Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň hem-de Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň 2020-nji ýylyň 23-nji dekabrynda çykaran MB-152/454-Ö belgili bilelikdäki buýrugy

Gurluşygy tamamlanmadyk obýektleri kabul etmegiň we olaryň bahasyny kesgitlemegiň Tertibini tassyklamak hakynda

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 2-nji maýynda çykaran 14232-nji karary bilen tassyklanan, «Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alnyş ulgamyny tapgyrlaýyn ösdürmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň otuzynjy bölegini ýerine ýetirmek maksady bilen, buýurýaryn:

1. Gurluşygy tamamlanmadyk obýektleri kabul etmegiň we olaryň bahasyny kesgitlemegiň Tertibini tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň hem-de Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň degişli orunbasarlary gözegçilik etmeli.

 

Türkmenistanyň Gurluşyk we

binagärlik ministri                                                              R.Gandymow

Türkmenistanyň Maliýe we

ykdysadyýet ministri                                                         M.Serdarow


Ylalaşyldy:

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky 

gurşawy goramak ministri                                                            M.Baýramdurdyýew

«16» noýabr 2020 ý.

Aşgabat şäher häkimi                                                                    Ý.Gylyjow

«17» noýabr 2020 ý.

Ahal welaýat häkimi                                                                    Ý.Gurbanow

«19» noýabr 2020 ý.

Balkan welaýat häkimi                                                               T.Atahallyýew

«23» noýabr 2020 ý.

Daşoguz welaýat häkimi                                                            N.Nazarmyradow

«30» noýabr 2020 ý. 

Mary welaýat häkimi                                                                 D.Annaberdiýew

«7» dekabr 2020 ý.

Lebap welaýat häkimi                                                              Ş.Amangeldiýew

«14» dekabr 2020 ý.


Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik

ministriniň hem-de Türkmenistanyň Maliýe

 we ykdysadyýet ministriniň 2020-nji ýylyň

23-nji dekabrynda çykaran MB-152/454-Ö

belgili bilelikdäki buýrugy bilen

 tassyklanyldy


Gurluşygy tamamlanmadyk obýektleri

kabul etmegiň we olaryň bahasyny kesgitlemegiň

TERTIBI

 

I bap. Umumy düzgünler

 

1. Şu Gurluşygy tamamlanmadyk obýektleri kabul etmegiň we olaryň bahasyny kesgitlemegiň Tertibi (mundan beýläk - Tertip) Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 2-nji maýynda çykaran 14232-nji karary bilen tassyklanylan «Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alnyş ulgamyny tapgyrlaýyn ösdürmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň otuzynjy bölegini ýerine ýetirmek maksady bilen işlenilip taýýarlanyldy.

2. Şu Tertip gurluşyk, durkuny täzelemek, giňeltmek, tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak we abatlamak (mundan beýläk - gurluşyk) işleri geçirilen gurluşygy tamamlanmadyk obýektleri kabul etmek we olaryň bahasyny kesgitlemek, şol sanda gurluşyk obýektini gurluşygy tamamlanmadyk obýekt hökmünde ykrar etmek boýunça işler alnyp barlanda şähergurluşyk işiniň subýektleriniň amala aşyrmaly işleriniň tertibini kesgitleýär.

3. Şu Tertibiň düzgünleri Türkmenistanyň çäginde gurluşyk işini amala aşyrýan, pudaklaýyn tabynlygyna, eýeçiliginiň we guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan, ähli ýuridik şahslar we fiziki şahslar tarapyndan ýerine ýetirilmäge degişlidir.

4. Şu Tertibiň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) Buýrujy-gurujy (mundan beýläk – Buýrujy) – ýer bölegine eýeçilik, ýerden peýdalanmak ýa-da ýere kärende hukugy bolan, maýa goýujy bolan ýa-da onuň ygtyýarlygynyň esasynda gurluşygy durmuşa geçirmek boýunça çözgüt kabul eden hem-de onuň maliýe üpjünçiliginiň usullaryny we guramaçylygyny kesgitleýän pudaklaýyn tabynlygyna, eýeçiliginiň we guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan ýuridik ýa-da fiziki şahs, şol sanda daşary ýurtly ýuridik ýa-da fiziki şahs;

2) gurluşyk obýekti - wagtlaýyn gurluşlardan, kiosklardan, telärlerden we beýleki şuňa meňzeş gurluşlardan başga, gurulýan, durky täzelenilýän, giňeldilýän, tehniki taýdan enjamlaşdyrylýan we abatlanylýan, ýer bilen pugta baglanyşykly, ýagny özleriniň niýetlenilişine laýyk zyýan ýetirmän orunlaryny üýtgetmek mümkin bolmadyk obýektler;

3) gurluşyk obýektiniň gurluşygynyň togtadylmagy - gurluşykdaky tehnologik arakesmeler bilen baglanyşykly bolmadyk ýagdaýlar sebäpli, gurluşyk işleriniň wagtlaýyn duruzylmagy (alty aýa çenli), geljekde gurluşygy dowam etmek umydy bilen, gurluşyk obýektiniň gurluşygynyň togtadylmagy boýunça degişli resminamalaryň düzülmeginiň amala aşyrylmagy;

4) gurluşyk obýektiniň gurluşygynyň saklanylmagy – gurluşygyň alty aýdan köp wagtyň (käbir ýagdaýlarda alty aýdan az wagtyň) dowamynda togtadylmagy we esasy gurnawlaryň berkligini, durnuklylygyny, abatlygyny hem-de gurnalan we gurnalmadyk materiallaryň, enjamlaryň, gurluşyk obýekti hem-de gurluşyk üçin ulanylýan çäkleriň ilat we daşky gurşaw üçin howpsuzlygyny üpjün edýän ýagdaýa getirilmegi;

5) gurluşygy tamamlanmadyk obýekt – aýratyn gurluş hökmünde döredilmegine Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda rugsat berlen we başlanylan, emma tamamlanmadyk, ýer bilen berk baglanyşygy bolan, wezipesi, ýerleşýän ýeri, möçberleri Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet sanawynyň resminamalarynda beýan edilen gurluşygy saklanylan obýekt;

