Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň 2020-nji ýylyň 28-nji dekabrynda çykaran 379 belgili buýrugy

Adamyň immunýetmezçilik wirus ýokançly adamlaryň

hasabyny ýöretmegiň we olara dispanser gözegçiligini etmegiň,

şeýle hem AIW-ýokanjynyň epidemiologik gözegçilik barlagynyň geçirilmegini amala aşyrmagyň tertibini tassyklamak hakynda


“Adamyň immunýetmezçilik wirusy sebäpli döreýän keseliň (AIW-ýokanjynyň) ýaýramagyna garşy göreşmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 14-nji maddasynyň ikinji bölegini ýerine ýetirmek maksady bilen, buýurýaryn:

1. Adamyň immunýetmezçilik wirus ýokançly adamlaryň hasabyny ýöretmegiň we olara dispanser gözegçiligini etmegiň, şeýle hem AIW-ýokanjynyň epidemiologik gözegçilik barlagynyň geçirilmegini amala aşyrmagyň tertibini tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Ç.Agamyradow gözegçilik etmeli.


Ministr                                                                           N.Amannepesow


Türkmenistanyň Saglygy goraýyş

we derman senagaty ministriniň

2020-nji ýylyň 28-nji dekabrynda

çykaran 379 belgili buýrugy bilen

tassyklanyldy

 

Adamyň immunýetmezçilik wirus ýokançly adamlaryň hasabyny ýöretmegiň we olara dispanser gözegçiligini etmegiň, şeýle hem 

AIW-ýokanjynyň epidemiologik gözegçilik barlagynyň geçirilmegini amala aşyrmagyň 

Tertibi

 

I bap. Umumy düzgünler

 

1. Adamyň immunýetmezçilik wirus ýokançly adamlaryň hasabyny ýöretmegiň we olara dispanser gözegçiligini etmegiň, şeýle hem AIW-ýokanjynyň epidemiologik gözegçilik barlagynyň geçirilmegini amala aşyrmagyň tertibi (mundan beýläk - Tertip) “Adamyň immunýetmezçilik wirusy sebäpli döreýän keseliň (AIW-ýokanjynyň) ýaýramagyna garşy göreşmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 14-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy hem-de adamyň immunýetmezçilik wirusy (mundan beýläk - AIW) ýokançly adamlaryň hasabyny ýöretmegiň, olara dispanser gözegçiligini etmegiň, şeýle hem AIW-ýokanjynyň epidemiologik gözegçilik barlagynyň geçirilmegini amala aşyrmagyň tertibini düzgünleşdirýär.

2. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Milli AIDS-iň öňüni alyş merkezi (mundan beýläk - Milli merkez) we welaýatlaryň AIDS-iň öňüni alyş merkezleri AIW-ýokanjynyň öňüniň alynmagyny, anyklanylmagyny, AIW-ýokanjynyň epidemiologik gözegçiligik barlagyny, AIW ýokançly adamlaryň dispanser gözegçiligini we olaryň hasabyny ýöretmegi amala aşyrýan edaralar bolup durýarlar.

3. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Gan merkezi, welaýatlaryň Gan banklary we bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň kliniki-anyklaýyş barlaghanalary AIW-iň anyklanyş barlaglaryny geçirýärler.

4. AIW ýokançly adamlar we AIDS-li näsaglar babatynda anyklaýyş-bejeriş we beýleki çäreler saglygy goraýyş edaralary tarapyndan olaryň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde amala aşyrylýar.

5. Şu Tertipdäki düşünjeler “Adamyň immunýetmezçilik wirusy sebäpli döreýän keseliň (AIW-ýokanjynyň) ýaýramagyna garşy göreşmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda ulanylýar.


II bap. AIW ýokançly adamlaryň hasabyny ýöretmegiň tertibi

 

6. AIW ýokançly adamlaryň hasabyny ýöretmek maksady bilen, AIW ýokançly adamlaryň sanawy (mundan beýläk - sanaw) düzülýär.

7. Sanaw Milli merkez we welaýatlaryň AIDS-iň öňüni alyş merkezleri tarapyndan ýöredilýär.

8. AIW ýokançly adamlar olarda AIW-ýokanjynyň ýüze çykarylan gününden Milli merkez we welaýatlaryň AIDS-iň öňüni alyş merkezleri tarapyndan sanawa girizilýär. Sanaw Milli merkez we welaýatlaryň AIDS-iň öňüni alyş merkezleri tarapyndan kagyz we elektron görnüşlerinde alnyp barylýar.

Sanawyň kagyz görnüşi, ýagny Milli merkeziň we welaýatlaryň AIDS-iň öňüni alyş merkezleriniň AIW-anyklaýyş barlaghanasynda 582/h görnüşli Immunoferment barlagynyň (mundan beýläk - IFB) netijesi AIW-iň bardygyny görkezen ýagdaýynda barlaghana boýunça hasaba alynýan depderçede we 584/h görnüşli Immunoblotda (mundan beýläk - IB) ganyň nusgasynyň AIDS-e barlagynyň netijesi hasaba alynýan depderçede, Epidemiologik gözegçilik bölüminde 583/h görnüşli Epidemiologik gözegçilik bölümi boýunça diňe IFB-da pozitiw netije ýüze çykarylan adamlary hasaba alýan depderçede hem-de Gizlin barlag we dispanser gözegçilik bölüminde 585/h görnüşli Gizlin barlag we dispanser gözegçilik bölüminiň ýokanç keseller lukmany tarapyndan gan nusgalarynyň IFB-da pozitiw bolanlary hasaba alýan depderçesi we 074/h görnüşli Gatnawly bejergi alýan näsaglary bellige alyş depderçede bellik etmek arkaly ýöredilýär.

“Adamyň immunýetmezçilik wirusy sebäpli döreýän keseliň (AIW-ýokanjynyň) ýaýramagyna garşy göreşmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 22-nji maddasyna laýyklykda, AIW ýokançly adamlaryň hasabyny ýöretmäge, olara dispanser gözegçiligini etmäge we AIW-ýokanjynyň epidemiologik gözegçilik barlagyny geçirmäge ygtyýarly saglygy goraýyş işgärleri öz gulluk borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly özüne mälim bolan maglumatlary gizlinlikde saklamaga borçludyrlar.

Donorlyk çygryndaky işi amala aşyrýan saglygy goraýyş edaralarynda (mundan beýläk-gan gullugy edaralary) IFB pozitiw ýüze çykarylan ýagdaýynda, adamlar donor hökmünde hasapdan çykarylýar, şeýle hem haýal etmän Milli merkeze we welaýatlaryň AIDS-iň öňüni alyş merkezlerine habar berilýär.

 

III bap. AIW ýokançly adamlara dispanser gözegçiligini etmegiň tertibi

 

9. AIW ýokançly adamlara dispanser gözegçiligini geçirmegiň esasy maksady näsagyň ömrüni uzaltmakdan, ýaşaýşynyň hilini gowulandyrmakdan, işe ukyplylygyny saklamakdan, oňa ruhy-durmuş taýdan goldaw bermekden hem-de ýaşaýşa howp salýan zeperlenmeleriň döremeginiň öňüni almaga ýardam berýän retrowirusa garşy bejergini (mundan beýläk - RWG bejergi) öz wagtynda bellemekden ybarat bolup durýar.

10. AIW ýokançly adamlar AIW-ýokanjynyň möwjeýändiginiň ilkinji alamatlaryny köplenç özbaşdak duýmaýarlar. Şol sebäpli bu alamatlary dispanser gözegçiliginiň çäklerinde geçirilýän döwürleýin barlaglaryň kömegi arkaly işjeň ýüze çykarmak zerur bolup durýar. AIW-ýokanjynyň oňa mahsus bolan uzak dowamly (köp ýyllyk) kliniki alamatsyz geçişinde (RWG bejergi netijeli bolanda, bu ýagdaýyň ömürlik saklanmagy mümkin) AIW ýokançly adamlaryň özüni ýarawsyz duýmaýandygy we meýilnama boýunça barlaglardan geçmeklige esas görmeýändigi sebäpli, olary barlaglardan geçmeklige işjeň çagyrmalydyr.

AIW ýokançly adamlara dispanser gözegçiligi Milli merkez we welaýatlaryň AIDS-iň öňüni alyş merkezleri tarapyndan geçirilýär. “Adamyň immunýetmezçilik wirusy sebäpli döreýän keseliň (AIW-ýokanjynyň) ýaýramagyna garşy göreşmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 8-nji maddasynyň 9-njy bendine laýyklykda, Milli merkez AIW ýokançly adamlary we AIDS-li näsaglary ýüze çykarmagy guraýar, RWG bejergini geçirýär, olaryň dispanser gözegçiligini we olara durmuş taýdan kömek bermek çärelerini amala aşyrýar.

 

§1. AIW ýokançly adamlaryň dispanser gözegçiligine alnyşy

 

11. AIW-ýokanjy kesel kesgitlemesi tassyklanan AIW ýokançly adamlar dispanser gözegçiligine alynýar. AIW ýokançly adamlar AIW-ýokanjy bilen baglanyşykly dispanser gözegçiligine alnanda hökmany geçirilmeli barlaglar we amala aşyrylmaly işler şu aşakdakylardan ybaratdyr:

1) AIW ýokançly adamy ruhy - durmuş taýdan uýgunlaşdyrmak (eger-de zerur bolsa, ruhy - durmuş goldaw gulluklaryna ibermek);

2) test barlagyndan soňky maslahatlaşmak;

3) AIW-ýokanjynyň kesel kesgitlemesini tassyklamak;

4) AIW-ýokanjynyň kliniki döwrüni we tapgyryny anyklamak;

5) RWG bejergini bellemek;

6) AIW-ýokanjynyň ikilenç keselleriniň himiýa-öňüni alyş çärelerine görkezmeleri ýüze çykarmak (sitometriýa barlagynyň netijesi boýunça);

7) AIW-ýokanjynyň ikilenç kesellerini ýüze çykarmak, olaryň agyrlyk derejesini we bejerginiň zerurlygyny anyklamak;

8) bilelikde geçýän keselleri (şol sanda AIW-ýokanjy bilen baglanyşykly) ýüze çykarmak, olaryň agyrlyk derejesini we bejerginiň zerurlygyny anyklamak.

