Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň 2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda çykaran 19-ö belgili buýrugy

Gelip çykyşy haýwanlardan bolan önümleriň howpsuzlygyny we hilini üpjün etmegiň düzgünlerini we kadalaryny tassyklamak hakynda


“Weterinariýa işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 61-nji maddasynyň 3-nji bendine laýyklykda, buýurýaryn:

1. Gelip çykyşy haýwanlardan bolan önümleriň howpsuzlygyny we hilini üpjün etmegiň düzgünlerini we kadalaryny tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň önümçilik ugry boýunça orunbasary gözegçilik etmeli.


Ministr                                                                M.Baýramdurdyýew


Türkmenistanyň Oba hojalyk we

daşky gurşawy goramak ministriniň

2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda

çykaran 19-ö belgili buýrugy bilen

tassyklanyldy


Gelip çykyşy haýwanlardan bolan önümleriň howpsuzlygyny we hilini üpjün etmegiň düzgünleri we kadalary


I bap. Umumy düzgünler


1. Şu Gelip çykyşy haýwanlardan bolan önümleriň howpsuzlygyny we hilini üpjün etmegiň düzgünleri we kadalary (mundan beýläk-Kadalar) “Weterinariýa işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 61-nji maddasynyň 3-nji bendine hem-de “Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy we gelip çykyşy haýwanlardan, ýagny gylýallardan, düýelerden, iri we ownuk şahly mallardan, doňuzlardan, guşlardan, balyklardan we beýleki suwuň biologik serişdelerinden, bal arylaryndan (bilelikde ulanylanda mundan beýläk-mallar, birlikde ulanylanda her görnüşiň ady atlandyrylýar) bolan iýmit önümleriniň, ýagny et we et önümleriniň, süýt we süýt önümleriniň, balyk we balyk önümleriniň, guş etiniň we ýumurtganyň, bal ary önümleriniň (mundan beýläk-iýmit önümleri) howpsuzlygyna we hiline, olaryň öndürilişine we dolanyşyk şertlerine bildirilýän talaplary kesgitleýär.

2. Şu Kadalar döwlet weterinariýa gözegçiligini amala aşyrýan Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň (mundan beýläk – Gulluk) we welaýatlardaky, etraplardaky we şäherlerdäki Döwlet weterinariýa gulluklarynyň (mundan beýläk – ýerli edaralar) işgärleri, iýmit önümlerini öndürmek (taýýarlamak), gaýtadan işlemek, saklamak, daşamak we ýerlemek bilen meşgullanýan ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan ýerine ýetirilmäge degişlidir.

3. Iýmit önümleri iýmit önümleriniň howpsuzlygyna we hiline bildirilýän şu talaplara laýyk gelmelidir:

1) adamyň zerur maddalara we energiýa bolan fiziologik islegini kanagatlandyrmalydyr;

2) iýmit önümleriniň her bir görnüşine mahsus bolan organoleptik häsiýetleri bolmalydyr we kadalaşdyryjy resminamalarda bellenilen fiziki we himiki görkezijilere laýyk gelmelidir;

3) düzüminde adamyň jany we saglygy, onuň nesli üçin howp döredýän himiki maddalaryň, şol sanda radioaktiw we beýleki maddalaryň, mikroorganizmleriň we beýleki biologik organizmleriň bolmagynyň ýol berilýän kadalyk ölçeglerine laýyk gelmelidir.

4. Iýmit önümleri öndürilende (taýýarlanylanda), gaýtadan işlenilende, saklanylanda, daşalanda we ýerlenilende weterinariýa-sanitariýa düzgünleriniň bozulmalarynyň öňüni almak, weterinariýa-sanitariýa düzgünleriniň bozulmalary bilen bagly ýüze çykýan netijeleri duýdurmak, howpsuz iýmit önümleriniň önümçiligini üpjün etmek, haýwanlaryň keselleriniň döremeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak, adamlar we haýwanlar üçin umumy bolan kesellerden adamlaryň saglygyny goramak maksady bilen weterinariýa gözegçiligi geçirilýär.

5. Weterinariýa gözegçiligi eýeçiliginiň görnüşine garamazdan weterinariýa derman serişdelerini we ot-iýmleri, ot-iým goşundylaryny öndürýän kärhanalarda, weterinariýa dermanhanalarynda, eti, guş etini, süýt, ýumurtga, balyk, ary balyny öndürýän, gaýtadan işleýän kärhanalarda, mal soýulýan meýdançalarda, guş soýulýan sehlerde, ýag zawodlarynda, derini, guşlaryň ýelegini, sütükli haýwanlaryň derilerini eýleýän, derilerini gaýtadan işleýän kärhanalarda, mallardan we guşlardan öndürilýän önümleri ýerlemek bilen meşgullanýan söwda nokatlarynda, maldarçylyk we guşçulyk hojalyklarynda, haýwanat baglarynda, sirk we beýleki haýwanlaryň saklanylýan ýerinde geçirilýär.

6. “Weterinariýa işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 7-nji maddasyna laýyklykda, iýmit önümleriniň, balygyň, piläniň we düzümine haýwanlardan önýän önümler goşulan konditer önümleriniň öndürilişine, gaýtadan işlenilişine, saklanylyşyna weterinariýa talaplaryna laýyklykda gözegçilik barlagyny alyp barmak, bazarlara satuwa çykarylýan maldarçylyk önümlerine zerur bolan weterinariýa resminamalaryny bermek, maldarçylyk önümlerini gaýtadan işlemek we satmak bilen meşgullanýan jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynda önümleriň hiline, saklanylyşyna gözegçilik barlagyny alyp barmak we bellenen tertipde weterinariýa resminamalarynyň alynmagyny üpjün etmek Gulluk tarapyndan amala aşyrylýar. Gulluk öz üstüne ýüklenen wezipeleri gös-göni ýa-da ýerli edaralarynyň üsti bilen amala aşyrýar.

7. Weterinariýa gözegçiligine degişli bolan önümleriň daşalmagyna döwlet weterinariýa gözegçilik barlagyny guramak we geçirmek, Türkmenistanyň Baş döwlet weterinariýa gözegçisiniň, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň döwlet weterinariýa gözegçileriniň, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet serhedindäki we ulagdaky döwlet weterinariýa gözegçileriniň üstüne ýüklenilýär.

8. “Türkmenistanda iýmit önümleriniň hilini we howpsuzlygyny üpjün etmekde döwlet arassaçylyk gözegçiligini we barlagyny kämilleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2005-nji ýylyň 20-nji maýynda çykaran 7241-nji kararyna laýyklykda bazarlarda ilata satylýan maldarçylyk, guşçulyk, balaryçylyk, balyk we beýleki oba hojalyk iýmit önümleriniň hiline hem-de howpsuzlygyna we bazarlaryň arassaçylyk ýagdaýyna baha bermek, gözegçiligi we barlagy amala aşyrmak, şeýle hem iýmit önümlerini döwlet tarapyndan hasaba almak Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy tarapyndan amala aşyrylýar. Adamyň jany we saglygy, onuň nesli üçin howply bolan iýmit önümleriniň öndürilmegine, dolanyşygyna ýol bermezlik iýmit önümlerini döwlet tarapyndan bellige almagyň maksady bolup durýar.