6) gurluşygy tamamlanmadyk obýektiň tehniki taýdan tükellenilmegi – gurluşyk obýektiniň barlaglarynyň netijeleriniň esasynda gurluşygy tamamlanmadyk obýektiň barlygy, ýerleşýän ýeri, düzümi, meýdany, ýagdaýy, bahasy we beýleki häsiýetnamalary hakynda maglumatlaryň ýygnalmagy, dikeldilmegi we işlenilmegi;

7) gurluşygy tamamlanmadyk obýektiň tehniki pasporty – tehniki tükelleýiş edaralary tarapyndan bellenilen tertipde taýýarlanylan, gurluşygy tamamlanmadyk obýekt hakynda maglumatlary özünde saklaýan resminama;

8) gurluşygy tamamlanmadyk obýektiň inwentar belgisi – gurluşyk obýektiniň Türkmenistanyň çäginde gaýtalanmaýan, onuň bütin bar bolan döwründe saklanyp galýan hem-de bellenilen tertipde berilýän belgisi;

9) Hususy gurujy – öz güýji ýa-da potratçyny çekmek bilen öz hasabyna, jogapkärçiligini öz üstüne almak bilen, öz hajatlary üçin gurluşyk obýektini gurýan fiziki şahs;

10) Potratçy – gurluşyk obýektiniň gurluşygy boýunça maýa goýum taslamasynyň doly durmuşa geçirilmegini üpjün edýän, Buýrujy we Hususy gurujy bilen potrat şertnamasy esasynda gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirýän we beýleki hyzmatlary edýän, degişli ygtyýarnamasy bolan, eýeçiliginiň görnüşine we pudaklaýyn tabynlygyna garamazdan ýuridik şahs ýa-da ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahs - hususy telekeçi;

11) Baş potratçy – ýörite işleri ýerine ýetirmäge şertnama esasynda kömekçi potratçylary çekmek bilen gurluşyk obýektiniň gurluşygy boýunça maýa goýum taslamasynyň doly durmuş geçirilmegini üpjün edýän, Buýrujy we Hususy gurujy bilen potrat şertnamasy esasynda gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirýän we beýleki hyzmatlary edýän, degişli ygtyýarnamasy bolan, eýeçiliginiň görnüşine we pudaklaýyn tabynlygyna garamazdan ýuridik şahs, şol sanda daşary ýurtly ýuridik şahs;

12) Kömekçi potratçy – Baş potratçy bilen şertnama esasynda ýörite işleri ýerine ýetirýän we beýleki hyzmatlary edýän, degişli ygtyýarnamasy bolan, eýeçiliginiň görnüşine we pudaklaýyn tabynlygyna garamazdan ýuridik şahs we ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahs - hususy telekeçi, şol sanda daşary ýurtly ýuridik we fiziki şahs.


II bap. Gurluşyk obýektiniň gurluşygynyň duruzylmagy

 

5. Gurluşyk obýektiniň maksadyna we ýerine ýetirilen gurluşyk işleriniň göwrümine garamazdan, gurluşyk işleriniň duruzylmagy üçin şu aşakdaky ýagdaýlar esas bolup durýar:

1) Buýrujy, Hususy gurujy tarapyndan gurluşyk obýektiniň saklanylmagy barada karara gelinmegi;

2) tassyklanan taslama çözgütlerinden belli bir gyşarmalaryň ýüze çykarylmagy, şol sanda:

a) göwrüm-meýilnamalaşdyryş çözgütlerinden belli bir gyşarmalaryň ýüze çykarylmagy;

b) gurluşyk obýektiniň elementleriniň we gurnawlarynyň berkligi, ygtybarlylygy we durnuklylygy boýunça görkezijileriniň peseldilmegi;

ç) gurluşyk obýektiniň çökmegi we gyşarmagy boýunça görkezijileriniň rugsat berlen çäkden ýokary geçmegi;

d) gurnalýan enjamlaryň tehnologik prosessiň işleýşine laýyk gelmezligi;

e) zähmeti goramak, iş önümçiliginiň howpsuzlygy, şeýle hem daşky gurşawy goramak talaplarynyň yzygiderli we gödek bozulmagy;

3) gurluşyk obýektiniň gurluşygyny dowam etmek üçin Buýrujynyň, Hususy gurujynyň maliýe serişdeleriniň ýoklugy;

4) obýektiw sebäplere (üýtgedip guramak, ýatyrmak, ygtyýarnamadan mahrum etmek, batyp galmak, ygtyýarly edaranyň karary we ş.m.) görä potrat şertnamasyny ýatyrmak baradaky Buýrujynyň, Hususy gurujynyň ýa-da Potratçynyň ýa-da olaryň bilelikdäki çözgüdi;

5) bellenen tertipde gurluşyk obýektiniň gurluşygyny togtatmak barada degişli kararyň kabul edilmegi;

6) Buýrujynyň, Hususy gurujynyň we Potratçynyň arasyndaky arbitraž kazyýet/kazyýet işine, Buýrujynyň, Hususy gurujynyň we/ýa-da Potratçynyň üçünji taraplar bilen arbitraž kazyýet/kazyýet işine seredilmegi, eger-de bu ýagdaý iş önümçiligine ýa-da Buýrujynyň, Hususy gurujynyň we/ýa-da Potratçynyň işine gönüden-göni ýa-da gytaklaýyn täsir edýän bolsa;

7) maliýe tertipleriniň we/ýa-da gurluşyk meýdançasynda önümçilik resminamalarynyň alnyp barylyşynyň we resmileşdirilişiniň gödek bozulmagy;

8) ýeňip geçip bolmajak güýjüň (fors-mažor ýagdaýlaryň) bolmagy;

9) gurluşyk işleriniň geçirilýän wagtynda taryhy we medeni obýektleriň ýüze çykarylmagy;

10) Hususy gurujynyň ölmegi, ol babatda derňew hereketleriniň geçirilmegi, azatlykdan mahrum edilmegi, saglygy goraýyş edaralarynda uzak möhletleýin bejergi almagy ýa-da başga sebäplere görä Hususy gurujynyň gurluşyk işlerini alyp barmaga mümkinçiliginiň bolmazlygy, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki ýagdaýlaryň ýüze çykmagy bilen bagly, Hususy gurujynyň gurluşyk obýektine bolan hukugynyň ýitmegi;

11) kazyýetiň karary;

12) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki ýagdaýlaryň ýüze çykmagy.