AIW-ýokanjy ýüze çykarylan adama döwlet kepillikleri, onuň hukuklary we borçlary, şeýle hem durmuş-ruhy goldaw gulluklary barada doly maglumat berilmelidir.


§2. AIW ýokançly adamlaryň dispanser gözegçiliginiň guramaçylygy we tertibi

 

12. Dispanser gözegçilik AIW-i anyklaýyş barlaglaryň netijelerine we AIW-ýokanjynyň alamatlaryna baglylykda aşakdaky dispanser toparlary boýunça alnyp barylýar:

1) “0” dispanser toparyna ganyň IFB “negatiw” ýa-da “näbelli” netijeleri bolan AIW ýokançly adamlar;

2) I dispanser toparyna 2 IFB “pozitiw”, IB “negatiw” netijeleri bolan AIW ýokançly adamlar;

3) II dispanser toparyna 2 IFB “pozitiw”, IB “gümanly” netijeleri bolan AIW ýokançly adamlar;

4) III dispanser toparyna kliniki alamatsyz AIW ýokançly adamlar;

5) IV dispanser toparyna kliniki alamatly AIW ýokançly adamlar degişlidir.

13. “0” dispanser toparyna AIW ýokançly adam bilen jyns galtaşygynda bolan adamlar, gulluk borçlaryny ýerine ýetiren wagty AIW-iň ýokuşmak töwekgelligine sezewar bolan saglygy goraýyş işgärleri (AIW ýokançly adamlara emler we sanjymlar geçirilende iňňeler we lukmançylyk gurallary bilen şikeslenmek), AIW ýokançly enelerden doglan çagalar gözegçilige alynýar we olara degişli himiýa-öňüni alyş çäreleri geçirilýär.

14. AIW ýokançly eneden çaga wirusyň geçmeginiň öňüni almak maksady bilen, täze doglan çaga himiýa-öňüni alyş çäreleri 42 (kyrk iki) senenama gününiň dowamynda geçirilýär we çaga on sekiz aýa çenli kliniki gözegçilikde saklanylýar. AIW ýokançly eneden doglan çagalaryň immunologik statusyny anyklamak üçin çaga bir, iki, dört, alty aýlykda polimeraz zynjyrly reaksiýa (PZR), doglan wagty, on iki we on sekiz aýlykda IFB geçirilýär. Geçirilen barlaglaryň netijeleri “negatiw” bolanda we AIW-ýokanjynyň kliniki alamatlary ýüze çykmadyk ýagdaýynda çaga on sekiz aýlykda dispanser gözegçiliginden hasapdan çykarylýar.

Gulluk borçlaryny ýerine ýetiren wagty saglygy goraýyş işgärleri we AIW ýokançly adama ideg edýän maşgala agzalary AIW-iň ýokuşmak töwekgelligine sezewar bolan ýagdaýlarynda şu aşakdaky galtaşmadan soňky çäreler geçirilýär:

1) ilkinji kömek çäreleri - näsagyň biologik suwuklyklar bilen galtaşygynyň wagtyny azaltmaga we ýokançlanmanyň howpunyň derejesini peseltmek üçin galtaşma bolan ýerini dogry zyýansyzlandyrmaga gönükdirilen AIW-iň ýokuşmak töwekgelligine sezewar bolnandan soň gyssagly geçirilmeli çäreler. Bu çäreler Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenen tertipde geçirilýär;

2) galtaşmadan soň, mümkin boldugyça gysga wagtda AIW-ýokanjyna IFB;

3) gyssagly, ýöne 72 (ýetmiş iki) sagada çenli RWG bejerginiň tertibine laýyklykda başlanylýan himiýa-öňüni alyş bejergisi (ýigrimi sekiz senenama gününiň dowamynda);

4) bir ýylyň dowamynda alnyp barylýan dispanser gözegçiligi we IFB üç, alty, on iki aýdan gaýtalanylýar.

15. I dispanser toparyna degişli näsaglar kliniki we barlaghana gözegçiliginde saklanylýar hem-de üç, alty, on iki aýdan IB barlagy gaýtalanylyp, onuň netijesine görä näsagyň dispanser toparyna degişliligi kesgitlenilýär. Näsagyň bir dispanser toparyndan beýleki dispanser toparyna geçirilmegi lukmançylyk maslahat beriş topary (mundan beýläk-Topar) tarapyndan çözülýär. Toparyň düzümine Milli merkeziň we welaýatlaryň AID-iň öňüni alyş merkezleriniň ýolbaşçysy, epidemiolog we ýokanç keseller lukmanlary girýär.

IB barlagynyň netijesi bir ýylyň dowamynda “negatiw” bolsa, Toparyň çözgüdi bilen näsag dispanser gözegçiliginden aýrylýar. IB barlagy “gümanly” netije berse, näsag II dispanser toparyna geçirilýär, IB barlagynyň netijesi “pozitiw” bolsa, näsag üçünji dispanser toparyna geçirilýär.

16. II dispanser toparynda gözegçilikde saklanylýan näsagyň IB barlagy üç, alty, on iki aýdan gaýtalanylýar. IB barlagy “negatiw” bolan ýagdaýynda Toparyň çözgüdi bilen näsag dispanser gözegçiliginden aýrylýar. Nobatdaky IB barlagy gaýtadan “gümanly” netije berse, näsag II dispanser toparynda galdyrylýar. Ganyň IB barlagy gaýtadan geçirilende “pozitiw” netije berse we AIW-ýokanjy alamatsyz geçse, III dispanser toparyna, kliniki alamatlary bolan ýagdaýynda IV dispanser toparyna geçirilýär.

17. III we IV dispanser toparlaryna degişli näsaglara kliniki gözegçiligi, olary anyklaýyş barlaglaryna ugratmagy, RWG bejergini, onuň netijeliligine baha bermegi ýokanç keseller lukmany amala aşyrýar we epidemiolog lukman gözegçilikde saklaýar. AIW-ýokanjynyň döwri keselleriň kliniki alamatlarynyň ýüze çykmagyna görä Bütündünýä saglygy goraýyş guramasynyň kliniki klassifikasiýasyna laýyklykda kesgitlenilýär.

 

§3. AIW ýokançly adamlar AIW-ýokanjy bilen baglanyşykly dispanser gözegçiligine alnanda geçirilýän barlaglar

 

18. AIW ýokançly adamy ilkinji kabul edişlik ýörite okuwy geçen ýokanç keseller lukmany tarapyndan amala aşyrylýar. Bu kabul edişligiň maksady AIW ýokançly adamda AIW-ýokanjynyň barlygy, keseliň döwürleri we tapgyrlary, geçirilmeli barlaglaryň göwrümi we bejerginiň zerurlygy barada maslahatlaşmakdan ybarat bolup durýar.

19. Ýokanç keseller lukmanynyň kabul edişliginiň dowamynda keseliň taryhynyň maglumatlarynyň ýygnalmagyndan we bedeniň daşky barlagyndan başga-da, şu aşakdaky ýagdaýlara hökman aýratyn üns berilýär:

1) epidemiologik maglumatlar ýygnalanda – AIW-iň ýokuşmak töwekgelligine baha berilýär, AIW-ýokanjynyň mümkin bolan ýokuşma ýoly, AIW-i ýokuşdyrmak töwekgelliginde AIW ýokançly adamyň özüni alyp baryşy barada soraglara;

2) kesel taryhynyň maglumatlary ýygnalanda - AIW-e öňki barlaglar (barlagyň öň geçirilendigi, haçan geçirilendigi, soňky “negatiw” we ilkinji “pozitiw” barlaglaryň seneleri), AIW-ýokanjyna meňzeş kliniki alamatlar, ikilenç keselleriň alamatlary barada soraglara;

3) bilelikde geçýän keselleriň taryhy ýygnalanda - AIW-iň geçiş ýoly bilen meňzeş (wirusly gepatitler, jyns gatnaşyklary arkaly geçýän keseller ýa-da AIW-ýokanjy bilen köplenç utgaşýan keseller (inçekesel we beýleki keseller) barada soraglara;

4) bedeniň daşky barlagynda - limfadenopatiýanyň hem-de deriniň we nemli bardalaryň zeperlenmeleriniň bolmagyna.

Deri örtükleri we görünýän nemli bardalar, şol sanda jyns agzalary we artbujak çägi doly gözden geçirilmelidir, sebäbi edil şol ýerlerde AIW ýokançly adamlaryň derisinde zeperlenmeler ýüze çykýar.