9. Döwlet weterinariýa-sanitariýa gözegçiligi Gullugyň degişli hünärmenleriniň we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda amala aşyrylýar.


II bap. Iýmit önümleri öndürilende (taýýarlanylanda), saklananda we daşalanda bildirilýän weterinariýa-sanitariýa talaplary we döwlet weterinariýa gözegçiligini amala aşyrmagyň tertibi


10. Ýuridik we fiziki şahslar iýmit önümlerini öndüren mahalynda kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryny berjaý etmäge borçludyrlar we olaryň bellenen tertipde döwlet tarapyndan bellige alynmadyk iýmit önümlerini öndürmäge haky ýokdur.

11. Ýuridik we fiziki şahslar gelip çykyşy haýwanlardan bolan azyk çig malyny we iýmit önümlerini öndürmegiň tapgyrlarynda adamyň jany we saglygy, onuň nesli üçin howply bolan iýmit önümleriniň öndürilmeginiň töwekgelliginiň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça degişli çäreleri görmäge borçludyrlar.

12. Iýmit önümleri öndürilen mahalynda ulanylýan azyk çig maly, iýmit we biologik işjeň goşundylar, materiallar we önümler kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelmelidir.

13. Ýuridik we fiziki şahslar öndürilen iýmit önümleriniň her bir tapgyrynyň hilini kepillendirmäge we olaryň ýanyna hil şahadatnamasyny goşmaga borçludyrlar.

Bir ýere çykaryp satmak söwdasynyň şertlerinde ýerlemek üçin niýetlenip öndürilýän (taýýarlanýan) iýmiti önümleriniň her bir tapgyry hil şahadatnamasy bilen tassyklanylmalydyr.

14. Iýmit önümleri öndürilen mahalynda düzüminde neşe serişdeleri, psihotrop maddalar, prekursorlar we olaryň analoglary, şeýle hem genetik taýdan modifisirlenen organizmler (mikroorganizmler) we adamyň jany we saglygy, onuň nesli üçin howp döredýän başga maddalar we olaryň birleşmeleri bolan azyk çig malyň, iýmit önümleriniň, mal iýminiň we biologik işjeň goşundylaryň ulanylmagyna rugsat berilmeýär.

15. Ýuridik we fiziki şahslar ýaramaz hilli we howply iýmit önümleriniň öndürilýändigini ýüze çykaran halatynda, görkezilen iýmit önümleriniň öndürilmegini şeýle iýmit önümleriniň öndürilmegine getiren sebäpleriň aradan aýrylmagy üçin zerur bolan möhlete haýal etmän togtatmaga borçludyrlar. Eger şeýle iýmit önümleriniň öndürilmegine getiren sebäpler düzedilip bilinmedik halatynda, öndüriji olaryň öndürilmegini bes etmäge, sarp edijilerden yzyna gaýtarylmagyny üpjün etmek bilen, olary dolanyşykdan aýyrmaga, bellenilen tertipde olaryň bilermenler seljermesiniň geçirilmegini, gaýtadan işlenilmegini   ýa-da ýok edilmegini guramaga borçludyr.

16. Çekilip gaplara salynmagyna, gaplanylmagyna we belgilenmegine degişli iýmit önümleriniň öndürilmegini amala aşyrýan ýuridik we fiziki şahslar olaryň kadalaşdyryjy resminamalara laýyklykda hiliniň saklanylmagyny, daşalmagyny we ýerlenilmegini üpjün edýän gaplara salnan, gaplanan görnüşinde öndürmäge borçludyrlar.

Iýmit önümlerinde kadalaşdyryjy resminamalara laýyklykdaky belgilenmesi (etiketkalary, ýarlyklary, içlik kagyzy) bolmalydyr.

Iýmit önümleriniň çekilip gaba salynmagyny we gaplanylmagyny amala aşyrýan adamlar kadalaşdyryjy resminamalarda olaryň çekilip gaba salynmagyna, gaplanylmagyna, belgilenmegine, şeýle hem iýmit önümleriniň gaplanylmagy we belgilenmegi üçin peýdalanylýan materiallara bildirilýän talaplary berjaý etmäge borçludyrlar.

Kesilip bölünen ýa-da çekilip gaplara salnan iýmit önümleriniň ýaramlylyk möhleti ýa-da ýerlenilmek möhleti sarp ediliş gabyna iýmit önümlerini öndüriji tarapyndan bellenilen ýaramlylyk möhletleriniň göz öňünde tutulmagy bilen gaplaýjy (satyjy) tarapyndan belgilenip ýazylýar.

Aýratyn tiz zaýalanýan gaplara bölünýän gysga ýaramlylyk möhletleri bolan iýmit önümleriniň möçberi olaryň bir günüň dowamynda ýerlenilýän möçberinden artyk bolmaly däldir.

17. Diňe kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelýän we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet tarapyndan bellige alynmagy geçen we laýyklyk sertifikaty bolan, Türkmenistanda öndürilen iýmit önümleri üçin bolsa - hil şahadatnamasy we olaryň gelip çykyşyny tassyklaýan resminamasy bolan iýmit önümleri dolanyşykda bolup bilerler.

18. Iýmit önümleri dolanyşykda bolan mahalynda olar howpsuzlygynyň we hiliniň ýaramlylyk möhletiniň dowamynda saklanylmagyny üpjün edýän şertlerde saklanylmalydyr.

19. Iýmit önümleriniň saklanylmagyny we daşalmagyny amala aşyrýan ýuridik we fiziki şahslar olaryň howpsuzlygyny we hilini üpjün etmäge, kadalaşdyryjy resminamalarda olaryň saklanylmagynyň we daşalmagynyň şertlerine bildirilýän talaplary berjaý etmäge borçludyrlar.

20. Ulanylmaga taýýar iýmit önümleriniň azyk çig maly we ýarym taýýar önümler bilen bilelikde saklanylmagyna ýol berilmeýär.

21. Iýmit önümleri daşalanda kadalaşdyryjy resminamalarda bellenilen talaplara laýyklykda ýörite enjamlaşdyrylan we bu maksatlar üçin niýetlenen ulag serişdeleri ulanylmalydyr.

22. Eger iýmit önümleri saklanylan ýa-da daşalan mahalynda olaryň hili ýaramazlaşan bolsa, ol önümleriň saklanylmagyny we daşalmagyny amala aşyrýan adamlar olaryň eýelerine we beýleki gyzyklanýan taraplara bu barada habar bermäge borçludyrlar. Şonda görkezilen iýmit önümleriniň eýeleri bu barada degişli arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugyna habar bermäge we olaryň ýerlenilmegine ýol bermezlige borçludyrlar.