6. Gurluşyk obýektiniň gurluşygy tamamlanmadyk obýekt hökmünde ykrar edilmegi bu gurluşyk obýektine bolan degişli hukuk döwlet tarapyndan bellige alnanda hem hökmandyr.


III bap. Gurluşyk obýektini gurluşygy tamamlanmadyk obýekt hökmünde ykrar etmegiň tertibi

 

§1. Ýuridik şahsyň gurluşyk obýektiniň gurluşygy tamamlanmadyk obýekt hökmünde ykrar edilmegi

 

7. Gurluşyk obýektini gurluşygy tamamlanmadyk obýekt hökmünde ykrar etmek üçin Buýrujy tarapyndan şu aşakdaky hereketler amala aşyrylýar:

1) şu Tertibiň sekizinji böleginde görkezilen degişli edaralardan gurluşyk obýektini gurluşygy tamamlanmadyk obýekt hökmünde ykrar etmeklige başlamak üçin ylalaşyk almak;

2) Gurluşygy tamamlanmadyk obýekt boýunça netijenamany (şu Tertibe 1-nji goşundy) ylalaşyp tassyklamak.

8. Buýrujy gurluşyk obýektiniň gurluşygyny amala aşyrmak barada kabul edilen karara ýa-da maliýeleşdirmegiň çeşmesine baglylykda, gurluşyk obýektini gurluşygy tamamlanmadyk obýekt hökmünde ykrar etmek üçin şu aşakdakylar bilen ylalaşyp, degişli hereketleri ýerine ýetirýär:

1) Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen, eger-de gurluşyk:

a) maliýeleşdirmegiň çeşmesine garamazdan, Türkmenistanyň Prezidentiniň namasy ýa-da Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň namasy esasynda alnyp barylýan bolsa;

b) Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ýörite hasaplaryndan maliýeleşdirilýän bolsa;

ç) ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň hasabyna maliýeleşdirilýän bolsa;

2) Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Buýrujynyň tabyn bolan degişli ministrligi, pudaklaýyn dolandyryş edarasy ýa-da welaýat we Aşgabat şäher häkimligi bilen, eger-de gurluşyk Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetiniň maýa goýumlarynyň hasabyna maliýeleşdirilýän bolsa;

3) Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de welaýat ýa-da Aşgabat şäher häkimligi bilen, eger-de gurluşyk daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna ýa-da daşary ýurt maýa goýumlarynyň gatnaşmagynda maliýeleşdirilýän bolsa;

4) welaýat ýa-da Aşgabat şäher häkimligi bilen, eger-de gurluşyk:

a) döwlet eýeçiligine degişli ýuridik şahslaryň (şu bölegiň 1-nji bendiniň “ç” kiçi bendinde görkezilen ýuridik şahslardan beýlekileriň) hasabyna maliýeleşdirilýän bolsa;

b) gatyşyk (birleşen) eýeçilige degişli ýuridik şahslaryň hasabyna maliýeleşdirilýän bolsa;

ç) eýeçiligi döwlete degişli bolmadyk ýuridik şahslaryň hasabyna maliýeleşdirilýän bolsa.

9. Buýrujy Gurluşyk obýektini gurluşygy tamamlanmadyk obýekt hökmünde ykrar etmeklige başlamak üçin ylalaşygyň berilmegi barada ýüztutma (şu Tertibe 2-nji goşundy) bilen şu Tertibiň sekizinji böleginde bellenilen degişli döwlet edaralaryna resmi ýüz tutýar. Gurluşyk obýektini gurluşygy tamamlanmadyk obýekt hökmünde ykrar etmeklige başlamak üçin ylalaşygyň berilmegi barada ýüztutmanyň ýanyna Gurluşyk оbýektinde ýerine ýetirilen işleriň ýagdaýy we göwrümi barada kepilnama (şu Tertibe 3-nji goşundy) we Gurnalmadyk enjamlaryň, gurnawlaryň we ulanylmadyk materiallaryň sanawnamasy (şu Tertibe 4-nji goşundy) goşulýar. Zerur bolan halatlarda goşmaça maglumatlar hem talap edilip bilner.

10. Gurluşyk obýektini gurluşygy tamamlanmadyk obýekt hökmünde ykrar etmeklige başlamak üçin ylalaşyk alnan gününden başlap, 10 (on) iş gününiň dowamynda Buýrujy Gurluşygy tamamlanmadyk obýekt boýunça netijenama taýýarlamak üçin Iş toparynyň düzümini düzýär. Iş toparynyň düzümi we onuň işiniň tertibi ylalaşyk beren degişli edara tarapyndan tassyklanylýar.

11. Iş toparynyň düzümini düzmek üçin Buýrujy gurluşyk işlerini togtatmagyň maksadalaýyklygy barada degişli ylalaşyk alandan soň, 2 (iki) iş gününiň dowamynda Iş toparynyň düzümine öz wekillerini goşmak barada şu Tertibiň on ikinji böleginde sanalyp geçilen şahslara resmi hat ugradýar. Bu şahslar resmi hat gelip gowşan gününden başlap, 3 (üç) iş gününiň dowamynda Iş toparyna öz wekillerini hödürlemelidirler.

12. Iş toparynyň düzümi aşakdakylardan ybarat bolmalydyr:

1) Iş toparynyň başlygy – welaýat ýa-da Aşgabat şäher häkimliginiň wekili;

2) Iş toparynyň başlygynyň orunbasary - Buýrujynyň wekili;

3) Iş toparynyň agzalary:

a) Buýrujynyň gurluşyk obýektindäki wekili;

b) gurluşyk obýektiniň gurluşygyny maliýeleşdirýän karz edarasynyň wekili;

ç) Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekili (gurluşyk obýekti Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetiniň maýa goýumlarynyň hasabyna ýa-da daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna ýa-da daşary ýurt maýa goýumlarynyň gatnaşmagynda maliýeleşdiriliş şertinde);

d) Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň wekili;

e) Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň wekili;

ä) welaýat ýa-da Aşgabat şäher häkimliginiň binagärlik müdirliginiň wekili;

f) welaýatlarda ýa-da Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýer serişdeleri müdirlikleriniň wekili;

g) Potratçynyň wekili (Baş potratçynyň we kömekçi potratçynyň wekili);

h) taslama guramasynyň wekili;

i) ýerli tehniki tükelleýiş edarasynyň wekili.

