Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň 2020-nji ýylyň 17-nji dekabrynda çykaran 40-Ö belgili buýrugy

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň

2020-nji ýylyň 17-nji dekabrynda çykaran 40-Ö belgili

B U Ý R U G Y

 

Hak tölenilýän jemgyýetçilik işini guramagyň Tertibini tassyklamak barada


“Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 11-nji maddasynyň 9-njy bendiniň “ç” kiçi bendiniň talaplaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, buýurýaryn:

1. Hak tölenilýän jemgyýetçilik işini guramagyň Tertibini tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary H.Taçjanowa gözegçilik etmeli.


Ministr                                                                              M.Sylapow


Ylalaşyldy:

Aşgabat şäheriniň häkimi                                                    Ý.Gylyjow

2020-nji ýylyň «16»dekabry 

Ahal welaýatynyň häkimi                                                   Ý.Gurbanow

2020-nji ýylyň «16»dekabry 

Balkan welaýatynyň häkimi                                               T.Atahallyýew

2020-nji ýylyň «15»dekabry 

Daşoguz welaýatynyň häkimi                                            N.Nazarmyradow

2020-nji ýylyň «14»dekabry 

Lebap welaýatynyň häkimi                                                 Ş.Amangeldiýew

2020-nji ýylyň «11»dekabry 

Mary welaýatynyň häkimi                                                  D.Annaberdiýew

2020-nji ýylyň «10»dekabry 

 

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş

taýdan goramak ministriniň

2020-nji ýylyň 17-nji dekabrynda

çykaran 140-Ö belgili buýrugy bilen

tassyklandy


Hak tölenilýän jemgyýetçilik işini guramagyň Tertibi

 

I bap. Umumy düzgünler


1. Hak tölenilýän jemgyýetçilik işini guramagyň Tertibi (mundan beýläk – Tertip) “Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 11-nji maddasynyň 9-njy bendiniň “ç” kiçi bendiniň talaplaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy we ol hak tölenilýän jemgyýetçilik işiniň görnüşlerini we ony guramagyň tertibini kesgitleýär.

2. Şu Tertipde ulanylýan esasy düşünjeler:

1) iş beriji - şu Tertibe laýyklykda hak tölenilýän jemgyýetçilik işini gurnaýjy (ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralar, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, hususy telekeçiler, oba hojalyk önümlerini öndürijiler we beýlekiler);

2) hak tölenilýän jemgyýetçilik işleri – möhletli zähmet şertnamasy boýunça ýerine ýetirilýän, işsizleriň goşmaça durmuş taýdan goldanylmagy hökmünde guralýan işiň umumy elýeterli görnüşleri;

3) hak tölenilýän jemgyýetçilik işine çekilen adamlar- degişli tertipde iş bilen üpjünçilik gulluklarynda işsiz ýa-da iş gözleýän hökmünde hasaba alnan we hak tölenilýän jemgyýetçilik işine çekilen adamlar.

3. Hak tölenilýän jemgyýetçilik işleri (mundan beýläk – jemgyýetçilik işi) aşakdaky maksatlar üçin guralýar:

1) iş bilen üpjünçilik gulluklarynda işsiz ýa-da iş gözleýän hökmünde hasaba alnan adamlara iş gözleýän döwründe maddy goldaw bermek maksady bilen olaryň wagtlaýyn gazanç etmeklerine mümkinçilik bermek;

2) iş bilen üpjünçilik gulluklarynda işsiz ýa-da iş gözleýän hökmünde hasaba alnan adamlara wagtlaýyn iş bilen meşgullanmaga şert döretmek;

3) ilkinji gezek iş gözleýän we (ýa-da) käri (hünäri) bolmadyk adamlary zähmet işine çekmek (goşmak);

4) çagalary terbiýelemek, maşgala agzalaryna seretmek we beýleki sebäpler bilen baglanyşykly uzak (bir ýyldan köp) dowam eden arakesmeden soň täzeden işe başlamak;

5) pudaklary zerur bolan işçi güýji bilen üpjün etmek.