23. Gulluk we onuň ýerli edaralary tarapyndan iýmit önümlerini öndürmegiň (taýýarlamagyň), gaýtadan işlemegiň, saklamagyň, daşamagyň we ýerlemegiň ähli görnüşlerinde kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplarynyň berjaý edilmegine weterinariýa gözegçilik barlaglary geçirilýär.

24. Mal ýataklarynda, guş keteklerinde we suw howdanlarynda haýwanlaryň ýokanç kesellerini döredijilere we kesel geçirijilere (wiruslara, bakteriýalara, rikketsiýalara, hlamidiýalara, mikoplazmalara, prionlara, ýönekeýjelere, kömeleklere, gurçuklara, sakyrtgalara we gan sorujy mör-möjeklere) garşy dezinfeksiýa, dezinseksiýa, deratizasiýa işleri geçirilýär.

25. Haýwanlaryň we bal arylarynyň saglygyna ilkinji nobatda daşky alamatlary boýunça gözegçilik edilýär.

26. Haýwanlar emeli usulda tohumlandyrylanda, düwünçekleriň transplantasiýasynda weterinariýa-sanitariýa talaplarynyň berjaý edilişine gözegçilik edilýär.

Haýwanlar olaryň ösüşini çaltlandyrýan we önümliligini artdyrýan biologik gurplandyryjylar, garmonlar we beýleki himiki serişdeler bilen iýmitlendirilen ýagdaýynda, şol serişdeleri ygtyýar edilen kadalarda ulanmaga rugsat berilýär.

27. Ýuridik we fiziki şahslaryň iýmit önümlerini öndürmek (taýýarlamak), saklamak we daşamak üçin ulanýan enjamlarynyň, gurallarynyň, sowadyjy kameralarynyň weterinariýa-sanitariýa talaplaryna laýyklygyna, öndürilen (taýýarlanylan) iýmit önümleriniň düzüminde zäherleýji maddalaryň, antibiotikleriň, pestisidleriň, ýokanç keselleri döredijileriň we kesel geçirijileriň, inwazion keselleriniň barlygyna tapgyrlaýyn barlaghana barlaglary geçirilýär. Barlaglary geçirmek üçin Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan tassyklanylýan Gullugyň iş meýilnamasy esasynda çäreler işlenilip düzülýär we ýerine ýetirilýär.

28. Iýmit önümleriniň hilini we howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, olara bilermenler seljermesi geçirilýär. Şu aşakdaky alamatlaryň bolmagy bilermenler seljermesini geçirmek üçin esas bolup durýar:

1) olaryň döwlet tarapyndan bellige alnandygyny tassyklaýan resminamanyň, olaryň gelip çykyşyny tassyklaýan resminamalaryň, laýyklyk sertifikatynyň, kadalaşdyryjy resminamalarda göz öňünde tutulan beýleki resminamalaryň bolmazlygy;

2) olaryň Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň we kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelmezligi;

3) olaryň zaýalanandygynyň görnetin alamatlarynyň bolmagy;

4) olaryň ýaramlylyk möhletleriniň geçmegi;

5) olaryň belgilenmegi boýunça kadalaşdyryjy resminamalarda bellenilen talaplaryň bozulmagy;

6) olaryň galplaşdyrylmagynyň faktlarynyň ýüze çykarylmagy;

7) olar öndürilen mahalynda genetik taýdan modifisirlenen organizmleriň (mikroorganizmleriň) ulanylmagy.

29. Geçirilen bilermenler seljermesiniň netijeleri boýunça Gullugyň we onuň ýerli edaralarynyň netijenamalarynyň esasynda iýmit önümleri ýaramaz hilli we howply diýlip ykrar edilip bilner. Ýaramaz hilli we howply diýlip ykrar edilen iýmit önümleri Gullugyň we onuň ýerli edaralarynyň öz ygtyýarlyklarynyň çägindäki karary boýunça dolanyşykdan alynmaga degişlidir.

30. Ýaramaz hilli ýa-da howply diýlip ykrar edilen iýmit önümleri bilermenler seljermesiniň, gaýtadan işlemegiň ýa-da ýok edilmegiň geçirilmegi üçin zerur bolan möhlete wagtlaýyn saklanylmaga iberilýär we hasaba alynmaga degişlidirler. Bu iýmit önümleriniň saklanylyş şertlerinde olaryň ýanyna keseki adamlaryň baryp bilmek mümkinçiligi aradan aýrylmalydyr. Şonda olaryň eýesi (satyjysy) ýa-da ammarynda şol iýmit önümleriniň wagtlaýyn saklanylmagyny amala aşyrýan kärhanalar olaryň goralmagyny öz serişdeleriniň hasabyna üpjün etmäge borçludyrlar.

31. Ýaramaz hilli we adamyň jany we saglygy, onuň nesli üçin howply diýlip ykrar edilen halatynda, Gulluk we onuň ýerli edaralary tarapyndan öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde şol iýmit önümleriniň gaýtadan işlenilmegi, ýok edilmegi hakynda karar kabul etmek maksady bilen bilermenler seljermesi geçirilýär.

Bilermenler seljermesi iýmit önümleriniň howpsuzlygyny we hilini, olaryň gelip çykyşyny, iýmit önümleriniň kybaplaşdyrylmagyny tassyklaýan resminamalaryň hakykylygynyň barlagynyň we ygtybarlylygynyň, barlaghana barlaglarynyň (synaglarynyň) geçirilmegini, bilermenler seljermesiniň netijeleri boýunça netijenamalaryň resmileşdirilmegini özünde jemleýär.

32. Iýmit önümleri ýaramaz hilli diýlip ykrar edilen halatynda Gullugyň we onuň ýerli edaralarynyň çözgüdi boýunça mundan beýläk iýmitlik ýa-da tehniki maksatlarda peýdalanylmagy üçin gaýtadan işlenilip bilner.

Iýmitde ulanylmagy gadagan edilen iýmit önümleri diňe weterinariýa gullugynyň edarasynyň netijenamasy boýunça haýwanlaryň iými hökmünde ulanylyp bilner.

Iýmit önümleri howply diýlip ykrar edilen halatynda olar Gullugyň we onuň ýerli edaralarynyň karary boýunça bellenilen tertipde ýok edilmäge degişlidir.

33. Gulluk we onuň ýerli edaralary tarapyndan iýmit önümleri ulaglaryň ähli görnüşleri bilen daşalan mahalynda ýeke-täk döwlet weterinariýa gözegçiligi guralýar. Şunda howply ýokanç kesellerden arassa hojalyklardan we administratiw çäk birliklerinden alnan iýmit önümleriniň daşalmagyna rugsat berilýär.