13. Gurluşyk obýektiniň çylşyrymlylygyna baglylykda, Iş toparynyň işiniň dowamlylygy üç aýa çenli möhlet bilen çäklendirilýär.

Iş toparynyň işiniň anyk dowamlylygy gurluşyk obýektini gurluşygy tamamlanmadyk obýekt hökmünde ykrar etmeklige başlamak üçin ylalaşyk beren degişli edara tarapyndan kesgitlenilýär.

14. Iş toparynyň başlygy Iş toparynyň işiniň guramaçylygyny amala aşyrýar.

15. Iş topary öz işini zerurlyga görä gurluşyk obýektine barmazdan (kameral), şeýle hem gurluşyk obýektiniň ýerinde geçirilýän barlag arkaly gurnaýar.

16. Iş toparynyň gurluşyk obýektiniň ýerinde geçirýän barlagynda Buýrujy Iş toparyny ähli zerur maglumatlar, zerur bolan degişli rugsat, ulag serişdeleri bilen, şeýle hem iş ýerleriniň guramaçylygyny, gurluşyk obýektinde Potratçynyň we öz wekilleriniň bolmagyny üpjün edýär.

17. Iş topary gurluşyk obýektiniň ýerinde we/ýa-da gurluşyk obýektine barmazdan (kameral) barlag geçirende tassyklanan taslama-çenlik resminamalaryny öwrenýär we taslama-çenlik resminamalaryna laýyklykda ýerine ýetirilen işleriň göwrümi barada degişli hasabat maglumatlaryny seljerýär.

18. Barlag geçirilende Iş topary gurluşyk obýektinde aşakdaky işleri ýerine ýetirýär:

1) gurluşyk obýektine tutuşlygyna we onuň aýry düwünlerine, gurnawlaryna hem-de elementlerine daşyndan seredip gözden geçirýär (wizual);

2) ýerine ýetirilen işleriň aýry-aýry göwrümlerini gural bilen ölçeýär;

3) ýerine ýetirilen işleriň hilini gözden geçirýär (wizual) we gural bilen barlaýar;

4) gurluşyk meýdançasynda önümçilik resminamalarynyň bolmagyny we olaryň talaba laýyk taýýarlanylmagyny (iş önümçilik kitaby, awtor gözegçilik kitaby, şahadatnamalar, ýaşyryn işleriň delilnamalary, enjamlaryň synag delilnamalary, barlaghana synaglarynyň delilnamalary we ş.m.) barlaýar;

5) gurluşyk obýekti üçin getirilen we maliýeleşdirmäge alnan, ýöne gurnalmadyk gurluşyk we timarlaýyş materiallarynyň mukdaryny, göwrümini we bahasyny hasaplaýar;

6) gurluşyk obýekti üçin getirilen we maliýeleşdirmäge alnan, ýöne gurnalmadyk enjamlaryň, gurnawlaryň, mehanizmleriň, mebelleriň we beýleki serişdeleriň mukdaryny, nomenklaturasyny we bahasyny hasaplaýar;

7) gurluşyk obýektiniň tehniki pasportyny taýýarlamak üçin zerur ölçeg resminamalaryny (formulýarlary) düzýär;

8) tutuşlygyna gurluşyk obýektini we onuň aýratyn düwünlerini, elementlerini, ýüze çykarylan möhüm hadysalary we gurluşyk obýektiniň hakyky ýagdaýyny surata düşürýär (fotofiksasiýa).

19. Geçirilen barlagyň netijeleri boýunça Gurluşyk obýektiniň ýagdaýynyň barlag delilnamasy (mundan beýläk - Barlag delilnamasy, şu Tertibe 5-nji goşundy) düzülýär.

Barlag delilnamasynyň ýanyna şu aşakdakylar goşulýar:

1) Gurluşyk obýektinde ýerine ýetirilen işleriň ýagdaýy we göwrümi barada kepilnama;

2) Ulanylmadyk gurluşyk we timarlaýyş materiallarynyň mukdary, göwrümi we bahasy barada hasabat (şu Tertibe 6-njy goşundy);

3) Gurnalmadyk enjamlaryň, gurnawlaryň, mehanizmleriň, mebelleriň we beýleki serişdeleriň mukdary, nomenklaturasy we bahasy barada hasabat (şu Tertibe 7-nji goşundy);

4) tutuşlygyna gurluşyk obýektiniň we onuň aýratyn düwünleriniň, elementleriniň, ýüze çykarylan möhüm hadysalaryň we gurluşyk obýektiniň hakyky ýagdaýynyň suratlary (fotofiksasiýa).

20. Barlag delilnamasy üç nusgada düzülýär. Onuň bir nusgasy Iş toparynda (degişli welaýat ýa-da Aşgabat şäher häkimliginde) galdyrylýar, galan iki nusgasy Buýruja we Potratça (Baş potratça) hersine bir nusgadan berilýär.

21. Iş topary obýekte barmazdan geçirilýän barlagyň (kameral) we ýerinde geçirilýän barlagyň/barlaglaryň netijeleri boýunça düzülen Barlag delilnamasynyň/Barlag delilnamalarynyň we beýleki işleriň esasynda gurluşygy tamamlanmadyk obýektde hakykatda ýerine ýetirilen işleriň möçberiniň we tassyklanan taslama-çenlik resminamasynyň esasynda gurluşygy tamamlanmadyk obýektiň hakyky bahasyny kesgitleýär.

22. Iş toparynyň işiniň netijelerine görä, gurluşygy tamamlanmadyk obýektiň hakyky bahasynyň kesgitlenilmegi bilen bilelikde Gurluşygy tamamlanmadyk obýekt boýunça netijenama düzülýär we resmileşdirilýär.

