Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň 2020-nji ýylyň 25-nji dekabrynda çykaran 145-Ö belgili buýrugy

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň

2020-nji ýylyň 25-nji dekabrynda çykaran 145-Ö belgili

B U Ý R U G Y

 

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň 2012-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda çykaran 85-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanan, Türkmenistanda döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy ulgamynda ätiýaçlandyrýanlary hasaba almagyň we hasapdan aýyrmagyň Tertibine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

 

“Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň talaplaryny ýerine ýetirmek hem-de Türkmenistanda döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy ulgamynda ätiýaçlandyrýanlary hasaba almagyň we hasapdan aýyrmagyň tertibini kämilleşdirmek maksady bilen, buýurýaryn:

1. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2012-nji ýylyň 20-nji noýabrynda 671 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Türkmenistanda döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy ulgamynda ätiýaçlandyrýanlary hasaba almagyň we hasapdan aýyrmagyň Tertibini tassyklamak barada” Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň 2012-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda çykaran 85-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanan, Türkmenistanda döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy ulgamynda ätiýaçlandyrýanlary hasaba almagyň we hasapdan aýyrmagyň Tertibinde:

1) üçünji bölegine şu mazmunly ikinji tesim goşmaly:

“Ätiýaçlandyrýanlary hasaba almak we hasapdan aýyrmak bellenen tertipde degişli döwlet edaralary bilen bir ulgamda sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly hem amala aşyrylyp bilner.”;

2) dördünji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

“4. Ätiýaçlandyrýanlaryň hasaba alynýan pursatynda pensiýa ätiýaçlandyrmasy boýunça borçlarynyň bolandygyna garamazdan hasaba almak hökmanydyr.”;

3) sekizinji böleginiň birinji tesimini şu görnüşde beýan etmeli:

“Şu Tertibiň ýedinji böleginiň 1-nji bendinde gökezilen ätiýaçlandyrýanlar salgyt edarasynda hasaba duran ýeri boýunça Pensiýa gaznasynyň edarasynda hasaba alynmaga degişli.”;

4) on ikinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

“12. Şu Tertibiň ýedinji böleginiň 3-nji we 4-nji bentlerinde görkezilen ätiýaçlandyrýanlary hasaba almaklyk salgyt edarasynda hasaba duran ýeri boýunça (salgyt edarasynyň Bellige alyş şahadatnamasy berlenden soň) 10 (on) iş gününiň dowamynda Pensiýa gaznasynyň ýerli edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

Görkezilen ätiýaçlandyrýanlary hasaba almak, ätiýaçlandyrýanlar tarapyndan doldurylan fiziki şahsy ätiýaçlandyrýan hökmünde hasaba almak hakynda arzasynyň (2-nji goşundy) we ätiýaçlandyrýanyň pasportynyň (ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasynyň) esasynda amala aşyrylýar.”;

5) on üçünji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

“13. Şu Tertibiň ýedinji böleginiň 5-nji bendinde görkezilen ätiýaçlandyrýanlar ýazgyda duran ýeri boýunça şu Tertibiň on ikinji böleginiň ikinji tesiminde beýan edilen arzasynyň we pasportynyň (ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasynyň) esasynda Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasy tarapyndan pensiýa gatançlaryny töleýji hökmünde hasaba alynýarlar.”;

6) tertibiň mazmunynda 7-nji bölümine, bölüme, kiçi bölüme salgylanmalary degişlilikde ýedinji bölegine, bölege, bende salgylanmalar bilen çalşyrmaly;

7) on sekizinji böleginiň ikinji tesiminde “(telekeçiniň we özbaşdak iş bilen meşgullanýanyň)” diýen sözleri aýyrmaly;

8) ýigrimi dördünji böleginiň dördünji tesiminde “3 (üç) gün möhletiň içinde” diýen sözleri “10 (on) iş gününiň dowamynda” diýen sözler bilen çalşyrmaly;

9) ýigrimi bäşinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

“25. Şu Tertibiň ýedinji böleginiň 3-nji, 4-nji we 5-nji bentlerinde görkezilen ätiýaçlandyrýanlar  öz işini bes eden halatynda, 10 (on) iş gününden gijä galman, Ätiýaçlandyrýan hökmünde fiziki şahsy hasapdan aýyrmak hakynda arzasyny      (9-njy goşundy) 2 (iki) nusgada hasapda duran ýeri boýunça Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasyna bermäge borçludyr.