4. Jemgyýetçilik işleri hödürlenilende, işe ýollanylýanyň hünär taýýarlygy, iş tejribesi, ýaşy, jynsy we beýleki aýratynlyklary göz öňünde tutulmalydyr, şeýle hem hödürlenilýän işiň iş tertibi, zähmeti goramagyň we tehniki howpsuzlygyň şertleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen talaplara laýyk gelmelidir.

5. Iş bilen üpjünçilik gulluklary işe ýollanylýanyň hünär taýýarlygyny, iş tejribesini, ýaşyny, jynsyny we beýleki aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak bilen hak tölenilýän jemgyýetçilik işiniň geçirilmeli ýerini, şertini we wagtyny kesgitleýär.

6. Jemgyýetçilik işine çekilen adamlara Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde, Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksinde we “Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda bellenilen kadalar degişlidir.

7. Jemgyýetçilik işine çekilen adamlar bilen Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 18-nji maddasynyň üçünji böleginiň 17-nji bendine laýyklykda, möhletli zähmet şertnamasy baglaşylýar.

 

II bap. Jemgyýetçilik işleriniň görnüşleri we ony guramak


8. Jemgyýetçilik işleri şu aşakdaky görnüşlere bölünýär:

1) daş-töweregi abadanlaşdyrmak;

2) durmuş taýdan hyzmat etmek;

3) jemgyýetçilik binalaryny abatlamak boýunça guralýan işler;

4) işleriň ýörite hünär taýýarlygyny talap etmeýän we telekeçilik işine degişli bolmadyk başga işler.

9. Jemgyýetçilik işleri zähmet bazarynyň aýratynlyklary we ilatyň iş bilen üpjünçilik derejesi nazara alnyp, şu Tertibe laýyklykda iş bilen üpjünçilik gulluklary tarapyndan guralýar.

10. Şäherler we etraplar boýunça jemgyýetçilik işlerini guramagyň meýilnamasy, (jemgyýetçilik işleriniň takyk şertleri we görnüşleri) iş beriji bilen degişli iş bilen üpjünçilik gullugy tarapyndan tassyklanylýar.

11. Iş beriji zerurlyga görä sargyt etmeklik üçin meýilleşdirilýän jemgyýetçilik işleriniň sanawyny düzýär we ony her aýyň 5-ne çenli iş bilen üpjünçilik gulluklaryna tabşyrýar. Iş bilen üpjünçilik gulluklary iş beriji tarapyndan sargyt edilen jemgyýetçilik işleriniň jemlenen sanawynyň bir nusgasyny ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralaryna (etrap we şäher häkimliklerine) maglumat hökmünde tabşyrýar.


III bap. Jemgyýetçilik işlerine adamlaryň ýollanylmagy


12. Iş bilen üpjünçilik gulluklary tarapyndan özlerinde işsiz, iş gözleýän hökmünde hasaba alnan adamlar jemgyýetçilik işlerine şu Tertibe laýyklykda ýollanylýar. Jemgyýetçilik işleri Türkmenistanyň Zähmet kanunçylygynyň kadalaryna laýyklykda iş beriji bilen baglaşylan zähmet şertnamasy esasynda adamyň meýletin razylygy bilen amala aşyrylýar.

13. Iş bilen üpjünçilik gulluklary tarapyndan adamlary jemgyýetçilik işine ýollamak olaryň işsiz, iş gözleýän hökmünde hasaba alnan senesine laýyklykda nobatyň yzygiderliligi boýunça amala aşyrylýar.

14. Adamlar jemgyýetçilik işlerine ýollanylanda işiň tertibi, şerti hem-de zähmet haky barada iş bilen üpjünçilik gulluklary tarapyndan habarly edilýär.

