzalary kesgitlenilip, düzümi tassyklanylýar.

Türkmenistanyň Adalat ministri Toparyň işini utgaşdyrýar, onuň çözgütleriniň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär.

Toparyň mejlisine resminamalary taýýarlamagy, onda kabul edilen çözgütleri resmileşdirmegi we maglumatlary welaýat we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýalarynyň prezidiumynyň (mundan beýläk - adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumy), adwokatyň hünär tälim alyjylarynyň (mundan beýläk – tälim alyjy) dykgatyna ýetirmegi Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň (mundan beýläk - ministrlik) Hukuk kömegi müdirligi amala aşyrýar.

4. Topar şu aşakdaky işleri amala aşyrýar:

1) tälim alyjylaryň hünär synagyny geçirýär;

2) tälim alyjynyň adwokatlyk işini amala aşyrmaga laýyk gelýändigi ýa-da gelmeýändigi  hakynda çözgüt kabul edýär;

3) hünär synagynyň meseleleri boýunça nägilelik bildirilýän şikaýatlara seredýär we netije çykarýar;

4) hünär synagynyň netijeleri boýunça degişli resminamalary resmileşdirýär;

5) hünär synagyna gaýtadan çagyrmak baradaky meselä seredýär;

6) Toparyň ygtyýarlygyna girýän beýleki meseleler boýunça çözgütleri kabul edýär.

5. Toparyň düzümine Toparyň başlygy we bäşden köp bolmadyk ministrligiň merkezi edarasynyň hünärmenlerinden döredilen Topar agzalary, şol sanda  Toparyň kätibi girýär.

Toparyň kätibiniň ses bermek hukugy ýokdur.

6. Toparyň başlygy wezipesine Türkmenistanyň Adalat ministriniň orunbasary bellenilýär.

7. Toparyň başlygy:

1) Topara umumy ýolbaşçylygy amala aşyrýar;

2) Toparyň işini guraýar;

3) Toparyň mejlisini we hünär synagyny geçirmegiň gününi, wagtyny we ýerini kesgitleýär;

4) Toparyň mejlisinde başlyklyk edýär we mejlisi alyp barýar;

5) Toparyň mejlisiniň çözgütlerine (netijenamalaryna, ykrarnamalaryna, kepilnamalaryna, hünär synagy kagyzlaryna we beýleki resminamalaryna) hem-de teswirnamalaryna gol çekýär;

6) berlen resminamalarda doly däl we şübheli maglumatlar bilen bagly degişli edaralardan zerur maglumatlary sorap alýar;

7) adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumyndan zerur resminamalary, düşündirişleri we maglumatlary soraýar we alýar;

8) Toparyň çözgütleriniň ýerine ýetirilmegini guraýar;

9) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki wezipeleri ýerine ýetirýär.

8. Topar agzasy:

1) Topara berlen resminamalar bilen tanyşýar;

2) Toparyň mejlisine gatnaşýar;

3) Toparyň çözgütlerini kabul etmäge gatnaşýar;

4) Toparyň mejlisiniň teswirnamasynda beýan edilýän aýratyn pikirini aýdyp bilýär;

5) Topar agzalarynyň garamagyna degişli bolan resminamalara gol çekýär.

9. Toparyň kätibi:

1) adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumy tarapyndan iberilen hödürnamada we onuň ýanyna goşulýan resminamalarynda bar bolan maglumatlaryň dolulygyny we dogrulygyny barlaýar, hödür edilýän resminamalara seredýär we resmileşdirýär;

2) hünär synagynyň geçiriljek güni we wagty barada dil üsti bilen adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumyna we Topar agzalaryna habar berýär;

3) Toparyň mejlisleriniň geçirilmegi bilen bagly beýleki guramaçylyk işlerini ýerine ýetirýär;

4) hünär synagy üçin resminamalary we Toparyň mejlisiniň gün tertibiniň beýleki meseleleri boýunça resminamalary taýýarlaýar, iş dolandyryjylygy alyp barýar;

5) hünär synagyna goýbermek ýa-da goýbermekden ýüz döndermek barada dykgatnamany düzýär;

6)  Toparyň mejlisiniň teswirnamasyny ýöredýär;

7) adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumyna tälim alyjynyň hünär synagyndan geçendigi ýa-da geçmändigi barada habar berýär;

8) Toparyň çözgütlerine we teswirnamalaryna gol çekýär we degişli resminamalary resmileşdirýär;

9) Toparyň mejlisleriniň teswirnamalarynyň we berlen şikaýatlaryň arhiwini ýöredýär;

10) hünär synagyna çagyrylan tälim alyjylaryň sanawyny ýöredýär;

11) beýleki tabşyryklary ýerine ýetirýär.

Toparyň mejlisleriniň guralyşyna we geçirilişine kätip jogapkärdir.

10. Toparyň kätibi bolmadyk halatynda, onuň wezipeleri Toparyň başga agzasyna ýa-da başga hünärmene ýüklenip bilner.

11. Toparyň mejlisi, eger oňa agzalaryň ikiden bir bölegi gatnaşan ýagdaýynda, hünär synagy geçirmeklige we synagyň jemleri boýunça çözgüt kabul etmeklige ygtyýarly hasap edilýär.

Toparyň ähli çykarýan çözgütleri, toparyň mejlise gatnaşýan agzalarynyň açyk ses bermeginde, sesleriniň ýönekeý köplügi bilen kabul edilýär. Sesler deň bolan ýagdaýynda, Toparyň başlygynyň sesi kesgitleýji bolýar. Ses bermeklik synag geçýäniň ýok mahaly geçirilýär.

Ses berlen mahaly synagdan geçýäniň hünäri boýunça bilim derejesi, orta atylýan soraglara dogry we takyk jogaplaryň sany nazara alynýar.

12. Topar tarapyndan çözgüt çykarylanda “hünär synagyndan geçdi” ýa-da “hünär synagyndan geçmedi” diýen çözgüt kabul edilýär.

Toparyň çözgüdi Netijenama görnüşinde resmileşdirilýär.

13. Toparyň her bir kabul eden çözgüdine mejlise gatnaşýan Toparyň ähli agzalary tarapyndan gol çekilýär we Türkmenistanyň Adalat ministri tarapyndan tassyklanylýar.

14. Toparyň mejlisinde teswirnama ýöredilýär, oňa Toparyň başlygy we kätip gol çekýär.

Teswirnamada hünär synagynyň geçirilen güni we wagty, Toparyň mejlisine gatnaşýan agzalaryň familiýalary, atlary, atalarynyň atlary, hünär synagy geçýäniň familiýasy, ady, atasynyň ady, berlen soraglar we olara berlen jogaplar gysgaça beýan edilýär.

15. Topar tarapyndan kabul edilen çözgüde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şikaýat edilip bilner.

16. Toparyň mejlisi şu halatlarda geçirilmeýär:

1) adwokatyň tälim alyjysy gatnaşmasa;

2) adwokatyň tälim alyjysy, onuň gatnaşmazlygynyň sebäplerini tassyklaýan resminamany görkezip bilmese;

3) adwokatyň tälim alyjysy hünär synagyndan geçmekden ýüz dönderse.

17. Şu Düzgünnama bilen kadalaşdyrylmadyk düzgünler Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.



Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2019-njy ýylyň 14-nji fewralynda 1189 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.