20. AIW ýokançly adam ilkinji barlagdan geçirilende ýokanç keseller lukmany kesel kesgidini doly anyklamak üçin barlaghana we instrumental barlaglardan başga-da, inçe ugurly lukmanlaryň maslahatlaryna ugradýar, netijeleri alnandan soňra ýokanç keseller lukmany AIW ýokançly adamy gaýtadan kabul edýär. Ýokanç keseller lukmanynyň gaýtadan kabul edişliginiň maksady AIW-ýokanjynyň döwri we tapgyry barada gutarnykly karara gelmekden, alnan maglumatlaryň hem-de barlaghana we instrumental barlaglaryň netijeleriniň esasynda AIW ýokançly adama geljekde geçirilmeli gözegçiligiň meýilnamasyny we onuň bejergisini kesgitlemekden ybarat bolup durýar. Görkezmeler bolanda ýokanç keseller lukmany tarapyndan zerur bejergi bellenilýär. Käbir halatlarda, bu tapgyrda bejeriji lukmanyň AIW ýokançly adamy iki gezek kabul etmegi ýeterlik bolmazlygy mümkindir, şeýle ýagdaýda goşmaça maslahatlar geçirilýär.

AIW ýokançly adamyň bejergisiniň yzygiderliligini üpjün etmek maksady bilen, şol adamy dispanser gözegçiligine alan bejeriji lukman onuň gözegçiliginiň we bejergisiniň indiki tapgyrlaryny hem alyp barýar.

21. Instrumental barlaglar inçe ugurly lukmanlaryň maslahatlary ýaly AIW ýokançly adamda bar bolan ikilenç we utgaşýan keselleri ýüze çykarmak we bejermek maksady bilen geçirilýär. Instrumental barlaglaryň hatarynda hökmany barlaglara döş kapasasynyň rentgenografiýasy, garyn boşlugynyň we kiçi çanaklygyň agzalarynyň ultrases barlaglary, elektrokardiografiýa barlaglary degişli bolup durýar. Görkezmeler bolanda instrumental barlaglaryň göwrümi giňeldilýär.

22. AIW ýokançly adamlar dispanser gözegçiligine alnanda AIW-ýokanjynyň geçişine baha bermek we utgaşýan keselleri ýüze çykarmak üçin barlaghana barlaglary geçirilýär.

23. AIW-ýokanjynyň möwjemegine baha bermek üçin şu aşakdaky barlaglar geçirilýär:

1) ganda CD4 öýjükleriniň mukdaryny, zerur halatynda olaryň % düzümini anyklaýyş barlagy (şeýle-de zerur halatynda CD8 öýjükleriň + derejesi anyklanylýar);

2) ganda AIW RNT (wirus agramlygy) derejesini anyklaýyş barlagy.


§4. RWG bejergi alýan AIW ýokançly adamlara gözegçilik

 

24. AIW ýokançly adamlara we AIDS-li näsaglara RWG tölegsiz bejergi Milli merkezde we welaýatlaryň AIDS-iň öňüni alyş merkezlerinde, AIW-ýokanjynyň döwrüne baglylykda Toparyň çözgüdi esasynda, Milli merkeziň ugrukdyrmagynda we gözegçiliginde geçirilýär. AIW ýokançly adamyň RWG bejergä yhlaslylygyna we bejerginiň netijeliligine ýokanç keseller lukmany gözegçilik edýär.

25. RWG bejergi Retrowirusa garşy bejergi alýan adamyň immunýetmezçilik wirusy ýokançly adamlara barlaghana barlaglarynyň geçirilişiniň möhletinde (şu Tertibe 1-nji goşundy) bellenilen RWG derman serişdelerine laýyklykda kesgitlenilýär.

 

§5. AIW ýokançly adamlara derman serişdeleri bilen bejergi

 

26. AIW-ýokançly adamlaryň derman serişdeleri bilen bejergisi şu aşakdaky ugurlary özünde jemleýär:

1) RWG bejergi;

2) öňüni alyş bejergisi (ikilenç keselleriň himiýa-öňüni alyş bejergisi);

3) ikilenç keselleriň bejergisi;

4) utgaşýan keselleriň bejergisi.

27. AIW ýokançly adamlaryň derman serişdeleri bilen bejergisiniň esasy bölegi keseliň geçişine gözegçilik etmäge, ýagny doly bejermäge mümkinçiligiň ýoklugyna garamazdan, keseliň möwjemegini togtatmaga we ikilenç keselleri yzyna gaýtarmaga (eger-de olar ýüze çykan bolsa) ýardam berýän RWG bejergiden ybarat bolup durýar.

RWG bejergi AIW ýokançly adamlara olaryň ganynda wirusyň mukdarynyň güýçli peselmegine we AIW ýokançly adamyň ömrüniň uzalmagyna mümkinçilik berýän derman serişdeleriniň bellenilmegine esaslanýar. Bu derman serişdeleri RWG derman serişdeleri diýlip atlandyrylýar.

28. RWG bejerginiň esasy maksady AIW ýokançly adamlaryň ömrüni uzaltmakdan we durmuşynyň hilini hem-de onuň zähmete ukyplylygyny saklamakdan (dikeltmekden), şeýle hem:

1) AIW ýokançly adamlaryň AIW-i ýokuşdyrmagyny peseltmekden (jyns we neşe serişdeleri bilen galtaşyklarda, çaganyň göwrelilik, dogrum döwürlerinde we enäniň süýdi bilen iýmitlendirilende, AIW ýokançly adama lukmançylyk kömegi berlende saglygy goraýyş işgärlerine we beýleki hünärmenlere AIW-iň ýokuşmak töwekgelliginiň peselmegi);

2) AIW ýokançly adamlaryň hassahana ýerleşdirilmegi, ikilenç keselleriň bejergisi, näsagyň zähmete ukypsyzlygy, oňa we onuň eklenjindäkilere durmuş taýdan kömek berilmeginiň zerurlygy bilen baglanyşykly çykdajylary peseltmekden;

3) ýaş ilatyň reproduksiýa ukybynyň peselmegi we ölümçiligi bilen baglanyşykly demografik ýitgileri peseltmekden ybarat bolup durýar.

Bu maksatlary amala aşyrmaga mümkinçilik berýän RWG bejerginiň esasy wezipesi AIW-iň köpelmeginiň badyny ýokary derejede peseltmekden ybarat bolup durýar, bu bolsa wirusyň agramlygynyň anyklap bolmaýan derejä çenli peselmegi bilen kesgitlenilýär.

29. AIW-ýokanjynyň köpelmeginiň badynyň peselmegi CD4 öýjükleriň ölmegini togtadýar, netijede olaryň görnüşi we funksional işjeňligi dikelýär (ortaça ýylda CD4 öýjükleriň mukdaryna 100-e çenli öýjük goşulýar). Ondan başga-da, AIW-iň köpelmeginiň badynyň netijeli peselmegi bejerginiň täsirine durnukly ştammlary döredýän üýtgäp özgermek ýagdaýynyň (mutasiýa) ýüze çykmak ähtimallygyny peseldýär. Immun ýagdaýynyň dikelmegi ikilenç keselleriň döremeginiň öňüni alýar, eger-de olar dörän bolsa, onda olaryň ýitmegine getirýär. Bu bolsa näsagyň durmuşynyň hilini gowulandyrýar, onuň zähmete ukyplylygyny dikeldýär ýa-da saklaýar, wagtyndan öň ölümiň öňüni alýar. Ganda, dölde, jynshananyň bölünip çykyndylarynda wirusyň mukdarynyň pes bolmagy näsaglaryň ýokançlylygynyň derejesini peseldýär.

30. RWG bejerginiň netijeliligini we howpsuzlygyny üpjün edýän şertler:

1) AIW ýokançly adamlaryň gözegçilige we bejergä yhlaslylygy;

2) RWG bejergisine mümkin boldugyndan ir başlanylmagy;

3) dogrulyk, ýagny her AIW ýokançly adam üçin derman serişdelerini dykgatly saýlap, bar bolan maslahatlaryň esasynda olaryň utgaşmagynyň laýyk sazlaşdyrylmagy;

4) yzygiderlilik, ýagny RWG derman serişdeleriniň bejeriji lukmanyň maslahatlaryna laýyklykda yzygiderli kabul edilmegi (AIW-iň eneden çaga geçmeginiň öňüni almak üçin göwrelilik we dogrum döwürlerinde, täze doglan çaga 42 günüň dowamynda, galtaşmadan soň bir aýyň dowamynda RWG derman serişdeleriniň ulanylyşyndan başga).

RWG bejergi barada ähli maglumatlar AIW ýokançly adama diňe dilden däl-de, ýazuw görnüşinde hem hödürlenilýär. RWG bejergisine başlanmazdan öň AIW ýokançly adamdan AIW-ýokanjynyň retrowirusa garşy bejergisini geçirmäge razyçylygyň maglumat delilnamasy (şu Tertibe 2-nji goşundy) alynýar. AIW ýokançly çaga RWG bejergi bellenende, onuň ata-enesiniň birinden ýa-da onuň ornuny tutýan adamdan Çaga AIW-ýokanjynyň retrowirusa garşy bejergisini geçirmäge razyçylygyň maglumat delilnamasy (şu Tertibe 3-nji goşundy) alynýar.

 

§6. RWG bejerginiň tertipler boýunça häsiýetnamasy

 

31. RWG bejergi ýokary işjeň tertipler boýunça geçirilýär. AIW ýokançly adama birbada üçden az bolmadyk RWG derman serişdeleri bellenilýär. Ýokary işjeň bejergi göwrelilik döwründäki himiýa-öňüni alyş we AIW ýokançly adam bilen epidemik ähmiýetli galtaşykda bolan adamlara bellenilýän öňüni alyş bejergiden başga ähli ýagdaýlarda mydamalyk bellenilýär.