34. Haýwanlaryň aýratyn howply ýokanç keselleri ýüze çykan ýagdaýynda karantin ýa-da aýry-aýry karantin çäklendirmeleri girizilýär. Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan karantin ýa-da aýry-aýry karantin çäklendirmeleri girizilen hojalyklarda ýokanç keseller bilen kesellän haýwanlaryň öldürilmegine, ýok edilmegine hem-de iýmit önümleriniň aýrylmagyna ygtyýar berilýär.

35. Karantin girizilen ilatly ýerlerde (welaýatyň, şäheriň, etrabyň, hojalygyň, fermanyň çäklerindäki) weterinariýa gözegçiligine degişli haýwanlaryň we ondan öndürilýän önümleriň daşalmagy gadagan edilmäge hem-de mal we guş bazarlarynyň işi togtadylmaga degişlidir.

36. Iýmit önümleri haýsydyr bir etrabyň (şäheriň) çäginden başga bir etraba (şähere) awtomobil ulagynda daşalanda iberiji daşaýjyny kesgitlenen görnüşdäki weterinariýa şahadatnamasy bilen üpjün etmäge borçludyr. Iýmit önümleri haýsydyr bir etrabyň (şäheriň) çäginde awtomobil ulagynda daşalanda weterinariýa şahadatnamasynyň ýerine weterinariýa kepilnamasy berilýär.

37. Weterinariýa gözegçiligine degişli iýmit önümleriniň eksporty we importy Türkmenistanyň goşulyşan halkara şertnamalaryna, “Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda” we “Weterinariýa işi hakynda” Türkmenistanyň kanunlaryna hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.


III bap. Mal soýulýan meýdançalarda, guş soýulýan sehlerde, eti, guş etini öndürýän, gaýtadan işleýän kärhanalarda, sowadyjy kameralarda döwlet weterinariýa gözegçiligini amala aşyrmagyň tertibi we olara bildirilýän weterinariýa-sanitariýa talaplary


38. Mal soýulýan meýdançalarda, guş soýulýan sehlerde soýuljak mallara we guşlara weterinariýa gözegçiligini geçirmek üçin meýdançalaryň we sehleriň gurnalmagy, mallaryň we guşlaryň damagyny çalmaga, asyp goýmaga, ganyny akdyrmaga şertleriň döredilmegi, mallaryň deri önümlerini duzlamaga, mallaryň deri önümlerini we guşlaryň ýeleklerini saklamaga ýörite jaýlaryň gurnalmagy, mallary awtoulagdan düşürmäge eňňitli düşelgäniň bolmagy, mallaryň garyn-içegelerini, guşlaryň içki beden agzalaryny arassalamaga ýöriteleşdirilen jaýlaryň, et we et önümlerine bilermenler seljermesini geçirmäge ýöriteleşdirilen stollaryň we sowadyjy kameralaryň bolmagy hökmandyr. Mal we guş soýýan işgärler ýörite egin-eşikler we ýörite aýakgaplar bilen üpjün edilmelidir.

39. Soýmak üçin getirilen mallaryň we guşlaryň görnüşleri, baş sany, geçirilen weterinariýa çäreleri baradaky maglumatlar weterinariýa resminamasynda anyk görkezilýär.

40. Mal soýulýan meýdançalara, guş soýulýan sehlere getirilen mallar we guşlar olara geçirilýän kliniki barlaglaryň netijeleri boýunça soýulýar.

41. Soýulan mallaryň we guşlaryň läşlerine, içki beden agzalaryna degişli weterinar hünärmeni tarapyndan weterinariýa gözegçiligi geçirilýär. Zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda goşmaça bakteriologiýa, himiki-zäherlenme, gistologiýa barlaglaryndan geçirilýär.

Mallaryň semizlik derejesi kesgitlenilip, bu ýagdaýy kepillendirýän tagma basylýar.

42. Eti gaýtadan işleýän kärhanalarda gaýtadan işlenilmäge getirilen önümleri hasaba almak üçin ýörite kitapça ýöredilýär. Kitapçada weterinariýa ýollaýyş resminamalarynyň belgileri, senesi görkezilýär.

43. Eti, guş etini öndürýän, gaýtadan işleýän kärhanalara getirilen et önümlerine organoleptik barlaglar we weterinariýa-sanitariýa barlaglary geçirilýär hem-de weterinariýa ýollaýyş resminamalarynda görkezilen maglumatlaryň, barlaghana barlaglarynyň dogrulygy gaýtadan anyklanylýar.

44. Sowadyjy kamerada 16-18 sagat saklanandan soňra, läşleri ýerlemäge   ýa-da gaýtadan işlemäge eti we guş etini öndürýän, gaýtadan işleýän kärhanalaryň degişli weterinar hünärmeni tarapyndan rugsat edilýär.

45. Sowadyjy kameralar doly boşadylandan soňra mikrobiologiýa barlaglaryna iberilen nusgalaryň (mazoklaryň) barlagynyň netijesi boýunça zyýansyzlandyryş işleriniň görnüşi kesgitlenilýär. Sowadyjy kameralarda heňleriň döremezligi üçin antiseptikler we hlorly hekiň erginleri bilen zyýansyzlandyryş işleri geçirilýär.

Sowadyjy kameralaryň weterinariýa-sanitariýa talaplaryna laýyk gelýänligi barada Gulluk we onuň ýerli edaralary tarapyndan kepilnama berilýär.

46. Döwlet weterinariýa gözegçileri tarapyndan eti, guş etini öndürýän, gaýtadan işleýän kärhanalarda gözegçilik barlaglary geçirilende:

1) çig malyň hili, gelip çykyşy, önümiň taýýarlanylyşy hem-de tehniki şertleriň weterinariýa-sanitariýa talaplaryna laýyk gelşi, ammarlarda et we et önümleriniň saklanylyşy barlanylýar;

2) geçirilen barlaglar barada ykrarnama düzülýär we şu Kadalaryň ýigrimi sekizinji bölegine laýyklykda geçirilen bilermenler seljermesiniň netijeleri boýunça şu Kadalaryň ýigrimi dokuzynjy bölegine laýyklykda ýaramaz hilli we howply diýlip ykrar edilen et we et önümleriniň, guş etiniň dolanyşykdan aýrylmaga degişlidigi barada eti, guş etini öndürýän, gaýtadan işleýän kärhanalaryň eýelerine karar berilýär;

3) mallara iým hökmünde ulanmak üçin ygtyýar berlen önümler babatda çykarylan çözgüdiň ýerine ýetirilişine gözegçilik edilýär.