Buýrujy dört sany asyl nusgada düzülen Gurluşygy tamamlanmadyk obýekt boýunça netijenamany şu Tertibiň sekizinji bölegine laýyklykda ylalaşyk beren degişli edara bilen ylalaşyp tassyklaýar.

23. Buýrujy özi tarapyndan tassyklanan Gurluşygy tamamlanmadyk obýekt boýunça netijenamanyň asyl nusgasynyň birini özünde galdyrýar we beýleki üçüsini aşakdakylara iberýär:

1) şu Tertibiň sekizinji bölegine laýyklykda ylalaşyk beren degişli edara;

2) Potratça (Baş potratça);

3) welaýat ýa-da Aşgabat şäher häkimligine.

24. Buýrujy Gurluşygy tamamlanmadyk obýekt boýunça netijenama tassyklanandan soň, 10 (on) iş gününiň dowamynda onuň nusgasyny aşakdakylara iberýär:

1) Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligine;

2) Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine;

3) Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine;

4) Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine;

5) Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetine;

6) gurluşyk obýektiniň gurluşygyny maliýeleşdirýän karz edarasyna;

7) ýerli tehniki tükelleýiş edarasyna.

25. Gurluşygy tamamlanmadyk obýekt boýunça netijenamanyň tassyklanylmagy Buýrujyny gurluşyk obýektinde potrat şertnamasy boýunça ýerine ýetirilen ähli işleriň jedelsiz böleginiň bahasyny gyzyklanýan taraplara tölemekden boşatmaýar.

26. Gurluşygy tamamlanmadyk obýekt boýunça netijenama tassyklanylandan soň:

1) Potratçy (Baş potratçy) aşakdakylara borçludyr:

a) gurluşyk obýektiniň goragy we gurluşyk obýektinde bar bolan emlägiň abatlygy boýunça guramaçylygyny Buýruja tabşyrmaga;

b) Buýrujy bilen özara ylalaşyk esasynda potrat şertnamasyny ýatyrmaga;

ç) kabul ediş-tabşyryş delilnamasy boýunça degişli önümçilik we taslama-çenlik resminamalaryny, şeýle hem maliýeleşdirmäge alnan emlägi Buýruja tabşyrmaga.

2) Buýrujy aşakdakylara borçludyr:

a) Potratçy (Baş potratçy) tarapyndan tabşyrylan gurluşyk obýektiniň goragy we gurluşyk obýektinde bar bolan emlägiň abatlygy boýunça guramaçylygyny kabul etmäge;

b) Potratçy (Baş potratçy) bilen özara ylalaşyk esasynda potrat şertnamasyny ýatyrmaga;

ç) Potratçydan (Baş potratçydan) kabul ediş-tabşyryş delilnamasy boýunça degişli önümçilik we taslama-çenlik resminamalaryny, şeýle hem maliýeleşdirmäge alnan emlägi kabul etmäge.

27. Şähergurluşyk işiniň subýektleriniň gurluşyk obýektini saklamak we saklamakdan çykarmak boýunça hereketleriniň düzgünleri aýratyn kadalaşdyryjy-tehniki resminama bilen düzgünleşdirilýär.

28. Gurluşyk obýektiniň gurluşygy tamamlanmadyk obýekt hökmünde bolup durmagynyň bes edilmegi üçin esaslar:

1) gurluşygy tamamlanmadyk obýektiň sökülip aýrylmagy;

2) gurluşygy tamamlanmadyk obýektiň gurluşygyny saklamak şertini bes edip, obýektde degişli işleriň täzeden dowam etdirilmegi;

3) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki ýagdaýlar.

29. Gurluşygy tamamlanmadyk obýekt boýunça netijenama tassyklanylandan soň, Buýrujy tamamlanmadyk gurluşygyň saklanylandygyny tassyklaýan resminamany almak üçin gurluşyk obýektiniň ýerleşýän ýeri boýunça degişli etrap (şäher) häkimligine Gurluşyk obýektiniň gurluşygynyň saklanylmagy hakynda ýüztutma (şu Tertibe 8-nji goşundy) bilen ýüzlenýär. Gurluşyk obýektiniň gurluşygynyň saklanylmagy hakynda ýüztutmada gurluşyk obýektiniň gurluşygynyň saklanylmagyna getiren esaslar (obýektiň gurluşygyny dowam etmek üçin maliýe serişdeleriniň ýoklugy, obýektiň gurluşygyny tamamlamazdan onuň aýrybaşgalanmagyny isleýänligi, gurluşyk obýekti bilen baglanyşykly potrat şertnamasynyň ýatyrylmagy we beýleki sebäpler) görkezilmäge degişlidir.

30. Gurluşyk obýektiniň gurluşygynyň saklanylmagy hakynda ýüztutmanyň ýanyna şu aşakdaky resminamalar goşulýar:

1) Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmäniň, Döwlet tarapyndan bellige almak hem-de Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyna girizmek baradaky şahadatnamanyň, ýuridik şahsyň esaslandyryş resminamasynyň (Tertipnamasynyň) nusgasy;

2) ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslar-hususy telekeçiler üçin - hususy telekeçi hökmünde döwlet belligine alnandygyny tassyklaýan resminamasynyň nusgasy;

3) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde resmileşdirilen ýer bölegine bolan degişli hukugy tassyklaýan resminamanyň (häkimiň kararynyň, ýer bölegine eýeçilik hukugyny berýän Döwlet namasynyň, ýerden peýdalanmak hukugyny berýän Döwlet namasynyň, ýere kärende hukugy barada Şahadatnamanyň) nusgasy;

4) gurluşyk obýektiniň taslama guramasy tarapyndan berlen Gurluşygyň taslamadan düýpli gyşarman hem-de gurluşyk kadalary we düzgünleri bozulman alnyp barlandygyny tassyklaýan kepilnamanyň (şu Tertibe 9-njy goşundy) nusgasy (bu resminama ony bermek barada ýüz tutulan gününden başlap, 10 (on) iş gününiň dowamynda taslama guramasy tarapyndan berilmelidir);

5) Iş toparynyň Gurluşygy tamamlanmadyk obýekt boýunça netijenamasynyň nusgasy.