32. RWG bejerginiň tertipleriniň görnüşleri:

1) ýörelgeli tertip – bu wirusologik netijeliligi subut edilen, oňaýly kabul edilýän, ykdysady taýdan esaslandyrylan görnüş. Ol AIW ýokançly adama bellemek üçin ilkinji nobatda ulanylýar;

2) alternatiw tertip – wirusologik netijeliligi subut edilen, oňaýly kabul edilýän, AIW ýokançly adamlaryň aýratyn toparlaryna ýa-da RWG bejerginiň ýörelgeli tertibini ulanmaga garşy görkezmeleri bolan näsaglara bellenilýär;

3) makullanan tertip – RWG bejerginiň ýörelgeli we alternatiw tertiplerini belläp bolmaýan ýagdaýlarda ulanylýan, netijeliligi az öwrenilen tertip. Makullanan tertip diňe ýörelgeli ýa-da alternatiw tertipleri bellemek mümkin bolmadyk ýagdaýynda (meselem, garşy görkezmeler bolan halatynda, derman serişdelere ýaramaz täsirler ýüze çykan ýagdaýynda we beýleki ýagdaýlarda) ulanylýar.

33. RWG bejerginiň tertipleriniň birinji, ikinji, üçünji hatarlary bar.

RWG bejerginiň tertipleriniň birinji hatary – bu öň RWG bejergisini kabul etmedik AIW ýokançly adamlara bellenilýän bejergi bolup durýar.

RWG bejerginiň tertipleriniň ikinji hatary – bu birinji hataryň netijeliligi bolmadyk ýagdaýlarynda ulanylýar. Şu aýratynlyk bilen, olar ýörelgeli tertibi götermezlik ýa-da onuň düzümindäki derman serişdeleriniň haýsydyr biriniň bellenmegine çäklenme ýa-da garşy görkezme bolan ýagdaýynda bellenilýän alternatiw tertipden tapawutlanýar.

RWG bejerginiň tertipleriniň üçünji hatary ikinji hataryň netijeliligi bolmadyk halatynda bellenilýär.

34. Şu Tertibiň otuz ikinji böleginde bellenilen RWG bejerginiň tertiplerinden başga, ätiýaçlyk tertipler (çykalga üçin tertipler) hem ulanylyp bilner. Ätiýaçlyk tertip (çykalga üçin tertip) – RWG bejerginiň tertipleriniň görnüşleriniň ikinji we üçünji hatarlarynyň netijeliligi bolmadyk halatynda ulanylýan standart däl tertip. Ol her bir näsag üçin aýratynlykda wirusyň durnuklylygyna barlaglaryň we öňki geçirilen bejerginiň netijeleriniň seljerişine laýyklykda, derman serişdeleriniň dürli toparlaryny özünde jemleýär.

35. RWG bejergi СD4 öýjükleriniň sanyna we keseliň kliniki döwrüne garamazdan, ähli AIW ýokançly adamlara bellenilmelidir. AIW-ýokanjynyň bejergisinde ulanylýan RWG derman serişdeleriniň toparlary aşakdakylardan ybaratdyr:

1) yza gaýdýan transkiptazanyň nukleotid ingibitorlary (mundan beýläk - YGTNI):

a) аbakawir (ABC) 300 mg gerdejik;

b) zidowudin (ZDV ýa-da AZT) 100 mg kapsula, 300 mg gerdejik;

ç) lamiwudin (3TC) 150/300 mg gerdejik;

d) tenofowir (TDF) 300 mg gerdejik;

e) emtrisitabin (FTC) 200 mg gerdejik;

2) yza gaýdýan transkiptazanyň nukleotid däl ingibitorlary (mundan beýläk – YGTNDI):

a) newirapin (NVP) 200 mg;

b) efawirenz (EFV) 200/400/600 mg gerdejik;

ç) etrawirin (ETV) 100/200 mg gerdejik;

3) proteazanyň ingibitorlary (PI):

a) lopinawir/ritonawir (LPV/r) 200/50 mg gerdejik;

b) darunawir (DRV) 400 mg, 600 mg, 800 mg gerdejik;

ç) atanazawir/ritonawir (ATV/r) 300/100mg gerdejik;

4) integrazanyň ingibitorlary (II):

a) raltegrawir (RAL) 100 mg/400 mg gerdejik;

b) dolutegrawir (DTG) 50 mg gerdejik.

36. RWG derman serişdeleriniň birinji hatarynda YGTNI toparyndan iki derman serişde, YGTNDI toparyndan bir derman serişde utgaşygyny we gerek bolsa goşmaça integrazanyň ingibitoryny ulanmak teklip edilýär.

Eger-de efawirenz ulanyp bolmasa, ony alternatiw derman serişdelerine, başga YGTNDI ýa-da ritonawir bilen güýçlendirilen proteazanyň ingibitory bilen çalyşmalydyr. Aýratyn ýagdaýlarda nukleotid esasa goşmaça edip, integrazanyň ingibitorlary ýa-da üçünji YGTNI ulanylýar.

Uly adamlar we çagalar üçin ýörelgeli, alternatiw we makullanan tertiplerde ulanylýan derman serişdeleriniň çyzgytlary Uly adamlar üçin retrowirusa garşy derman serişdeleriniň çyzgytlarynda we Çagalar üçin retrowirusa garşy derman serişdeleriniň çyzgytlarynda (şu Tertibe 4-nji we 5-nji goşundylar) görkezilendir.

37. RWG bejergini näsaglaryň “aýratyn toparlary” üçin alternatiw tertipden başlamak amatlydyr, sebäbi olar tarapyndan bu tertipler has täsirli, howpsuz we oňaýly kabul edilýär.

Näsaglaryň “aýratyn toparlary” şu aşakdakylardyr:

1) göwreli aýallar;

2) CD4+ limfositleriň sany pes bolan näsaglar (≤ 50 öýjük/mkl);

3) anamnezinde neýrokognitiw bozulmalary bar bolan näsaglar;

4) dowamly böwrek kesellerinden ejir çekýän näsaglar;

5) dowamly gepatitly we ganda aminotranferazalaryň derejesi ýokary bolan näsaglar;

6) inçekesele garşy derman serişdelerini kabul edýän näsaglar;

7) AIW-2 bilen ýokançlanan näsaglar.

38. Göwreli aýallara - EFV-ni göwreligiň 12 hepdesine çenli bellemek gadagandyr.

39RWG bejerginiň esasy çyzgydy - ATV/r ýa-da LPV/r we ZDV/3TC.

40. Alternatiw çyzgytlar:

1) AZT+3TC+ NVP;

2) TDF+3ТС (ýa-da FTC)+NVP.

41. Aýratyn ýagdaýlarda - АВС+3ТС+ LPV/r (ýa-da RAL).

42. Näsaglar ýüze çykarylanda CD4+ limfositleriň sany pes bolan ýagdaýlary (≤ 50 öýjük/mkl) - RWG bejerginiň esasy çyzgydy: DTG ýa-da DRV/r ýa-da LPV/r kombinasiýada АВС bilen, ýa-da TDF + 3TC, ýa-da FTC.

RWG bejerginiň çyzgytlaryna proteazanyň ingibitorlarynyň toparyna girýän dermanlary goşmak we nukleotid esasynda ABC bilen 3TC ýa-da TDF bilen 3TC standart dozalarda (ýa-da kombinirlenen derman serişde TDF/FTC) ulanmak maslahat berilýär.

43. Anamnezinde neýrokognitiw bozulmalary bar bolan näsaglar üçin RWG bejerginiň esasy çyzgydy - LPV/r ýa-da RAL we AZT/3TC.

44. Dowamly böwrek kesellerinden ejir çekýän näsaglar üçin RWG bejerginiň esasy çyzgydy - АВС/3ТС + EFV (NVP).

Böwrekleriň işjeňligine minimal täsir edýän derman serişde LPV/r. ТDF-i böwrek ýetmezçiliginden ejir çekýän näsaglara bellemek maslahat berilmeýär.

45. Dowamly gepatitli we ganda aminotranferazalaryň derejesi ýokary bolan näsaglar üçin:

1) ALT we AST derejesi kada ýa-da kadadan 2,5 esse ýokary bolmadyk ýagdaýynda EFV kombinasiýada TDF+3TC ýa-da TDF/FTC;

2) ALT we AST derejesi kadadan 2,5 esse ýokary bolanda (PI) DRV/r ýa-da LPV/r kombinasiýada TDF+3TC bilen ýa-da TDF/FTC.

46. Dowamly gepatit “C” bilen utgaşykly gelýän AIW-ýokanjy - CD4+ limfositleriň sany 500 öýjük/mkl köp bolsa, diňe dowamly gepatit “C” keseliň bejergisine başlamak maslahat berilýär.

47. CD4+ limfositleriň sany 500 öýjük/mkl az bolsa, dowamly gepatit “C” keseliň bejergisine RWG derman serişdeleri bilen bilelikde başlamak maslahat berilýär.

48. CD4+ limfositleriň sany 350 öýjük/mkl az bolsa, ilkinji nobatda AIW-ýokanjynyň bejergisine başlanylýar, soňra dowamly gepatitiň bejergisi goşulýar. YGTNI iň amatly utgaşygy TDF+ 3TC ýa-da FTC standart dozalarda. TDF garşy görkezmeler ýüze çykan ýagdaýynda АВС bellemelidir.

Eger-de näsag dowamly gepatit “C” garşy bejergi almaýan bolsa, RWG bejerginiň düzümine ZDV+3TC goşmalydyr.

