Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň 2020-nji ýylyň 28-nji dekabrynda çykaran 380 belgili buýrugy

Adamyň immunýetmezçilik wirusyna lukmançylyk güwä geçilmeginiň

düzgünnamasyny tassyklamak hakynda


“Adamyň immunýetmezçilik wirusy sebäpli döreýän keseliň (AIW-ýokanjynyň) ýaýramagyna garşy göreşmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 7-nji maddasynyň 16-njy bendiniň “b” kiçi bendini ýerine ýetirmek maksady bilen, buýurýaryn:

1. Adamyň immunýetmezçilik wirusyna lukmançylyk güwä geçilmeginiň düzgünnamasyny tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Ç.Agamyradow gözegçilik etmeli.


Ministr                                                                         N.Amannepesow


Türkmenistanyň Saglygy goraýyş

we derman senagaty ministriniň

2020-nji ýylyň 28-nji dekabrynda

çykaran 380 belgili buýrugy bilen

tassyklanyldy


Adamyň immunýetmezçilik wirusyna

lukmançylyk güwä geçilmeginiň düzgünnamasy


1. Şu Türkmenistanda Adamyň immunýetmezçilik wirusyna lukmançylyk güwä geçilmeginiň Düzgünnamasy (mundan beýläk - Düzgünnama) “Adamyň immunýetmezçilik wirusy sebäpli döreýän keseliň (AIW-ýokanjynyň) ýaýramagyna garşy göreşmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň (mundan beýläk - Kanun) 7-nji maddasynyň 16-njy bendiniň “b” kiçi bendine laýyklykda işlenip taýýarlanyldy hem-de Adamyň immunýetmezçilik wirusyna (mundan beýläk- AIW-e) lukmançylyk güwä geçilmeginiň tertibini düzgünleşdirýär.

2. AIW-e lukmançylyk güwä geçilmegi amala aşyrylanda Kanunyň 3-nji maddasyna laýyklykda, adamyň immunýetmezçilik wirusy sebäpli döreýän keseliň (AIW-ýokanjynyň) ýaýramagyna garşy göreşmek çygryndaky döwlet syýasatynyň şu aşakdaky esasy ugurlaryndan ugur alynýar:

1) sagdyn durmuş, ruhy gymmatlyklar we jynsy gatnaşyk terbiýesi babatda ilatyň bilim derejesini ýokarlandyrmak, şol sanda ilata AIW-ýokanjynyň meseleleri boýunça maglumatlary bermek;

2) AIW-iň öz wagtynda anyklanylmagy üçin halkara ölçeglerine laýyk gelýän häzirki zaman test-ulgamlary bilen üpjün etmek arkaly AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça çäreleri amala aşyrmak;

3) ýaşyrynlygyň we gizlinligiň berjaý edilmegi esasynda barlagdan öň we soň maslahatlaşmak arkaly AIW-e lukmançylyk güwä geçilmeginiň elýeterliligini we howpsuzlygyny üpjün etmek;

4) AIW-e gizlin lukmançylyk güwä geçilmegini  tölegsiz esasda geçirmek;

5) AIW-e lukmançylyk güwä geçilmeginiň we onuň netijeleri barada maglumatlaryň ýaşyrynlygyny üpjün etmek.

3. Türkmenistanyň raýatlarynyň, Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan ýa-da bolýan daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanyň döwlet saglygy goraýyş edaralarynda AIW-i anyklamak üçin meýletin, gizlin, ýaşyryn lukmançylyk güwä geçilmegini geçmäge hukugy bardyr.

4. Türkmenistanyň raýatlary, Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan ýa-da bolýan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan epidemiologik görkezmeler bellenende AIW-e lukmançylyk güwä geçilmegini geçmäge borçludyrlar.

5. On sekiz ýaşyna ýetmedik çagalaryň AIW-e lukmançylyk güwä geçilmegi olaryň ata-enesiniň, olaryň ornuny tutýan adamyň razylygy bilen geçirilýär, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen adamlaryň AIW-e lukmançylyk güwä geçilmesi bolsa, olaryň kanuny wekilleriniň razylygy bilen geçirilýär. Ata-enäniň, olaryň ornuny tutýan adamyň we kanuny wekilleriň şeýle güwä geçilmeginiň geçirilişine gatnaşmaga, onuň netijesi bilen tanyşmaga hukugy bardyr we alnan netijeleri ýaşyrynlykda saklamaga borçludyrlar.

6. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Milli AIDS-iň öňüni alyş merkezinde (mundan beýläk - ygtyýarly edara) we welaýatlaryň AIDS-iň öňüni alyş merkezlerinde AIW-e meýletin, hökmany ýa-da mejbury görnüşlerde AIW-e lukmançylyk güwä geçilmegi geçirilýär.

7. AIW-iň ýoklugy baradaky güwänama ygtyýarly edara we welaýatlaryň AIDS-iň öňüni alyş merkezleri tarapyndan berilýär.

8. Daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň işgärleri, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde artykmaçlyklardan we aýratyn hukuklardan peýdalanýan adamlar AIW-iň ýüze çykarylmagy boýunça AIW-e lukmançylyk güwä geçilmeginden ýaşyrynlykda, diňe özleriniň razylygy bilen geçirilýär. Görkezilen adamlaryň AIW-e lukmançylyk güwä geçilmegini Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen ylalaşmak arkaly geçirýär.

9. AIW-e lukmançylyk güwä geçilmesinden geçen adamyň, şol bir saglygy goraýyş edarasynda ýa-da başga saglygy goraýyş edarasynda, öňki geçen lukmançylyk güwä geçilmeginiň möhletine garamazdan, gaýtadan AIW-e lukmançylyk güwä geçilmeginden geçmäge hukugy bardyr.

10. Şu Düzgünnamanyň maksatlary üçin aşakdaky düşünjeler ulanylýar:

1) AIW-e lukmançylyk güwä geçilmegi – barlagdan öň we soň maslahatlaşmak arkaly geçirilýän, adamda AIW-iň anyklanyş barlagy;

2) AIW-е hökmany lukmançylyk güwä geçilmegi-Kanunyň 13-nji maddasynda kesgitlenen aýratyn toparda durýan adamlar, şeýle hem Kanunyň 1-nji maddasynyň 6-njy bendiniň esasynda şu Düzgünnamanyň ýigrimi dokuzynjy böleginde görkezilen ýagdaýlarda we Kanunyň 11-nji maddasynyň ikinji böleginiň esasynda şu Düzgünnamanyň otuzynjy boleginde bellenilen epidemiologik görkezmeler bolan ýagdaýlarda AIW-iň anyklanyş barlagy;

3) AIW-е mejbury lukmançylyk güwä geçilmegi-Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenen halatlarda we tertipde adamda AIW-ýokanjynyň bardygyna güman etmeklige ýeterlik esaslar bolan mahalynda onuň razylygy ýa-da onuň kanuny wekiliniň razylygy alynmazdan geçirilýän lukmançylyk barlagy;

4) AIW-е gizlin lukmançylyk güwä geçilmegi-barlagdan geçýän adamyň şahsyýetini tassyklaýan resminamalar görkezilmezden, şahsy maglumatlary aýdylmazdan, adamda AIW-i ýüze çykarmak üçin meýletin geçirilýän lukmançylyk barlagy;

5) AIW-е ýaşyryn lukmançylyk güwä geçilmegi-AIW-e lukmançylyk güwä geçilmeginiň barlagyndan geçýän adama AIW-iň bardygynyň barlagyndan geçmeginiň faktyny we onuň netijeleri baradaky maglumatlaryň ýaşyryn saklanylmagyny kepillendirýän lukmançylyk barlagy.

11. AIW-e lukmançylyk güwä geçilmegi amala aşyrylanda AIW-e lukmançylyk güwä geçilmeginiň barlagyndan geçýän adam özüniň şahsyýetini tassyklaýan (ýa-da onuň ornuny tutýan, şol sanda gulluk pasporty, diplomatik pasporty, ofiserleriň şahsyýetnamasy, seržantlaryň we esgerleriň harby bileti, raýatlygy bolmadyk adamyň şahsyýetnamasy, bosgunyň şahsyýetnamasy, Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama pasportyň ornuny tutýan resminama hökmünde görkezip bolar) resminama görkezmelidir.