31. Gurluşyk obýektiniň gurluşygynyň saklanylmagy hakynda ýüztutma berlen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda gurluşyk obýektiniň ýerleşýän ýeri boýunça degişli etrap (şäher) häkimligi tarapyndan tamamlanmadyk gurluşygyň saklanylandygyny tassyklaýan resminama berilýär.

32. Gurluşyk obýektiniň ýerleşýän ýeri boýunça degişli etrap (şäher) häkimligi tarapyndan berlen tamamlanmadyk gurluşygyň saklanylandygyny tassyklaýan resminama esasynda obýektiň ýerleşýän ýeri boýunça degişli tehniki tükelleýiş edarasy tarapyndan şu Tertibiň IV babyna laýyklykda gurluşygy tamamlanmadyk obýektiň tehniki pasporty taýýarlanylýar.

33. Ýuridik şahslaryň gurluşygy tamamlanmadyk obýekte bolan hukugynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin gurluşyk obýekti şu paragrafyň talaplaryna laýyklykda gurluşygy tamamlanmadyk obýekt hökmünde ykrar edilmäge degişlidir.

Ýuridik şahslaryň gurluşygy tamamlanmadyk obýekte bolan hukugynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy şu resminamalaryň esasynda amala aşyrylýar:

1) gurluşyk obýektiniň gurluşygy üçin ýer bölegini bölüp bermek hakynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň çözgüdi, ýer bölegine eýeçilik hukugyny berýän Döwlet namasy, ýerden peýdalanmak hukugyny berýän Döwlet namasy, ýere kärende hukugy barada Şahadatnamasy;

2) degişli etrap (şäher) häkimligi tarapyndan berlen tamamlanmadyk gurluşygyň saklanylandygyny tassyklaýan resminama;

3) gurluşyk obýektiniň taslama guramasy tarapyndan berlen Gurluşygyň taslamadan düýpli gyşarman hem-de gurluşyk kadalary we düzgünleri bozulman alnyp barlandygyny tassyklaýan kepilnama;

4) tehniki tükelleýiş edaralary tarapyndan berilýän gurluşygy tamamlanmadyk obýektiň tehniki pasporty.


§2. Hususy gurujynyň gurluşyk obýektiniň gurluşygy tamamlanmadyk obýekt hökmünde ykrar edilmegi


34. Hususy gurujy tamamlanmadyk gurluşygyň saklanylandygyny tassyklaýan resminamany almak üçin gurluşyk obýektiniň ýerleşýän ýeri boýunça degişli etrap (şäher) häkimligine Gurluşyk obýektiniň gurluşygynyň saklanylmagy hakynda ýüztutma bilen ýüz tutýar.

Gurluşyk obýektiniň gurluşygynyň saklanylmagy hakynda ýüztutmada gurluşyk obýektiniň gurluşygynyň saklanylmagyna getiren esaslar (obýektiň gurluşygyny dowam etmek üçin maliýe serişdeleriniň ýoklugy, Hususy gurujynyň öz islegine görä obýektiň gurluşygyny tamamlamazdan onuň aýrybaşgalanmagyny isleýänligi, gurluşyk obýekti bilen baglanyşykly potrat şertnamasynyň ýatyrylmagy we beýleki sebäpler) görkezilmäge degişlidir.

35. Gurluşyk obýektiniň gurluşygynyň saklanylmagy hakynda ýüztutmanyň ýanyna şu aşakdaky resminamalar goşulýar:

1) Hususy gurujynyň şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň (pasportynyň  ýa-da onuň ornuny tutýan resminamanyň), Hususy gurujy ölen bolsa, Ölüm hakynda şahadatnamanyň nusgasy;

2) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde resmileşdirilen ýer bölegine bolan degişli hukugy tassyklaýan resminamanyň (häkimiň kararynyň, ýer bölegine eýeçilik hukugyny berýän Döwlet namasynyň, ýerden peýdalanmak hukugyny berýän Döwlet namasynyň, ýere kärende hukugy barada Şahadatnamanyň) nusgasy;

3) gurluşyk obýektiniň taslamasynyň ýa-da çyzgysynyň nusgasy;

4) degişli etrap (şäher) häkimliginiň binagärlik bölümi tarapyndan berlen gurluşyk obýektiniň gurluşygynyň taslamadan/çyzgydan düýpli gyşarman hem-de gurluşyk kadalary we düzgünleri bozulman alnyp barlandygyny tassyklaýan resminamanyň nusgasy (bu resminama ony bermek barada ýüz tutulan gününden başlap, 10 (on) iş gününiň dowamynda degişli etrap (şäher) häkimliginiň binagärlik bölümi tarapyndan berilmelidir).

Şu bölegiň birinji tesiminde görkezilen resminamalaryň asyl nusgalary olaryň nusgalary bilen deňeşdirilip, yzyna gaýtarylmalydyr.

36. Gurluşyk obýektiniň gurluşygynyň saklanylmagy hakynda ýüztutma berlen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda gurluşyk obýektiniň ýerleşýän ýeri boýunça degişli etrap (şäher) häkimligi tarapyndan tamamlanmadyk gurluşygyň saklanylandygyny tassyklaýan resminama berilýär.

37. Gurluşyk obýektiniň ýerleşýän ýeri boýunça degişli etrap (şäher) häkimligi tarapyndan berlen tamamlanmadyk gurluşygyň saklanylandygyny tassyklaýan resminama esasynda obýektiň ýerleşýän ýeri boýunça degişli tehniki tükelleýiş edaralary tarapyndan şu Tertibiň IV babyna laýyklykda gurluşygy tamamlanmadyk obýektiň tehniki pasporty taýýarlanylýar.

38. Hususy gurujynyň gurluşygy tamamlanmadyk obýekte bolan hukugynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin gurluşyk obýekti şu paragrafyň talaplaryna laýyklykda gurluşygy tamamlanmadyk obýekt hökmünde ykrar edilmäge degişlidir.