IV bap. Süýt we süýt önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalarda döwlet 

weterinariýa gözegçiligini amala aşyrmagyň tertibi we olara bildirilýän weterinariýa-sanitariýa talaplary


47. Süýt we süýt önümlerine olaryň öndürilen maldarçylyk hojalyklarynda weterinariýa-sanitariýa gözegçiligi geçirilýär. Karantin ýa-da aýry-aýry karantin çäklendirmeleri girizilmedik maldarçylyk hojalyklaryň mallaryna geçirilen gan barlagynyň (serologik barlag) oňyn netijenamasy boýunça Gulluk we onuň ýerli edaralary tarapyndan üç aý möhlet bilen berlen güwänama şol hojalyklaryň süýt önümlerini satuwa çykarmak üçin esas bolup durýar.

48. Ýokanç keselleriň (otbaşy, emkar, gara mallaryň mergi keseli, inçekesel, brusellýoz, mama, ýokanç sary getirme, agsyl, ku lihoradkasy, plewropnewmoniýa), ýokanç däl keselleriň (aktinomikoz, ýelin agyry, gastroenterit, endometrit, ýelniň nekrobakteriýozy) bardygy anyklanan ýagdaýynda, şeýle hem mallara sanjylan derman serişdelerini ulanmak boýunça görkezmä laýyklykda, süýt we süýt önümlerini azyk üçin ulanmaga we satuwa çykarmaga rugsat berilmeýär.

Gölelänine 10 (on) gün bolmadyk sygyrlaryň süýdi diňe göleleri iýmitlendirmek üçin ulanylýar.

49. Süýt we süýt önümlerini daşamak üçin peýdalanylýan ulag serişdeleriniň, ulanylýan gaplaryň, süzüji filtrleriň, süýt sagylýan agregatlaryň ýuwulyşyna, dezinfeksiýa geçirilişine sanitariýa gözegçiligi geçirilýär.

50. Süýt we süýt önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalara gelip gowuşýan önümleriň hili weterinariýa ýollaýyş resminamalarynda görkezilen maglumatlara laýyk gelmelidir.

Süýt önümlerini öndürmek üçin ulanylýan süýt adam saglygy üçin howp döredýän patogen mikroorganizmleri ýok etmek üçin ýeterlik bolan gyzgynlykda gaýtadan işlenilýär. Süýt we süýt önümleriniň mikrobiologik, fiziki-himiki, himiki-toksikologik we radiologik görkezijileri kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelmelidir.

51. Süýt we süýt önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalarda süýt we süýt önümleriniň talabalaýyk öndürilişine, gaýtadan işlenilişine, saklanylyşyna, bu kärhanalardan satuwa çykarylýan süýt we süýt önümlerine berilýän weterinariýa resminamalarynyň talabalaýyk doldurylyşyna yzygiderli weterinariýa gözegçiligi geçirilýär.

52. Ýokanç kesellerden arassa hojalyklaryň sygyrlaryndan sagylyp alnan sygyr süýdi aşakda görkezilen talaplara gabat gelmelidir:

1) tagamy we ysy süýt üçin mahsus häsiýetde bolup, başga ysy bolmaly däldir;

2) ýagy alynmadyk süýdüň reňki ak ýa-da sarymtyl ak öwsüp, çökündi bolmaly däldir;

3) Terneriň (oT) gradusy boýunça turşulygy sowuk howada 22oT-dan ýokary, ýyly howada satmaga niýetlenen süýt üçin 20oT-dan ýokary bolmaly däldir. Turşulygy 16oT pes bolan süýdüň turşulygynyň peselmeginiň sebäpleri anyklanylýança satuwa goýberilmeýär. Eger süýdüň turşulygynyň peselmegi       ot-iým bilen bagly bolsa, onda kadadan çykma tertibinde turşulygy 14oT çenli bolan süýdi satmaga ygtyýar berilýär;

4) ýaglylygy 100 ml üçin azyndan 3,2% bolmalydyr, aýratyn halatlarda, haçan-da gözegçilik synaglary arkaly hojalykda 3,2%-den az ýaglylyk anyklanan bolsa, onda ýaglylygy 2,8%-den az bolmadyk süýt az ýagly hökmünde çykarylýar. Ýerli şertleri hasaba almak bilen her bir sebitde söwda nokatlarynda satylýan süýtde ýagyň iň az saklaýjylygyna bolan has ýokarlandyrylan talaplar bellenilip bilner;

5) dykyzlygy -1,027- 1,033 kg/m3;

6) ölçeg formulasy boýunça gury süýde öwrülende massasy ilkibaşdaky süýdüň 8%-den pes bolmaly däldir;

7) arassalygyň etalony boýunça birinji ýa-da ikinji topara laýyk gelmelidir;

8) galplaşdyrmanyň ýoklugy anyklanylmalydyr (ýagy aýyrylan, suw, krahmal, soda we başga goşundylary goşulan).

53. Goýun süýdüne bildirilýän talaplar:

1) ýokanç kesellerden arassa hojalyklaryň sagdyn goýunlaryndan alynmalydyr;

2) tagamy we ysy sygyr süýdüne ýakyn bolmalydyr;

3) reňki gowşak, sarymtyl öwüşginli ak bolmalydyr;

4) ýaglylygy tohumyna baglylykda 100 ml üçin azyndan 5-10 %;

5) dykyzlygy 1,034 – 1,038 kg/m.

Goýun süýdi organoleptik barlaga we turşulygy hem-de dykyzlygy üçin barlaga degişlidir. Şübheli halatlarda gury süýt galyndysyny kesgitlemek bilen ýaglylygy üçin hem barlanylýar.

54. Geçi süýdüne bildirilýän talaplar:

1) ýokanç kesellerden arassa hojalyklaryň sagdyn geçilerinden alynmalydyr;

2) tagamy we ysy sygyr süýdüne ýakyn, ýöne aýratyn “geçiniň” ysy bolup biler;

3) reňki ak;

4) ýaglylygy - 100 ml üçin 4,37 % (2,4 %-den 9,5 %-e çenli);

5) dykyzlygy 1,033 kg/m3 (1,027 – 1,038);

6) turşulygy 15oT (10-210T-e çenli);

7) gury jisimler 13,7% (10,8-18,2%).

Geçi süýdi organoleptik barlaga, turşulyk hem-de dykyzlyk üçin barlaga, şübheli halatlarda gury süýt galyndysyny kesgitlemek bilen ýaglylygy üçin hem barlaga degişlidir.

55. Baýtalyň süýdi şu aşakdaky talaplara laýyk gelmelidir:

1) ýokanç kesellerden arassa hojalyklaryň sagdyn baýtallaryndan alynmalydyr;

2) tagamy süýjümtik, birneme turşy bolmalydyr;

3) reňki mawy öwüşginli ak bolmalydyr;

4) ýaglylygy – 100 ml üçin azyndan 1 - 2 %;

5) dykyzlygy 1,033 – 1,035 kg/m3;

6) turşulygy 5oT-den köp däl;

7) gury jisimler azyndan 9 - 11%.