12. AIW-e lukmançylyk güwä geçilmeginden geçýän adamyň haýyşy esasynda, AIW-е gizlin lukmançylyk güwä geçilmegi geçilende barlagdan geçýän adamyň şahsyýetini tassyklaýan resminamalar görkezilmezden, şahsy maglumatlary aýdylmazdan, adamda AIW-i ýüze çykarmak üçin meýletin geçirilýän lukmançylyk barlagy geçirilýär.

13. AIW-e lukmançylyk güwä geçilmegi barlagdan öň we soň maslahatlaşmak arkaly geçirilýär.

AIW-ýokanjy boýunça maslahatlaşygy geçirmek AIW-ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almaga we AIW ýokuşmak howpy bolan adamlary ugrukdyrmaga, AIW-ýokançlylara goldaw bermäge ýardam etmeli. Maslahatlaşyk inçe ugurly lukman (ýokanç keseller lukmany, epidemiolog lukmany, psiholog) tarapyndan geçirilýär.

Barlagdan öňki maslahatlaşygy iki çäk ýa-da aýry-aýry toparlar bilen geçirip bolar. Maslahatlaşyk adamda kynçylyk dörän wagtynda, özüni alyp barmagyň howply tertibini üýtgetmek barada pikir edýän döwründe howpsuz durmuşa tarap ymtylmagyna, hususy jogapkärçiligi duýmagyna, ruhy-durmuşy goldaw bermek üçin geçirilýär. Hokmany AIW-e lukmançylyk güwä geçilmeginden geçýändigine garamazdan raýatyň şahsy hukuklary goralmalydyr.

Maslahatlaşygyň dowamynda sagdyn durmuş, ruhy gymmatlyklar we jynsy gatnaşyk terbiýesi babatda adamyň bilim derejesine baha berilýär, AIW-iň geçiş ýollary, ýokançlanmakdan goranmak usullary barada maglumatlar berilýär, AIW bilen ýokançlanmak howpuny abandyran ýagdaýlaryň we şertleriň bolmagy anyklanylýar, AIW bilen ýokançlanmak boýunça howply toparlara degişliligi kesgitlenýär.

Maslahatlaşyk lukmançylyk dilinde däl-de, barlagdan geçýän adam üçin düşnükli sözler bilen geçirilýär.  Barlagyň negatiw, gumanly we  pozitiw netijeleriniň bolýandygy, ol netijeleriň lukmançylyk, psihologiki, durmuşy we hukuk taraplarynyň bardygy, AIW-ýokançly näsaglara berilýän lukmançylyk kömegi, ýeňillikler barada maglumatlar aýdylýar.

Barlagdan soňky maslahatlaşyk geçirilende netijesine garamazdan AIW-ýokanjynyň geçiş ýollary we öňüni alyş çäreler, howpsuz tertipler barada maglumatlar düşündirilýär we maslahatlaşyk barlagyň bolup biljek negatiw, gümanly we pozitiw netijelerine laýyklykda dowam etdirilýär. Netije “negatiw” bolsa AIW bilen ýokançlanmak howly ýagdaý ýakynda bolan bolsa, “seronegatiw döwri” göz öňünde tutup, gaýtadan barlagdan geçmek maslahat berilýär.

AIW-e immunoferment barlagyň (IFB) netijesi “gümanly” ýa-da “pozitiw” ýüze çykan ýagdaýynda  şu Düzgünnamanyň otuz üçünji böleginde agzalan çäreler amala aşyrylýar.

14. AIW-e meýletin lukmançylyk güwä geçilmegi barlanylýan adamyň ýa-da onuň kanuny wekiliniň onuň geçirilmegine habarly razylygy bolan mahalynda ýaşyrynlygy berjaý edilip geçirilýär. 

15. AIW-e hökmany lukmançylyk güwä geçilmeginiň lukmançylyk netijenamasy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde diňe görkezilen güwä geçilmesinden geçen adamyň özüne ýa-da onuň kanuny wekiline berilýär.