39. Hususy gurujynyň gurluşygy tamamlanmadyk obýekte bolan hukugynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy şu resminamalaryň esasynda amala aşyrylýar:

1) gurluşyk obýektiniň gurluşygy üçin ýer bölegini bölüp bermek hakynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň çözgüdi, ýer bölegine eýeçilik hukugyny berýän Döwlet namasy, ýerden peýdalanmak hukugyny berýän Döwlet namasy, ýere kärende hukugy barada Şahadatnamasy;

2) degişli etrap (şäher) häkimligi tarapyndan berlen tamamlanmadyk gurluşygyň saklanylandygyny tassyklaýan resminama;

3) degişli etrap (şäher) häkimliginiň binagärlik bölümi tarapyndan berlen gurluşygyň taslamadan/çyzgydan düýpli gyşarman hem-de gurluşyk kadalary we düzgünleri bozulman alnyp barlandygyny tassyklaýan resminama;

4) tehniki tükelleýiş edaralary tarapyndan berilýän gurluşygy tamamlanmadyk obýektiň tehniki pasporty.


IV bap. Gurluşygy tamamlanmadyk obýektiň tehniki pasportyny resmileşdirmegiň we bermegiň tertibi


40. Gurluşygy tamamlanmadyk obýektiň tehniki pasporty gurluşygy tamamlanmadyk obýektiň beýanyny we obýekt barada doly maglumaty öz içine alýan bitewi resminama bolup durýar.

Gurluşygy tamamlanmadyk obýektiň tehniki pasporty iki nusgada taýýarlanylýar, onuň bir nusgasy Buýruja ýa-da Hususy guruja berilýär, ikinji nusgasy degişli tehniki tükelleýiş edarasynda saklanylýar.

Gurluşygy tamamlanmadyk obýektiň tehniki pasporty gurluşygy tamamlanmadyk obýekte bolan degişli hukugyň döwlet belligine alynmagy amala aşyryljak bolan ýagdaýynda taýýarlanylýar.

Gurluşygy tamamlanmadyk obýektiň tehniki taýdan tükellenilmegi tamamlanandan soň bu obýekt tehniki tükelleýiş edaralary tarapyndan döwlet hasabyna alynmaga degişlidir.

Gurluşygy tamamlanmadyk obýektiň döwlet hasaby ony hasaba almagyň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda gurluşygy tamamlanmadyk obýektiň tehniki hasaba alnyşyny, şol sanda onuň tehniki tükelleýiş we tehniki pasportlaşdyryş işleriniň geçirilmegini, inwentar belginiň berilmegini (gurluşygy tamamlanmadyk obýekte tehniki pasporty – bu obýektiň bellenilen talaplara laýyk gelşini üpjün etmek bilen bagly obýekt hakynda maglumatlary özünde saklaýan resminamany resmileşdirmegi) göz öňünde tutmalydyr.

41. Gurluşygy tamamlanmadyk obýektiň tehniki pasportyny almak maksady bilen Buýrujy ýa-da Hususy gurujy Gurluşygy tamamlanmadyk obýektiň tehniki pasportyny almak barada arza (şu Tertibe 10-njy goşundy) bilen gurluşygy tamamlanmadyk obýektiň ýerleşýän ýeri boýunça degişli tehniki tükelleýiş edarasyna ýüz tutýar.

42. Gurluşygy tamamlanmadyk obýektiň tehniki pasportyny almak barada arzanyň ýanyna aşakdaky resminamalar goşulýar:

1) Hususy gurujy üçin - şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň (pasportynyň ýa-da onuň ornuny tutýan resminamanyň) nusgasy, Hususy gurujy ölen bolsa Ölüm hakynda şahadatnamanyň nusgasy;

2) ýuridik şahsyň wekili üçin - ýuridik şahsyň esaslandyryş resminamalarynyň nusgasy, şeýle hem ýuridik şahsyň wekiliniň şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň nusgasy we onuň bu ýuridik şahsyň adyndan hereket etmäge ygtyýarlylygyny tassyklaýan resminamanyň nusgasy;

3) ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslar-hususy telekeçiler üçin - hususy telekeçi hökmünde döwlet belligine alnandygyny tassyklaýan resminamasynyň nusgasy;

4) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde resmileşdirilen ýer bölegine bolan degişli hukugy tassyklaýan resminama:

a) etrabyň (şäheriň) häkiminiň Türkmenistanyň raýatlaryna ýer böleklerini eýeçilige bermek hakyndaky karary;

b) Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurt döwletleriniň raýatlaryna we ýuridik şahslaryna, daşary ýurt döwletlerine we halkara guramalaryna ýer böleklerini kärendä bermek hakyndaky karary;

ç) Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň fiziki we ýuridik şahslaryna ýerleri kärendä bermek şertnamasy;

d) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gurluşyk obýektiniň gurluşygyna berlen rugsatnama;

e) ýer bölegine hususy eýeçilik hukugyna - ýer bölegine eýeçilik hukugyny berýän Döwlet namasy, ýerden peýdalanmak hukugyna - ýerden peýdalanmak hukugyny berýän Döwlet namasy, ýer böleklerine kärende hukugyna - ýere kärende hukugy barada Şahadatnama;

ä) ýer böleginiň meýilnamasy (çyzgy);

f) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki resminamalar;

5) Gurluşygy tamamlanmadyk obýekt boýunça netijenama (Buýrujylar babatda degişli) we obýektiň ýerleşýän ýeri boýunça degişli etrap (şäher) häkimligi tarapyndan berlen tamamlanmadyk gurluşygyň saklanylandygyny tassyklaýan resminama. Gurluşygy tamamlanmadyk obýekt boýunça netijenama Hususy gurujylardan talap edilmeýär.

Şu bölegiň birinji tesiminde görkezilen resminamalaryň asyl nusgalary olaryň nusgalary bilen deňeşdirilip yzyna gaýtarylmalydyr.

43. Gurluşygy tamamlanmadyk obýektiň tehniki pasportyny taýýarlamak boýunça işler gurluşygy tamamlanmadyk obýektiň hökmany barlanmagy bilen geçirilýär.