49. Inçekesele garşy derman serişdelerini kabul edýän näsaglarda:

1) AIW ýokançly adamlarda inçekesel anyklanan bolsa, CD4 limfositleriň sanyna garamazdan bejergi başlanylmalydyr. Ilkinji nobatda inçekeseliň bejergisine başlanylýar, soňra (8-nji hepdesinde) RWG derman serişdeleri goşulýar. Çenden aşa immunýetmezçlikli adamlara (CD4 öýjükleriň sany 50 öýjük/mkl az bolsa) inçekesele garşy bejergi başlandan soň 2 hepdeden RWG bejergisi goşmaça bellenilmelidir;

2) Inçekesel meningiti bilen utgaşykly gelýän AIW-ýokanjynda inçekesele garşy bejerginiň depginli döwri tamamalanandan soň RWG dermanlary goşmalydyr.

Inçekesele garşy bejerginiň başlangyç döwründe YGTNDI toparyndan EFV kombinasiýada YGTNI toparyndan iki derman serişdeleri bilen bellenilýär. Birinji hataryň çyzgytlaryna 3TC ýa-da FTC we TDF bilen goşulýar. EFV ýok bolan ýagdaýynda şu bejerginiň çyzgydy maslahat berilýär: 3TC (ýa-da FTC) + ZDV + ABC (TDF). Proteazanyň ingibitorlary inçekesele garşy derman serişdeleri bilen bilelikde bellenilmeýär.

50. AIW-2 bilen infisirlenen näsaglara - RWG derman serişdeleriniň maslahat berilýän çyzgytlary - DRV/r ýa-da LPV/r kombinasiýada АВС bilen, ýa-da TDF, ýa-da ZDV + 3TC ýa-da FTC. Alternatiw derman serişdelerinden beýleki proteazanyň ingibitory we YGTNI ulanyp bolar, YGTNDI toparyň derman serişdeleri AIW-2 görnüşine täsir etmeýärler.

51. RWG derman serişdelerine goşmaça ýaramaz täsirler ýüze çykanda olaryň ýerine bellenilýän derman serişdeleriniň sanawy Retrowirusa garşy derman serişdelerine goşmaça ýaramaz täsirler ýüze çykanda ulanylýan alternatiw derman serişdeleriniň sanawynda (şu Tertibe 6-njy goşundy) görkezilendir.


§7. RWG derman serişdeleriniň birinji hataryna durnuklylyk dörän ýagdaýynda ikinji we üçünji hatarlaryň derman serişdeleriniň ulanylmagy


52. Üç aý aralyk bilen geçirilen iki yzygiderli barlaglaryň netijelerine laýyklykda hemişe ýüze çykarylýan 1000 kop/ml “wirus agramlylygy” bejerginiň şowsuzlygyny görkezýär (RWG bejergi başlanylanyndan 6 aý geçenden soň).

Ikinji hatara degişli RWG bejergi iki YGTNI-dan + ritonawir bilen güýçlenen proteazanyň ingibitoryndan ybarat bolmalydyr. Ikinji hataryň RWG bejergisinde şu aşakda görkezilen tertipleriň yzygiderliligi maslahat berilýär:

1) birinji hataryň TDF+3TC tertibiniň şowsuzlygynda ikinji hataryň AZT+3TC tertibine çalşyrmaly;

2) birinji hataryň AZT ýa-da d4T+3TC tertibine şowsuzlygynda ikinji hataryň TDF+3TC tertibine çalşyrmaly;

3) üçünji hataryň RWG derman serişdesi hökmünde aşakdakylar bellenilýär:

a) güýçlenen proteazanyň ingibitorlary (PI)– ATV/r ýa-da LPV/r;

b) integrazanyň ingibitory (II) - RAL;

4) çagalarda aýratynlyklary:

a) üç ýaşa ýetmedik çagalarda birinji hataryň derman serişdelerinden ybarat tertibiň şowsuzlygynda RAL esasynda düzülen tertibe geçmeli;

b) üç ýaşdan uly çagalara iki derman YGTNI toparyndan + EFV ýa-da RAL derman serişdelerinden ybarat tertibe geçmeli;

5) Üçünji hataryň tertipleri:

a) DRV/r + DTG (ýa-da RAL) ± 1-2 YGTNI;

b) DRV/r + 2 YGTNI ± YGTNDI.

RWG derman serişdeleriniň hatarynyň çalyşmasy ýöriteleşdirilen Toparyň çözgüdi esasynda amala aşyrylýar. Topar ýokanç keseller we epidemiolog lukmanlardan ybarat bolmalydyr.


§8. RWG bejerginiň netijeliligine baha bermek

 

53. RWG bejerginiň netijeliligine baha bermek üçin kliniki we barlaghana ölçütleri ulanylýar.

Kliniki ölçütler – bu AIW-ýokanjynyň möwjemegine we ikilenç keselleriň geçişine baha berlişi, lukman üçin bejerginiň kliniki netijeliligine iň elýeter görkezijiler. Emma AIW-ýokanjynyň haýal geçýän keseldigi, agyr ýagdaýdaky immun jogabyny çalt dikeldip bolmaýandygy bilen baglanyşykly, gysga wagtlaýyn gözegçilikde olar ýeterlik hakyky bolmaýar. Bu ýagdaýda, esasan hem, eger-de bejergiden öň AIW ýokançly adamda CD4 limfositleriň sany <50 öýjük/mkl bolan bolsa, immun ulgamynyň dikeldiş sindromyny (öň immunýetmezçilikde täsirliligiň ýoklugy sebäpli ýüze çykmadyk, emma netijeli RWG bejerginiň dowamynda ikilenç keselleriň alamatlarynyň ýüze çykmagy) hökman inkär etmelidir. Şol sebäpli, RWG derman serişdelerini kabul edip başlan AIW ýokançly adamda birinji 12 (on iki) hepdäniň dowamynda bar bolan ýa-da täze ýüze çykan ikilenç keselleriň möwjemegine bejerginiň netijesizliginiň alamaty hökmünde seredilmeýär.

54. RWG bejerginiň netijeligine baha bermek üçin ulanylýan barlaghana ölçütleri hökmünde ganda AIW RNT (wirus agramlygy) we CD4 limfositleriň derejesini anyklamak ulanylýar. Häzirki wagtda bejerginiň üstünligini ýa-da şowsuzlygyny hakyky we tiz görkezýän ölçüt hökmünde ganda AIW RNT (wirus agramlygy) anyklamak hasaplanylýar.

55. Wirus agramlygyny anyklamak üçin köplenç polimeraz zynjyrly reaksiýa (PZR) usuly ulanylýar.

56. Eger-de wirusologik şowsuzlykda RWG derman serişdelerini kabul etmeklik dowam edýän bolsa we hiç hili çäreler geçirilmedik ýagdaýynda, AIW-iň derman serişdelerine duýgurlygynyň özgerme hadysasynyň (mutasiýa) haýallyk bilen toplanmagyna töwekgellik ýokarlanýar (eger-de olar ýok halatynda). Eger-de wirus agramlylygy 200 kopiýa/ml derejeden pesde saklansa, AIW-iň duýgurlygynyň özgerme hadysasynyň döremeginiň ähtimallygy peselýär. Oňaýly netijede bejergi başlandan soň dördünji, sekizinji hepdede AIW-iň RNK derejesiniň 10 esse peselmegine garaşylýar, on iki, on altynjy hepdede 400 kop/ml pes, ýigrimi dördünji hepde-de kesgitleme derejesinden pes bellenilýär. Şol bir wagtda (on iki-ýigrimi dört hepdede) CD4 limfositleriň sanynyň ýokarlanmagyna hem garaşylýar. Soňra bejerginiň dowamynda RNK-nyň derejesi kesgitleme derejesinden pes bolmalydyr, CD4 limfositleriň sany her dört hepdede 5-10 öýjük/mkl ýokarlanmalydyr. Ikilenç keselleriň yza gaýtmagy hem bellenilýär (olaryň alamatlary bar bolan ýagdaýynda).

57. Wirus agramlylygynyň mukdarynyň anyklap bolmaýan derejeden (meselem, 50 ýa-da 400 kopiýa/ml) 1000 kopiýadan/ml geçmeýän derejä çenli biraz ýokarlanmagy "serpilmeler" diýlip atlandyrylýar. Olar wirusyň durnukly ştammlary ýüze çykmazyndan hem hasaba alynmagy mümkin, emma oňa garamazdan, bu AIW ýokançly adam bilen bejerginiň düzgüniniň berjaý edilişi barada soraglary ara alyp maslahatlaşmaga esas bolup durýar. Wirus agramlylygyny iki-dört hepdeden soň gaýtadan ölçemelidir.

Bejerginiň netijesindäki gowy wirusologik jogaby AIW ýokançly adam bilen yhlaslylyk soraglary barada maslahatlaşmada höweslendirme hökmünde ulanmalydyr, ýeterlik däl wirusologik jogap bolsa, AIW ýokançly adamyň bejerginiň düzgünini berjaý edişini dykgatly barlamagy talap edýän anyk habar bolup durýar.


§9. Immun jogabynyň dikeldiş sindromy

 

58. Immun jogabynyň dikeldiş sindromy RWG bejergi başlanandan soňra, köplenç, limfositleriň sany 100/mkl az AIW ýokançly adamlarda ýüze çykýar. Bu RWG bejergisine başlamazdan öň AIW ýokançly adamda bolan we ýokanja täsiriň ýoklugy (areaktiwlik) sebäpli ýüze çykmadyk, RWG bejergisiniň täsirinde dörän immun jogabynyň sowuklama ýagdaýlaryna getirýändigi bilen baglanyşykly bolup durýar. Ýagny immun jogabynyň dikeldiş sindromy – öň alamatsyz geçýän keselleriň kliniki alamatlarynyň ýüze çykmagy bolup durýar.