16. Şu aşakda beýan edilenler AIW-e hökmany lukmançylyk güwä geçilmegine degişlidir:

1) gan we beýleki biologiki suwuklyklary, synalary we dokumalary tabşyryjylar;

2) sagdyn maşgalanyň emele gelmegi üçin şertleri döretmek, AIW-ýokançly çagalaryň dogulmagynyň öňüni almak maksady bilen nika baglaşýanlar;

3) özleriniň gulluk borçlaryny ýerine ýetirenlerinde gan we beýleki biologiki suwuklyklar, adam bedeniniň synalary we dokumalary bilen galtaşykda bolýan saglygy goraýyş işgärleri;

4) näsaglar, kiçi we uly hirurgiki bejergilerden öň;

5) göwreli aýallar;

6) gan önümleriniň  resipiýentleri;

7) jyns gatnaşygy arkaly geçýän kesellerden ejir çekýän adamlar;

8) jyns gatnaşygynda bolýan ýoldaşynda AIW ýüze çykarylan halatyndaky adamlar;

9) neşe serişdelerini ulanmakda güman edilýän adamlar;

10) azatlykdan mahrum ediş ýerlerde saklanýan iş kesilenler we jezalary çekmekden boşan adamlar;

11) AIW-ýokançly enelerden doglan çagalar;

12) daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar.

17. Şu Düzgünnamanyň on altynjy böleginde görkezilen AIW-e hökmany lukmançylyk güwä geçilmesi şu Düzgünnamanyň on sekiz-ýigrimi sekizinji böleklerinde görkezilen tertipde amala aşyrylýar.

18. Şu Düzgünnamanyň on altynjy böleginiň 1-nji bendinde agzalýan gan we beýleki biologiki suwuklyklary, synalary we dokumalary tabşyryjylar her gezek biomaterialy tabşyrmakdan öň AIW-e hökmany lukmançylyk güwä geçilmegine degişlidir.

19. Şu Düzgünnamanyň on altynjy böleginiň 2-nji bendinde agzalýan nika baglaşýanlar nika baglaşmagyndan öň AIW-e hökmany lukmançylyk güwä geçilmeginden geçirilmäge degişlidir.

20. Şu Düzgünnamanyň on altynjy böleginiň 3-nji bendinde agzalýan özleriniň gulluk borçlaryny ýerine ýetirenlerinde gan we beýleki biologiki suwuklyklar, adam bedeniniň synalary we dokumalary bilen galtaşykda bolýan saglygy goraýyş işgärleri işe kabul edilmezden öň we soňra ýylda 1 gezek, goşmaça-da epidemilogiki görkezmeler boýunça AIW-e hökmany lukmançylyk güwä geçilmeginden geçirilmäge degişlidir.

21. Şu Düzgünnamanyň on altynjy böleginiň 5-nji bendinde agzalýan göwreli aýallar hasaba alnanda, şoňra göwreliligiň 30-34 hepdesinde, öň barlagdan geçmedik ýagdaýynda çaga dogurulýan öýe düşen wagty, şeýle-de aýallar göwreliligini aýyrtmaga iberilende her ýagdaýda AIW-e hökmany lukmançylyk güwä geçilmeginden geçirilmäge degişlidir.

22. Şu Düzgünnamanyň on altynjy böleginiň 6-njy bendinde agzalýan gan önümleriniň we beýleki biologiki materiallaryny, adamyň organlaryny we (ýa-da) dokumalaryny kabul eden resipiýentler transfuziýadan ýa-da transplantasiýadan öň we bir, üç we alty aý geçenden soň, soňra kliniki we epidemilogiki görkezmeler boýunça AIW-e hökmany lukmançylyk güwä geçilmeginden geçirilmäge degişlidir.

23. Şu Düzgünnamanyň on altynjy böleginiň 7-nji bendinde agzalýan jyns gatnaşygy arkaly geçýän kesellerden ejir çekýän adamlar, hasaba alnan wagtynda we ýylyň dowamynda bir gezek hasapda bolan möhletinde AIW-e hökmany lukmançylyk güwä geçilmeginden geçirilmäge degişlidir.

24. Şu Düzgünnamanyň on altynjy böleginiň 8-nji bendinde agzalýan jyns gatnaşygynda bolýan ýoldaşynda AIW ýüze çykarylan halatyndaky adamlar, ýylyň dowamynda üç aýdan bir gezek AIW-e hökmany lukmançylyk güwä geçilmeginden geçirilmäge degişlidir.

Barlagdan soňky maslahatlaşyk geçirýän saglygy goraýyş işgäri AIW-e lukmançylyk güwä geçilmegi netijesinde ýüze çykarylan AIW-ýokançly adama jynsy gatnaşykda bolýan ýoldaşyny (ýoldaşlaryny) AIW-iň ýokuşmak töwekgelligi we AIW-e lukmançylyk güwä geçilmeginden geçmelidigi barada habardar etmegini maslahat bermäge borçludyr.