Baýtalyň süýdi organoleptik barlaga we turşulyk hem-de dykyzlygy üçin barlaga degişlidir. Şübheli halatlarda süýt galyndysyny kesgitlemek bilen ýaglylygy hem kesgitlenilýär.

56. Düýe süýdi şu aşakdaky talaplara laýyk gelmelidir:

1) ýokanç kesellerden arassa hojalyklaryň sagdyn düýelerinden alynmalydyr;

2) tagamy süýt üçin mahsus tagam bolup, arassa, del jisimleriň ysy bolmadyk, täze süýde mahsus ysly bolmalydyr;

3) reňki akdan gowşak sara çenli bolmalydyr;

4) ýaglylygy azyndan 3 %;

5) dykyzlygy 1,032 kg/m3;

6) turşulygy 17,5oT-den köp däl;

7) gury jisimler 12,3 – 12,94 %.

57. Süýt öndürýän maldarçylyk hojalyklarynda we süýt we süýt önümlerini öndürýän, gaýtadan işleýän kärhanalarda süýtden nusgalar alnyp, degişli barlaglar geçirilýär. Şunda maldarçylyk hojalyklarynyň ýerleýän hem-de süýt we süýt önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalaryň kabul edip alýan süýdüniň mukdary, barlag üçin alnan süýt nusgalary we barlaglaryň netijeleri önüm öndürýän maldarçylyk hojalyklarynda we süýt we süýt önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalarda ýöredilýän bellige alyş kitabynda bellenilýär. Synaglar üçin nusgalar alynmazdan öň süýt we süýt önümleriniň eltilen gabynyň sanitariýa talaplaryna laýyklygy anyklanylýar. Süýt önümleri başga yslar bolmazdan arassa bolmalydyr. Söwda nokatlaryna satuwa çykaryljak süýt we süýt önümleriniň alýumin gaplarda getirilmegine we satylmagyna rugsat edilýär.

58. Barlamak üçin her bir gapdan arassa ölçeg gaby bilen azyndan 250 ml süýt synag üçin alynýar. Synaga almazdan öň süýt poslamaýan demirden ýa-da plastmassadan edilen garyjy bilen gowy garylýar. Barlagdan soň süýt nusgasynyň galyndylary içilmez ýaly gaýnadylyp dökülýär.

59. Süýdüň her bir nusgasy alnandan soň, 40 minutdan gijä galman, organoleptik taýdan barlanylyp, süýdüň arassalygy, dykyzlygy we turşulygy kesgitlenilýär. Uly tapgyrlar bilen eltilýän süýtlerde (10 sany süýt saklanýan gapdan köp) süýt saklanýan gaplaryň umumy sanynyň azyndan ondan birinde, şübheli ýagdaýlarda bolsa her bir gapda süýdüň ýaglylygy we gury ýagy alnan jisimleri özünde saklaýjylygy barlanylýar.

Süýdi ilkinji gezek getirýän hojalyklaryň süýt saklanýan gaplarynyň ählisinde süýdüň ýaglylygy we gury ýagy alnan jisimleri özünde saklaýjylygy barlanylýar. Weterinar lukmanyň talabyna görä, satuwa çykarylýan süýt barlaghana barlagyna ugradylyp bilner.

60. Howanyň ýyly wagtynda satuwa çykarylandan 2 sagatdan soň alyjynyň talap etmegi boýunça süýdüň turşulygy gaýtadan barlanylyp bilner.

61. Hemişe söwda edýän maldarçylyk hojalyklar tarapyndan eltilýän süýt şu Kadalaryň elli dokuzynjy böleginiň birinji tesiminde bellenilen gündelik barlaglardan başga-da, süýdüň ýaglylygy, dykyzlygy, turşulygy, reduktaza üçin arassalygy, gury ýagy alnan jisimleri kesgitlemek üçin azyndan aýda bir gezek gözegçilik barlagyndan geçirilýär. Şu halatda turşulygy we reduktaza üçin barlaglardan başga, nusgalyk alnandan soň süýt 5 sagada çenli sowadyjy kamerada saklanylmalydyr. Sowadyjy kameradan çykarylan süýt 30-40 minudyň dowamynda synagdan geçirilmelidir.


V bap. Balyk we balyk önümlerini öndürýän, gaýtadan işleýän kärhanalarda, suw howdanlarynda döwlet weterinariýa gözegçiligini amala aşyrmagyň tertibi


62. Balyklary we beýleki iýmite ýaramly suwuň biologik serişdelerini ösdürip ýetişdirmek, tutmak, gaýtadan işlemek bilen meşgullanýan kärhanalaryň balyklary ösdürip ýetişdirýän suw howdanlarynyň, balyk tutmak üçin ulanylýan gurallarynyň, balyklaryň tutulyşynyň, tutulan balyklaryň saklanylyşynyň, daşalyşynyň, daşamak üçin ulanylýan ulag serişdeleriniň weterinariýa-sanitariýa talaplaryna laýyk gelşine baha bermek üçin barlaghana barlaglary geçirilýär.

63. Balyk we balyk önümlerini azyk iýmitlik ýa-da tehniki maksatlar üçin peýdalanmagyň mümkinçiligine seredip, olaryň hilini we howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, Gulluk we onuň ýerli edaralary tarapyndan şu Kadalaryň ýigrimi sekizinji, otuz birinji böleklerine laýyklykda bilermenler seljermeleri geçirilip, şu Kadalaryň otuz ikinji bölegine laýyklykda, Gullugyň we onuň ýerli edaralarynyň çözgüdi (karary) boýunça ýaramaz hilli diýlip ykrar edilen balyk we balyk önümleri mundan beýläk iýmitlik ýa-da tehniki maksatlarda peýdalanylmagy üçin gaýtadan işlenilmäge, howply diýlip ykrar edilen balyk we balyk önümleri zyýansyzlandyrylyp, ýok edilmäge degişlidir.

64. Hususy telekeçi hökmünde döwlet tarapyndan bellige alynmadyk fiziki şahslar tarapyndan tutulan balyklar söwda nokatlarynda satylmaga degişli däldir.

Bazarlara satuwa çykarylan balyk we balyk önümleri bazarlarda ýerleşýän Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň iýmit-arassaçylyk barlaghanalarynda barlaglardan geçirilýär.

65. Gulluk we onuň ýerli edaralary tarapyndan öndürilen balyk önümleriniň kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyklykda peýdalanylyşyna gözegçilik edilýär we olaryň weterinariýa kanunçylygynyň talaplaryna laýyklygy barada netijenama berilýär.


VI bap. Şöhlat önümlerini, et konserwlerini taýýarlaýan sehlerde döwlet 

weterinariýa gözegçiligini amala aşyrmagyň tertibi


66. Haýwanlaryň etinden, doňuz ýagyndan, kakadylan et önümlerinden,  kelle-baş aýakdan, bagyr-öýkenden şöhlat önümlerini öndürmäge ygtyýar edilýär.

