Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň 2021-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda çykaran 5-Ö belgili buýrugy

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň 2020-nji ýylyň 15-nji aprelinde çykaran 45-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanan, Gartaşan adamlara we maýyplygy bolan adamlara durmuş taýdan hyzmat edýän döwlete degişli edaralar hakynda düzgünnama üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek barada


Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň 96-njy maddasynyň üçünji bölegine, “Hukuk namalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 15-nji, 30-njy we 44-nji maddalaryna laýyklykda, Gartaşan adamlara we maýyplygy bolan adamlara durmuş taýdan hyzmat edýän döwlete degişli edaralar hakynda düzgünnamany kämilleşdirmek maksady bilen, buýurýaryn:

1. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2020-nji ýylyň 13-nji maýynda 1326 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Gartaşan adamlara we maýyplygy bolan adamlara durmuş taýdan hyzmat edýän döwlete degişli edaralar hakynda düzgünnamany tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň 2020-nji ýylyň 15-nji aprelinde çykaran 45-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanan, Gartaşan adamlara we maýyplygy bolan adamlara durmuş taýdan hyzmat edýän döwlete degişli edaralar hakynda düzgünnamada:

1) dördünji böleginiň birinji tesiminde “onyň”, “möhüri” diýen sözleri degişlilikde “olaryň”, “möhürleri” diýen sözler bilen çalşyrmaly;

2) on birinji böleginde:

a) 11-nji bendinde “Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň” diýen sözleri “Maliýe we” diýen sözler bilen çalşyrmaly;

b) 15-nji bendinde “durmuş taýdan hyzmat edýän edaralar” diýen sözleri aýyrmaly;

3) otuz üçünji böleginiň ikinji tesiminde “Durmuş taýdan hyzmat edýän edaralar” diýen sözlerden soň “tarapyndan” diýen sözi goşmaly;

4) otuz dördünji böleginde:

a) 5-nji bendinde “bozulanda.” diýen sözi “bozulanda;” diýen söz bilen çalşyrmaly;

b) şu mazmunly 6-njy bendi goşmaly:

“6) hyzmat edilýän adam aradan çykanda.”;

5) otuz bäşinji böleginde “berilýär” diýen sözi “berýärler” diýen söz bilen çalşyrmaly;

6) kyrkynjy böleginde:

a) 2-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:

“2) maddy gymmatlyklaryň saklanmagy üçin durmuş taýdan hyzmat edýän edaranyň jogapkär işgäri;”;

b) 2-nji bendinden soň şu mazmunly 3-nji bendi goşmaly:

“3) durmuş taýdan hyzmat edýän edaranyň beýleki işgärleri girýär.”;

7) kyrk ýedinji böleginiň dördünji tesimini şu görnüşde beýan etmeli:

“Durmuş taýdan hyzmat edýän edaralar her aýda hasabat aýynyň yz ýanyndaky aýyň 5-inden gijä galman Ministrlige Gartaşan adamlara we maýyplygy bolan adamlara durmuş taýdan hyzmat edýän edaranyň gündizki we gije-gündizki bölümlerinde hyzmat edilýän adamlar üçin satyn alnan (kabul edilen) we sarp edilen azyk önümleri barada maglumat (şu Düzgünnama 12-nji goşundy), Gartaşan adamlara we maýyplygy bolan adamlara durmuş taýdan hyzmat edýän edaranyň gündizki we gije-gündizki bölümlerinde hyzmat edilýän adamlar üçin satyn alnan (kabul edilen) we sarp edilen derman we sargy serişdeleri barada maglumat (şu Düzgünnama 13-nji goşundy) berýärler.”;

8) ellinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

“50. Durmuş taýdan hyzmat edilmegine mätäç adamlara öýünde hyzmat etmek saglygy goraýyş edarasynyň netijenamasy boýunça saglyk ýagdaýyna we mätäçligiň häsiýetine baglylykda şu Düzgünnamanyň 1-nji goşundysynda görkezilen durmuş hyzmatlarynyň Sanawyna girýän durmuş hyzmatlaryny etmek, şeýle hem Ministrlik tarapyndan tassyklanan tölegli esasda ýerine ýetirilýän durmuş hyzmatlarynyň bahalarynyň nyrhnamasyna laýyklykda tölegli durmuş hyzmatlaryny etmek arkaly amala aşyrylýar.”.

2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine ministriň orunbasary H.Taçjanowa gözegçilik etmeli.


Ministr                                                                                 M.Sylapow


 

Ylalaşyldy:

Türkmenistanyň Maliýe we

ykdysadyýet ministri                                                        M.N.Serdarow

«12» ýanwar 2021ý.

 


Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2021-nji ýylyň 5-nji fewralynda 1440 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.