25. Şu Düzgünnamanyň on altynjy böleginiň 9-njy bendinde agzalýan neşe serişdelerini ulanmakda güman edilýän adamlar ýüze çykarylanda we ýylyň dowamynda bir gezek AIW-e hökmany lukmançylyk güwä geçilmeginden geçirilmäge degişlidir.

26. Şu Düzgünnamanyň on altynjy böleginiň 10-njy bendinde agzalýan azatlykdan mahrum ediş ýerlerinde jezasyny çekýän adamlar gelen wagty, soňra ýylda iki gezek  hem-de kliniki (keseliň alamatlary bar bolan ýagdaýlarynda) we epidemiologiki görkezmeler boýunça AIW-e hökmany lukmançylyk güwä geçilmeginden geçirilmäge degişlidir, şeýle hem azatlykdan mahrum ediş ýerlerinden boşadylan adamlar ýaşaýan ýeri boýunça hasapda durýan saglyk öýleri tarapyndan ugradylyp ilkinji on günüň dowamynda, goşmaça kliniki we epidemiologiki görkezmeler boýunça AIW-e hökmany lukmançylyk güwä geçilmeginden geçirilmäge degişlidir, mundan başga-da, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň dikeldiş merkezlerinde, derňew we wagtlaýyn saklaw gabawhanalarda, sergezdançylyk ýa-da gedaýçylyk bilen meşgullanýan ýa-da belli bir ýaşaýan ýeri bolmadyk adamlar, şeýle hem gözegçiliksiz ýa-da garawsyz galan kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin kabul ediş-paýlaýyş we wagtlaýyn saklaýyş merkezlerinde saklanýanlar gelen wagty we olaryň degişli edarasyna geçirilýän wagty AIW-e hökmany lukmançylyk güwä geçilmeginden geçirilmäge degişlidir.

27. Şu Düzgünnamanyň on altynjy böleginiň 11-nji bendinde agzalýan AIW- ýokançly enelerden doglan çagalara IFB doglan wagty we on sekiz aýlykda, polimeraz zynjyrly reaksiýa (PZR) barlagy bir-iki we dört-alty aýlykda, soňra epidemiologiki görkezme boýunça AIW-e hökmany lukmançylyk güwä geçilmeginden geçirilmäge degişlidir.

28. Şu Düzgünnamanyň on altynjy böleginiň 12-nji bendinde agzalýan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň degişli edaralaryna işçi wizalarynyň hereket ediş möhletini uzaltmak üçin ýüz tutanlarynda AIW-e hökmany lukmançylyk güwä geçilmeginden geçirilmäge degişlidir.

Kanunyň 15-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanda ýaşaýan ýa-da bolýan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar AIW-e hökmany lukmançylyk güwä geçilmeginden geçmekden bilkastlaýyn boýun gaçyran halatynda, olaryň mundan beýläk Türkmenistanyň çäginde bolmagynyň meseleleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär. Türkmenistanda ýaşaýan ýa-da bolýan daşary ýurt raýatlarynda we raýatlygy bolmadyk adamlarda AIW-ýokanjy ýüze çykarylan halatynda, olaryň mundan beýläk Türkmenistanyň çäginde bolmagynyň meseleleri Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamasyna laýyklykda çözülýär.

29. Şu Düzgünnamanyň on altynjy böleginde gorkezilenlerden başga-da, Kanunyň 1-nji maddasynyň 6-njy bendiniň esasynda şu aşakdaky ýagdaýlarda kliniki görkezmeler boýunça AIW-e hökmany lukmançylyk güwä geçilmeginden geçirilmäge degişlidir:

1) 10 senenama gününden köp möhletde bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy;

2) 1 aýdan köp möhletde iki ýa-da ondan köp limfa mäzleriniň ulalmagy;

3) 10 senenama gününden köp möhletde iç geçme;

4) 1 aýyň dowamynda bedeniň agramynyň 10 we 10-dan köp göterim (%) kemelmegi;

5) adaty bejergä netije bermeýän, üznüksiz, ýylyň dowamynda iki we ondan köp gaýtalanýan öýken sowuklamasy;

6) üznüksiz gaýtalanýan iriňli-bakterial we parazitar keseller;