67. Şöhlat önümlerini we et konserwlerini taýýarlaýan sehlerde gaýtadan işlenilmäge getirilen önümleri hasaba almak üçin ýörite kitapça ýöredilýär. Kitapçada weterinariýa ýollaýyş resminamalarynyň belgileri, senesi görkezilýär.

68. Diňe kliniki taýdan sagdyn haýwanlardan alnan hem-de Gulluk we onuň ýerli edaralary tarapyndan geçirilen bilermenler seljermesinden geçip, oňyn netijenama berlen azyk çig mallaryndan şöhlat önümleri we et konserwleri taýýarlanylýar.

69. Taýýarlanylan şöhlat önümleriniň, et konserwleriniň hili organoleptik, bakteriologik usullar arkaly barlanylyp, käbir görnüşleri öndürilende tehniki şertleriň talaplaryna laýyklygy kesgitlenilýär. Bakteriologiýa barlaglary Türkmenistanda kabul edilen döwlet standartlarynyň talaplaryna laýyklykda geçirilýär.

70. Organoleptik barlaglarda gögümtil öwüsýän heň, patogen mikroblar, turşumtyk tagam, ýakymsyz ys bolmaly däldir. Şöhlat önümlerinde we et konserwlerinde kadaly organoleptik häsiýetler saklanmasa, şeýle hem şu Kadalaryň ýigrimi sekizinji böleginde bellenilen esaslar bolan ýagdaýynda, şol önümlere bilermenler seljermesi geçirilip, şu Kadalaryň ýigrimi dokuzynjy-otuz ikinji böleklerine laýyklykda şol şöhlat önümleri we et konserwleri gaýtadan işlenilýär ýa-da ýok edilýär.


VII bap. Mal ýaglaryna bildirilýän weterinariýa-sanitariýa talaplary


71. Sagdyn haýwanlardan alynýan ýaglar diňe sowan, sowadylan, doňdurylan ýa-da ak ýag görnüşinde ýerlenilýär. Sowamadyk buga duran ýaglary ýerlemek gadagandyr.

72. Hapalanan, çüýrän, heňlän we ýakymsyz ysly çig mal ýagynyň azyk üçin ýerlenilmegine rugsat berilmeýär.

73. Sary ýaglara, ak ýaglara seljerme geçirilende, organoleptik maglumatlaryň esasynda reňkiniň, ysynyň, tagamynyň, konsistensiýasynyň üýtgändigi, şeýle hem şu Kadalaryň ýigrimi sekizinji böleginde bellenilen esaslaryň bardygy anyklanylsa, olara bilermenler seljermesi geçirilip, şu Kadalaryň ýigrimi dokuzynjy-otuz ikinji böleklerine laýyklykda gaýtadan işlenilýär ýa-da ýok edilýär.


VIII bap. Haýwanlaryň içegelerine bildirilýän weterinariýa-sanitariýa talaplary


74. Içegeler läşden aýrylan badyna weterinariýa gözegçiliginden geçirilýär. Içegelerde mehaniki arassalaýyş işleri geçirilenden soňra çöwrülip, nahar duzunyň doýan ergininde saklanylýar.

75. Duzly içege fabrikatlary, silkilip duzdan boşadylandan soň gözden geçirilýär we bogdak edilip düwülýär. Içege fabrikatlaryna we önümlerine weterinariýa gözegçiligi geçirilenden soň ulanylmaga rugsat edilýär.


IХ bap. Guş ýumurtgalaryna bildirilýän weterinariýa-sanitariýa talaplary


76. Ýokanç kesellerden arassa bolan guşçulyk hojalyklarynda öndürilen ýumurtgalary adam iýmiti üçin ulanmaga ygtyýar edilýär.

77. Iýmit üçin öndürilen guş ýumurtgalarynyň taýýarlanylýan kärhanalarynda Gullugyň we onuň ýerli edaralarynyň degişli hünärmenleri tarapyndan önümleriň hiline, saklanylyşyna gözegçilik barlagy geçirilýär we weterinar barlagyndan geçendigi barada bellik (tagma) goýulýar.

78. Towuk ýumurtgalary berhizlik hem-de naharhana görnüşlerine bölünýär. Ýumurtgalar 7 güne çenli berhizlik hasaplanylyp, iýmit üçin ulanylýar, 7 günden 25 güne çenli naharhana görnüşli ýumurtgalar bolup, olary konditer önümçiliginde ulanmaga rugsat edilýär.

Adam iýmiti üçin esasan towuk ýumurtgalaryny iýmäge rugsat edilýär. Ördek, hindi, gaz ýumurtgalaryny diňe çörek we unly konditer önümleriniň önümçiliginde ulanmaga ygtyýar edilýär. Sowadyjy kameralarda degişli temperaturada (0 - +40) saklanylan ýumurtgalary 120 güne çenli ulanmaga rugsat edilýär. Bedene ýumurtgalary öndürilen gününden 30 güne çenli berhizlik hasaplanylyp, 60 güne çenli iýmite ýaramly hasap edilýär.


Х bap. Mallardan we guşlardan öndürilýän iýmit önümlerini ýerlemek bilen meşgullanýan söwda nokatlarynda döwlet weterinariýa gözegçiligini amala aşyrmagyň tertibi


79. Ilata iýmit önümleriniň ýerlenilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda, kadalaşdyryjy resminamalarda we söwda düzgünlerinde bellenilen talaplara laýyklykda amala aşyrylmalydyr.

80. Senagatda öndürilmedik iýmit önümleriniň söwda bazarlarynda satylmagyna diňe satyjylarda söwda bazarlarynyň sanitariýa-iýmit barlaghanalarynyň iýmit önümleriniň bellenilen talaplara laýyklygyny tassyklaýan netijenamalary bolan mahalynda ýol berilýär. Senagatda öndürilmedik iýmit önümleri diýlip özbaşdak iş bilen meşgullanýan fiziki şahslar tarapyndan öndürilen (ösdürilip ýetişdirilen), gaýtadan işlenilen iýmit önümlerine düşünilýär.

Söwda bazarlaryna iýmit önümleriniň iberilmegine weterinariýa gullugynyň edaralarynyň netijenamasy esasynda ýol berilýär.

81. Mal soýulýan meýdançalarda, guş soýulýan sehlerde eti, guş etini öndürýän, gaýtadan işleýän kärhanalarda weterinar lukmanyň gözegçiliginde soýulyp, weterinariýa-sanitariýa barlaglaryndan geçirilip, möhür basylyp, söwda nokatlaryna getirilen mallaryň we guşlaryň läşlerine diňe şu Kadalaryň ýigrimi sekizinji böleginde bellenilen esaslar bolan ýagdaýynda goşmaça barlaghana barlaglary geçirilýär.