Gurluşygy tamamlanmadyk obýektiň tehniki pasporty “Gurluşygy tamamlanmadyk obýektiň tehniki pasporty” atly şu Tertibiň 11-nji goşundysyna laýyklykda taýýarlanylýar.

44. Gurluşygy tamamlanmadyk obýektiň tehniki pasportynda Ýer bölegi barada maglumat şu Tertibiň kyrk ikinji böleginiň birinji tesiminiň 4-nji bendinde görkezilen resminamalara esaslanylyp doldurylýar.

45. Ýer böleginiň ýagdaý meýilnamasy degişli edaralar tarapyndan gurluşyk obýekti tehniki taýdan hasaba alnanda ýer böleginiň meýilnamasyny taýýarlamagyň talaplaryna laýyklykda doldurylýar.

Ýer böleginiň ýagdaý meýilnamasynyň eksplikasiýasynda gurluşyk obýektiniň hakyky gurluşyk meýdany görkezilýär. Ýer böleginiň ýagdaý meýilnamasynda gurluşygy dowam edýän obýektiň hakyky (gurlan) araçäkleri tutuş çyzyk bilen, taslama resminamalaryna laýyklykda gurluşygy dowam edýän obýektiň araçäkleri ştrihli punktirli çyzyk bilen görkezilýär.

46. Gurluşygy tamamlanmadyk obýekt barada umumy maglumat Buýrujynyň we Hususy gurujynyň gurluşyk obýektiniň taslamasynyň/çyzgysynyň maglumatlaryna laýyklykda doldurylýar.

Buýrujynyň, Hususy gurujynyň beren taslamasyny/çyzgysyny ulanmaga rugsat berilýär, bu barada “Taslama boýunça” diýen setirde bellik edilýär. Buýrujyda, Hususy gurujyda taslama/çyzgy resminamalary bolmadyk halatynda “Resminamalar görkezilmedi” diýen ýazgy edilýär.

47. Gurluşygy tamamlanmadyk obýektiň tehniki beýany taslama maglumatlary we tükelleýiş boýunça ýerine ýetirilen işler (hakykatda bar bolan) esasynda doldurylýar. Binýadyň, diwarlaryň we örtgüleriň materiallary ýörite klassifikatorlara görä doldurylýar. Eger gurnawçylyk elementi ýok bolsa, “Hakykatda” diýen sütüninde çyzyk goýulýar.

Taslama-çenlik resminamalary ýok bolsa, “Taslama boýunça” sütüni doldurylmaýar (çyzyk goýulýar). Buýrujy, Hususy gurujy tarapyndan taslama-çenlik resminamalary görkezilen bolsa, “Taslama boýunça” sütün bellik bilen doldurylýar.

48. Gurluşyk barada maglumat Buýrujynyň, Hususy gurujynyň tabşyran we gurluşygy tamamlanmadyk obýekt boýunça hakyky ýerine ýetirilen işleri tassyklaýan aşakdaky resminamalara laýyklykda doldurylýar:

1) Gurluşygy tamamlanmadyk obýekt boýunça netijenama;

2) tükelleýiş iş toparynyň delilnamasy;

3) ýerine ýetirilen işler barada maglumatlary öz içine alýan beýleki resminamalar.

49. Gurluşyk obýektiniň taýýarlyk derejesi anyklanan halatynda tehniki tükelleýiş edarasy tarapyndan “Goşmaça maglumatlar” diýen setirde alnan netijeler, şeýle hem gurluşygy tamamlanmadyk obýektiň gurluşygynyň hakyky ýagdaýy (pasporty doldurmak üçin zerur stasionar enjamlaryň we beýleki maglumatlaryň bolmagy) görkezilýär.

50. Eger haýsydyr bir sebäplere görä gurluşyk obýektiniň taýýarlyk derejesini kesgitläp bolmaýan bolsa, degişli setirlere çyzyklar goýulýar.

 

V bap. Jemleýji düzgünler


51. Gurluşygy tamamlanmadyk obýektiň bahasy “Buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ilkinji resminamalar arkaly tassyklanan maglumatlar esasynda hakyky ýerine ýetirilen harajatlardan ugur alnyp, “Baha kesmek işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna we baha kesmek işi babatynda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda kesgitlenilýär.

52. Welaýat we Aşgabat şäher häkimlikleri tarapyndan gurluşygy tamamlanmadyk obýektler hasaba alynmaga we olaryň sanawy ýöredilmäge degişlidir.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan döwlet eýeçiligine degişli gurluşygy tamamlanmadyk obýektler hasaba alynmaga we olaryň sanawy ýöredilmäge degişlidir.

Welaýatlarda we Aşgabat şäherinde gurluşygy tamamlanmadyk obýektler barada Döwlet maglumatlar binýady welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň maliýe we ykdysadyýet edaralary tarapyndan bitewi tehniki esaslarda elektron görnüşinde alnyp barylýar.

53. Gurluşygy tamamlanylmadyk obýekte bolan eýeçilik hukugynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy “Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 1-nji dekabrynda çykaran 14508-nji karary bilen tassyklanylan, Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet sanawyny ýöretmegiň Düzgünlerinde, Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2019-njy ýylyň 3-nji aprelinde 1206 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet sanawynyň resminamalaryny ýöretmegiň Tertiplerini tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Adalat ministriniň 2019-njy ýylyň 12-nji martynda çykaran 19-iş belgili buýrugy bilen tassyklanylan Döwlet tarapyndan bellige alynmaga gelip gowuşýan resminamalaryň hasaba alnyş kitabynyň ýöredilmeginiň Tertibinde, Bellige alyş işiniň ýöredilmeginiň Tertibinde, Bellige alyş kitabynyň ýöredilmeginiň Tertibinde, Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet sanawyndan fiziki we ýuridik şahslaryň maglumat bermek baradaky ýüz tutmalaryny hasaba alyş kitabynyň ýörediliş Tertibinde bellenilen kadalara laýyklykda amala aşyrylýar.

54. Şu Tertip bilen düzgünleşdirilmedik gatnaşyklar Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda düzgünleşdirilýär.



Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2021-nji ýylyň 3-nji fewralynda 1438 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.