7) agyz boşlugynyň ýiti başly-nekrotiki stomatiti, gingiwiti, periodontiti;

8) alty aýyň dowamynda iki we ondan köp gaýtalanýan Candida kömelegi sebäpli döreýän agyz boşlugynyň stomatiti;

9) gyzylödegiň we aşgazan-içege agzalarynyň Candida kömelegi sebäpli döreýän keselleri;

10) agyr geçýän bakterial ýokançlar (öýken sowuklamasy, plewranyň empiýemasy, bogunlaryň sowuklamasy, osteomiýelit, iriňli meningit, sepsis);

11) öň sag adamlarda ýiti däl ensefalitiň we aklynyň yza galmaklygy ýüze çykanda;

12) diliň tüýjümek leýkoplakiýasy;

13) deriniň ýiti, gaýtalanýan iriňlemegi (piodermiýa);

14) ötüşen aýal nesil öndürijilik keselleri;

15) Sarkoma Kapoşi we AIW-ýokanjy sebäpli ýüze çykýan çiş keselleri;

16) beýniniň limfomasy;

17) T-öýjükli leýkoz;

18) öýken we öýkenden daşary inçekesel;

19) parenteral ýoly arkaly geçýän wirusly gepatitler, HBsAg göterijiler;

20) Sitomegalowirus sebäpli döreýän retinit we kolit;

21) 1 aýyň dowamynda ýönekeý gerpes wirusy sebäpli döreýän dowamly ýa-da  persistirleýän uçuk keseli;

22) altmyş ýaşdan kiçi ýaşly adamlarda gaýtalanýan gurşap alýan uçuk (Gerpes     Zoster);

23) Mononukleoz;

24) Pneumocystis jiroveci sebäpli döreýän öýken sowuklamasy;

25) Toksoplazmoz;

26) gyzylödek, agyz boşlugynyň, öýken dem alyş ýollarynyň we öýkeniň kandidozy;

27) Çuňňur mikozlar;

28) Kriptokokkoz (öýkende däl);

29) Kriptosporidioz;

30) Izisporiaz;

31) Berkityň limfomasy;

32) Gistoplazmoz;

33) Salmonellýoz;

34) Strongiloidoz;

35) beterleşýän köpojakly leýkoensefalopatiýasy;

36) Gemofiliýa, Werlgofyň keseli, Willibrandyň keseli we başga gematologiýa  keselleri;

37) näbelli etiologiýaly dowamly ganazlyk;

38) ýatgynyň boýunjygynyň çişi;

39) AIW - ýokanjy sebäpli döreýän kaheksiýa sindromy;

40) Seboreýa dermatiti;

41) Angulýar heýlit;

42) Onihomikozlar, deriniň papulýoz gyjeýan örgünleri;

43) progressirleýän multifokal leýkoensefalopatiýa.

30. Şu Düzgünnamanyň on altynjy we ýigrimi dokuzynjy böleklerinde agzalan ýagdaýlardan başga-da, Kanunyň 11-nji maddasynyň ikinji böleginiň esasynda, şu aşakda sanalyp geçilen howply toparlara girýän adamlar epidemiologiki görkezmeler boýunça AIW-e hökmany lukmançylyk güwä geçilmeginden geçirilmäge degişlidir:

1) jyns gatnaşyklary çygryndaky jenaýatlar bilen bagly hem-de jyns gatnaşygynyň edilmegi  bilen bagly administratiw hukuk bozulmalary boýunça gelen we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda getirilen adamlar;

2) ýetim çagalar we ata-eneleriň (olaryň ornuny tutýan adamlaryň) howandarlygyndan galan çagalar üçin ýörite bilim edaralarynda saklanýan çagalar, gartaşan adamlara we maýyplygy bolan adamlara durmuş taýdan hyzmat edýän edaralarynda we öýlerinde saklanýan adamlar, kabul edilende we soňra ýylda bir gezek, goşmaça görkezme boýunça, hossarlyga we howandarlyga alynýan çaga we ony kabul edýän ene-ata almakdan öň bir gezek, goşmaça görkezme boýunça;

3) epidemilogiki derňewiň netijesinde ýüze çykarylanlar;