Şu Tertibiň ýedinji böleginiň 3-nji, 4-nji we 5-nji bentlerinde görkezilen ätiýaçlandyrýanlar tarapyndan berlen Ätiýaçlandyrýan hökmünde fiziki şahsy hasapdan aýyrmak hakynda arzanyň esasynda hem-de pensiýa ätiýaçlandyrmasy boýunça berginiň bolmadyk ýagdaýynda, Pensiýa gaznasynyň ýerli edaralarynyň hasabyndan çykarylmaga degişlidir.

Ätiýaçlandyrýany hasapdan aýyrmak ol tarapyndan Ätiýaçlandyrýan hökmünde fiziki şahsy hasapdan aýyrmak hakynda arzasynyň berlen gününden başlap, 30 (otuz) senenama gününiň dowamynda amala aşyrylýar. Şol möhletiň içinde ätiýaçlandyrýana Ätiýaçlandyrýan hökmünde fiziki şahsyň hasapdan aýrylandygy hakynda habarnama (10-njy goşundy) berilýär.

Şu Tertibiň ýedinji böleginiň 3-nji, 4-nji we 5-nji bentlerinde görkezilen ätiýaçlandyrýanlar aradan çykan halatynda ölüm hakynda şahadatnamasy, kazyýet tarapyndan ölen diýlip yglan edilmegi (şu halatda hem ölüm hakynda şahadanamasy berilmelidir), nam-nyşansyz giden ýa-da kämillik ukyby ýok diýlip ykrar etmek hakynda kabul edilen çözgütleri esasynda, eger-de pensiýa gatançlaryna, maliýe jerimelerine we puşmana töleglerine bergisi bolmadyk ýa-da şol bergileriň üzüljegine umyt bolmadyk bergi diýlip ykrar edilen we olaryň hasapdan oçürilen ýagdaýynda Pensiýa gaznasynyň ýerli edaralarynyň hasabyndan çykarylmaga degişlidir.”;

10) otuz ikinji böleginde:

a) 4-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:

“4) Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasynda hasaba alnandygy hakynda şahadatnamany almaga we şahadatnamanyň ýitirilen ýagdaýynda onuň ýitirilendigi barada metbugatda bildiriş bermäge;”;

b) 7-nji bendinde “on” diýen sözi “üç” diýen söz bilen çalşyrmaly;

11) otuz dokuzynjy bölegi şu görnüşde beýan etmeli:

“39. Pensiýa gaznasynyň ýerli edaralarynda möhletinde hasaba durmandygy hem-de şu Tertibiň talaplarynyň bozulandygy üçin ätiýaçlandyrýanlar Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan jogapkärçiligi çekýär.”;

12) tertibiň mazmunynda 4-9-njy goşundylaryna salgylanmalary degişlilikde  3-8-nji goşunda salgylanmalar bilen çalşyrmaly;

13) 2-nji goşundysynda “Pensiýa gaznasyna” diýen sözlerden soň “___________________________________________________________________

(hususy telekeçi, hünärmenlik hyzmatlaryny etmek boýunça işi amala aşyrýan, özbaşdak iş bilen meşgullanýan, hakyna tutma zähmetini ulanýan)” diýen sözleri goşmaly;

14) 1-nji, 2-nji, 4-nji, 8-nji, 9-njy, 10-njy we 11-nji goşundylarynda “Pensiýa gaznasyna” diýen sözleri “Pensiýa gaznasynyň bölümine” diýen sözler bilen çalşyrmaly;

15) 6-njy goşundynyň adynda “(telekeçiniň we özbaşdak iş bilen meşgullanýanyň)” diýen sözleri aýyrmaly;

16) 7-nji goşundynyň sekizinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

“Şunuň bilen Siz tarapdan “Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 15-nji maddasyna laýyklykda, pensiýa gatançlaryny töleýji hökmünde Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasynda hökmany hasaba durmak borjunyň ýerine ýetirilmändigi barada habarly edýäris.

Siz_______________möhlete çenli pensiýa gatançlaryny töleýji hökmünde hökmany hasaba durmaly.

Ätiýaçlandyrýan hökmünde hasaba durmak baradaky talaplaryň ýerine ýetirilmedik halatynda, Türkmenistanda ulanylýan kanunçylykda göz öňünde tutulan jogapkärçilik çäreleri ulanylar.

Ähli ýüze çykýan meseleler boýunça  ____________________telefon arkaly ýüz tutup bilersiňiz.”;

17) tertibiň 3-nji goşundysyny aýyrmaly we 4-11-nji goşundylaryny 3-10-njy goşundylar diýip hasap etmeli.

2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň dolandyryjysy D.Amanmuhammedow gözegçilik etmeli.


Ministr                                                                                        M.Sylapow


Ylalaşyldy:

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet 

ministri                                                                                                        M.Serdarow 

«25» dekabr 2020 ý.

 


Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2021-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda 1433 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.