59. Immun jogabynyň dikeldiş sindromy RWG bejergisine başlan, inçekesel bilen utgaşýan AIW ýokançly adamlaryň üçden bir böleginde ýüze çykýar, emma bu bejergini bes etmek üçin sebäp bolmaly däldir. Soňky geçirilen barlaglar inçekesele garşy bejergi başlandan 2 hepdeden soň RWG bejerginiň başlanmagynyň CD4 limfositleriň sany pes bolan näsaglaryň ömrüniň uzalmagyna getirýändigini görkezýär.

60. Köplenç inçekesel, adaty däl mikrobakteriýalaryň döredýän ýokançlary, sitomegalowirus ýokanjy we kriptokokkoz güýçlenýär, bejerilen pnewmosistli pnewmoniýanyň, hatda Kapoşi sarkomasynyň hem ýitileşmegi mümkindir.

61. AIW ýokançly adamyň ýagdaýyny ýeňilleşdirmek we immun jogabynyň dikeldiş sindromynyň alamatlarynyň ýüze çykyşyny peseltmek zerur bolanda sowuklama garşy steroid däl derman serişdeleri bellenilýär. Bu sindrom agyr geçende glýukokortikoidleri (prednizolon 1 mg/kg bir gije-gündizde) 1-4 hepdäniň dowamynda bellemek maslahat berilýär, soňra kliniki alamatlaryň ýok bolmagyna görä, bellenilen derman serişdeleriniň mukdary peseldilýär. Emma glýukokortikoidler 2 hepdeden köp dowamlylykda ulanylanda, immunýetmezçiligi möwjetmäge we beýleki agyr ikilenç keselleriň (birinji nobatda sitomegalowirus ýokanjy) ýüze çykmagyna şertleri döretmeginiň mümkindigini göz öňünde tutmalydyr.

62. Immun jogabynyň dikeldiş sindromyny hökman RWG bejerginiň netijesizligi sebäpli döreýän ikilenç kesellerden tapawutlandyrmalydyr. RWG bejergi başlanandan soň, AIW RNT derejesiniň 1 log10 kopiýa/ml az bolmadyk peselmegi hem-de CD4+ limfositleriň sanynyň köpelmegi immun jogabynyň dikeldiş sindromynyň ýüze çykýandygyna şaýatlyk edýär.

63. Immun jogabynyň dikeldiş sindromynyň ýüze çykmagy RWG bejerginiň netijeliligine şaýatlyk edýändigini we ony bes etmäge ýa-da arasyny kesmäge görkezme däldigini bellemek zerur bolup durýar. RWG bejergä başlanmazdan öň immun jogabynyň dikeldiş sindromynyň ýüze çykmagynyň mümkindigi we bu sindromyň ýüze çykmagy bejergiden ýüz döndermegiň sebäbi bolmaly däldigi barada AIW ýokançly adamlara düşündirilmelidir.

 

§10. RWG bejergisiniň yhlaslylygy

 

64. RWG bejerginiň netijeliligini gazanmak we bu netijeliligi uzak wagtyň dowamynda saklamak üçin bejerginiň bütin dowamynda (ömürlik) RWG derman serişdeleriniň kabul ediliş düzgünini (iýmitlenmek we beýleki şertler bilen baglanyşykly derman serişdelerini kabul etmegiň wagtyny berjaý etmek boýunça tekliplere laýyklykda) hökman berjaý etmek möhüm şert bolup durýar.

65. AIW ýokançly adamyň RWG bejergini talabalaýyk kabul etmegini üpjün etmek üçin dogry saýlanylan bejerginiň tertibi, onuň näsag üçin amatlylygy (bu ilkinji nobatda lukmanyň başarjaňlygy we saglygy goraýyş ulgamynyň mümkinçilikleri bilen kesgitlenilýär) hem-de AIW ýokançly adamyň bejerginiň düzgünini berjaý etmäge taýýarlygy zerur bolup durýar.

66. RWG bejerginiň kabul edilişiniň düzgüniniň bozulmagy, şol sanda yhlaslylygyň derejesiniň ýeterlik bolmazlygy AIW ýokançly adam üçin hem-de saglygy goraýyş we ykdysadyýet ulgamlary üçin ýaramaz netije berýär.

Düzgün bozulanda bejerginiň maksadyna (AIW ýokançly adamyň ömrüni uzaltmak, onuň zähmete ukyplylygyny saklamak, ikilenç keselleriň öňüni almak) ýetip bolmaýar. Bu öz gezeginde, AIW ýokançly adamyň zähmete ukyplylygynyň peselmegine we ikilenç keselleri bejermek bilen baglanyşykly çykdajylaryň artmagyna getirýär.

67. AIW-iň köpelmeginiň doly däl togtadylmagy netijesinde duýgurlygyň özgerme hadysasynyň ýüze çykmagy bilen RWG derman serişdelerine durnuklylyk ýokarlanýar we ulanylýan derman serişdeleri netijesiz bolýar. Durnuklylyk dörän derman serişdesi çalşyrylandan soňra, wirusyň ştammynyň anyklanylmagynyň bes edilmegine garamazdan, ol derman serişdesi gaýtadan kabul edilse, durnuklylyk dörän ştamm ýene-de kesgitlenilýär. Ýagny durnuklylyk dörän derman serişdesi hiç haçan bu AIW ýokançly adama zerur derejede täsir etmeýär.

68. AIW ýokançly çagalarda immun reaktiwligiň bozulmalarynyň klassifikasiýasy Çagalarda adamyň immunýetmezçilik wirusynyň döreden immmunýetmezçiliginiň klassifikasiýasynda (şu Tertibe 7-nji goşundy) görkezilendir.

AIW-ýokanjynyň anyklanylmagy, kliniki geçişi, bejergisi (AIW-ýokanjy bilen baglanşykly we utgaşyp gelýän keseller), şeýle hem dispanser gözegçiliginiň geçirilişi baradaky kadalar kliniki beýanlarda, standartlarda we algoritmlerde bellenilýär.


IV bap. AIW-ýokanjynyň epidemiologik gözegçilik barlagy

 

69. AIW-ýokanjynyň epidemik hadysasy – bu ýokanjyň belli bir gizlin döwrüň üsti bilen üznüksiz zynjyr şekilli yzygiderli gezekleşip durmagy bolup durýar.

70. AIW-ýokanjynyň epidemik hadysasy üç sany faktorlardan ybaratdyr:

1) AIW-ýokanjynyň çesmesi;

2) AIW-ýokanjynyň geçiş mehanizmi;

3) AIW-i kabul ediji beden.

71. AIW-ýokanjynyň çeşmesi – bu AIW- ýokanjynyň dürli döwründäki näsag we AIW-i göteriji adam.

72. AIW-ýokanjynyň geçiş mehanizmi bu AIW-iň dürli geçiş ýollarynyň üsti bilen ýokanjyň çesmesinden kabul ediji bedene geçmegi.

73. AIW-i kabul ediji beden – bu öň AIW bilen ýokançlanmadyk adam. Ähli adamlar AIW-i kabul ediji bolup bilerler.

74. Durmuş (AIW baradaky soraglar boýunça habarlylygyň pesligi, jemgyýetde biperwaýlyk we özüňi howply alyp barmaklyk, seresaplylyk çärelerini berjaý etmezlik, geleňsizlik, we beýleki ýagdaýlar) we tebigy betbagtçylyk goşmaça faktorlar hökmünde AIW-ýokanjynyň epidemik hadysasynyň depginli geçişine täsir edýär.

75. AIW-ýokanjynyň geçiş mehanizmi:

1) barlagsyz gan we onuň önümleri;

2) gan bilen hapalanan lukmançylyk enjamlary;

3) gan bilen hapalanan şahsy gigiýena üçin ulanylýan serişdeler (päki enjamlary, diş çotgalary we beýlekiler);

4) ilata hyzmat edilýän desgalarda gan bilen hapalanan enjamlar (kosmetologik, dellekhana we beýleki hyzmatlar edilende);

5) erkek döli (sperma);

6) aýalyň jynshanasyndan bölünip çykmalar;

7) ene süýdi;

8) barlanylmadyk donorlaryň süňk ýiligi, sperma we beýleki dokumalar.

AIW-ýokanjy tebigy we emeli ýollar arkaly geçip biler.

76. AIW-ýokanjyň tebigy geçiş ýollaryna galtaşma we wertikal ýollary degişli bolup durýar:

1) galtaşma ýoly - AIW-ýokanjynyň, esasan, goragsyz jyns (gomo we geteroseksual) gatnaşyklary, nemli bardalaryň we ýaralaryň ýokançlanan gan bilen galtaşygy arkaly geçmegi;

2) wertikal ýoly - AIW-ýokanjynyň AIW ýokançly eneden çagasyna göwreliligiň dowamynda, dogrum wagty we ene süýdi bilen emdirilen wagty geçmegi.

77. AIW-ýokanjy lukmançylyga degişli bolmadyk inwaziw amallary we saglygy goraýyş edaralarynda bejergi-anyklaýyş amallary geçirilende howpsuzlyk talaplary berjaý edilmedik ýagdaýynda emeli ýollar bilen hem geçip biler.

Lukmançylyga degişli bolmadyk inwaziw amallar - bu deriniň we nemli bardalaryň bitewiliginiň bozulmagy bilen geçýän amallar (neşe serişdelerini damar içine goýbermek, ýokançsyzlandyrylmadyk gurallar bilen tatuirowka etmek dellekhana, kosmetologik we beýleki hyzmatlary etmek).