4) iş ýerinde adamyň biologiki suwukluklary bilen işleýän saglygy goraýyş işgärleri adatdan daşary ýagdaýdan (biologiki suwuklyklar bilen hapalanan sanjym we kesýän gurallar bilen şikeslenenden) soň we üç, alty, on iki aýda;

5) daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalardan gelen maglumatlaryň esasynda daşary ýurt döwletlerinden administratiw tertipde çykarylan Türkmenistanyň raýatlary gelenden soň 10 senenama günüň dowamynda, goşmaça görkezme boýunça;

6) hemişelik ýaşamak üçin we okuw maksatly gidýän Türkmenistanyň raýatlary barylýan ýurduň kanunçylygynda bellenilen tertibe laýyklykda 1 gezek, goşmaça görkezme boýunça.

31. Şu Düzgünnamanyň on altynjy böleginiň 2-nji, 3-nji, 4-nji we 12-nji bentlerinde, otuzynjy böleginiň 6-njy bendinde görkezilen AIW-e lukmançylyk güwä geçilmegi üçin tölegler hereket edýän nyrhnamalaryň esasynda geçirilýär.

32. AIW-ýokanjynyň barlygy ýa-da ýoklugy baradaky __________ görnüşli resmi hat (şu Tertibe 1-nji goşundy) diňe ygtyýarly edara we welaýat AIDS-iň öňüni alyş merkezlerinde berilýär we onuň üç aý güýji bardyr.

33. Özünde AIW-ýokanjy ýüze çykarylan adam AIW-e lukmançylyk güwä geçilmegini geçiren saglygy goraýyş edarasynyň saglygy goraýyş işgäri tarapyndan AIW-e lukmançylyk güwä geçilmesiniň netijeleri, AIW ýokançly adamyň saglygynyň goralyp saklanylmagy üçin zerur bolan öňüni alyş çäreleri, AIW-ýokanjynyň mundan beýläk ýaýramagyna ýol berilmezligi, şeýle hem AIW-ýokançly adamlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmeginiň kepillikleri, başga adamy AIW-iň ýokuşmak howpuna görnetin goýandygy üçin jenaýat jogapkärçiligine çekilýändigi barada ýazmaça habarly edilmelidir. Şunda özünde AIW-ýokanjy ýüze çykarylan adam beýleki adamlara AIW-ýokanjyny ýokuşdyrmagyň jogapkärçiligi barada duýdurylandygy hakynda dil hatyny (şu Tertibe 2-nji goşundy) ýazýar we goluny çekýär.

34. Özünde AIW-ýokanjy ýüze çykarylan adam bilen barlagdan soňky maslahatlaşyk geçirilýän wagtynda AIW-e lukmançylyk güwä geçilmegini geçiren saglygy goraýyş edarasynyň saglygy goraýyş işgäri, görkezilen adama onuň razylygy bilen özüniň jynsy gatnaşykda bolýan ýoldaşyna AIW-iň ýokuşmak töwekgelligi barada habar berilmegini, öňüni alyş maksady bilen AIW-e lukmançylyk güwä geçilmeginden geçmegi maslahat bermäge borçludyr.

35. Kämillik ýaşyna ýetmediklerde, şeýle hem Тürkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen adamlarda AIW-ýokanjy ýüze çykarylan halatynda AIW-e lukmançylyk güwä geçilmegini geçiren saglygy goraýyş edarasynyň saglygy goraýyş işgärleri bu barada degişlilikde olaryň ata-enesine, olaryň ornuny tutýan adamlara we olaryň kanuny wekillerine habar berýärler. Şonda ata-enä, olaryň ornuny tutýan adamlara we olaryň kanuny wekillerine öz hossarlyk edýän adamlarynyň saglygynyň bejerilmegi barada habarly edilen karara gelmegi, olara seretmegiň hem-de hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň göwnejaý üpjün edilmegi boýunça degişli maslahatlar berilmelidir.

36. Saglygy goraýyş edaralarynyň saglygy goraýyş işgärleri öz gulluk borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly AIW-ýokançly adamlaryň we AIDS-li näsaglaryň, şeýle hem AIW-e lukmançylyk güwä geçilmeginiň netijeleri barada özüne mälim bolan maglumatlary gizlin saklamaga borçludyrlar.

37. Kanunyň bozulmagynda günäkär adamlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jogapkärçilik çekýärler.



Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2021-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda 1434 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.