15. Jemgyýetçilik işine başlamak üçin iş bilen üpjünçilik gulluklary tarapyndan raýata  hak tölenilýän jemgyýetçilik işine ýollama haty (şu Tertibe 1-nji goşundy) berilýär. Iş beriji jemgyýetçilik işine ýollanan adamy işe kabul edendigi ýa-da işe kabul etmekden ýüz dönderendigi barada sebäplerini görkezmek bilen, olar barada çözgüdiň çykarylan senesinden soň 5 (bäş) iş gününiň dowamynda iş bilen üpjünçilik gullugyna kabul edilen çözgüdiň jogabyny (şu Tertibe 2-nji goşundy) bermäge borçludyr.

16. Jemgyýetçilik işleri ýerine ýetirilende onuň möhletini uzaltmak mümkinçiligi bolan halatynda, jemgyýetçilik işine çekilen adamyň razyçylygy esasynda iş beriji bilen zähmet şertnamasynyň möhletini uzaltmak barada goşmaça şertnama baglaşylýar.

17. Eger-de, raýata hemişelik iş hödürlenen bolsa, onuň işden boşadylmagy baradaky arzasy esasynda jemgyýetçilik işlerini ýerine ýetirmek baradaky zähmet şertnamasy ýatyrylmaga degişlidir.

Jemgyýetçilik işine ýollanan işsiz ýa-da iş gözleýän hökmünde hasaba alnan adamlaryň işi zyýanly we howply (aýratyn zyýanly we aýratyn howply) zähmet şertler bilen bagly bolup, onuň işden boýun gaçyran ýagdaýynda, oňa başga jemgyýetçilik işleri hödürlenýär.

18. Hak tölenilýän jemgyýetçilik işleri bilen üpjün edilen adamlaryň işlän döwri hakynda zähmet depderçesine ýazgy edilýär. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda pensiýalary bellemek we/ýa-da wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça kömek puluny tölemek üçin adamlaryň jemgyýetçilik işlerine gatnaşan döwri olaryň ätiýaçlandyrylan döwrüne goşulýar.

19. Jemgyýetçilik işleri bilen üpjün edilen adamlaryň işlän döwri üçin ätiýaçlandyryş tölegleri iş beriji tarapyndan hereket edýän kanunçylyga laýyklykda tölenilýär.

20. Jemgyýetçilik işlerini ýerine ýetirijileriň iş wagtynyň dowamlylygy Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda bellenilýär.

21. Jemgyýetçilik işine ýollanylan raýat özbaşdak, esassyz sebäplere görä jemgyýetçilik işine gatnaşygyny bes eden ýagdaýynda, işini bes eden gününden başlap, diňe otuz senenama güni geçenden soň iş gözleýän hökmünde täzeden hasaba alynmaga hukugy bardyr.

22. Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň iş bilen üpjünçilik gulluklary jemgyýetçilik işlerine ugradylan hem-de jemgyýetçilik işlerini ýerine ýetirijileriň hasabatyny ýöredýärler.


IV bap. Jemgyýetçilik işlerini ýerine ýetirijileriň zähmetine

hak tölemek


23. Jemgyýetçilik işlerini ýerine ýetirijileriň zähmetine hak tölemek kärhanalarda hereket edýän tarif möçberden, aýlyk wezipe haklaryndan ugur alnyp, iş berijiniň öz serişdeleriniň hasabyna, hakyky ýerine ýetirilen işi boýunça amala aşyrylýar.

24. Jemgyýetçilik işlerini ýerine ýetirijilere hasaplanan zähmet hakyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde salgytlar we hökmany tutumlar tutulýar.

25. Jemgyýetçilik işlerini ýerine ýetirijileriň zähmet şikesinden ýa-da başga ýagdaýlarda saglygyna ýetirlen zyýanyň (zeleliň) öwezi, wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça kömek pulunyň tölegi hereket edýän kanunçylyga laýyklykda iş beriji tarapyndan tölenilýär.