Saglygy goraýyş edaralarynda geçirilýän bejergi-anyklaýyş amallary – bu ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň goýberilmegi, AIW ýokançly donorlaryň bedeniniň synalarynyň, dokumalarynyň, dölüniň, ene süýdüniň ulanylmagy, şeýle hem AIW bilen galtaşykda bolan we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň kadalaşdyryjy resminamalarynyň talaplaryna laýyklykda zyýansyzlandyrylmadyk we ýokançsyzlandyrylmadyk enjamlaryň, gurallaryň ulanylmagy bolup durýar.

78. AIW adamyň biologik suwuklyklary bilen (gan ýa-da onuň düzüm bölekleri, döl, jynshananyň nemi, ene süýdi) tebigy we emeli ýollar arkaly geçýär.

79. AIW-ýokanjyny öz wagtynda ýüze çykarmak, bejermek, keseliň öňüni alyş we ýaýramagyna garşy göreş çärelerini doly, ýerlikli we netijeli geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2021-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda 1434 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Adamyň immunýetmezçilik wirusyna lukmançylyk güwä geçilmesiniň düzgünnamasyny tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň 2020-nji ýylyň 28-nji dekabrynda çykaran 380 belgili buýrugy bile tassyklanylan, Adamyň immunýetmezçilik wirusyna lukmançylyk güwä geçilmesiniň düzgünnamasyna laýyklykda, AIW bilen ýokançlanmak töwekgelligi ýokary bolan toparlara degişli adamlar Milli merkeziň we welaýatlaryň AIDS-iň öňüni alyş merkezleriniň AIW-i anyklaýyş barlaghanalarynda IFB-den geçirilýär.

80. AIW bilen ýokançlanmak töwekgelliligi ýokary bolan toparlara şu aşakdakylar degişli:

1) neşe serişdelerini sanjym arkaly kabul edýän adamlar;

2) azgynlyk ýa-da jelepçilik bilen meşgullanýan adamlar;

3) beçebazlyk bilen meşgullanýan erkek adamlar;

4) AIW bilen ýokançlanmak töwekgelligi ýokary bolan toparlara degişli neşe serişdelerini damardan goýberýän adamlaryň jyns gatnaşygynda bolýan ýoldaşlary;

5) tölegli, gorag serişdesiz (prezerwatiwsiz) jyns gatnaşyklaryna girýän aýallaryň jyns gatnaşygynda bolýan ýoldaşlary;

6) azatlykdan mahrum ediş ýerlerinde jezasyny çekýän, şeýle hem azatlykdan mahrum ediş ýerlerinden boşadylan adamlar;

7) köp sanly jyns gatnaşygynda bolýan ýoldaşlary bar adamlar;

8) idegsiz galan çagalar;

9) öýsüz – öwzarsyz galan adamlar;

10) zähmetiniň aýratynlyklary sebäpli köp göçýän adamlar (uzak aralyklara gatnaýan sürüjiler, möwsümleýin işlerde işleýänler, ýollaryň ugrundaky iýmit nokatlarynyň işgärleri).

81. AIW-ýokanjyna epidemiologik gözegçilik we keselleriň ýaýramagyna garşy çäreler operatiw we retrospektiw seljermeleriň esasynda gurnalýar.

Milli merkez we welaýatlaryň AIDS-iň öňüni alyş merkezleri çägine görä, AIW-ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almakda usulyýet kömeginiň berilmegini we yzygiderli gözegçiligiň geçirilmegini üpjün edýärler, AIW-ýokanjynyň her bir ýagdaýyny öz wagtynda hasaba we bellige alýarlar. Degişli çäkde her on günlükde Milli merkezde we welaýatlaryň AIDS-iň öňüni alyş merkezlerinde, gan gullugy edaralarynda hasaba alnan ýa-da IFB I “pozitiw” netijeleri bolan adamlar, AIW-ýokanjy boýunça keselleýjilik, RWG bejerginiň bellenilişi, test ulgamynyň tygşytly ulanylmagy, epidemiologik gözegçilik barlagynyň doly, ýerlikli we netijeli geçirilişi boýunça operatiw seljerme geçirilýär.

82. AIW-ýokanjy boýunça operatiw seljerme häzirki dowam edýän hakyky dereje bilen gözegçilik edilýän derejäni we öňki hepdelik ýa-da on günlük döwrüň derejesini deňeşdirmek arkaly amala aşyrylýar.

Derňelýän görkezijileriň gözegçilik edilýän ýokarky derejä ýakynlaşmagy ýa-da ýokary galmagy asudalygyň bozulandygyna şaýatlyk edýär we çuňňur epidemiologik anyklanylyşyň haýal etmän geçirilmegini talap edýär.

83. Operatiw seljerme şu aşakdakylary göz öňünde tutmalydyr:

1) AIW-ýokanjynyň çeşmesiniň, geçiş ýollarynyň we faktorlarynyň sebäpleriniň hem-de ýokuşma şertiniň mümkin bolan üýtgemelerini öz wagtynda ýüze çykarmak we olara baha bermek hem-de oňaýsyz täsiriniň öňüni almak;

2) epidemiologik ýagdaýyň güýçlenmegini (işjeňleşmegini) wagtynda ýüze çykarmak, onuň sebäplerini anyklamak we olary aradan aýyrmak (ýok etmek).

Operatiw seljermäni geçirmek üçin näsagy bellige alan welaýatlaryň AIDS-iň öňüni alyş merkezlerinden Milli merkeze iberilýän maglumat ulanylýar.

84. Operatiw seljermäniň esasynda:

1) seljerilýän çäk boýunça takyk bir döwürde AIW-ýokanjynyň epidemiologik ýagdaýynyň (hadysasynyň) geçişiniň aýratynlyklary barada epidemiologik kesgitleme kesgitlenilýär;

2) RWG bejerginiň netijeliligini, bejergä bolan yhlaslylygy ýokarlandyrmak we keseliň öňüni alyş we ýaýramagyna garşy hem-de guramaçylyk çäreleri işlenilip düzülýär hem-de olaryň netijeliligine baha berilýär.

85. Operatiw seljermäniň maglumatlary we netijeleri retrospektiw seljermä goşulýar.

Retrospektiw we operatiw seljermeleriň netijeleri epidemiologik ýagdaýyň ösüşini çaklamak hem-de her bir çäk we bejeriş-öňüni alyş edaralary, beýleki kärhanalar, edaralar we guramalar üçin takyk çäreleri işläp düzmek üçin esas bolup durýar.

86. Milli merkeziň we welaýatlaryň AIDS-iň öňüni alyş merkezleriniň hünärmenleri welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň hünärmenleri bilen bilelikde bejeriş-öňüni alyş edaralarynda AIW-ýokanjynyň öňüni alyş işlerine, dezinfeksiýa çäreleriniň talaba laýyk geçirilişine (hassahanalaryň ýokanç keseller, hirurgiýa (ähli ugurlary), reanimasiýa, çaga, gan bölümlerinde, çaga dogrulýan we ginekologiýa, saglygy goraýyş edaralarynyň bejeriş ugry boýunça işleýän bölümlerinde, kliniki, biohimik, serologik, bakteriologik, wirusologik barlaghanalarynda, saglyk öýlerinde her çärýekde bir gezek, beýleki ugurdaky saglygy goraýyş edaralarynda we bölümlerinde her 6 aýdan bir gezek), AIW-ýokanjynyň döwletimiziň çägine aralaşmagynyň öňüni alyş we ýaýramagyna garşy göreş çäreleri baradaky meseleler boýunça Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň we kadalaşdyryjy resminamalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýärler.

87. Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynyň hünärmenleri bilen bilelikde epidemiologik taýdan wajyp hasaplanylýan desgalarda barlaglaryň geçiriliş sanyny (ýygylygyny) kesgitleýän kadalaşdyryjy resminamalara laýyklykda arassaçylyk kadalaryň we düzgünleriň, keselleriň ýaýramagyna garşy talaplaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrmak maksady bilen öňüni alyş – epidemiologik gözegçilik barlaglary geçirilýär.

Epidemiologik gözegçilik barlaglarynyň ýygylygy degişli kadalaşdyryjy resminamalara laýyklykda kesgitlenilýär.

88. Milli merkeziň we welaýatlaryň AIDS-iň öňüni alyş merkezleriniň öňüni alyş we epidemiologik gözegçilik bölümleriniň lukmanlary we olaryň kömekçileri tarapyndan öňüni alyş – epidemiologik gözegçilik barlaglary geçirilende desgalarda aşakdaky esasy ýagdaýlara üns berilýär:

1) sterilizasiýa düzgünleriniň berjaý edilişine;

2) lukmançylyk maksatly enjamlaryň, gurallaryň we abzallaryň gan galyndylaryna synaglary geçirmek bilen sterilizasiýadan öňki arassalanylyşynyň hiline; sterilizasiýa üçin niýetlenen enjamlaryň netijeli işleýşine;

3) iş ýerlerinde seresaplylyk çäreleriniň berjaý edilişine;

4) bir gezeklik ulanylýan sanjylýan we sünjülýän we beýleki lukmançylyk enjamlar, uçluklar (nakoneçnikleriň) bilen üpjünçilige.