82. Söwda nokatlarynda geçirilýän weterinariýa-sanitariýa barlaglary aşakda görkezilen et we et önümlerine degişlidir:

1) oba hojalyk mallarynyň we guşlarynyň soýulan läşleriniň ähli görnüşleri;

2) eldekileşdirilen ýabany haýwanlaryň we guşlaryň läşleri;

3) sowadylan, doňdurylan, kakadylan, duzlanan et önümleriniň ählisi;

4) mallaryň läşleri bilen getirilen bagyr-öýken, kellebaşaýaklar.

Mallaryň we guşlaryň läşlerinden aýrylyp, aýratyn getirilen bagyr-öýkenlere weterinariýa gözegçiligini geçirmek we olary söwda nokatlarynda satmak gadagan edilýär.

Satmak üçin çykarylan ýabany we öý towşanlarynyň läşleriniň yzky aýaklarynyň injiginde 3 sm hamy aýrylman getirilýär.

83. Guradylan, üwelen etler, kellebaşaýagyň doňdurylan çorbasy, olardan öndürilen şöhlatlar, ýarym fabrikatlar söwda nokatlarynda satylmaga degişli däldir. Diňe alyja görkezilip üwelen etleri satmaga rugsat berilýär.

84. Weterinariýa gözegçiliginden geçirilendigi barada tagma ýa-da weterinariýa güwänamasy bolmadyk malyň läşlerini, şeýle hem gapdalynda öýkeni, bagry, ýüregi, dalagy, böwregi bolmadyk läşleri satmaga rugsat berilmeýär. Bu önümleri ýerlemek üçin biohimiýa, bakteriologiýa barlaglarynyň netijesi boýunça çözgüt çykarylýar. 24 sagadyň dowamynda satylmadyk hem-de söwda nokatlarynyň daşyndaky sowadyjy kameralarda saklanan et önümleri gaýtadan weterinariýa gözegçiliginden geçirilýär.

85. Guş läşleri içi arassalanan bitewi görnüşinde, haýwanlaryň läşleri öýkeni, bagry, ýüregi, dalagy, böwregi bilen bile getirilen ýagdaýynda weterinariýa-sanitariýa barlaglaryndan geçirilip satmaga rugsat berilýär.

Üç hepdelik emýän jojuklardan beýleki doňuzlaryň hem-de ýabany doňuzlaryň läşlerine trihinellýoz keseline barlag geçirilýär.

86. Et we et önümleriniň hiline şühbe dörän ýagdaýynda hökman bakteriologiýa, biohimiýa barlaglary geçirilýär. Barlag üçin alnan nusgalar yzyna gaýtarylman ýok edilýär.

87. Duza ýatyrylan etiň hili, onuň tagamyna, duzly erginleriň reňkine, durulygyna, ysyna, köpürjigine himiki reaksiýa (bakterioskopiýa) arkaly barlag geçirilip kesgitlenilýär. Duza ýatyrylan et önümlerinde 20 günüň dowamynda 7% duzuň bardygy anyklanylsa, önüm iýmite ýaramly hasap edilýär.

88. Iýmite ýaramsyz hasap edilen önümler babatda şu Kadalaryň ýigrimi sekizinji-otuz ikinji bölekleriniň talaplary ýerine ýetirilýär.

89. Şu aşakdaky iýmit önümleriniň ýerlenilmegine ýol berilmeýär:

1) laýyklyk sertifikaty bolmadyk;

2) gelip çykyşy haýwandan bolan senagatda öndürilmedik iýmit önümleriniň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen talaplara laýyk gelýändigini tassyklaýan arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň we weterinariýa gullugynyň netijenamalary bolmadyk;

3) gelip çykyşy tassyklaýan resminamalary (harydyň ýanyna goşulýan haty, fakturasy, satyn almak-satmak şertnamasy) bolmadyk;

4) şu Kadalaryň ýigrimi dokuzynjy bölegine laýyklykda ýaramaz hilli ýa-da howply diýlip ykrar edilen iýmit önümleri;

5) saklanylmagy we ýerlenilmegi üçin zerur degişli şertleri bolmadyk.

Şu bölegiň 1-nji we 3-nji bentlerinde göz öňünde tutulan talaplar senagatda öndürilmedik iýmit önümlerine degişli däldir.

90. Kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelýän iýmit önümleriniň ýerlenilmegi Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan tassyklanylýan düzgünlere laýyklykda amala aşyrylýar.

91. Şu Kadalaryň segsen dokuzynjy bölegine laýyklykda ýerlenilmäge rugsat berilmeýän iýmit önümleri ýüze çykarylan halatlarynda ýuridik we fiziki şahslar görkezilen iýmit önümlerini satuwdan aýyrmaga, howply diýlip ykrar edilen iýmit önümlerini bolsa, sarp edijilerden yzyna almaga borçludyrlar. Şu talap ýerine ýetirilmedik mahalynda görkezilen iýmit önümleri bellenilen tertipde alynmaga degişlidir.

92. Tiz zaýalanýan ýa-da konserwirlenen iýmit önüminiň germetik gaby açylandan soň öndüriji tarapyndan bellenilen saklanyş möhleti geçende, ol möhlet bolmadyk ýagdaýynda bolsa, saklanyş şertleri berjaý edilen mahalynda on iki sagatdan geçen halatynda ýerlenilmegine ýol berilmeýär.


ХI bap. Söwda we jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynda iýmit önümleriniň gös-göni önümçiligi we dolanyşygy bilen meşgullanýan işgärlere bildirilýän talaplar

 

93. Söwda we jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynda iýmit önümleriniň gös-göni önümçiligi we dolanyşygy bilen meşgullanýan işgärler şu ýagdaýlarda lukmançylyk gözegçiliginden geçmäge borçludyrlar:

1) işe giren mahalynda – hökmany deslapky;

2) iş döwründe – döwürleýin;

94. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan tassyklanylýan lukmançylyk barlaglarynyň we sanitariýa-gigiýena okuwynyň geçiriliş tertibine laýyklykda şu Kadalaryň togsan üçünji böleginde görkezilen işgärler sanitariýa-gigiýena okuwyny geçmäge borçludyrlar.

Iýmit önümleriniň gös-göni dolanyşygy bilen meşgullanýan işgärleriň zerur bilimleri we endikleri, degişli resminamalar bilen tassyklanylan degişli bilim derejesi bolmalydyr.

95. Ýokanç keseli bolan ýa-da ýokanç keseliň alamatlary bolan ýa-da şol adamlar bilen gatnaşyk eden işgär ýa-da ýokanç keselleriň göterijisi, şeýle hem lukmançylyk barlagyndan we sanitariýa-gigiýena okuwyny geçmedik işgär iýmit önümleriniň önümçiligi we dolanyşygy bilen meşgullanmaga goýberilmeýär.

 


Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2021-nji ýylyň 17-nji fewralynda 1442 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.