Jemgyýetçilik işlerini ýerine ýetirijilere işde gazanan üstünligi üçin iş berijiniň öz serişdeleriniň hasabyna höweslendirme çäreleri ulanylyp bilner.

Jemgyýetçilik işleri geçirilende iş beriji zähmet goraglylygynyň talaplary boýunça degişli şertleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda üpjün etmäge borçludyr.


V bap. Jemgyýetçilik işini guramagyň tertibine gözegçilik


26. Jemgyýetçilik işleri bilen baglanyşykly işi ýerine ýetiren mahalynda iş beriji hem-de jemgyýetçilik işini ýerine ýetirijiler tarapyndan möhletli zähmet şertnamalarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynyň kadalarynyň, “Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň berjaý edilişine gözegçiligi welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri hem-de Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň Ilatyň iş bilen üpjünçilik müdirlikleri tarapyndan amala aşyrylýar. 

Jemgyýetçilik işini ýerine ýetirýän işsizi, iş gözleýän hökmünde hasaba alnan adamy onuň ýerine ýetirýän işi kanagatlandyrýan bolsa, onda ol iş beriji bilen ylalaşyp bu işi hemişelik esasda ýerine ýetirmeklige bolan razylygyny mälim edip bilýär. Iş bilen üpjünçilik gullugy bolsa bu işi laýyk gelýän iş höküminde hasaba alýar.

Şeýle ýagdaýda raýat bilen öň baglaşylan möhletli zähmet şertnamasy, täze zähmet şertleriniň görkezilmegi bilen gaýtadan baglaşylmaga degişli bolup durýar.


VI bap. Jemleýji düzgünler


27. Jemgyýetçilik işlerini guramak bilen bagly ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

28. Şu Tertibiň kadalarynyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

29. Şu Tertip bilen düzgünleşdirilmedik gatnaşyklar Türkmenistanyň beýleki zähmet babatyndaky kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.


Hak tölenilýän jemgyýetçilik

işini guramagyň Tertibine

1-nji goşundy


Hak tölenilýän jemgyýetçilik işine

ÝOLLAMA HATY

________________________________________________________________

(edaranyň, kärhananyň, guramanyň ady we salgysy)


Raýat___________________________________________________________

(familiýasy, ady, atasynyň ady)

_______________________________________________________________

(hünäri, käri)

laýyklykda hak tölenilýän jemgyýetçilik işine ugradylýar.

_______________________________________________________________


şu döwre_______________________________________________________

Kabul edilen çözgüt barada 5 (bäş) iş günüň dowamynda habar bermegiňizi haýyş edýäris.


_______________ etrap/şäher iş bilen

üpjünçilik bölüminiň müdiri          _________      _______________________

                                                                    (goly)               (familiýasy, ady, atasynyň ady)


M.Ý.          “____” ____________ 20___ ý.

                                     (sene)


Hak tölenilýän jemgyýetçilik

işini guramagyň Tertibine

2-nji goşundy


                                                                    _______________ etrap/şäher iş bilen

                                                                                          üpjünçilik bölümine         


Kabul edilen çözgüdiň

JOGABY


Raýat________________________________________________________ hak

(familiýasy, ady, atasynyň ady)

tölenilýän jemgyýetçilik işine__________________________________möhlet bilen “____” ____________ 20___ ý.______belgili buýruk esasynda  kabul edildi      

                         (sene)

____________________________________________________________________

(hünäri, käri)

____________________________________________________________________

____________________________________________________________________

(eger işe kabul etmekden ýüz dönderlen bolsa, işe kabul etmekden ýüz dönderlendigi barada hem-de işe kabul etmekden ýüz döndermegiň sebäbi görkezilýär)

__________________________________________________________________

(edaranyň ady)


Ýolbaşçy               _________               _______________________________

                                         (goly)                                  (familiýasy, ady, atasynyň ady)  


M.Ý.          “____” ____________ 20___ ý.

                                              (sene)



Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2021-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda 1431 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.