89. AIW-ýokanjynyň hassahanada ýokuşanlygyna güman edilende hökman hassahananyň degişli bölüminde ýa-da tutuş hassahanada, şeýle hem anyklaýyş-maslahat beriş bölüminde AIW-ýokanjy bilen ýokuşmak şertlerini we sebäplerini, ýokanjyň çesmesini, geçiş ýollaryny we faktorlaryny öwrenmeklige we şoňa laýyklykda geljekde keseliň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça çäreleriň geçirilmegine gönükdirilen epidemiologik yzarlama geçirilýär.

90. AIW-ýokanjynyň her bir ýagdaýy boýunça geçirilýän epidemiologik yzarlamanyň esasy meseleleri:

1) AIW-ýokanjynyň çesmesini anyklamak;

2) AIW-iň geçiş ýollaryny we faktorlaryny ýüze çykarmak;

3) ýokuşan ýeri we möhleti (wagty) boýunça keseliň araçäkleriniň daşyna ýaýramak howpuna baha berip, AIW-ýokanjynyň çäklerini kesgitlemek;

4) AIW ýokançly adam bilen ýokuşma döwründe birmeňzeş şertlerde galtaşykda bolan adamlary ýüze çykarmak, barlaghana barlaglaryny geçirmek, dispanserizasiýanyň möhletini kesgitlemek;

5) AIW-ýokanjynyň ýaýramagyny çäklendirmek, AIW ýokançly adamlary öz wagtynda ýüze çykarmak maksady bilen AIW ýokançly adamlar bilen galtaşykda bolan adamlary anyklamak;

6) AIW-ýokanjynyň ojagynda kesel döredijiniň geçiş ýollarynyň we geçiş faktorlarynyň üzülmegine we daş-töweregindäkilere ýokuşdyrylmagynyň öňüniň alynmagyna gönükdirilen keseliň öňüni alyş we ýaýramagyna garşy göreş çäreleri barada ýokanjyň çesmesi bilen galtaşykda bolan adamlaryň bilim derejelerini artdyrmak maksady bilen wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini geçirmek;

7) epidemiologik yzarlama geçirilýän çäkde (sebitde) epidemik hadysanyň geçişiniň aýratynlyklary we AIW-ýokanjynyň epidemiologiýasy barada goşmaça maglumatlary almak.

91. Şeýlelikde, epidemiologik yzarlamanyň netijesinde AIW ýokançly adamlara we olar bilen galtaşykda bolanlara dispanserizasiýany, RWG bejergini düzgüne laýyklykda geçirmek maksady bilen, Milli merkeziň we welaýatlaryň AIDS-iň öňüni alyş merkezleriniň epidemiologik gözegçilik, öňüni alyş, AIW-anyklaýyş barlaghana we gizlin barlag we dispanser gözegçilik bölümleriniň hünärmenleriniň arasynda sazlaşykly işlemekligi ýola goýmak üçin keselleýjiligiň her bir ýagdaýy boýunça AIW ýokançly adamyň serologik, wirusologik, epidemiologik we bejeriş-dispanser gözegçilik kartasy doldurylýar.

92. Welaýatlaryň AIDS-iň öňüni alyş merkezleri çärýekleýin hasabatlary hem-de keselleýjiligiň her bir ýagdaýy üçin doldyrylan AIW ýokançly adamyň serologik, wirusologik, epidemiologik we bejeriş-dispanser gözegçilik kartasynyň kagyz we elektron görnüşlerini Milli merkeziň epidemiologik we gizlin barlag we dispanser gözegçilik bölümlerine tabşyrýarlar. Milli merkeziň we welaýatlaryň AIDS-iň öňüni alyş merkezleriniň AIW-i anyklaýyş barlaghanasyna bejeriş-öňüni alyş edaralaryndan we gan gullugy edaralaryndan gelýän gan suwuklyklarynyň IFB-I barlagynda “pozitiw” ýa-da “gümanly” netije alnanda, epidemiologik yzarlamany öz wagtynda başlamak hem-de test ulgamyny tygşytly ulanmak maksady bilen, barlaghananyň müdiri ýa-da lukmany tarapyndan “pozitiw” netijeli 578/h görnüşli “AIW-e immunoferment barlagynyň (IFB) netijesi №___” doldurylyp, merkeziň epidemiologik gözegçilik bölümine geçirilýär. “Adam immunýetmezçiliginiň wirusyna (AIW) immunoferment barlagyny (IFB) geçirmek üçin alnan gan nusgalarynyň ugradyş haty” 264/h görnüşinde AIW ýokançly adamyň şahsy maglumatlarynyň deňinde “barlagy gaýtalamaly” diýen netije ýazylyp, “negatiw” netije ýazylan ikinji 578/h görnüşi bilen bilelikde gan nusgalaryny iberen bejeriş-öňüni alyş edarasyna ugradylýar. AIW barlagynyň IFB “pozitiw” netijeli 578/h görnüşi iberilmeýär. Aşgabat şäheriniň çäginde ýerleşýän bejeriş-öňüni alyş edaralarynda bejergi alýan welaýatlardan gelen AIW ýokançly adamlarda IFB-I-de “pozitiw” ýa-da “gümanly” netije ýüze çykarylanda IFB II-III-i düzgüne laýyk geçirmek üçin Milli merkeziň epidemiologik gözegçilik bölüminiň hünärmenleri AIW ýokançly adamlaryň ýaşaýan ýeri boýunça degişli welaýatyň AIDS-iň öňüni alyş merkezinde hasapda durýanlygy ýa-da durmaýanlygy barada maglumatlar welaýatyň AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň epidemiologik gözegçilik bölüminden gyssagly ýagdaýda alynýar. Milli merkeziň epidemiologik gözegilik bölüminiň hünärmenleri öz ygtyýarlygyndaky çärelerini (IFB II, III barlaglar üçin gan nusgalary almak, testden öňki we soňky maslahatlaşmany geçirmek, epidemiologik maglumatlary ýygnamak we beýlekiler) geçirip tamamlaýança, AIW ýokançly adamlar bölümde saklanylýar. Bölümiň içinde ýerine ýetirilmeli öňüni alyş we epidemiýa garşy çäreleriň toplumy kesgitlenilýär. AIW ýokançly adamlaryň barlaglary barada netijeleriň we maglumatlaryň gizlinlikde saklanylmagy berk berjaý edilýär.

93. Eger-de, IFB-I “pozitiw” ýa-da “gümanly” netijeli AIW ýokançly adamyň welaýatlaryň AIDS-iň öňüni alyş merkezlerinde hasapda durmaýanlygy anyklanylan ýagdaýynda, onuň IFB-II we zerurlyga görä IFB III (IFB-I “pozitiw” we IFB-II “negatiw” netije beren ýagdaýynda) barlaglary üçin gan nusgalary Milli merkeziň we welaýatlaryň AIDS-iň öňüni alyş merkezleriniň epidemiologik gözegçilik bölüminiň hünärmenleriniň gözegçiliginde alynýar. IFB-I we IFB-II-de “pozitiw”, IFB II-de “negatiw”, soňra IFB III-de “pozitiw” netije alnanda netije barlaghananyň müdiri ýa-da lukmany tarapyndan 578/h görnüşe bellenilýär hem-de IFB III-iň “pozitiw” ýa-da “gümanly” netijesi 582/h görnüli IFB barlagynyň netijesi AIW-iň bardygyny görkezen wagtynda barlaghana boýunça hasaba alynýan depderçede bellenilýär we epidemiologik yzarlamany geçirmek üçin “Gyssagly habarnama” doldurylyp, Milli merkeziň we welaýatlaryň AIDS-iň öňüni alyş merkezleriniň ýolbaşçysyna we epidemiologik bölümiň müdiriniň dykgatyna ýetirilýär hem-de 583/h görnüşli Epidemiologik gözegçilik bölümi boýunça diňe IFB-da pozitiw netije ýüze çykarylan adamlary hasaba alýan depderçede bellenilýär.

94. Gan gullugy edaralarynyň we etrap, şäher merkezi hassahanalaryň düzümine girýän AIW-i anyklaýyş barlaghanalaryna bejeriş-öňüni alyş edaralaryndan getirilýän gan ýa-da onuň suwuklygynyň IFB-I “pozitiw” ýa-da “gümanly” netije beren ýagdaýynda barlanan adamyň gan suwuklygy onuň şahsy maglumatlary goşulyp, Milli merkeze ýa-da welaýatlaryň AIDS-iň öňüni alyş merkezlerine tassyklaýjy test barlaglaryny geçirmek üçin iberilýär.

95. Gan gullygy edaralarynyň we etrap, şäher merkezi hassahanalaryň düzümine girýän AIW-i anyklaýyş barlaghanalaryndan iberilen IFB-I “pozitiw” ýa-da “gümanly” netijeli gan suwuklygy Milli merkeziň we welaýatlaryň AIDS-iň öňüni alyş merkezleriniň AIW-i anyklaýyş barlaghanalary tarapyndan (şol bir test ulgamy ýa-da başga görnüşli test ulgamy bilen) tassyklaýjy barlaglardan geçirilýär we epidemiologik barlagy geçirmek üçin epidemiologik gözegçilik bölümine geçirilýär.

96. Milli merkeziň ýa-da welaýatlaryň AIDS-iň öňüni alyş merkezleriniň epidemiologik yzarlamany geçirýän hünärmeniniň gözegçiliginde IFB-II üçin gan nusga alynýar we şol AIW ýokançly adam bilen söhbetdeşlik geçirilýär. Mundan beýläk epidemiologik barlag yzarlama şu Tertibiň togsan üçünji, togsan dördünji we togsan bäşinji böleklerine laýyklykda ýerine ýetirilýär.

 


Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2021-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda 1437 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.