Türkmenistanyň 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda


TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Türkmenistanyň 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda

 

 

1-nji madda

Türkmenistanyň 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 95508,5 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar boýunça 19623,3 mln. manat möçberde tassyklamaly.

 

2-nji madda

Türkmenistanyň 2018-nji ýyl üçin Merkezleşdirilen býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 88144,0 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar boýunça 12258,8 mln. manat möçberde tassyklamaly.

 

3-nji madda

Umumydöwlet salgytlaryndan Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň býujetlerine geçirmeleriň 2018-nji ýyl üçin kadalyk ölçeglerini şu aşakdaky möçberlerde bellemeli:

 

  Goşulan baha üçin
salgytdan
Peýdadan alynýan
salgytdan
Ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgytdan
Aşgabat şäheri 4,0% 4,7% 4,0%
Ahal welaýaty 95,0% 95,0% 95,0%
Balkan welaýaty 26,0% 25,2% 26,0%
Daşoguz welaýaty 95,0% 95,0% 95,0%
Lebap welaýaty 88,0% 87,3% 88,0%
Mary welaýaty 50,0% 51,4% 50,0%

 

4-nji madda

2018-nji ýylda Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetinden welaýatlaryň býujetleriniň deňeçerligini üpjün etmek üçin olara 1050,8 mln. manat möçberde serişdeleri bölüp bermeli, şol sanda:

 

Ahal welaýaty 57,3 mln. manat
Daşoguz welaýaty 993,5 mln. manat

 

5-nji madda

Ýerli býujetleri 8415,3 mln. manat möçberde, şol sanda Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň býujetlerini aşakdaky möçberlerde tassyklamaly:

 

Aşgabat şäheri 1 670,7 mln. manat
Ahal welaýaty 1 032,5 mln. manat
Balkan welaýaty 1 000,5 mln. manat
Daşoguz welaýaty 1 450,1 mln. manat
Lebap welaýaty 1 780,6 mln. manat
Mary welaýaty 1 480,9 mln. manat

 

6-njy madda

Zähmet haky, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň goralan maddalarydyr diýip bellemeli.

 

7-nji madda

Býujet ýetmezçiliginiň emele gelen ýagdaýynda döwlet nesýe almalaryndan gelen serişdeler we (ýa-da) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda býujet serişdelerinden emele gelen galyndylary maliýeleşdiriş çeşmeleri bolup durýar diýip bellemeli.

2018-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet býujetine beýleki çeşmelerden gelip gowuşýan goşmaça girdejiler, şeýle hem girdejileriň çykdajylardan artyk gelen pul möçberleri, birinji nobatda döwlet nesýe almalary boýunça bergini üzmek üçin gönükdirilýär diýip bellemeli.

 

8-nji madda

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Türkmenistanyň kanunlaryndan, Türkmenistanyň Prezidentiniň permanlaryndan, kararlaryndan we buýruklaryndan gelip çykýan zerur bolan takyklamalary Türkmenistanyň 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň görkezijilerine girizmegi, şeýle hem Merkezleşdirilen we ýerli býujetleriň ýerine ýetirilmeginiň barşynda ähli çykdajy maddalary boýunça tygşytlanan serişdeleri zerur bolan ýagdaýlarda beýleki çykdajy maddalara gönükdirmegi tabşyrmaly.

 

 

Türkmenistanyň                                                     Gurbanguly

     Prezidenti                                                      Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2017-nji ýylyň 25-nji noýabry.

№ 651-V.